"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Kalby päkligiň baýramy

Gadymyýetden arkaly agzybir halkymyz Gurban baýramynyň many-mazmunyna milli ynanjyny, adatyny, däp-dessurlaryny siňdiripdir. Şonuň üçin gurbanlyk däpleriniň dowamat dowamlylygy müňýyllyklardan habar berip, köp asyrlardan bäri ýaşap gelýär. Däp bolşy ýaly, halkymyz bu baýrama aýratyn sarpa goýýar. Gurban baýramy ir döwürlerden bäri milletiň ykbalynda päk niýetleriň, sogaply hem sahawatly amallaryň baýramy hökmünde orun aldy. Ol özüne mahsus aýratynlyklary bilen adamlaryň arasynda agzybirligi, dost-doganlygy, hormat-sarpaly gatnaşyklary berkidýär. Bu bolsa, halkymyzyň durmuş pelsepesiniň ata-babalarymyzdan miras galan «Agzybire Taňry bi:r» diýen pähimden ugur alýandygy bilen pugta sazlaşýar. Şu jähetden-de, Gurban baýramy we gurbanlyk däpleri türkmen dünýäsiniň aýrylmaz bölegine öwrülip dowam edýär. Şeýle hem ol jemgyýetimizi medeni-ruhy taýdan kämilleşdirmekde, il agzybirligini we milletiň ynsanperwer däplerini pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe bolup gelýär. Gurban baýramy her öý-ojakda maşgala baýramy hökmünde garşy alynýar. Onuň ilkinji günündäki baýram namazyndan soň gurbanlyklar kesilip, sadakalar berilýär. Datly tagamlar taýýarlanylyp, saçak-supralar giňden ýazylýar. Gurban edilmegine rugsat berlen mallardan birini kesmek Gurban ybadatlarynyň esasy şertidir. Bu däbiň hikmeti bilen gyzyklanan Sahabalaryň biriniň sowalyna söýgüli Pygamberimiz: «Gurban berlen malyň her bir gy

Ýollaryň asudalygy — durmuşyň goraglylygy

Tomsuň sapaly günlerinde güneşli Diýarymyzda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi ýakymly we ýatda galyjy pursatlara beslenip dowam edýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerindäki çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleri ruhubelent çagalara şatlykly pursatlary eçilýär. Merkezlerde dynç alýan bagtyýar çagalaryň arasynda geçirilýän dürli medeni çäreler, döredijilik bäsleşikleridir duşuşyklar giň gerime eýe bolýar. Çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde ýaş nesliň wagtyny gyzykly we peýdaly geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilendir. Merkezlerde oýun oýnamak, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar, aýdym-saz otaglary, kitaphanalar bar, döredijilik gurnaklary hereket edýär.

Sport — çagalaryň hemrasy

Şu günler Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat, etrap birleşmeleri hem-de ilkinji guramalary tarapyndan çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde gyzykly sport ýaryşlarydyr döredijilik bäsleşikleri, täsirli duşuşyklar guralýar. Olara ýaş nesliň wekilleri egsilmez şatlyk we joşgun bilen gatnaşýar. GÖKDERE. Sergin howaly jülgede ýerleşýän «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň guramagynda geçen sport ýaryşlary ruhubelentlige beslendi. «Biz — berkarar ýurduň sagdyn nesilleri» atly ýaryşa merkezde dynç alyp, saglygyny berkidýän çagalardan düzülen toparlaryň birnäçesi gatnaşdy.

Ynsanperwerligiň we ruhy tämizligiň baýramy

Ýurdumyzda Gurban baýramy ruhubelentlikde bellenilip geçildi Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda täze taryhy döwrüň — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda toýlary toýa, baýramlary baýrama ulaşýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň paýtagty Aşgabat şäherinde, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda, oba-kentlerinde Gurban baýramy ýokary derejede uly ruhubelentlige beslenip bellenilip geçildi. Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlaryna eýerip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalaryndan ruhlanyp, şanly seneleri mynasyp garşylaýan mähriban halkymyz köpasyrlyk däplerimize laýyklykda, mukaddes Gurban baýramy mynasybetli toý gazanlaryny ataryp, milli tagamlarymyzy taýynladylar, dost-ýarlara, dogan-garyndaşlara salama baryp, birek-birege ýagşylyklary, gowulyklary arzuw etdiler. Şeýle hem ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde köpöwüşginli aýdym-sazly dabaralar ýaýbaňlandyryldy.

Bagtyýar çagalaryň mekany

Çagalaryň bagtyýarlygy, röwşen geljegi üçin uly işleriň durmuşa geçirilýän ýurdumyzda her ýyl çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi guramaçylykly geçirilýär. Ýurdumyzda çagalaryň sagdyn ösmegi, wagtlaryny hoş geçirmekleri, şadyýan bolmaklary üçin ähli şertler döredilendir. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalar degresini dag etekläp oturan gözel Gökderedäki, welaýatlardaky, şeýle hem Awazadaky arzyly dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde wagtlaryny gyzykly we şadyýan pursatlara besleýärler. Her ýylda bolşy ýaly, çagalar tomusky dynç alyş günlerini sapaly geçirýärler. Olar üçin merkezlerde wagtly-wagtyna dürli naharlar taýýarlanylýar, gök önümler, miwe suwlary berilýär. Açyk we ýapyk howuzlar çagalara hyzmat edýär. Öýlän bolsa gündelik aýdym-sazly çykyşlar guralýar. Daşary ýurt dillerini kämilleşdirmek we el hünärleriniň ussatlygyny görkezmek üçin gurnaklar hereket edýär, döredijilik we sungat bilen meşgullanýan çagalara niýetlenen ýörite surat we çeperçilik gurnaklarynda hem mümkinçilikler döredilen. Çagalaryň kompýuterler bilen meşgullanmaklary üçin hem ähli şertler bar.

Ruhy päkligiň dabaralanmasy

Gurban baýramy mynasybetli Daşoguz şäheriniň aýdym-saz merkezinde we onuň deňindäki hiňňilliklerde guralan baýramçylyk dabarasy merdana ildeşlerimiziň bagtyýar durmuşynyň beýanyny doly açyp görkezdi. Baýramçylyk sahnasynda guralan çykyşlara tomaşa etmäge welaýatymyzyň dürli ugurlarynda zähmet çekýän ildeşlerimiziň uly topary ýygnandy. Sahnada medeniýet we sungat ussatlarynyň buýsançly kalplaryndan joşup çykýan göçgünli aýdymlar döwrümizi, döwletimizi, bagtyýar durmuşymyzy, milli däp-dessurlarymyzy, Gurban baýramynyň aýratynlyklaryny beýan edip, tomaşaçylara ruhy lezzet paýlady. Seteran gurlan, baýramçylyk röwüşde bezelen hiňňilliklerdäki şatlyk-şowhun uly bir toýhanany ýatladyp, ýaşlaryň hem ýaşlygyň päkize dünýäsiniň özboluşly sazlaşygyny emele getirdi, baýramçylygyň mazmunyny baýlaşdyrdy. Bir-birege henek atyşyp, ýagşy arzuw-dilegler aýdyşyp, durky-düýrmegi bilen joşguna beslenen ýaşlar döredilen mümkinçiliklerden uly lezzet aldylar. Olaryň köňüllerinden joşup çykýan bagtyýarlyk nurana ýüzlerine öwüşgin eçilip, şu günümize buýsanjyň, geljege berk ynanjyň alamatlaryny aýdyňlaşdyrdy we baýramçylygyň many-mazmunyny baýlaşdyrdy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Hormatly adamlar! Eziz watandaşlar!

Jebisligiň we şükranalygyň baýramy

Halkymyz gadymy Gurban baýramynyň many-mazmunyna milli ynanjyny, adatyny, däp-dessuryny siňdiripdir. Şunuň bilen birlikde, bu baýramy ýagşy doga-dilegleri, arzuw-umytlary, belent maksatlary arzuw edip, her bir ojakda, maşgala bolup giňden belleýärler. Muny «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan şu ýylda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ähli künjeginde bu baýram mynasybetli dabaralaryň ýaýbaňlandyrylmagy aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Ýaşlyk bir bahardyr (Durmuş we biz)

Bu sözi görüp oturan kinolarymyň birinden: «Üýtgeşik eken» diýip, belläp alypdyryn. Bir kişiniň ykbalynyň başdan-aýak şeýle gowy sözler bilen suratlandyrylmasy, gör, näçe adama täsirini ýetirýär. Hem kino tomaşa etdirýär, hem kän zady ýadyňa salýar. Ýok, ýadyňdanam beter bir gün käsedäki suwuň gutaryşy deý, wagt gelip, hemme zadyň paýawlajakdygyny duýdurýar. Göz öňüňe getirmekden gorkýan zadyňy ýatladýar. Kino gutaransoň, birsalym hem bolsa, ýene huşuňdan çykýar bu pikir. Gezýäň, aýlanýaň-dolanýaň, böwrüňden ünjüsi aýyrlaňkyrlady hasaplasaňam, nazaryň aýnada her eglenmesi haýran galmagyň sykylygyny çaldyrýar oturyberýär. Ilkinji ak saçlaryňa gözüň düşýär. Geň galmak gatyşykly gorky eýeleýär kalbyňy. «Eýýämmi?» diýýär içiň. Ýyllaryň şeýle tiz aýlanýanyna ynanybileňok. Soň köpçülikde owadan hem ýaş görünmek baradaky arzuwyň ýadyňa düşýär. Hiç kime görkezmäsiň gelýär ol tarlary. Bolanok. Ýaşlygyň gitjek, garrylygyň geljek günleri duýgularyňy birhili aldym-berdime salýar. Şonda up-uzak bolup görünýän ömür ýel atyna münene dönüberýär. Uludan dem alýaň. Içiň ahmyrdan doly howry bar zady ýakyp-ýandyraýarly görünýär. Ýöne olam hyýalyňda.

Ýurdumyzda Gurban baýramy ýokary ruhubelentlikde bellenilýär

Toýlary toýa, baýramlary baýrama ulaşýan eziz Watanymyzda mukaddes Gurban baýramy dowam edýär. Aşgabat, Arkadag şäherlerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda, oba-kentlerinde Gurban baýramynyň dabarasy uly ruhubelentlige beslenýär. Toý gazanlary atarylyp, milli naharlarymyz bişirilýär. Sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazyň sesi belentden ýaňlanýar. Her bir döwletli maşgalada saçaklary bezäp, gelen myhmanlara dürli naz-nygmatlar hödürläp, birek-birege «Gurbanlygyňyz kabul bolsun!» diýip, ýagşy dilegler edilýär. Halkymyzda «Gazananyň toýa ýarasyn!» diýen ajaýyp pähim bar. Bu baýram gününde ildeşlerimiz gazan ataryp, goňşy-golamlaryny, dogan-garyndaşlaryny bir supranyň başyna jemläp toý tutýar. Gurbanlyk etmek Allatagala ýakyn bolmaga, sogap gazanmaga, birek-birek bilen hoşniýetli bolmaga iterýär. Ene-mamalarymyz Gurban baýramynda edilen arzuw-islegleriň, ýürege düwlen ak niýetleriň hasyl bolýandygyny aýdar eken. Gurbanlyk günlerinde birek-birek bilen mähirli salamlaşmakda, hal-ahwal soraşmakda hem uly sogap bardyr.

Geljege taýýarlanmak (Kämillige tarap)

Türgenleriň ýaryşa, okuwçylaryň synaga, daýhanyň ekişe, ogul-gyzy ýetişen maşgalanyň toýa taýýarlyk görmegi durmuşyň ähli döwründe ynsanyň nämedir bir zada taýýarlykly gezýändigini aňladýar. Eýsem, geljege nähili taýýarlanmaly? Geljege taýýarlanmak üçin näme etmeli? Geljege taýýarlanmak bize näme gazandyrýar? «GÖRERIS» SÖZÜNI DURMUŞYŇYZDAN AÝRYŇ!

Üçe çenli — aýny wagty!

MASARU IBUKA (Irki terbiýe bilen bagly 76 maslahat) EGER HER GÜN ÇAGA KÄÝESEŇIZ, ONUŇ MUŇA UÝGUNLAŞMAGY MÜMKIN

Hemmämiziň borjumyz

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy mähriban ildeşlerimize ýerine ýetirmeli kadalar barada şulary maslahat berýär. Tebigata çykanyňda, ot ýakmak asla bolanok, munuň özi, aýratynam, ot-çöpli, bag-bakjaly ýerlerde uly ýangynlara getirip biler. Eger-de ot azda-kände ýakylan bolsa, soňuna çenli durup, onuň dogrudan-da öçendigine göz ýetirmeli. Ot ýakylan ýere gum sürüp, suw sepip, közüni mazaly öçürmeli. Çalgy ýagy ýa-da ýeňil ýanyjy suwuklyklar siňen esgileri, söndürilmedik çilim, otluçöp galyndysy, döwlen çüýşe ýa-da aýna bölekleri taşlansa, Günüň şöhleleriniň ugruny üýtgedip geçmegi zerarly, guran ot-çöpleriň gyzmagy netijesinde, oduň öz-özünden döremegine getirip bilýändigini unutmaly däldir.

Baýramçylyk dabarasy

Kalplary tutuşlygyna ruhy joşguna beslenen ildeşlerimiz Gurban baýramynyň ikinji gününde «Türkmeniň ak öýi» binasynyň deňindäki hiňňilliklerde guralan medeni-dynç alyş çäresine ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Baýramçylyk çäresinde bagşy-sazandalaryň çykyşlaryna giň orun berildi. Sahnada ajaýyp döwrümizi, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň beýik tutumly işlerini, Gurban baýramyny, milli däp-dessurlarymyzy wasp edýän göçgünli aýdymlaryň ruhy lezzetine beslenip hiňňillikde uçýan ýaşlaryň bagtyýarlygy döwre, durmuşa hoşallygyň, şükranalygyň beýany boldy. Ildeşlerimize üç günläp dowam edýän baýramçylyk günlerinde medeniýetli dynç almak üçin guralan şeýle ajaýyp dabaralar ýatda galyjy pursatlara öwrüldi hem-de bagtyýar halkymyzy täze maksatly işlere ruhlandyrdy.

Saýlawlara taýýarlyk görülýär

11-nji iýunda saýlawlara taýýarlyk möwsüminiň nobatdaky tapgyry bolan Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine dalaşgärleri bellige almak işi tamamlandy. Möwsümiň ilkinji iki tapgyryny düzýän dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak işi ýurdumyzyň hereket edýän kanunçylygyna, halkara kadalara laýyk gelýän şertlerde geçirildi. Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine jemi 9 — her saýlaw okrugy boýunça 3 dalaşgär hödürlenildi. Dalaşgärleriň arasynda milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň wekilleri bar. Olaryň aglabasy syýasy partiýalaryň agzalarydyr. Bellige alnan her bir dalaşgäre milli saýlaw kanunçylygyna, halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda, saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirmek üçin deň derejedäki hukuklar we mümkinçilikler döredilýär.

Şahyryň döredijiliginde ahlaklylyk ýörelgesi

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi özüniň köptaraplylygy, köpöwüşginliligi bilen dünýä edebiýatyny baýlaşdyrýar. Ol akyl-paýhasa ýugrulan eserlerinde ynsan durmuşynyň dürli ugurlaryny şirin sözüň üsti bilen beýan edýär. Olarda söz ussadynyň ahlak meselesi babatda öňe sürýän gymmatly pikirleri hem aýdyň orun tutýar. Dürli döwürlerde dünýä alymlary ― Günbatar Ýewropanyň we Russiýanyň gündogary öwrenijileri Arminiý Wamberi, W.W.Bartold, F.A.Bakulin, A.N.Samoýlowiç, türkmen alymlary A.Gulmuhammedow, B.Garryýew, A.Kekilow, M.Kösäýew, Z.Muhammedowa, M.Annamuhammedow, A.Bekmyradow ägirt uly hyzmatlary bitirdiler. Öňi bilen, bir zady bellemek möhümdir. Ol hem Magtymguly Pyragynyň ahlaklylygy ündemekde durmuşda gözi bilen gören zatlaryndan, şeýle-de gadymy ruhy çeşmelerden ugur alanlygydyr. Bu meselede Pyragy üçin pederi Döwletmämmet Azadynyň görelde bolandygyny ylmy çeşmeler tassyk edýär. Pederinden öwrenen durmuş ýörelgesi, Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eserinde ündeýän pikirleri Magtymgula öz döredijiliginde ynsan ömrüniň bezegi bolan ahlaklylyk ýörelgesini ösdürmäge giň ýol açypdyr. Galyberse-de, Hoja Ahmet Ýasawynyň, Bahaweddin Nagyşbendiniň, Hajy Bekdaşynyň ahlaklylygy ündeýän eserleri onuň bu ugurda dünýägaraýşynyň kemala gelmegine täsir edipdir.

Agzybirlik, sahawatlylyk, ynsanperwerlik

Günsaýyn gülleýän Diýarymyzda milli däp-dessurlarymyz berjaý edilip, toý-baýramlarymyz uludan tutulýar. Şu günler ýurdumyzda giňden bellenilýän Gurban baýramynyň jemgyýetimizi medeni-ruhy taýdan kämilleşdirmekde, agzybirligimizi we jebisligimizi pugtalandyrmakda örän uly ähmiýeti bar. Halkymyz her bir ynsany sogap işlere, ynsanperwerlige ruhlandyrýan bu baýrama aýratyn sarpa goýýar. Türkmen halkynyň yslamyň gymmatlyklaryny özüniň ruhy baýlyklary bilen utgaşdyryp, asylly däplerini nesillere miras goýmak ýörelgesi Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde has-da aýdyň görünýär. Bu baýramda halkymyzyň ynsanperwerlik, ruhy päklik, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege sylag-hormat goýmak ýaly asylly ýörelgeleri doly ýüze çykýar. Gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Gurban baýramynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndaky dabaralary kalbymyza egsilmez şatlyk paýlaýar. Asylly däbe eýerip, Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde ildeşlerimiz öz dogan-garyndaşlarynyň, goňşy-golamlarynyň, dost-ýarlarynyň ojagyna myhmançylyga barýarlar, baýramçylyk mynasybetli taýýarlanan nygmatlardan iýip-içip, ýagşy doga-dilegleri edýärler. Baýram günlerinde hiňňildik uçmak şadyýanlygy, ruhubelentligi döredýär. Hiňňildik uçulýan ýerlerde joşgunly aýdym-sazlar belentden ýaňlanýar. Munuň özi adamlara ruhubelentlik paýlaýar, olaryň agzybirligini berkidýär.

Ruhubelentlige beslenen dabara

Eziz Diýarymyzda giňden bellenilýän Gurban baýramy mynasybetli Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabyndaky Köýten obasynda etrap häkimliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy boldy. Oňa il sylagly ýaşulular, mährem eneler, körpeje çagalar hem-de köp sanly oba ýaşaýjylary gatnaşdy. Dabaranyň geçirilen ýerinde saçaklar giňden ýazylyp, gazanlar ataryldy. Bu ýere ýygnananlara milli tagamlarymyz hödür edildi. Bagşy-sazandalar ajaýyp aýdymdyr sazlary ýerine ýetirdi. Dabaranyň dowamynda hoşniýetliligiň, päkýürekliligiň we ynsanperwerligiň baýramy bolan Gurban baýramyny ýokary ruhubelentlikde geçirmäge ähli mümkinçilikleri döreden, ruhy-medeni däplerimize ähmiýet berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy.

Ýokary taýýarlykly harby hünärmenler Watanymyzyň ygtybarly goragynyň kepilidir

Aşgabat, 15-nji iýun (TDH). Şu gün Harby akademiýanyň, Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň, Serhet institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň, Içeri işler ministrliginiň institutynyň we Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby lukmançylyk fakultetiniň uçurymlaryny hormatlamak dabarasy geçirildi. Däp bolşy ýaly, bu çäre döwlet esaslarynyň mizemezliginiň nyşany bolan paýtagtymyzdaky Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada guraldy. Dabaranyň öňüsyrasynda ömür ýoly türkmenistanlylar üçin watansöýüjiligiň nusgasyna öwrülen ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň we içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň heýkellerine, şeýle-de “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda pederlerimiziň gahrymançylygynyň, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Watan ugrunda baş goýanlaryň edermenliginiň, 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde wepat bolanlaryň hatyrasyna “Ruhy tagzym”, “Milletiň ogullary”, “Baky şöhrat” ýadygärliklerine gül desseleri goýuldy.

Çuňňur hoşallygyň beýany

Hormatly Prezidentimiziň Gyzylarbat etrabynda bolup, gallaçy babadaýhanlaryň alyp barýan işleri bilen içgin tanyşmagy hem-de welaýatymyzyň  ilatyna döwrebap hyzmaty ýola goýmak üçin häzirki zaman awtobuslaryny sowgat hökmünde gowşurmagy welaýatyň ýaşaýjylarynyň buýsançly başlaryny has-da belende göterdi. Şu şanly wakalar mynasybetli welaýat häkimligi tarapyndan hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary, obasenagat toplumynyň, edara-kärhanalaryň jogapkär işgärleri, «Balkanawtoulag» önümçilik birleşiginiň hünärmenleri, gallaçy daýhanlar, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýaşuly nesliň wekilleri ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Hoşallyk maslahatynda edilen çykyşlarda nygtalyşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mübärek gadamynyň düşen ýeri gülläp ösüşleriň, rysgal-berekediň mekanyna öwrülýär. Hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza iş sapary wagtynda gallaçy babadaýhanlar bilen duşuşmagy hem-de «Türkmenawtoulaglar» agentliginiň «Balkanawtoulag» önümçilik birleşigine häzirki zaman awtobuslarynyň  200-sini sowgat hökmünde gowşurmagy şeýle buýsançly durmuş hakykatyny ýene bir ýola ähli aýdyňlygy bilen açyp görkezdi.