"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Baýlyk çykaryjylar öňdeligi saklaýarlar

Ýurdumyzyň uly baýlygy bolan tebigy gazyň gazylyp alnyşyny, onuň sarp edijilere iberilişini artdyrmak ugrundaky möhüm işde «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň Kükürtli liniýa önümçilik böleginiň hünärmenleri ýokary başarnyk we yhlaslylyk görkezýärler. Olaryň birleşen tagallalary arkaly üstümizdäki ýylyň tamamlanan döwri üstünliklere beslendi. Şol sebäpli bölegiň işgärleri müdirligiň öňdebaryjylary hasaplanýar. — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň başyndan işlerimizi sazlaşykly gurap, ýokary depgini gazandyk. Munuň üçin Malaýdaky gaz gysyjy desganyň kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanýarys. Şeýle-de gaz känlerindäki guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak ugrunda degerli çäreleri durmuşa geçirýäris. Zähmetsöýer we başarjaň hünärmenlerimiziň iş orunlarynda yhlasly we maksada okgunly zähmet çekmekleri netijesinde şanly ýylyň tamamlanan bäş aýynda gowy görkezijileri gazandyk — diýip, bu bölegiň başlygy Begenç Çaryýew alyp barýan işleri barada höwes bilen gürrüň berýär.

Abatlaýjylaryň abraýy artýar

Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny ýylsaýyn täze belentliklere götermekde we ýer jümmüşinden alynýan uglewodorod çig mallarynyň möçberlerini artdyrmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň müdirlikleri hem Balkan welaýatyndaky ojaklarda netijeli işleri amala aşyrýarlar. Önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýulary düýpli abatlap, täzeden hatara goşmakda bu kärhanalar şu ýylyň geçen hasabat döwründe tutuş konsern boýunça 59 müň tonna golaý «gara altynyň» hem-de 28,4 million kub metre barabar «mawy ýangyjyň» goşmaça çykarylmagyny üpjün etdiler. Abatlaýjylaryň goşmaça alan nebitiniň «Körpeje» gaz çykaryş, «Galkynyşnebit» we «Ýaşyldepe» nebit-gaz çykaryş müdirlikleriniň her biriniň gürrüňi edilýän döwürde gazanan netijelerinden has artyk bolandygyny hem aýratyn nygtamak gerek. Bu görnükli netije «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň buýsançly üstünliklere beslenýändiginden habar berýär. Muňa şu ýylyň geçen bäş aýynda abatlaýjylaryň irginsiz tagallalary netijesinde tutuş trest boýunça 164-e derek 205 sany guýynyň gaýtadan hatara goşulmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Gürrüňi edilýän döwürde trest boýunça goşmaça nebit almak baradaky meýilnamanyň 147,9 göterim, tebigy gaz babatda bolsa 222,1 göterim berjaý edilendigi aýratyn nygtalmaga mynasyp görkezijidir. Bu üstünlige Goturdepe, Barsagelmez we Gamyşlyja guýulary düýpli abatlaýyş top

Okgunly ösüş bilen täze sepgitlere

Ykdysady ösüş halkyň abadan durmuşyny nazarlaýan döwlet syýasatynyň netijeliligini şöhlelendirýän esasy görkeziji bolup durýar. Ykdysadyýetiň umumy ýagdaýyna baha bermek üçin bolsa, ilkinji nobatda, halk hojalygynyň ähli pudaklary bilen baglanyşykly makroykdysady görkezijileri seljermek zerur. 7-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenilip, esasy makroykdysady görkezijiler barada hasabatlar berildi. Çuňňur oýlanyşykly ykdysady strategiýa esaslanyp, orta we uzak möhletleýin geljegi nazarlaýan maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň sanlardaky we maglumatlardaky beýany bolan görkezijiler milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösýändigini tassyklaýar. Adatça, ykdysady ösüşiň ýagdaýyna çärýekleriň, ýarym ýyllyklaryň hem-de ýylyň jemleri boýunça baha berilýär. Emma bäş aýlyk döwür hem saýlanyp alnan ugruň hem-de şol ugurda amala aşyrylýan işleriň netijeliligine nazar aýlamak üçin möhüm döwürdir. Çünki eýýäm bir ýyllyk menziliň ýarysyna golaýy yzda galdy. Şol döwürde oňyn netijeleriň gazanylmagy işleriň sazlaşykly ýola goýlandygyny görkezýär. Bu bolsa saýlanyp alnan ugruň dogrudygyny tassyklap, geljekki işleri meýilleşdirmegiň wagtynyň gelendigini aňladýar. 31-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisi

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini hem-de polipropileni satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine ýorgan-düşek daşlyklary, tüýjümek matalar, jins önümleri, jins hem-de nah mata, nah ýüplük, portlandsement ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 763 müň dollaryndan gowrak boldy.

Il-ýurt bähbitli möhüm desgalar

Golaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisiniň we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan iki sany elektrik bekediniň işe girizilmegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň möhüm wakalarynyň üstüni ýetirdi. Elektrik energiýasy milli ykdysadyýetimiziň ösüşini düzýär. Elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberlerini we onuň eksportyny artdyrmak, energiýa üpjünçiliginiň hilini ýokarlandyrmak, ilatyň ykdysady, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, energiýany ulanmak esasynda senagat önümçiligi kärhanalarynyň gurulmagy ýurdumyzyň energetikasyny ösdürmek strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» ýerine ýetirilmegi zerur bolan anyk wezipeler kesgitlenildi.

Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ösen tejribesi: Beýik Britaniýa we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Korollygy

Şotlandiýada sirkulýar ykdysadyýeti ösdürmek, galyndylary azaltmak we dolandyrmak üçin kabul edilen çäreleriň hatarynda şu aşakdakylary görkezmek bolar: • bir gezeklik materiallaryň ulanylmagyny gadagan etmek ýaly hereketler arkaly resurslaryň peýdalanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak;

G20-LIKDE LIDERLIK EDÝÄR

Türkiýe G20-ligiň ýurtlarynyň arasynda ykdysady ösüş boýunça liderlik edýär. Bu barada Ykdysady ösüş we hyzmatdaşlyk guramasynyň hasabatynda aýdylýar. Şu ýylyň birinji çärýeginde G20-ligiň ýurtlarynyň ortaça ykdysady ösüşi 0,9 göterime deň bolan bolsa, türk ykdysadyýeti agzalan döwürde 2,4 göterim ösüpdir.

Uly mukdarda maýa goýar

«Amazon» kompaniýasynyň bir bölümi bolan «Amazon Web Servic­es» (AWS) ýakyn geljekde Taýwanda maglumat merkezlerini gurmak üçin uly mukdarda maýa goýar. Gürrüň birnäçe milliard amerikan dollary barada barýar. «The Wall Street Journal» neşiriniň habar bermegine görä, maýa goýum taslamasy 2025-nji ýylda başlanyp, ýakyn 15 ýyly öz içine alýar. Geljek ýyl Taýwanda ilkinji «Amazon Web Services» maglumat merkezi işläp başlar. Mundan ozal, «Amazon Web Services» Singapurdaky bulut hyzmatlaryny giňeltmek üçin 9, Ýaponiýada bulut kuwwatyny artdyrmak üçin bolsa 15 milliard amerikan dollary möçberinde maýa goýmagy meýilleşdirýär.

3,33 milliard amerikan dollarlyk altyn satyn aldy

Hindistan 2024-nji ýylyň maý aýynda umumy bahasy 3,33 milliard amerikan dollaryna deň bolan altyn import etdi. Bu barada «Interfaks» habar berdi. Bu görkeziji geçen ýylyň maý aýy bilen deňeşdirilende, 10 göterim az, ýöne 2024-nji ýylyň aprel aýy bilen deňeşdirilende, 7 göterim köpdür. Şu ýylyň ilkinji 5 aýynda Hindistanyň altyn importy 16,03 milliard amerikan dollaryna deň bolup, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 42 göterim artypdyr.

Million tonnadan gowrak nebit eksport eder

2024-nji ýylyň ahyryna çenli Gazagystan Germaniýa 1 million tonnadan gowrak nebit eksport eder. Bu barada «KazMunaýGaz» kompaniýasynyň metbugat beýanatynda mälim edildi. Soňky bäş aýyň dowamynda Gazagystan Germaniýa, takmynan, 500 müň tonna nebit iberdi. Kompaniýanyň metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, soňky bir ýylda Gazagystanyň Germaniýa eksport eden nebitiniň mukdary, takmynan, 1 million tonna barabar boldy.

Dur­nuk­ly ös­ýän pu­dak

«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024 Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň bat­ly dep­gi­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa usu­lyn­da dur­nuk­ly ös­ýän­di­gi, önüm­çi­lik we eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­niň art­ýan­dy­gy, ma­ýa go­ýum iş­jeň­li­gi hem-de hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň gi­ňel­dil­ýän­di­gi bi­len hä­si­ýet­len­di­ril­ýär. Hor­mat­ly Prezidentimi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da yk­dy­sa­dy­ýet we dur­muş ul­gam­la­ry­ny ba­zar gat­na­şyk­la­ry hem-de san­ly­laş­dyr­mak esa­syn­da öz­gert­mek, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş de­re­je­si­ni has-da go­wu­lan­dyr­mak ba­bat­da döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň baş mak­sa­dy­ny ama­la aşyr­mak­da top­lum­la­ýyn we­zi­pe­ler üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär.

Ýollarymyz asuda bolsun!

Toý-baýramly ülkämize milli baýramlarymyzyň biri bolan Gurban baýramy ýetip geldi. Baýramçylyk günlerinde ildeşlerimiz dynç alyp, gurbanlyk sadakalaryny berip, bir-biregi baýram bilen gutlarlar. Welaýat polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümi baýram günlerinde sürüjilere we ýol hereketine beýleki gatnaşyjylara tertip-düzgünleri berk berjaý etmelidigini ýatladýar. Baýramçylyk dabaralary welaýatymyzyň ähli etraplaryndaky şäherara we içerki ýollarynda herekete gatnaşyjylaryň köp bolmagyna sebäp bolar. Bu bolsa sürüjilerden we pyýadalardan has seresaply bolmagy talap edýär.

Ösüş strategiýasy — döwletiň we halkyň bähbidine

7-nji iýunda döwlet Baştutanymyzyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň bäş aýynda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi. Hasabatlardan belli bolşy ýaly, jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak, pudaklary sazlaşykly ösdürmek boýunça zerur çäreler görülýär. Munuň özi 2022 — 2028-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident Maksatnamasynda 2024-nji ýyl üçin bellenilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini görkezýär. Geçen soňky günler tutuşlygyna Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli dabaralara beslendi. Olar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda aýratyn giň gerim bilen bellenildi. Köpetdagyň eteginde akyldar şahyrymyzyň belent ýadygärliginiň, şeýle hem «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy ýurdumyza türkmen toýunyň reňbe-reň äheňini çaýyp, bu dabaralara köp sanly daşary ýurtly myhmanlar hem gatnaşdylar. “Magtymguly» atly täze kitap — şahyryň goşgular ýygyndysy beýik söz ussadyna sarpa goýýanlaryň ählisi üçin ýene bir ajaýyp sowgat boldy. Bu wakalar ýanwar — maý aýlarynda gazanylan ykdysady üstünlikleri aýratyn göwün göteriji many-mazmun bilen baýlaşdyrdy.

Eksportuň möçberi artýar

Türkmenabadyň «Buýan» obasenagat toplumynda buýan köküni we onuň ekstraktyny öndürmekde netijeli işler alnyp barylýar. Toplumda şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynyň önümçilik meýilnamasy üstünlikli berjaý edildi. Has takygy, bu döwürde buýan köküniň 1 müň 148 tonnasy, buýan köküniň ekstraktynyň bolsa 551 tonnasy öndürildi. Şeýle-de geçen bäş aýda buýan köküniň 2 müň 353 tonnasy, ekstraktyň bolsa 315 tonnasy eksport edildi.  Bu bolsa bellenilen meýilnamadan ep-esli artykdyr.

2024-nji ýylyň üç aýynda ulaglar arkaly türkmen-awstriýa söwda dolanyşygy 5 esse artdy

Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy ep-esli ýokarlandy. «Trend-iň» Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrligine esaslanyp berýän habaryna görä, 2024-nji ýylyň üç aýynda Awstriýa ýurduň daşary söwda dolanyşygynda 19-njy orunda durýar. Bu döwürde iki ýurduň arasyndaky söwdanyň mukdary 22 million dollardan gowrak boldy.

«Magtymguly Pyragy — umumadamzat paýhasynyň parlak ýyldyzy» atly döredijilik bäsleşigine

«Şa kökäniň» datly önümleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň has kuwwatlanmagynda, ak bazarlarymyzda we söwda nokatlarynda ýurdumyzda öndürilýän önümleriň görnüşleriniň we möçberiniň barha artmagynda türkmen telekeçileriniň mynasyp orny bardyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hususy ulgamy ösdürmäge gönükdirilen beýik başlangyçlaryndan, berýän goldawlaryndan ruhlanýan telekeçilerimiz täze, döwrebap önümçilikleri ýola goýmakda, ilatyň gündelik sarp edýän azyk we senagat önümlerini öndürmekde ýokary işjeňlik görkezýärler.

Kiçi göwrümli karzlar

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, ýurdumyzyň bank ulgamynda hem hyzmatlaryň täze-täze görnüşleri ilata hödürlenilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ykdysady özgertmeleriň netijesinde dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesini ulanmak arkaly amala aşyrylýan hyzmatlar has kämilleşdirildi. Şolaryň birisi raýatlarymyza öz hususy işlerini ýöretmek, önüm öndürmek bilen baglanyşykly berilýän kiçi göwrümli karzlardyr. Häzirki wagtda raýatlarymyz tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýän bank karzynyň bu görnüşine bolan isleg günsaýyn artýar. Welaýatymyzyň çäginde ýerleşýän bank şahamçalarynyň ählisinde hem melleginde, kömekçi hojalygynda, ýer böleginde şahsy hojalygyny ýöredýän raýatlara oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin esasy we dolanyşyk serişdelerini edinmek maksatlarynda kiçi göwrümli karzlary bermek işjeň ýola goýuldy. Munuň özi mellek ýerlerinde, kömekçi hojalygynda, mülk ýerlerinde ekerançylyk, maldarçylyk, guşçulyk we beýleki oba hojalyk önümlerini öndürmek bilen meşgullanýan raýatlaryň önümçilik işlerini giňeltmek, şeýle hem önüm öndürmeklige islegi bolan, emma maliýe serişdeleri ýetmezçilik edýän raýatlara gysga wagtyň içinde berilýän bank karzydyr. Şeýle görnüşli bank karzynyň berilmegi raýatlaryň melleginde, şahsy hojalygynda gök-bakja we miwe önümlerini, tohum mallary, guş önümlerini öndürmäg

Ykdysady ösüşde möhüm ulgam

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ykdysadyýetde belent sepgitleri nazarlaýar. Hormatly Prezidentimiziň uzak möhletleýin maksatnamalara esaslanýan düýpli özgertmeleri şeýle köptaraply ösüşiň mizemez binýadydyr. Eziz Diýarymyzyň ösüşini, halkymyzyň abadan, bagtyýar ýaşaýyş-durmuşyny üpjün edýän giň gerimli özgertmeleriň  rowaçlyklara beslenmeginde ýurdumyzyň bank ulgamynyň öňünde hem wajyp wezipeler durýar. Sebäbi ulgamyň sazlaşykly işi ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň ösüşinde ilkinji şertleriň biridir. Munuň özi milli puluň ygtybarly dolanyşygy bilen berk baglanyşyklydyr. Şunda milli manadyň hümmetiniň durnukly ýagdaýda saklanmagyny gazanmak, pul-karz syýasatyny ýola goýmak, döwrüň talaplaryna laýyklykda, bank hyzmatlarynyň görnüşlerini yzygiderli artdyrmak hem-de kämilleşdirmek wezipeleri möhüm ähmiýete eýedir. Bu işlerde «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» esasy ýolgörkeziji bolup durýar. Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde öňde durýan wezipelerden ugur alnyp, bank ulgamy tarapyndan hyzmatlaryň elektron görnüşlerini ornaşdyrmak işleri depginli häsiýete eýe bolýar. Bu bolsa, öz nobatynda, karzlaryň görnüşlerinde, hasaplaşyklarda, milli we halkara töleg kartlary arkaly geçirilýän bank amallarynda müşderilere döwrebap hyzmatlary üpjün edýär.

Gurýan döwlet kuwwatlydyr

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli maksatnamalaryň netijesinde, ýurdumyzda gurlup ulanmaga berilýän dürli önümçilik maksatly desgalaryň, medeni-durmuş ähmiýetli binalaryň hatary yzygiderli artýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň uly dabaralara beslenýän günlerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisiniň we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketleriniň dabaraly ýagdaýda işe girizilmegi hem ajaýyp döwrümiziň buýsandyryjy hakykaty bolup, hakydalarda hemişelik orun aldy. Ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan täze elektroenergetika desgalary diňe bir halkymyzyň elektrik energiýasyna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, onuň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini hem yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berer. Jemi uzynlygy 572 kilometr bolan Balkan — Daşoguz elektrik geçirijisini çekmek boýunça ähli işleriň ýurt Garaşsyzlygymyzyň geçen ýyllarynyň içinde uly tejribe toplan ýerli gurluşykçylarymyz tarapyndan amala aşyrylandygyny bellemek örän ýakymlydyr. Garagum sährasynyň kyn şertlerinde şeýle ýokary woltly asma elektrik

Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy artýar

Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda 22 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada “Trend” agentligi sişenbe güni habar berdi. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň habaryna görä, 2024-nji ýylyň üç aýynda Awstriýa ýurduň daşary söwda dolanyşygynda ilkinji 20-lige girýär.