"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Hiç haçan ýeke dolandyrmaň, şeýle-de zamanabap liderligiň beýleki düzgünleri

Keýt Ferrassi, «Hiç haçan ýeke naharlanmaň» bestselleriniň awtory. Bilelikde liderligiň täze kesgitlemelerini döredýän, oňa düýbünden başgaça many berýän täze nesliň ähli ýaşdaky liderlerine bagyşlanýar.

Oýun ýaly usul arkaly ÜSTÜNLIGE we üpjünlige tarap

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Bodo ŞEFER

Şadyýan çagalaryň her güni şatlykly pursatlara beslenýär

Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň medeniýetli dynç almaklaryna ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär. Bu babatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz sagdyn bedenli we ruhubelent ýaşlarymyzyň kemala gelmegi ugrunda bimöçber aladalary edýärler. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň hereket etmegi-de aýdyň mysaldyr.

«Dok­ma­çy­lar» me­de­ni mer­ke­zi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy

«7/24. tm» №27 (214), 01.07.2024 25-nji iýun­da paý­tag­ty­myz­da Türk­me­nis­ta­nyň Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň «Dok­ma­çy­lar» me­de­ni mer­ke­zi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy.

Tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär

«7/24. tm» №27 (214), 01.07.2024 Tomusky dynç alyş möwsümini çagalar özleriniň sungata bolan höwesini artdyrmak hem-de wagtlaryny täsirli geçirmek üçin peýdalanýarlar. Bu döwürde çagalar surat çekmek, goşgy ýazmak bilen meşgullanyp bilerler. Şeýle-de, döredijilik başarnyklaryny synagdan geçirerler.

«Älem­go­şar» se­ýil­gä­hin­de

«7/24. tm» №27 (214), 01.07.2024 «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da­ky ça­ga­lar sa­gal­dyş mer­kez­le­rin­de dynç al­ýan ça­ga­la­ryň wagt­la­ry­ny gy­zyk­ly, şow­hun­ly ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, «Älem­go­şar» se­ýil­gä­hin­de aý­dym-saz­ly dynç alyş da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Da­ba­ra­nyň do­wa­myn­da aý­dym-saz ýaň­la­nyp, dür­li so­rag-jo­gap alyş­ma­lar, dür­li oýun­la­ry we tans bäs­le­şik­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek ýa­ly şow­hun­lar has tä­sir­li bol­dy. Bäs­le­şik­de ta­pa­wut­la­nan ça­ga­la­ra we ýet­gin­jek ýaş­la­ra jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry ta­ra­pyn­dan sow­gat­lar da­ba­ra­ly ýag­daý­da gow­şu­ryl­dy. Mun­dan baş­ga­-da, ça­ga­lar «Älem­go­şar» se­ýil­gä­hi­niň att­rak­sion­la­ryn­da aý­lan­dy­lar. Gur­na­lan da­ba­ra kör­pe­je ne­sil­le­ri­miz­de ýat­dan çyk­ma­jak tä­sir gal­dyr­dy.

Arkadag şäheri: geljegiň we bagtyýarlygyň şäheri

Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik paýhasyndan kemal tapdy. Köpetdagyň eteginde seleňläp oturan täze şäheriň birinji tapgyrynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berlenine şu gün 1 ýyl dolýar. Taryh üçin ujypsyz wagtyň içinde Arkadag şäheri ýaşlygyň we ýaşlaryň, geljegiň we giň mümkinçilikleriň şäherine öwrüldi, halkara derejeli forumlaryň geçirilýän iri mesgeni hökmünde ykrar edildi.

Gahryman Arkadagymyzyň paýhas älemi

Taryha ser salanymyzda, adamzadyň maddy we ruhy ösüşine goşant goşan beýik ynsanlaryň aglabasynyň şahsyýetine alymlyk, ýazyjy-şahyrlyk, serkerdelik, syýasatçylyk ýaly köp taraplylyk mahsus. Gahryman Arkadagymyz hem üçünji müňýyllykda dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň täze bir taglymatyny öňe süren beýik syýasatçy hem-de döwletine berkararlygy, halkyna bagtyýarlygy peşgeş beren Milli Lider bolmak bilen birlikde, ylmyň we sungatyň ençeme ugurlary boýunça jemi ýetmişden gowrak kitap ýazan uly alym hem-de ussat ýazyjydyr. KITAP — HEŇŇAMLARYŇ HAZYNASY

Sahawatly işleriň sogaby (Ýaş žurnalistiň sözi)

Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri ynsanperwerlik, haýyr işleri etmäge ymtylmak, birek-birege goldaw bermek ýaly asylly ýörelgeleri baş ugur edinipdir. Döwletlilik ýörelgelerimiz bolsa sahawatly başlangyçlary goldap, ýagşy işleriň başyny tutmagy, iň gowy adamkärçilik sypatlaryny dabaralandyryp, olaryň nesilden-nesle geçirilmegine gönükdirilendir. Şoňa görä-de, ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän asylly däplerimiz esasynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ýaş nesil hakyndaky aladanyň aýdyň nusgasy bolup, halkymyzyň ynsanperwer, sahawatly ýörelgelerini dabaralandyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri: «Garaşsyz Watanymyzda halkymyzyň yrylmaz döwletliligi, rysgalynyň bollugy, niýetiniň-päliniň bolsa diňe ýagşylyga ýugrulandygy üçin ynsan kalplary şatlyga we buýsanja beslenýär» diýip belleýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem şeýle ýörelgeleri dabaralandyryp, halkymyzyň çagalara iň gowy zadyny bagyş etmek, olary alada we söýgi bilen gurşamak ýaly milli häsiýetlerini aýdyň ýüze çykarýar.

Tämiz säherli kämil şäher

Türkmen halky geçmişde jahana ýaň salan beýik döwletleri, gözelligi bilen haýrana goýan azym-azym şäherleri gurup, dünýäde uly şan-şöhrata eýe bolupdyr. Berkarar Watanymyzyň bedew bady bilen öňe barýan zamanasynda Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň döwletlilik ýörelgelerine ýugrulan pähim-paýhasyndan, ylahy yhlasyndan kemala gelen Arkadag şäheri ýagty geljegimiziň nyşany hökmünde äleme şugla saçýar. Köpetdagyň etegindäki gadymy mekanda gurlup, döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýyna eýe bolan Arkadag şäherinde indi bir ýyl bäri eşretli durmuş gaýnap joşýar. Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda gurlan ajaýyp şäherde ynsanyň döredijilikli zähmet çekmegi, medeniýetli dynç almagy, hünär öwrenmegi, mahlasy, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler bar. «Akylly» tehnologiýalar bilen üpjün edilen Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy gurlup, ulanylmaga berildi. Biri-birinden gözel hem-de täsin binagärlik keşbi bilen gözüňi dokundyrýan binalary synlanyňda, olaryň hersiniň özboluşly sungat eserine meňzeýändigine göz ýetirýärsiň. Olaryň diňe gözelligi däl, eýsem, adamlara getirýän uly peýdasy hem göwnüňe ganat berýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen köpugurly hassahana, onkologiýa merkezi, Enäniň w

Bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi

Şu gün Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.

Okuw maslahaty geçirildi

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (YUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde welaýat bölümimizde geçiren okuw maslahatymyz adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk görmäge we olaryň töwekgelçiligini azaltmaga bagyşlandy. Oňa welaýat raýat goranyş we halas ediş işleri müdirliginiň, welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň, welaýat baş bilim müdirliginiň we orta mekdepleriň wekilleri gatnaşdylar. Okuw maslahatynyň dowamynda adatdan daşary ýagdaýlara çagalaryň zerurlyklaryny, gender meselelerini we durmuş ýagdaýlaryny göz öňünde tutmak arkaly taýýarlyk görmek babatynda usuly tejribeler alşyldy we täsirli çykyşlar diňlenildi. Şeýle hem wekiller dürli ýagdaýlarda raýatlara lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermekligiň düzgünlerini düşündirmek, dürli ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, ýol-ulag hadysalarynda ejir çekene kömek bermek boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda çykyş etdiler.

Aýdym-sazly dabara geçirildi

Ýurdumyzda giňden bellenilen Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirdik. «Magtymguly Pyragy ähli döwürleriň şahyry» diýen at bilen geçirilen bu dabarada ildeşlerimiz baýramçylyk gutlaglary bilen çykyş etdiler. Olar milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň galkynýan zamanasynda ulgamyň işini öňe ilerletmek ugrundaky beýik işlere öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary baýramçylyk gününiň şowhunyny has-da artdyrdy. Dabaranyň ahyrynda tapawutlanyp zähmet çeken agzalarymyza guramamyzyň adyndan baýramçylyk sowgatlaryny gowşurdyk.

Muzeýe gezelenç guradyk

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan şanly ýylymyz mynasybetli jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we döredijilik işgärleri bilen bilelikde welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç guradyk. Magtymguly Pyragynyň gymmatly eserleriniň many-mazmunyny içgin öwrenmek, olaryň gymmatyny ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen geçirilen bu çäre beýik söz ussadynyň döredijiligine bolan hormatymyzy has hem artdyrdy. Aýratyn hem dana şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp muzeýde guralan «Setiri — zer ýalkym, pähimi — umman» atly sergide ýerleşdirilen eserler kalplarda ýakymly duýgulary oýardy. Gezelenjiň dowamynda döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar bagtyýar döwrümizi, türkmen edebiýatynyň galkynýan zamanasy wasp edip ýazan şygyrlary bilen çykyş etdiler.

Raýatlara kanunlary düşündirýäris

Demokratik, hukuk döwletimizde ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamy döwrüň talabyna laýyk derejede gün-günden kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň, syýasy galkynyşynyň özenini düzýän kanunçylyk namalarynda raýatlaryň hukuklarynyň ýokary derejede amala aşyrylmagyny, olaryň döwlet tarapyndan döredilýän durmuş ýeňilliklerinden peýdalanmaklaryny, eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamaklary bilen baglanyşykly hukuk syýasaty öz beýanyny tapýar. Biz hem bu kanunlary ilata düşündirmek maksady bilen edara-kärhanalarda, raýatlar toparlarynyň arasynda duşuşyklary, wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirýäris. «Raýatlaryň hak-hukuklary goralýar» diýen at bilen geçirilýän şeýle ähmiýetli duşuşyklara etrabymyzdaky beýleki hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri hem işjeň gatnaşýarlar. Edilýän çykyşlarda ýurdumyzda kabul edilýän kanunlaryň ähmiýeti giňden düşündirilýär.

Ýaşlar — Watanyň daýanjy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: “Her bir ynsan üçin şahsy zähmetiniň jemgyýet tarapyndan ykrar edilmesinden ýokary sylag ýokdur. «Adam eli – gyzyl gül» diýipdirler. Elbetde, agajyň miwesinden belli bolşy ýaly, ynsan hem özüniň zähmeti bilen meşhurlyga eýe bolmalydyr” diýen çuň manyly sözlerini ýol-ýörelge edinýän bagtyýar ýaşlar bu gün öz zähmeti bilen Watanymyzyň gülläp ösmegine saldamly goşant goşýarlar. Bu gün ýurdumyzda bilim almaga, hünär öwrenmäge, döretmäge, gurmaga açylan giň ýollar biz — bagtyýar ýaşlary beýik üstünliklere, täze-täze gözleglere ruhlandyrýar. Bu gün «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň hereket etmegi, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasynda göz öňüne tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýaşlary örän begendirýär. Bu zatlar ýurdumyzda ýaş türkmenistanlylaryň sagdyn ösmegi hem-de kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegi, aň-paýhas, döredijilik, ruhy mümkinçiliklerini doly derejede açyp görkezmekleri, jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni durmuşa işjeň gatnaşmaklary üçin diýseň ähmiýetli bolup durýar.

Duşuşyklar işjeňlige eýe

Pederlerimizden dowam edip gelýän milli ýol-ýörelgeleri, milli gymmatlyklary, maşgala mukaddesligini, sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmekde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşiniň wekilleri tagallalaryny gaýgyrmaýarlar. Şu günler etrabyň çägindäki edara-kärhanalarda, guramalarda, oba ýerlerinde geçirilýän wagyz-nesihat, düşündiriş işlerinde hem şolar dogrusynda täsirli çykyşlar guralýar. Etrabymyzyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guralýan duşuşyklarda il sylagly ýaşulularyň çykyşlaryna aýratyn orun berilýär. Ýaşuly nesliň wekilleri özleriniň durmuş tejribesinden mysallary getirip, ýaşlara maşgalada we iş ýerinde özüňi alyp barmak, edep-ekram, tertip-düzgün bilen bagly gymmatly öwütlerini berýärler. Häzirki ajaýyp döwrümiziň gadyr-gymmaty, zähmetsöýerlik, maşgala mukaddesligi baradaky gürrüňler duşuşyklaryň ähmiýetine we many-mazmunyna oňyn täsirini ýetirýär.

Möwsümiň ikinji tapgyry

Gökdere jülgesindäki “Bagtyýar nesiller” çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň ikinji tapgyry başlandy. Bu tapgyrda welaýatymyzyň dürli ýerlerinden bolan çagalaryň onlarçasy merkezde dabaraly ýagdaýda garşylandy. Tapgyryň dowamynda çagalaryň arasynda baý many-mazmunly çäreleri guramak meýilleşdirildi. Jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guraljak sport-sagaldyş, medeni-dynç alyş çäreleriniň, döredijilik bäsleşikleriniň we beýleki täsirli çäreleriň çagalarda ýatdan çykmajak duýgulary döretjekdigi şübhesizdir. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşi tarapyndan hem gyzykly bäsleşikler guralyp, olaryň netijeliligi gazanylar.

Meýdanda taryha mertlik ýazylýar

Dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň öňüne geç­jek baş­ga bir za­dy göz öňü­ne ge­tir­mek kyn. Sä­her bilen sag-aman maş­ga­laň ara­syn­dan örüp, öýüň tö­rü­ni nur­lan­dy­ran Güne sa­lam be­rä­gede, işe sa­ry ýo­la düş­mek­den uly bagt bar­my, eý­se?! Milli Liderimiziň «Ýa­şa­syn pa­ra­hat dur­muş!» di­ýen goşgu­syn­da­ky: «Ýa­rag­laň se­si, sem bo­luň!», «Mil­li­on­lar­ça yk­ba­la // Gy­ýa ga­ra­mak bol­ma­ýar», «Halk­lar – bir je­bis maş­gala. // Ýa­şa­syn pa­ra­hat dur­muş!» di­ýen fi­lo­so­fik se­tir­le­ri­niň çuň­lu­gyn­da ýa­tan yn­san­per­wer­lik, pa­ra­hatsö­ýü­ji­lik bü­tin dün­ýä­ni bir bi­te­wü­li­ge, je­bis­li­ge ça­gy­ryş bo­lup ýaň­lan­ýar. Türk­me­nis­tan Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry için­de pa­ra­hat­çy­lyk tag­ly­ma­ty­ny oňyn sy­ýa­sa­ty­nyň baý­da­gy­na öw­ren döwlet hök­mün­de dün­ýä­niň yk­ra­ry­na eýe boldy. Türk­me­n halky pe­der­le­riň pe­na­lap ge­len top­ra­gyn­da bir ber­ka­rar döw­let gur­dy. Mu­nuň şeý­le bol­ma­gyn­da «basan ýe­rin­den ot syç­ra­ýar» diý­di­ren, Görog­ly gaý­rat­ly ger­çek­le­ri­mi­ziň yh­la­sy bar. «Är ýi­git­den är dö­rär» diý­len na­kylyň ma­ny­sy, gi­je-gün­diz diý­män, so­wuk ys­sy diý­män as­ma­ny­my­zyň asu­da­ly­gyny, ze­mi­ni­mi­ziň para­hat­ly­gy­ny üp­jün ed­ýän mer­da­na Wa­tan go­rag­çy­la­ry­myza se­re­de­niň­de, has aýdyň du­ýul­ýar. Ola­ryň kal­byn­da bir dü­şün­je bar: Wa­tan. Ola­ryň kal­byn­da bir söýgi bar: Wa­tan. Çün­ki

Ma­ýa­mi Biç – dynç alyş ke­nar­la­ryň şä­he­ri

To­mus pas­ly­nda adam­lar haý­sy­dyr bir şä­he­re gi­dip, dynç al­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär­ler. Gi­dil­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän şä­her ýer­leş­ýän ýe­ri­ne, myh­man­ha­na hyz­mat­la­ry­na we te­bi­ga­ty­na gö­rä saý­lan­ýar. Esa­san hem, sy­ýa­hat­çy­lar to­mus pas­ly­nyň ys­sy gün­le­ri­ni dynç alyş ke­nar­la­ry bo­lan şä­her­ler­de ge­çir­me­gi go­wy gör­ýär­ler. Kä­bir şä­he­riň bir ke­na­ry­ny de­ňiz ýuw­ýan bol­sa, kä­bir şä­her deň­ziň için­de ýer­leş­ýär. Şeý­le şä­her­le­riň bi­ri hem Ma­ýa­mi Biç­dir. «Gü­neş­li şta­tyň» gü­nor­ta­sy­na – dynç alyş ke­nar­la­ryň mer­ke­zi Ma­ýa­mi Biç şä­he­ri­ne hoş gel­di­ňiz! Flo­ri­da şta­ty­nyň gü­nor­ta­syn­da­ky ada şä­he­ri ak çä­ge­li owa­dan ke­nar­la­ry bi­len sy­ýa­hat­çy­la­ry özüne çek­ýär. Ma­ýa­mi Biç de­mir­ga­zyk ke­nar­ýa­ka, or­ta ke­nar­ýa­ka we iň meş­hu­ry gü­nor­ta dynç alyş ke­na­ry ýa­ly 3 sa­ny dynç alyş mer­ke­zi­ni özün­de jem­le­ýär. 143 müň in­e­dör­dül ki­lo­metr meý­da­ny tut­ýan Ma­ýa­mi Biç bi­na­gär­lik gur­lu­şy­gy bi­len hem gö­ren­le­ri haý­ran gal­dyr­ýar. Bu şä­her­de de­ňiz ar­hi­tek­tu­ra­sy­nyň owa­dan nus­ga­la­ry­ny gör­mek bol­ýar. «Okean Drive» kö­çe­si­niň ug­run­da­ky res­to­ran­lar­da açyk ho­wa­da na­har­lan­mak, «Wyn­wo­od Walls» sun­gat meý­dan­ça­syn­da aý­lan­mak, «Jung­le Is­land» suw se­ýil­gä­hin­de ga­ýyk­ly ge­ze­lenç et­mek, «Er­kin­lik di­ňi» bi­na­syn­da­ky mu­ze­ýi g