Beýik ösüşleriň nusgasy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gurluşyk, senagat pudaklary uly ösüşe eýe bolýar. Milli ykdysadyýetiň gurujylyk kuwwaty bu gün haýran galdyryjy üstünliklere beslenýär. Ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynda, senagat önümçiliginde, energetika, himiýa pudagynda, ýol gurluşygynda gazanylanlar bolsa has-da begendirýär. Gurluşyk pudagyny ösdürmekde, ilki bilen, senagat pudagy aýratyn orun eýeleýär. Soňky ýyllarda işe girizilen we düýbi tutulan täze kuwwatlyklar milli senagatyň toplumlaýyn ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň gurluşyk toplumynyň esasy wezipeleri özümizde öndürilýän gurluşyk materiallarynyň paýyny we zähmet öndürijiligini artdyrmakdan hem-de gurluşyk önümleriniň bäsleşige ukyplylygyny, hilini, gurluşyk işleriniň, umumy toplumyň hyzmatlarynyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Maksatnamalaýyn işleriň netijesinde ilaty we gurluşyklary ýerli çig malyň esasynda öndürilen ýokary hilli senagat önümleri bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik döredi. Pudagyň kärhanalarynda sement, magdan däl gurluşyk serişdeleri, diwarlyk paneller, timarlaýyş, gidroizolýasiýa materiallary, metal önümleri, aýna, gurnama demir-beton önümleri, keramzit, kaolin we beýleki gurluşyk serişdeleri öndürilýär. Gurulýan desgalarda hem-de olaryň bezeg işlerinde diňe ýokary hilli serişdeler ulanylýar. Olar saýlanyp alnanda, ýurdumyzyň howa şertleri, ekologik kadalara laýyk gelşi, b