"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi

4-6-njy dekabr aralygynda paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi we onuň çäklerinde Türkmen-türk işewürler geňeşiniň maslahaty geçirilýär. Çä­rä gat­naş­mak üçin Tür­ki­ýä­niň döw­let eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­rin­den yba­rat uly to­par, ýur­du­myz bi­len ozal­dan hyz­mat­daş­lyk edip gel­ýän, şeý­le hem tä­ze önüm­le­ri we hyz­mat ugur­la­ry bi­len türk­men ba­za­ry­na gir­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän türk kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň, eks­port­çy­lar bir­leş­me­le­ri­niň 70-den gow­ra­gy­nyň ýol­baş­çy­la­ry hem-de we­kil­le­ri paý­tag­ty­my­za gel­di­ler. Şu ge­zek­ki ser­gi­niň esa­sy mak­sa­dy dost­luk­ly ýur­duň kom­pa­ni­ýa­la­ry­na türk­men ba­za­ryn­da öz önüm­le­ri­ni ta­nyş­dyr­mak üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek­den we tä­ze işe­wür­lik müm­kin­çi­lik­le­ri aç­mak­dan yba­rat­dyr.

Türkmen türgenleriniň nobatdaky üstünligi

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň asyl­ly baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýur­du­na öw­rü­len Wa­ta­ny­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da Olim­pi­ýa he­re­ke­ti­ni, ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­ty ös­dür­mek, jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ber­ka­rar et­mek ug­run­da giň ge­rim­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ra­ýat­la­ryň sag­dyn­ly­gy ýur­duň we jem­gy­ýe­tiň ösü­şi­niň wa­jyp şer­ti­dir. Türk­me­nis­tan­da bu ul­ga­myň ka­nun­çy­lyk we mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak ba­bat­da uly ta­gal­la­lar edil­ýär. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­my­zyň sport ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek, türk­men spor­tu­nyň dün­ýä­dä­ki ab­ra­ýy­ny be­len­de gö­ter­mek, ila­ty köp­çü­lik­le­ýin sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga çek­mek, be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­re­ke­ti ar­ka­ly sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni has-da ýaý­baň­lan­dyr­mak ýa­ly asyl­ly mak­sat­lar­dan ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­ler üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

Bagtyýar durmuşyň höziri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň ýokary derejeli ýaşaýyş şertlerini üpjün etmegiň hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkymyz üçin gurulýan häzirki zaman obalar, şäherler, önümçilik maksatly desgalar hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen döwlet ideologiýasyny aýdyň dabaralandyrýar. Döwletimiz tarapyndan binalaryň we desgalaryň eýeçilik goragynyň kanun taýdan üpjün edilmeginiň yzygiderli kämilleşdirilmegi bolsa raýatlarymyzyň sapaly durmuşda ýaşamaklary, döredijilik joşguny bilen ruhubelent zähmet çekmekleri üçin şertleri döredýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 51-nji maddasynda bellenen kadalara laýyklykda, ýurdumyzda her bir raýata  ýaşaýyş jaýyny, abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýyny almaga ýa-da edinmäge, özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmaga döwletiň goldawy berilýär.  Esasy Kanunymyzda bellenilişi ýaly, ýaşaýyş jaýy eldegrilmesizdir. Ýaşaýyş jaýynda ýaşaýan adamlaryň erkine garşy ýa-da kanuny esaslar bolmasa, hiç kimiň ýaşaýyş jaýyna girmäge ýa-da onuň eldegrilmesizligini başga bir ýol bilen bozmaga hukugy ýokdur. Kanunda bellenilen esaslar bolmasa, hiç kim ýaşaýyş jaýyndan mahrum edilip bilinmez.

Howpsuzlyk — rahatlyk

Mähriban adamlar, öýüňizden, iş ýeriňizden çykyp gitmeziňizden öň, elektrik-gaz enjamlaryňyzyň öçürilendigini barlamagy unutmaň! Elektrik, gaz enjamlaryny işjeň ýagdaýda, köp wagtyň dowamynda gözegçiliksiz goýmagyň örän howpludygyny unutmaň! Durmuşda ulanylýan elektrik, gaz enjamlaryna  geleňsizlik bilen çemeleşmegiň, kähalatlarda bolsa oňa sowuk-sala garamagyň garaşylmadyk nogsanlyklaryň üstünden eltýändigini ýatdan çykarmaň! Elektrik hem-de gaz enjamlary biziň durmuşymyzy ýeňilleşdirýän amatlyklardyr. Şonuň üçin, ilkinji nobatda, öýleriň gaz we elektrik ulgamynyň gurnalyşynyň talabalaýyk bolmagyny gazanmaly. Daşky örtügi zaýalanan, zeper ýeten, köne elektrik geçirijilerini çalyşmaly. Elektrik ulgamyna bir wagtyň özünde çendenaşa köp elektrik sarp ediji enjamlaryň birikdirilmegine ýol bermeli däl. Elektrik gyzdyryjy enjamlaryny öý goşlarynyň, mebelleriň, penjireleriň tutularynyň golaýynda goýmak gadagan edilýär.

Medeni habarlar

«Akyl giňişligi» Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň we TDP-niň welaýat komitetiniň bilelikde guramagynda mekdebiň mejlisler eýwanynda 1-nji ýyl talyplaryň arasynda «Akyl giňişligi» atly bäsleşik geçirildi. Oňa mekdebiň Ýer gurluşygy we kadastrlar; ykdysadyýet we buhgalterçilik hasaba alnyşy; sanly ykdysadyýet ykdysadyýet we önümçiligi guramak (oba hojalygynda); sanly ykdysadyýet oba hojalyk önümlerini öndürmegiň we gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy hünärlerinden bilim alýan talyplar toparlaýyn gatnaşdylar. Örän gyzykly we şowhunly geçirilen bu bäsleşikde 1-nji orna Ýer gurluşygy we kadastrlar,  2-nji orna ykdysadyýet we buhgalterçilik hasaba alnyşy,  3-nji orna bolsa sanly ykdysadyýet hünärlerinde bilim alýan talyplar mynasyp boldular. Ýeňiji bolan toparlara TDP-niň welaýat komitetiniň sowgatlary we agzalan mekdebiň Hormat hatlary, şeýle-de höweslendiriji baýraklary gowşuryldy.

Ýolumyza şamçyrag

Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabyny halkymyza sowgat etmegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şatlykly we buýsançly wakalarynyň birine öwrüldi. Çünki halkymyzda kitap ruhy hazyna, bahasyz gymmatlyk hasaplanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň sözi bilen aýtsak, «Kitap — her bir şahsyýet üçin ruhy kämillige barýan ýolda zerur bolan gymmatlyk bolup durýar». Gahryman Arkadagymyzyň galamynyň astyndan çykan kitaplar ulus-ilimiziň durmuş we döredijilik şamçyragy, ýol-ýörelgesi bolup hyzmat edip gelýär. Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» atly täze kitaby bolsa şol gymmatly eserleriň üstüni ýetirmek bilen, halkymyzda egsilmez ruhubelentlik duýgusyny döretdi.

Tagallalar birleşdirilýär

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan dünýä döwletleri, hususan-da, goňşy ýurtlar, şeýle hem abraýly halkara guramalary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da ösdürýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty we türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary netijesinde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyksöýüjilik, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatymyz üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi eziz Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň has-da belende galmagyny şertlendirýär. Dürli döwletler bilen syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda deňhukukly gatnaşyklaryň ösdürilmegi, iri halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň düzüm birlikleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň möhüm ugurlarydyr. 12-nji dekabryň “Halkara Bitaraplyk güni” diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň tutuş adamzat bähbitli öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylmagy Watanymyzyň abraýynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Biz şu günler welaýatymyzdaky edara-kärhanalarda, bilim-terbiýeçilik ojaklarynda bolup, wagyz-nesihat çärelerini guranymyzda şular dogrusynda giňişleýin söhbet edýäris. Çäreleriň dowamynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň daşary sy

Şahyryň arzuwlan zamany geldi

Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Suratkeşler birleşmesiniň welaýat şahamçasynyň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli Magtymguly Pyraga bagyşlanan çeperçilik eserleriniň bäsleşik-sergisi ýaýbaňlandyryldy. Sergä Türkmenistanyň Suratkeşler birleşmesiniň welaýatymyzdaky agzalarynyň, welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlarydyr talyplarynyň hem-de çagalar sungat mekdepleriniň ýaş suratkeşleriniň eserleri hödürlenildi. Görkezilen eserlerde dünýäniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasy, Bitaraplyk, asudalyk we parahatçylyksöýüjilik ýaly mowzuklar janlandyryldy. Çeper görnüşlere siňen eserler bu ýere gelip görýänleriň ünsüni özüne çekýär.

Dabaraly maslahatlar

Eziz Watan Türkmenistan — Bitarap Golaýda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda TDP-niň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda «Eziz Watan Türkmenistan — Bitarap» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ýokarda ady agzalan syýasy partiýanyň we jemgyýetçilik guramasynyň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar.

Döredijilik bäsleşigi

BITARAPLYK — ŞÖHRATYMYZ-ŞANYMYZ 2024-nji — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 33 ýyllygy mynasybetli Diýarymyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Wekilbazar etrabynda-da maslahatlar, dabaraly çäreler, dürli görnüşli bäsleşikler, wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli geçirilýär.

«Hakyda göwheri» — sözleriň düri

30-njy noýabrda Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler jaýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti zehininden dörän «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu dabara il sylagly ýaşulular, mährem eneler, «akylly» şäheriň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, mugallymlardyr talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Ilime şan getirýär bu ýyllar

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäher birleşmesiniň bilelikde guramagynda «akylly» şäheriň Jemgyýetçilik guramalarynyň mejlisler jaýynda täze 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak maksady bilen maslahat geçirildi. Maslahatda ýaşlar çykyş edip, her ýylyň mynasyp atlandyrylmagynyň ýurdumyzda asylly däbe öwrülendigini nygtadylar. Öňümizdäki täze ýyly hem Watanymyzyň beýik özgertmelerine laýyklykda atlandyrmak we nyşanyny kesgitlemek babatda ýaşlaryň tekliplerini öwrenmek boýunça öňde durýan wezipeler barada gürrüň etdiler. Çykyşlaryň barşynda Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza Türkmenistan Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek baradaky yzygiderli tagallalary, durmuşa geçirýän beýik işleri üçin alkyş sözleri beýan edildi.

«Asmanymyz parahat, dünýä dolsun owaza!»

Öňňin Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Arkadag şäheriniň häkimliginiň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Türkmenistan — parahatçylyk söýüjiligiň we dost-doganlygyň mekany» atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa «akylly» şäheriň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän hünärmenler gatnaşdylar. Maslahatda ýurdumyzyň dünýä döwletleriniň, halklarynyň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylygy pugtalandyrmakda alyp barýan syýasatynyň, durmuşa geçirýän işleriniň üstünliklere beslenýändigi bellenildi. Türkmen Bitaraplygy parahatçylygy ösdürmegiň döredijilik binýady hökmünde Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde yzygiderli pugtalandyrylýar. Bular dogrusyndaky söhbetler maslahatyň dowamynda aýdyň beýanyny tapdy. Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň aýdym-saz toparynyň ýerine ýetiren çykyşlary bolsa oňa gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.

Abuna — 2025

Hormatly okyjylar! 2025-nji ýylyň birinji ýarymy üçin «Arkadag» gazetiniň çap edilýän görnüşine abuna ýazylyşyk dowam edýär. Gazetiň kagyz görnüşine abuna ýazylmak üçin «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň bölümlerine ýüz tutup bilersiňiz. Elektron neşire abuna ýazylmak bilen, şol bukjada ýurdumyzyň beýleki merkezi gazet-žurnallaryny we welaýat gazetlerini-de okap bolýandygyny ýatladýarys! Şeýle-de gazete ýazylmak üçin «Arkadag» gazetiniň redaksiýasyna hem ýüz tutup bilersiňiz!

Kitap — genji-hazyna

3-nji dekabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar köşgüň eýwanynda guralan sergi bilen hem tanyşdylar. Sergide alym Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplaryna möhüm orun berildi. Gahryman Arkadagymyzyň täze kitaby türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklarynyň waspnamasy bolmak bilen, zähmetsöýer ilimizi täze belentliklere ruhlandyrýar.

Rowaçlygyň şäheri

Täze taryhy döwrümizde Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur paýhaslary, ajaýyp ylhamlary esasynda, paýtagtymyzy ösdürmegiň täzeçil ýörelgeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şoňa görä-de, gözel paýtagtymyz Aşgabat dünýä kartasynda adamzadyň medeni ösüşiniň esasy merkezleriniň biri hökmünde mertebeli orny eýeleýär. Aşgabat — gözellikde dünýä nusgalyk şäher. Şäheriň aklygy halkymyzyň ak ýüreginiň, ak arzuwlarynyň, päk dilegleriniň özboluşly nyşanydyr. 2023-nji ýylda paýtagtymyzyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi bolsa aýratyn buýsançly wakadyr. Aşgabat — gür baglaryň şäheri. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen gözel şäherimizi bagy-bossanlyga öwürmek boýunça başy başlanan özgertmeler hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilip, özüniň ajaýyp netijelerini berýär. 2022-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan Aşgabat şäherine «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamanyň berilmegi bu babatdaky işleriň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Bazar — berekediň ojagy

Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen her bir güni joşgunly baýramlara beslenýän mähriban paýtagtymyz ýene-de toý lybasynda. Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarydyr myhmanlary hem bosagada duran Halkara Bitaraplyk gününi hem-de Täze ýyl baýramyny mynasyp garşylamaga taýýarlyk görýärler. Däp bolşy ýaly, bu baýramçylyklarda bagtyýar raýatlarymyza azyk önümleriniň, beýleki harytlaryň, Täze ýyl sowgatlarynyň, arça we arça bezegleriniň, dürli oýunjaklaryň söwda hyzmatlaryny talabalaýyk derejede ýola goýmak maksady bilen paýtagtymyzyň bazarlarynyň we söwda merkezleriniň meýdançalaryny bezeýän göçme söwda nokatlary hem ilatyň hyzmatynda. Gündelik söwda hyzmatlary ýola goýlan bu merkezler 2024-nji ýylyň 5-nji dekabryndan 2025-nji ýylyň 3-nji ýanwaryna çenli öz işini dowam eder. Aşgabadyň dürli künjeginde, şol sanda «Gülüstan» döwlet söwda, «Altyn asyr» harytşynaslyk merkezleriniň, «Jennet», «Teke», «Älemgoşar», «Paýtagt», «Genji-hazyna» bazarlarynyň, «Altyn asyr» Gündogar bazarynyň, «Bereketli» söwda merkeziniň meýdançalarynda guralýan göçme söwda ýerleri ýokary hilli harytlaryň we azyk önümleriniň giň toplumyny alyjylara hödürlär. Dürli öwüşginli Täze ýyl harytlary ähli ýaşdaky raýatlarymyzyň, has hem körpeleriň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrar. Ähli halkymyza şanly seneleri we baýramçylyklary şeýle mynasy

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Hamal (guzy 21.03-20.04) Geljek hepdede hamallar üçin, esasan, iş bilen şahsy durmuşynyň arasynda deňagramlylygy saklamak möhüm bolar. Käbir meseleleriň ikitaraplaýyn çözgüdi sizi biraz pikirlendirip biler. Aslynda, zerur bolan çözgüdi özüňiz has oňat bilýärsiňiz. Şonuň üçin ikirjiňlenip, amatly pursatlary duşuňyzdan geçirmäň.

Ýatda galan pursatlar

Golaýda podpolkownik Geldimyrat Mämmedowyň serkerdelik edýän harby bölüminde 2024-nji ýylyň güýz möwsüminde harby gulluga çagyrylan ýaş esgerleriň harby kasam kabul edişlik dabarasy geçirildi. Dabarada her bir ýaş esger mukaddes ata Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza wepaly boljakdygyna dabaraly kasam etdi. Soňra harby bölümiň serkerdesi we onuň orunbasarlary, şeýle hem dabara gatnaşýan ene-atalaryň birnäçesi ýaş esgerleri bu günki kasam kabul edişlik dabarasy bilen gutlap, olara kabul eden kasamyna ygrarly we wepaly bolup, abraý bilen harby gulluk borjuny tamamlamagy arzuw etdiler. Şöhrat AKYÝEW, kapitan.

Ýangyndan ägä boluň!

Watandaşlarymyzyň ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň gaýragoýulmasyz çärelerine garaýşynyň giň bolmagy möhümdir. Bu, elbetde, jemgyýetimiziň geljeginiň has-da sagdyn bolmagyny üpjün edýär. Ýangyn howpsuzlyk kadalaryny berjaý etmek biziň her birimiz üçin hökmany zerurlykdyr. Şonuň üçin, biziň wezipämiz, öýlerimizde we iş ýerlerimizde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini ygtybarly üpjün etmek, şonuň bilen birlikde her bir adam olary bilmäge, şeýle-de şol düzgünleri doly, dürs ýerine ýetirmäge borçludyr. Ýangyn hadysasy ýüze çykanda, Ýangyn howpsuzlyk gullugyna öý we iş telefonlary arkaly 01 ýa-da öýjükli ykjam el telefonyndan 001 belgisine jaň edip, habar bermeli. Ilkinji nobatda, garrylary, hassalary, çagalary howpsuz ýere çykarmaly. Elektrik germewlerindäki awtomatiki abzallary öçürmeli. Güýçli tüsselemede öýden çykylanda gözleri, dem alyş ýollaryny suwda öllenen islendik esgi bilen tüsseden gorap, gapyny gulplaman pugta ýapmaly.