3 müň adam işsiz galar
«Volkswagen» Germaniýadaky kärhanalaryny ýapmagyň ýollaryny gözläp ýörkä, «Volkswagen Group» konserniň «Audi AG» kompaniýasy özüniň Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherindäki kärhanasyny ýapmaly diýen karara geldi. Kärhananyň işi öňümizdäki ýylyň fewral aýynda ýatyrylar. «Q8 e–tron» we «Q8 e–tron Sportback» modelleri bolsa önümçilikden aýrylar. «Audi» kompaniýasynyň Brýusseldäki kärhanasyny satmak meýli şowsuz tamamlandy. Sentýabr aýynda Hytaýyň «Nio» kompaniýasy «Audi» bilen gyzyklanýar diýen myş-myşlar hem bardy. Emma «Nio» kompaniýasynyň baş direktory muny inkär edipdi.