"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi

Bagtdan paýly nesiller Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda başy başlanan beýik işler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ählitaraplaýyn pajarlap ösýär. Şeýle bolansoň bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň halkara abraýy barha ýokarlanýar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabyndan.

Mähriban okyjym!Ynsany bagtyýarlyga ýetirýän esasy sebäpleriň biri milli buýsanç arkaly kemala gelýär. Milli buýsanjyň gözbaşynda bolsa halkyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy bardyr. Taryh hakynda söz açylanda dünýäniň iň gadymy halklarynyň arasynda, ilki bilen, türkmen halky hem ýatlanylýar. Şöhratly hem-de buýsançly taryhymyzyň her sahypasynda dünýä medeniýetine nusgalyk ösüşler hem-de açyşlar ýatyr. Arheolog alymlarymyzyň yzygiderli alyp barýan gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde topragyň gatlaryndan taryhy gatlaklaryň syryny çöşleýän täze-täze tapyndylar ýüze çykarylýar. Milli medeni mirasymyzy ylmy esasda öwrenýän alymlarymyz daşary ýurtlaryň meşhur kitaphanalaryndan türkmen halkynyň baý edebi mirasyna degişli gadymy golýazmalaryň nusgalaryny ýurdumyza getirýärler. Türkmen halkynyň taryhy bilen gyzyklanýan daşary ýurtly hünärmenler hem bu ugra dahylly öz ýurtlarynda bar bolan ylmy-edebi mirasymyza degişli eserleri, kitaplary bize sowgat edýärler. Ygtybarly ylmy çeşmeler esasynda täze-täze ylmy maglumatlaryň peýda bolmagy türkmen halkynyň taryhyna täzeçe hem-de köptaraplaýyn nazar aýlamaga iterýär. Şeýle asylly maksatdan ugur alyp, mähriban okyjym, halkymyzyň baý taryhy durmuşyndan söz açýan ylmy garaýyşlarymy — şu kitabymy siziň bilen paýlaşmak isleýärin. Bu kitabymyň esasy maglumat çeşmesi hökmünde mundan owal ýazan we giň okyjylar köpçüligine ýetirilen d

Baş arçanyň ýalkymy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 15-nji dekabrynda Diýarymyzyň ähli künjeklerinde, şeýle-de paýtagtymyz Aşgabatda we Arkadag şäherinde Täze ýyl arçalarynyň yşyklaryny ýakmak dabaralary geçirildi. Bu dabara täze taryhy eýýamyň şanly ýylynyň ösüşler bilen jemlenip, geljek ýyla uly ynam bilen gadam basyljak ajaýyp günleriniň başlangyjy boldy. Ýurdumyzyň taryhy ýadygärliklerine, medeni merkezlere, sungat ojaklaryna, bilim-terbiýeçilik edaralaryna, önümçilik desgalaryna seýran eden Aýazbabadyr Garpamyk welaýatlarymyzda «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň, Arkadag şäherinde «Arkadag Binasynyň», paýtagtymyz Aşgabat şäherinde «Älem» medeni dynç-alyş merkeziniň öňündäki baş arçalaryny yşyklandyrdylar. Şadyýan çagalaryň baýramçylyk şatlygy, goşgularydyr aýdym-sazly çykyşlary bu dabaranyň şowhunyny öňküden-de artdyrdy.

Ajaýyp kitabyň söhbedi

Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasy ýokary ruhubelentlige beslendi. Oňa welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalaryň işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, il sylagly ýaşulular, mährem eneler hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.   Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny, nusgalyk döwletlilik ýörelgelerini beýan edýän, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan eserdigini, onuň ýaş nesilleri watançylyk, belent ahlaklylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazynadygyny aýratyn nygtadylar. «Ajaýyp kitabyň Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly dabaralara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda çapdan çykmagy aýratyn many-mazmuna eýedir. Täze eser geçmişde yz goýan şahsyýetlerimiziň beýik işleriniň beýany bolmak bilen, şöhratly taryhymyza buýsanjymyzy artdyrýar» diýip, çykyş edenler belläp geçdiler. Merdana halkymyzyň ruhy hazynasyny öwrenmek we ony dünýä ýaýmak boýunça tutumly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar. 

Telekeçilige — giň ýol

Ýeňişli sepgitler Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Telekeçiler — ýurdumyzyň altyn gaznasydyr” diýen sözlerinden ugur alýan türkmen telekeçileri Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde giň möçberli işleri durmuşa geçirýärler. Hususyýetçileriň döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tagallalary tamamlanyp barýan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda-da rowaçlyklara beslenýär.

Milli buýsanjyňy artdyrýan eser

Ýene bir ajaýyp eser elimize gowuşdy! Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan kemala gelen ajaýyplygyň — «Hakyda göwheri»  atly kitabyň çapdan çykmagy bagtyýar zamanada gurýan, döredýän, röwşen geljege ynamly barýan agzybir halkymyzy çäksiz begendirip, buýsanjyna buýsanç goşan taryhy wakalaryň biri boldy. Hakyda göwheri. Juda jaýdar hem jüpüne düşen bu jümlede umman ýaly giň many bar. Kitabyň turuwbaşdan göwnüňe hoş ýakýan özboluşly adynyň çuňňur mazmun baýlygy bilen utgaşmagy bolsa aýratyn bellärliklidir. Ol öňümizde taryhyň täze sahypalaryny açmak bilen, kalbyňda üýtgeşik täsirleri galdyrýar.

Sözüň güýji

Göwün aldamaýar, göwün aldanýar Bir halypa şägirtlerinden:

Goňşy welaýatdan hat

Halk mirasynyň howandarlary Şu ýazgyma şeýle sözbaşy goýup, ýalňyşandyryn ýa-da öteräk gidendirin öýdemok. Sebäbi, Mary welaýatynda halkyň gymmatly medeni mirasynyň howandarlary az däl. Özem ýalňyşmasam, munuň gözbaşynda ýurdumyzda meşhur mirasgär Ümür Esen durdumyka diýýärin. Bu günki günde onuň başlan başlangyjy ýurdumyzyň ähli ýerinde işjeň dowam etdirilýär. Şu setirleriň awtory hem özüne Ümür Eseniň şägirdi diýilmegini uly mertebe hasaplaýar.

Baş arçanyň yşyklary nur saçýar

Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly» şygary astynda tamamlanyp barýan ýyl köptaraply tutumlary bilen şöhratly taryhymyza zer harplar bilen ýazylýar. Ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň binýadyny berkiden taryhy tutumlar bosagada duran Täze ýyly ýokary ruhubelentlikde garşylamagyň gözbaşyna öwrülýär. Şeýle buýsançly hakykaty Balkanabat şäherine bezeg berip oturan «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňünde oturdylan welaýatyň baş arçasynyň ýanynda badalga alan dabaralar ähli aýdyňlygy bilen subut etdi.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Tebigat gözelliginiň waspçysy XVIII asyr türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günlerinde, diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, halkara derejesinde geçirilýän çäreler, dabaralar giňden ýaýbaňlandyrylýar. Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, bütin Gündogaryň beýik şahyry we akyldarydyr. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi adamzadyň geçmişini, şu gününi we geljegini öwrenmekde egsilmez hazynadyr, düýpsüz ummandyr.

Halypa-şägirtlik mekdebi

Türkmenistanyň Döwlet serhediniň goragyny guramakda bildirilýän talaplary harby gullukçylaryň dykgatyna ýetirmek, bu ugurda ýaş serkerdelere tejribe kömeklerini bermek maksady bilen, ähli serhet birikmelerine we serhet galalaryna tejribeli serkerdeler tarapyndan iş saparlary amala aşyrylyp, degişli işler geçirilýär. Olar serhet galalarynda harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş hem gulluk şertleri bilen gyzyklanyp, ýörite okuw sapaklaryny, wagyz-nesihat, terbiýeçilik çärelerini guraýarlar. Şeýle işleriň yzygiderli guralmagy eziz Watanymyzyň serhet çäkleriniň hemişelik asudalygyna, harby düzgün-nyzamyň pugta berjaý edilmegine özüniň oňaýly täsirini ýetirýär. Ilaman AZYMOW, kapitan.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Şu günüň talaby Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda öňümizde jogapkärli wezipeler durup, olaryň durmuşa geçirilmegine her birimiz mynasyp goşandymyzy goşýarys. Raýat jemgyýetimiziň demokratik ýol-ýörelgeler bilen ynamly öňe gitmeginde, ösüşli döwrümiziň talabyna laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginde tutumly işler ýaýbaňlandyrylýar. Döwrebap kanunlar kabul edilip, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň milli kanunçylygyny pugtalandyrmakda ýokary netijeler gazanylýar.

Düşündiriş çäreleriň ähmiýeti

Bölümimiziň gözegçileri welaýatymyzyň ýollarynyň we köçeleriniň hadysasyz bolmagy ugrunda aladalanýarlar. Köçe-ýollarda ulaglaryň mukdarynyň artyp, gatnawyň ýokarlanmagy işimiziň jogapkärçiligini artdyrýar. Gözegçilerimiz ýollara berk gözegçiligi ýola goýmak bilen, düşündiriş çäreleriniň talaba laýyk alnyp barylmagyna-da uly ähmiýet berýärler. Sebäbi, bu işiň gowy guralmagy welaýatymyzyň ýollarynda ýol-ulag hadysalarynyň azalmagyna netijeli täsirini ýetirýär. Şeýle çäreleriň çagalar bilen baglanyşykly ýol-ulag hadysalaryny aradan aýyrmakdaky ähmiýetini aýratyn nygtamalydyrys. Şonuň üçinem biz welaýatymyzdaky mekdeplerde, çagalar baglarynda düşündiriş işini göwnejaý ýola goýýarys. Çagalar bilen duşuşyklarymyzda diwarlyklardyr beýleki görkezme esbaplarynyň kömegi bilen köçäni ýa-da ýoly kesip geçmegiň, gatnawly köçeleriň gyrasyndan ýöremegiň, çatryklardaky ýolyşyklaryň, ýol belgileriniň olara degişlileriniň talaplaryny düşündirýäris.

Durmuşda gazy howpsuz ulanmagyň kadalaryny berjaý edeliň we tygşytly ulanalyň!

“Marygazüpjünçilik” müdirligi welaýatymyzyň tebigy gazy sarp edijilerine ýüzlenýär Tebigy gaz amatly we tygşytly energiýa çeşmesidir hem-de biziň milli baýlygymyzdyr. Tebigy gazy tygşytly hem-de howpsuz ulanmak biziň borjumyzdyr. Ýöne onuň nädogry ulanylmagy howply netijelere getirip biler. Şonuň üçin heläkçilikleriň öňüni almak we özüňiziň hem-de ýakynlaryňyzyň saglygyny goramak üçin durmuşda gazy howpsuz ulanmagyň düzgünlerini berk berjaý etmek möhümdir.

Bagtyýarlygymyzy wagyz etmek bagty

Günbe-günden gülleýän güneşli Diýarymyz hormatly Prezidentimiziň  parasatly ýolbaşçylygynda uly ösüşlere, özgerişlere ýetip, her bir günümiz toý-baýramlara beslenýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly, ynsanperwer içeri we daşary syýasatynyň netijesinde döwletimiziň gazanýan üstünliklerinden ganatlanyp, halkymyz bagtyýar durmuşda ýaşaýar, gurýar, döredijilikli zähmet çekýär. Etrabymyzyň zähmetsöýer adamlary, işjeň partiýa agzalary ata-babalarymyzyň ýüzýyllyklaryň dowamynda toplan baý tejribesine, gadymdan gelýän asylly däplerine eýerip, ýurdumyzy ösdürmekde yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Berkarar döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny wagyz etmekde, jemgyýetimiziň demokratik kadalaryny we halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda jemgyýetçilik-syýasy guramalara möhüm orun degişlidir. Biz hem, beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik özgertmelerine ilatyň arasynda geçirýän wagyz-nesihat işlerimiz bilen goşandymyzy goşýarys. Döwlet Baştutanymyzyň öňümizde goýan anyk wezipelerinden ugur alyp, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň mazmunyny ilat arasynda giňden düşündirmekde, ösüp gelýän ýaş nesillerimizi sagdyn ruhda terbiýelemekde, olarda türkmen halkyna mahsus bolan edermenlik, watançylyk, zähmetsöýerlik, dogruçyllyk ýaly iň oňat sypatlary oýaryp, Watana, il-güne gerekli adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmagy

Zehini zyýada Zaman

Ýakynda gözel paýtagtymyz Aşgabatda ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şol bagtyýar ýaşlaryň biri hem welaýat ýörite sungat mekdebimiziň mahmal owazly, kalby buýsançdan doly talyby Zaman Garlyýewdir. Zamanyň aýdym-saza bolan höwesi çagalykdan başlanýar. Onuň dädesi Myratdurdy Garlyýew Esenguly etrabynyň Ajyýap oba medeniýet öýüniň çeper ýolbaşçysydy, ökde sazandady. «Ata kesbi — ogla halal» diýlişi ýaly, dädesi saz çalan pursatlarynda kiçijik Zamanjyk hem özüçe hiňlenýärdi. Şeýdip, ol ýaňy üç ýaşyndaka, «Şat dünýämde ýaýnaýan» diýen aýdymy bilen obalaryndaky medeniýet öýünde çykyş edýär. Şowhunly el çarpyşmalar ýaş zehiniň göwün guşuny göge göterýär. Şol pursatdan soň ol aýdym-saz bilen bile ýaşaýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň eýesi, «Merdana nesil — 2008» atly şadyýan bäsleşigiň ýeňijisi bolýar, «Ýaňlan, Diýarym! — 2015» telebäsleşigindäki çykyşy bilen aýdym-saz söýüjileriň söýgüsini gazanýar. Watanymyzy wasp edýän aýdymlary bilen dürli çärelerde yzygiderli çykyş edýän ýaş zehin üçin ýene bir begençli, buýsançly wakalaryň biri welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby bolmak bagtynyň miýesser etmegidir.

Bagtdan paýly nesiller

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň beren bagtyna guwanyp, erkana ýaşaýar. Elbetde, abadançylygyň, parahatçylygyň höküm sürýän ýerinde çagalaryň şadyýan gülki sesleri ýaňlanýar. Bagtyýar çagalygyň mekany bolan ajaýyp ýurdumyzda ýaş nesliň ähli amatlyklary bolan, kämil tehnologiýalar ornaşdyrylan çagalar baglarynda, mekdeplerde bilim-terbiýe almaklary olaryň bagtyýar geljegini üpjün edýär. Ata Watanymyzda röwşen geljegimiz bolan ýaş nesiller uly alada bilen gurşalýar. Olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, giň gözýetimli, edep-ekramly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolan bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýär.

Sazlaşykly hereket ýollaryň bezegidir

Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, esasan-da, herekete gatnaşyjylaryň özlerini alyp baryşlaryna, ýol hereketiniň kadalaryny berjaý edişlerine bagly bolup durýar. Herekete gatnaşýan her bir adam özünden edilýän kanuny talaplary doly we dogry ýerine ýetirmelidir. Ýurdumyzyň ýollarynda bolup geçýän ýol-ulag hadysalarynyň esasy sebäpleri tehniki taýdan näsaz awtoulaglary ulanmak, awtoulag dolandyrylanda, ugry nädogry üýtgetmek, howpsuzlyk kemerlerini dakynmazlyk, çatrykda durlan wagtynda pyýada geçelgeleriniň üstünde ulagy saklamak, gaty sesli audio-wideo enjamlary diňlemek, telefonda gürleşmek bolup durýar. Ýol-ulag hadysalarynyň köp bölegi ulaglaryny ýokary tizlikde dolandyrýan sürüjileriň günäsi bilen bolýar. Ulag serişdelerini ýokary tizlikde dolandyrmagyň howply ýagdaýlara getirýändigini ýatdan çykarmaly däl. Mundan başga-da, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda diňe bir sürüjileriň we pyýadalaryň ýalňyşlyklary däl-de, käbir ýagdaýlarda ýollarda hereket edýän awto-ulaglaryň hereketine uly ýollarda idegsiz gezip ýören mallar hem sebäp bolýar. Bu barada mal eýeleri bilen yzygiderli wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Olarda mallary, esasan-da, uly mallary uly ýollara idegsiz goýbermeli däldigi, ýörite mallar üçin niýetlenen yşyklandyryjylary dakmak hakynda gürrüň edilýär.

Ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini bilmeli we berjaý etmeli

Halkymyzyň asuda ýaşaýşyny üpjün etmekde ýurdumyzyň içeri işler edarasynyň beýleki gulluklary bilen bir hatarda, ýangyn howpsuzlygy gullugynyň gullukçylarynyň öňünde-de ullakan wezipeler, şonuň ýaly-da, çagalaryň ot oýnamaklary zerarly döreýän ýangyn hadysalarynyň öňüni almak meselesi durýar. Ot bilen oýnamagyň howpludygyna, onuň nähili betbagtçylyga eltmeginiň mümkindigine çagalar heniz doly düşünmeýärler. Şonuň üçin çagalarda ot bilen seresaply bolmak başarnyklaryny terbiýelemek zerurdyr. Olaryň ot bilen oýnamak ýaly garagollukly hereketleriniň öňüni almak, çagalar bilen düşündiriş işlerini alyp barmak ata-eneleriň borjudyr.  Ýangynyň öňüni almak üçin çagalar ýangyn howpsuzlygynyň şu aşakdaky düzgünlerini bilmelidirler hem-de olary berjaý etmelidirler.

Ýaş maşgalalaryň hukuklary düşündirilýär

Darganata etrabynyň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy bölüminde etrabymyzyň ýaşaýjylarynyň gatnaşmaklarynda «Raýat hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmek mukaddes borçdur» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa syýasy partiýalaryň we iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de kümüş saçly eneler gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda ýaş maşgalalaryň raýatlyk hukuklary barada gürrüň edildi. Aýdylyşy ýaly, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ýaş maşgalalaryň ösüp-örňäp, durmuşda ornuny tapyp gitmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şol mümkinçiliklerdir hukuklar kanunçylyk namalary arkaly berkidilýär. Duşuşykda çykyş eden harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri ýaş maşgalalaryň agzalaryna şol hukuklar barada giňişleýin düşündiriş berdiler. Özara alşylan sowal-jogaplar has-da netijeli boldy.