"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Dalaşgärler bilen duşuşyklar

Änew şäherindäki Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda welaýatymyz boýunça bellige alnan dalaşgärleriň welaýat halk maslahatynyň agzalary bilen duşuşyk ýygnaklary geçirildi. Welaýat saýlaw topary tarapyndan guralan duşuşyk ýygnaklary işjeňlik ýagdaýynda geçdi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärler — Sarahs etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň müdiri Döwletgeldi Çaryýew, Tejen etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň müdiri Jepbar Daňatarow, Tejen etrabynyň Maliýe we ykdysadyýet bölüminiň Durmuş-ykdysady ösüş we maýa goýumlar bölümçesiniň başlygy Rejepguly Esenow, Bäherden etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň müdiri Ogulmaral Hojaýewa, «Jebis Türkmen» hususy kärhanasynyň müdiri Seýdi Jumaýew dagy bilen bolan duşuşyklarda olaryň ynanylan adamlary dalaşgärleriň terjimehaly bilen tanyşdyrdylar.

Sowgatlar gowşuryldy

Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň çägindäki Ahalyň tebigy gazdan benzin öndürýän zawodynyň mejlisler jaýynda Milli bahar baýramy mynasybetli duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň guramagynda bolan duşuşyga zawodyň hünärmenleri gatnaşdy. Duşuşykda Berkarar Watanymyzyň senagat taýdan has-da kuwwatlanmagy babatdaky durmuşa geçirilýän tutumly işleriň ähmiýeti hakynda söz açylyp, bu ugurda Ahalyň tebigy gazdan benzin öndürýän zawodynyň işçi-hünärmenleriniň orny bellenildi hem-de dünýäde deňi-taýy bolmadyk bu kuwwatly kärhananyň işgärlerine uly üstünlikler arzuw edildi.

Soňky sütün

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen indi birnäçe ýyldan bäri Halkara Nowruz gününiň öňýany köpçülikleýin bag ekmek asylly däbe öwrüldi. Bu däbe eýerip, 20-nji martda ýurdumyzyň ähli ilaty milli Liderimiziň ilkinji nahaly oturdyp, ak pata bermegi bilen köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna işjeň gatnaşdylar. Şol gün miweli we saýaly nahallaryň ýüzlerçe müň düýbi oturdyldy, öňden bar bolan baglarda bejergi, timarlaýyş işleri geçirildi. Ýeri gelende aýtsak, Gahryman Arkadagymyzyň Kararyna laýyklykda, şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli 30 million düýp agaç nahallary oturdylar. * * *

Behişdi bedewlerimize buýsanç

Halkymyzyň köňül küýsegini gülledip, bagtyýar zamanamyza bolan söýgini goşalandyrýan, ganatlandyrýan milli Liderimize aýdylýan alkyşlaryň yzy üzülmän, toý-baýramdyr çärelerde has-da dabaralanýar. Paýhas bilen amala aşyrylýan beýik işler döwri hem, ýurdy hem beýgeldýändir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saýasynda gülläp ösýän ýurdumyz biziň her birimiziň buýsanjymyzdyr. Türkmenistanyň at-abraýynyň bütin dünýä dolmagy hem Gahryman Arkadagymyzyň paýhas bilen amala aşyrýan beýik işleriniň datly miwesidir. Alyp barýan beýik işlerini milliligimize ýugurýan hormatly Prezidentimiz döredijilik bilen, sport bilen meşgullanan wagtynda hem halkymyzyň kalbyny buýsanja besleýär.

Täzelikler

Çärjew etrabyndaky «Serdar» maldarçylyk hojalygynyň agzybir we başarjaň agzalary mallardan owlak-guzy almak baradaky meýilnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Alnan ýaş mallar geljekde sürüleriň üstüni doldurmak üçin ösdürmäge galdyryldy. Hojalykda ene mallaryň 2,1 müňden gowragy bolup, olardan owlak-guzularyň 1879-syny almak meýilleşdirilipdi. Ussat dowardarlar şu döwre çenli sagdyn ýaş mallaryň 2883-sini alyp, bu baradaky meýilnamany artygy bilen berjaý etdiler. Olar häzirki günlerde ýaş mallara yhlas bilen ideg edip, olaryň sagdyn ösmegini gazanýarlar.

Sanly ulgamyň ösüşine giň gerim berilýär

19-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Milli Liderimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna söz berdi. Wise-premýerler öz gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň netijesi we hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdiler. Hasabatlaryň çäklerinde ýurdumyzyň welaýatlarynda gowaça hasylynyň düýbüni tutmak hem-de ekiş möwsüminiň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen gowaça ekişine başlamaga görülýän taýýarlyk barada habar berildi hem-de ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmaklarynda ýurdumyzyň welaýatlarynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň, şeýle-de gowaça ekişine başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegi hormatly Prezidentimizden haýyş edildi.

Parahatçylyga we özara ynanyşmaga daýanyp

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna badalga berlen ilkinji günlerden durmuşa geçirilip başlanylan halkara ähmiýetli dabaralardan, tutumly toýlara görülýän taýýarlyklardan hem biz üstümizdäki ýylyň rowaç gadamyna, belent badyna aýdyň göz ýetirýäris. Muňa ata Watanymyzyň bagtyýar goýnunda her günümiziň taryhy we şanly wakalara beslenýändigi, halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň barha gowulanýandygy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Güneşli Diýarymyzda milli Liderimiziň ählumumy abadançylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine, häzirki zamanyň derwaýys meselelerine, parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalanmagyna gönükdirilen asylly başlangyçlary bu günki gün bütin dünýäde uly goldawa mynasyp bolýar. Gahryman Arkadagymyz dünýä we sebit möçberinde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine kömek we ýardam bermek, energetika we ulag, suw üpjünçiligi we Aral deňzini halas etmek ýaly adamzadyň geljegine gönüden-göni täsir etjek meseleleri üns merkezinde saklap, bu babatda dünýä bileleşigine agza döwletleri tagallalary birleşdirmäge çagyrýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda gazanylýan şanly ösüşler giň gerimli maksatnamalary, durmuş-ykdysady özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam berýär. Döwlet Baştutanymyzyň Akina — Andhoý menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýolunyň, Kerki — Şibirgan u

Arkadagly Diýarda Nowruz bu gün, ýaz bu gün

Milli bahar baýramyna bagyşlanan toý-dabaralar Lebabyň çar künjegini giňden gurşap aldy Türkmen tebigaty ýylyň ähli paslynda-da örän owadan hem-de özüneçekiji. Ýöne pasyllaryň soltany baharyň gelmegi bilen, ol has-da gözelleşýär, ajaýyp keşbe girýär. Bu günki gün al-elwan güllere, läle-reýhana beslenen dag-düzlerimizi, sähra-çöllerimizi synlanyňda, göwnüň telwaslanýar. Hawa, gaýtalanmajak gözelligi bilen ynsan kalplaryny joşa getirýän hut şu ajap çagda hem her ýyl ýurdumyzda Milli bahar baýramy uludan toýlanylýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şu baharynda hem güneşli Diýarymyzyň çar künjeginde bolşy ýaly, gadymy Lebap ilinde-de iki günläp baýramçylyk dabaralary uludan tutuldy.

Zähmet gatnaşyklarynyň kämil ýörelgesi

Türkmenistanyň Zähmet kodeksi raýatlaryň zähmet hukuklarynyň döwlet kepillendirmelerini bellemekde, zähmetiň amatly şertlerini döretmekde, işgärleriň we iş berijileriň hukuklaryny we bähbitlerini goramakda esasy kanun bolup durýar. Ol raýatlaryň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklaryny durmuşa geçirmekleri üçin zerur şertleri we kepillikleri döretmekligi, adamlaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaklygy, durmuş hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen zähmet gatnaşyklaryny hukuk taýdan düzgünleşdirmekligi üpjün edýän möhüm kanunçylyk resminamasydyr. Oňa işgärleriň, iş berijileriň, döwlet, häkimiýet we dolandyryş, ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň arasynda zähmet we olar bilen gös-göni baglanyşykly beýleki gatnaşyklary düzgünleşdirmegiň meselelerini kadalaşdyrmagy üpjün etmäge gönükdirilen ýörite bölüm — «Zähmet çygrynda durmuş hyzmatdaşlygy» diýen bölüm girizilendir. Jemgyýetde jebisligi pugtalandyrmakda, sagdyn durmuşy wagyz etmekde, zähmetkeşler üçin howpsuz we amatly iş şertlerini döretmäge jemgyýetçilik gözegçiligini artdyrmakda, olaryň tagallalaryny täze özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirmekde, bir söz bilen aýdylanda, durmuş hyzmatdaşlygynyň ulgamynyň sazlaşykly hereketini üpjün etmekde köpçülikleýin şertnamalara we ylalaşyklara möhüm orun degişlidir.

At — döwletlilik

Türkmen halkynyň milli gymmatlyklary sanardan juda köpdür. Şaý-seplerimiz, nepis halylarymyz, ahalteke bedewlerimiz, saz gurallarymyz, asyrlara şaýat bolýan ýadygärliklerimiz milliligi bilen tapawutlanýar. Şeýle gymmatlyklarymyzyň hatarynda gözelligi we ýyndamlygy bilen dünýäni haýrana goýýan ahalteke bedewlerimiz aýratyn orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesi we başlangyçlary esasynda ýurdumyzda milli atçylyk däplerini galkyndyrmak, atçylyk sportuny ösdürmek, ahalteke bedewleriniň tohumçylyk-seçgi işlerini geçirmek babatda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli işler alnyp barylýar. Dürli ugurlary özünde jemleýän bu işleriň nukdaýnazaryndan Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze atçylyk sport toplumlarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi, halkara derejesinde ahalteke bedewleriniň arasynda gözellik bäsleşikleriniň geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi.

Nowruz — täzelenişiň we rowaçlygyň dabaralanmasy

21-nji martda halkymyz Halkara Nowruz gününi — Milli bahar baýramyny uly ruhubelentlikde dabaralandyrdy. Bahar paslynda tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çäreleri aýdym-sazly çykyşlar we türkmen halkynyň oňyn däp-dessurlary bilen türkmen topragynyň gözelligine gözellik goşdy. Paýtagtymyzda esasy wakalar Garagum derýasynyň kenarynda guraldy. Baharyň gelmegi, tebigatyň janlanmagy mynasybetli guralan we adamlaryň arasynda ylalaşygy, hoşniýetli goňşuçylygy, dostlugy alamatlandyran baýramçylyga gatnaşan myhmanlar, beýleki adamlar ir bilen dabaralaryň geçýän ýerine ýygnandylar.

Baýramçylyk şowhuny alyslara ýaň saldy

Bilşimiz ýaly, 21-nji martda Halkara Nowruz güni — Milli bahar baýramy mynasybetli paýtagtymyzdaky esasy wakalar Garagum derýasynyň kenarynda dabaralandy. Dabaralaryň çäklerinde bu ýerde gurnalan baş sahnada baýramçylyk konserti ýaýbaňlandyryldy. Sahnanyň ýanynda Aşgabat şäheriniň etrap häkimlikleri tarapyndan 14 sany ak öýüň dikilmegi Aşgabat şäheriniň maý aýynda giňden belleniljek 140 ýyllygyny alamatlandyrdy. Dabara gatnaşyjylaryň öňünde hormatly Prezidentimiziň Halkara Nowruz güni — Milli bahar baýramy mynasybetli watandaşlarymyza iberen Gutlagy okaldy.

Täzelikler, habarlar

MEDENI GATNAŞYKLAR ÖSDÜRILÝÄRGolaýda ýurdumyzyň hem-de ABŞ-nyň muzeý hünärmenleriniň arasynda onlaýn okuw maslahaty geçirildi. Muzeýleriň öz-özüni maliýeleşdirmek we halkara sergileri guramak ýaly ugurlarda tejribe alyşmak maksady bilen guralan okuw maslahatyna welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleri hem gatnaşdylar. Onlaýn maslahatyň birinji gününde muzeý işiniň alnyp barlyşy, muzeýleriň häzirki zaman jemgyýetinde tutýan orny barada gürrüň edildi. Maslahatyň ikinji we üçünji günlerinde muzeý işinde sanly ulgama geçmegiň ähmiýeti, muzeý gymmatlyklary bilen işlemegiň düzgünleri barada özara pikir alşyldy. Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzyň muzeýlerinde sanly tehnologiýalaryň barha giňden ornaşdyrylýandygy dogrusynda nygtalyp geçildi.

Döredijilik bäsleşigi geçirildi

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 4 — 11-nji synplarynda okaýan okuwçylaryň arasynda «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» ady bilen yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň Daşoguz şäher tapgyry geçirildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesli watançylyk, parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda hem-de milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemekden, ýurdumyzyň ýaşlarynyň tebigy zehinlerini ýüze çykarmak we olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek, ýaşlaryň arasynda parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk medeniýetini giňden wagyz etmek, çagalaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan egsilmez buýsançlaryny aýan etmek maksadynda geçirilen bu bäsleşik diýseň çekeleşikli hem-de gyzgalaňly ýagdaýda dowam etdi. Döredijilik bäsleşigine şäherdäki umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar. Olaryň Watan ezizligini, bagtyýar çagalygy, parahatçylykly ösüşi, dostlukly gatnaşyklaryň ähmiýetini, Gahryman Arkadagymyza, ata Watanymyza bolan çuňňur söýgini açyp görkezýän surat eserlerini hem-de maketlerini, «Dünýä dursun parahat!» diýen temada ýazan düzmelerini biri-bi

Deňizden damjalar

■ Gowy ahlaklylyk aňrybaşy akyllylygyň alamatydyr. ■ Ýagşylygy unutmak näşükürlige getirer, şonuň üçin özüňe ýagşylyk edeni unutma!

Bagtyýar çagalygyň watany

«Bilimli nesil — kuwwatly Watan» diýen ajaýyp pikiri öňe sürýän Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesiller barada uly aladalar edýär. Olaryň edep-terbiýe, bilim almaklary üçin ähli şertleri döredilýär. «Çaga eziz, edebi ondan hem eziz» diýen ata-babalarymyz çaga terbiýesine örän uly üns beripdirler. Çagalaryň ylymly-bilimli, hünärli, Watana, il-güne ygrarly bolup ýetişmeklerini gazanypdyrlar. Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplarynda hem çaga terbiýesi barada aýratyn bellenilip geçilýär. Şu ýerde hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndaky bir rowaýaty mysal getirsek, has ýerlikli bolar. Bir ýolagçy gadymy Wasdan gidip barýarmyşyn. Ýolagçynyň gözi aglap oturan kiçijik oglanjyga düşüpdir. Oglanjygyň elinde ok-ýaýy bar eken. Ýolagçy oglanjykdan näme üçin aglaýandygyny soranda, oglanjyk özüniň nyşanadan dogry urup bilmänligi üçin aglaýandygyny aýdypdyr. Şonda ýolagçy oglanjyga ünsüni jemläp, täzeden nyşana atmagy teklip edipdir. Oglanjyk bu gezek nyşanany dogry urupdyr. Emma oglanjyk ýene aglaýarmyş. Ýolagçy oglanjykdan näme üçin aglaýandygyny soranda, oglanjyk: «Gelen duşman haçan men nyşanadan dogry uraryn diýip garaşyp durmaz ahyryn» diýip jogap beripdir. Ýolagçy bu oglanjygynyň beren jogabyna haýran galypdyr. «Beýle adamlaryň arasyndan göni geçip gidip bolmaz» — diýip, şol obada birnäçe günläp myhman bolupdyr. Onuň şeýle nesl

24-nji mart — Bütindünýä inçekesele garşy göreş güni

GYZYL ÝARYMAÝ MILLI JEMGYÝETINIŇ ASYLLY IŞLERI Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti haýyr-sahawat jemgyýetçilik guramasy bolup, öz işini döwletimiziň ähli etraplaryndaky wekilçilikleriniň üsti bilen amala aşyrýar. Jemgyýetimiziň esasy maksady adatdan daşary ýagdaýlarda, hadysalarda ejir çekýän adamlara ilkinji kömek bermek, adamlaryň saglygyny we durmuşyny goramak, ykdysady we durmuş taýdan ýüze çykýan meseleleriň çözülmegine ýardam bermek hem-de şol barada halkyň arasynda gürrüňdeşlik geçirmek ýaly işlerden ybaratdyr.

Giň dünýäniň geň habarlary

Ýylanlaryň täze wekiliFrankfurtyň Zenkenberg ylmy-barlag uniwersitetiniň we Gündogar Ýangon uniwersitetiniň alymlary Mýanma döwletine ylmy ekspedisiýa guradylar. Bu ekspedisiýanyň esasy maksady, batgalyklarda ýaşaýan Homalopsidae maşgalasyna degişli ýylanlary öwrenmekden ybaratdy. Emma bu ýerde olara täze açyş etmek mümkinçiligi döredi. Olar ýylanlaryň öň görülmedik, nämälim görnüşiniň üstünden bardylar. Tapylan ýylan guýruklarynda geçirilen deslapky morfologik derňewler olaryň ýerli ýylanlar maşgalasyna degişlidigini görkezýär. Emma gowunyň arka tarapynyň ýylmanaklygy, guýrugynyň aşa gysgalygy we beýleki aýratynlyklary onuň täze görnüşdigine şaýatlyk edýär. * * *

Bagt mukamy

Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde gözel paýtagtymyz Aşgabat häzirki wagtda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda, ylalaşdyryjy merkez hökmünde bütin dünýäde giňden tanalýar. Şeýle hem, täsin binalary bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orun alan paýtagtymyz geljegiň «akylly şäherleriniň» biri bolmagyň ugry bilen köpugurly ösdürilýär. 140 ýaşy arka atan, gadymy hem baky juwan paýtagtymyz bu gün gaýtalanmajak binagärlik keşbi bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Onuň şaýollarynda, köçelerinde, aýlaw ýollarynda peýda bolan desgalary, täze gurlan ýaşaýyş jaýlaryny, köpugurly binalary, köpsanly bezeg pannolaryny göreniňde, ýurdumyzyň ýüregi baş şäherimiziň ýeňil bolmadyk taryhy seriňde janlanyp, häzirki wagtda amala aşyrylýan beýik işlere guwananyňy, buýsananyňy özüň hem duýman galýarsyň. Mähriban paýtagtymyzyň dürli ýerlerindäki «Aşgabat — 140 ýyl», «Aşgabat 1881 — 2021» diýlen ýazgylarda mähriban halkymyzyň ak arzuwlary, jebisligi, merdanalygy, gujur-gaýratlylygy, maksadaokgunlylygy, ata Watanyna, baş şäherine bolan egsilmez söýgüsi, sarpasy jemlenýär. Goý, ak şäherimiz Aşgabady dünýäniň iň gözel şäherine öwürýän hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Nurana desgalaryň ýalkymy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagynyň netijesinde Baş Kanunymyzyň halkara derejesinde kämilleşdirilmegi ilatyň durmuş hal-ýagdaýynyň barha gowulandyrylmagyny, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalaryň we önümçilik desgalarynyň gurulmagyny, milli ykdysadyýetimiziň pugtalandyrylmagyny üpjün etdi. Ylym we bilim ulgamlarynyň döwrebap ösüşine, ähli pudaklarda sanly ulgamyň ornaşdyrylyşyna uly ýardam etdi. Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan dünýä nusgalyk beýik işlerinden ylham alýan, gurýan we döredýän mähriban halkymyz bitirilýän beýik işleri gazanýan uly üstünlikleri bilen berkidýär. Ata Watanymyzyň şan-şöhratyna, rowaçlyklaryna buýsanýan halkymyz öz bagtyny hormatly Arkadagymyzyň amala aşyrýan beýik işlerinde görýär. Mähriban halkymyz beýik ösüşleriň dabaralanýan ýolunda döredijilikli zähmet çekip, dost-doganlyk hem-de hemişelik Bitaraplygyň röwşen ýoly bilen aýdyň geljege barýar.