"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Ösüşleriň täze belentliklerine badalga

Il-ulus bolup, hormatly Prezidentimiziň daşyna jebisleşip, ýurt abadançylygynyň, halk bähbidiniň hatyrasyna badalga berilýän işlere goşant goşmak halkymyzyň adatyna öwrülen ýörelge. Gahryman Arkadagymyzyň 22-nji fewralda geçiren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi halkymyzyň demokratik däpleriniň zamanabap dowam etdirilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. Onda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu ýylyň 9-njy fewralynda çykaran Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglylykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda meýilleşdirilen işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Durmuş-ykdysady taýdan ösüş we maýa goýum maksatnamasyndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, hereket edýän kanunlary kämilleşdirmek, hukuk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamak işleriniň möhüm ugurlary milli kanunçylygyň halkara hukuk kadalary bilen sazlaşygyny şertlendirýär. Elbetde, milli kanunçylygy umumy ykrar edilen düzgünlere laýyk getirmek ugrundaky wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ylmy-hukuk seljermelerini geçirmek hem-de taslamalaryň wagtynda işlenilmegini üpjün etmek wajypdyr. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyz bu ugurdaky teklipleri işläp taýýarlamak üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň, beýleki döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik

Täze desgalar — ösüşlerden nyşan

Hormatly Prezidentimiz üstünlikli amala aşyrýan döwlet syýasatynda durmuşy ugry ösdürmäge ilkinji derejeli ähmiýet berýär. Her bir işde halkyň bähbidiniň nazarda tutulýandygyna bolsa eziz Diýarymyzda giňden ýaýbaňlandyrylýan gurluşyk-gurnama işleriniň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Bu babatda welaýatymyzda üstümizdäki ýylyň tamamlanan birinji çärýeginde önjeýli işler bitirildi. Geçen hasabat döwründe gazanylan netijeler hem-de ýetilen belent sepgitler, hakykatdan-da, guwandyryjy. Has takygy, şu ýylyň geçen üç aýynda welaýatymyz boýunça döwletimiziň özleşdirilen düýpli maýa goýumlary 255,1 million manada barabar boldy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 7,6 göterim artykdyr. Şonça serişdäniň 55,4 million manady (maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 21,7 göterimi) önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyk-gurnama işlerine gönükdirildi. Bu görkeziji hem geçen ýylyň deňeşdirilýän döwründäkiden 40 göterime golaý artdy.

Dünýä bilen sazlaşykly

Dünýä tejribesinde ýokary tehnologiýalaryň ösüşi ykdysady ösüşiň esasy çeşmeleriniň biridir. Täze tehnologiýalar önümleriň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen bank ulgamynyň işi has kämilleşdi. Bank ulgamyny maglumatlar bilen üpjün etmek ep-esli gowulandy. Häzirki wagtda ýurdumyzda «Altyn Asyr», «Milli kart» we halkara derejede dünýäniň çar künjünde hereket edýän dürli görnüşli «VISA» we «Master Card» halkara bank kartlary işjeň hereket edýär. Bank kartlarynyň ulanylmagy zähmet haklarynyň onuň üsti bilen tölenilmegine, ygtybarly pul geçirimleriniň gysga wagtda nagt däl görnüşde amala aşyrylmagyna, karz almak we goýum goýmak işleriniň kämilleşdirilmegine mümkinçilik berýär. Kartlar arkaly çäklendirilmedik möçberde töleg geçirmek hyzmaty-da ýola goýuldy. Mundan başga-da, söwda we hyzmat ediş nokatlarynda, ýangyç guýujy beketlerde, uçar we demirýol ulagy üçin petekleriň satylýan ýerlerinde, poçta bölümlerinde, dermanhanalarda we beýleki nokatlarda bank kartlary bilen ýygymsyz töleg geçirip bolýar. Nagt däl görnüşli tölegler baradaky ähli maglumatlar bolsa töleg geçirijiniň ykjam telefonyna SMS habary arkaly gelip gowuşýar. «Internet-bank» ýa-da «Mobil-bank» hyzmaty bilen bolsa müşderi islendik wagtda öz tölegleri baradaky maglumat bilen tanşyp bilýär.

Milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagy

Milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynda uly möçberli işleriň alnyp barylmagy, bu ugurda geljegi nazarlaýan maksatnamalaryň, meýilleşdirilen täze taslamalaryň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösmegine oňaýly täsir edýär. Pudaga täze usullaryň, tehnologiýalaryň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan ýangyç-energetika toplumynda iri senagat desgalarynyň gurluşygyna uly üns berilýändigi hem bellenilmäge mynasypdyr. «Ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak hem-de olary gaýtadan işlemek arkaly dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän dürli nebit we gaz önümleriniň öndürilişini ýokarlandyrmakda uly işler alnyp barylýar» diýip, hormatly Prezidentimiz belleýär. Nebitçileriň, gazçylaryň, geologlaryň netijeli zähmet çekmegi, nebitgaz ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli işlemekleri üçin ähli zerur şertleri, mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolup, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Gazy saýlaýjy desga önümçiligiň ilerlemegine ýardam edýär

Nebitgaz senagaty: wezipeler we sepgitler Geçen asyryň ellinji ýyllarynda esaslandyrylan «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirligi «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň baýry hem-de öňdebaryjy kärhanalarynyň hatarynda tanalýar. Müdirligiň işçi-hünärmenleri Gumdag, Guýjuk, Gögerendag, Ekizak, Ördekli hem-de Uzynada ýaly nebitgaz känlerinde ýangyç çig mal serişdelerini çykarmak işlerini ýerine ýetirýärler. Olar häzirki wagtda 369 guýudan nebit, 42 guýudan bolsa tebigy gaz we gaz kondensatyny çykarmaklygy üstünlikli alyp barýarlar. Sazlaşykly işler kärhana boýunça her gije-gündizde ortaça 2 müň 100 tonna «gara altyny» hem-de 350 müň kub metr tebigy gazy çykaryp, döwlet ammaryna akdyrmaga mümkinçilik berýär.

Ýokary hilli ýüplükler

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Gyzylarbat şäherindäki «Balkandokma» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýokary hilli döwrebap önümleri öndürip, milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşlerine saldamly goşant goşýar. Kärhanada işler üç çalşykda alnyp barylýar. Bu ýerde zähmet çekýän işgärleriň agramly böleginiň ýaş gyz-gelinlerdigi örän buýsandyrýar. Ýurdumyzda dokma pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, onuň ykdysadyýetde eýeleýän ornuny berkitmek boýunça durmuşa geçirilýän işler bu ýerde öndürilýän önümleriň möçberiniň artmagyna ýardam berýär. Munuň şeýledigini kärhanada «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň birinji çärýeginde gazanylan netijeler hem aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Şu ýylyň geçen üç aýynda kärhanada 1030 tonna ýokary hilli ýüplükler taýýarlanyp, olaryň pul hasabyndaky möçberi 24 million 199 müň 800 manatlyga barabar boldy.

Raýat awiasiýasy: tizlik, rahatlyk, howpsuzlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň barha rowaçlanýan ulag-aragatnaşyk we logistika infrastrukturasynda raýat awiasiýasynyň tutýan orny yzygiderli artýar. Gysga döwürde ýurdumyzda bu ugurda hem netijeli işler üstünlikli amala aşyryldy. Gysga döwürde ýurdumyzda bu ugurda netijeli işler amala aşyryldy. Raýat awiasiýasynyň uçar parky täze häzirki zaman howa gämileri bilen üpjün edildi. Howa menzilleriniň durky düýpli täzelendi, pudagyň maddy-tehniki binýady pugtalandyryldy. Türkmenbaşy, Mary, Türkmenabat, Kerki şäherlerinde täze Halkara howa menzilleri guruldy. Aşgabatda sebitde iň iri Halkara howa menziliniň gurlup, ulanmaga berilmegi möhüm taryhy waka boldy. Äpet türkmen laçynynyň şekilinde taslanan bu iri Halkara howa menzili özboluşly binagärlik keşbine eýe bolup, ol häzirki zaman ösen infrastruktura, uly ulag-üstaşyr we gatnaw mümkinçilikleri bilen sebitde aýratyn orny eýeleýär. Bu bolsa, ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň kuwwatyny artdyrmak bilen birlikde, şübhesiz, merdana halkymyzyň mertebe buýsanjyny, ata Watanymyza bolan söýgüsini has-da beýgeltdi. Ýurdumyzyň häzirki zaman awiasiýasy harby, raýat, ýörite, sanitar awiasiýasy ýaly, birnäçe  görnüşlere bölünýär. Olaryň her birisi üçin özboluşly uçarlar, dikuçarlar mahsusdyr. Ýurdumyzyň raýat awiasiýasy hem dünýä derejesinde okgu

Halkara logistika: ösüş, mümkinçilikler we tejribeler

Ýakynda Aşgabatda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň (DÝHG) demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi üstünlikli geçirildi. Düýn Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda guralan «Sebitde ulag-logistik hyzmatdaşlygy we arabaglanyşygy berkitmekde Türkmenistanyň başlangyçlarynyň orny» atly ylmy maslahat bu halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasyna bagyşlandy. Milli ulag ulgamynyň ösdürilmegi, bir tarapdan, ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşine saldamly goşant goşýan bolsa, beýleki tarapdan, ýurdumyzyň ählumumy ykdysady ulgamdaky ornuny berkitmäge mümkinçilik döredýär. Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalar bilen köpugurly hyzmatdaşlyk alyp barýan Bitarap Türkmenistan bütindünýä ulag düzümine işjeň goşulýar. Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman görnüşinde täzeden dikeldilmegine işjeň gatnaşýan Türkmenistanyň barha kämilleşdirilýän ulag düzümi oňa sebitara ulag-logistika merkezi hökmünde çykyş etmäge şert döredýär.

Ýollarymyz ak bolsun, uzaga gitsin!

17-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berildi. Onuň gurluşygy Aşgabat – Tejen (203 kilometr), Tejen — Mary (109 kilometr), Mary — Türkmenabat (288 kilometr) ugurlary boýunça üç tapgyrda amala aşyrylýar. Bu desga Awstriýanyň «VCE Vienna Consulting Engineers ZT GmbH» kompaniýasynyň halkara güwänamalarynyň birbada üçüsine mynasyp boldy. Olar «Ýokary tizlikli ýoluň gurluşyk işleriniň Ýewropanyň tehniki tassyklama boýunça gollanmalaryna we standartlaryna laýyk gelýändigi», «Ýokary tizlikli ýoluň hil gözegçiliginiň ISO 9001 standartyna laýyk gelýändigi» hem-de «Ýokary tizlikli ýoluň RAA 2008, RAL 2012 ýol gurluşygynyň usuly gollanma taslamalaryna laýyk gelýändigi» hakynda halkara güwänamalarydyr. Fransiýanyň «Grenobloise D’Electronique et D’Automatismes (GEA)» kompaniýasynyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylmagy mynasybetli «Ýokary tizlikli ýoluň wideogözegçiliginiň hem-de töleg ulgamlarynyň ýokary standartlara laýyk gelýändigi üçin» atly halkara güwänamasynyň hem gowşurylandygyny bellemek has-da buýsançlydyr.

Ýollar geljege uzaýar

17-nji aprel ýurdumyzyň ýol-ulag düzüminiň ösüşine täze badalga berlen sene hökmünde taryha girdi we şol bir wagtyň özünde, türkmen halkynyň gurmak, döretmek sungatyndaky kämil derejäniň nobatdaky mysalyna öwrüldi. Elbetde, gürrüň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlen Tejen — Mary bölegi barada barýandygy öz-özünden düşnükli bolsa gerek. Çünki bu iri taslama geljekde ýurduň içerki ulag pudagyny kämilleşdirmek, halkara ulag-logistika ulgamyna işjeň goşulyşmak, üstaşyr ýük daşamalaryndaky hereketleriň ýygylygyny işjeňleşdirmek, milli ykdysadyýetiň ösüşini has-da ilerletmek üçin derwaýys üstaşyr ulag geçelgesine öwrüler. Ol, ilkinji nobatda, eksporty diwersifikasiýalaşdyrmak, dünýä bazarlaryna çykmakda beýleki ýurtlara garaşlylygy azaltmak, uly mukdardaky girdejileri getirýän ýük akymlaryny üstüňden geçirmek üçin ulgamyň özüne çekijiligini artdyrmak nukdaýnazaryndan alanyňda has-da zerur. Şu ýerde bu taslamanyň Türkmenistanda amala aşyrylan hem-de aşyrylýan iň iri taslamalaryň biri, türkmen telekeçilerine ynanylan şeýle uly göwrümli işiň ilkinjisidigini aýratyn bellemek has-da ýakymly. Bu ýerine ýetirilen işiň hili babatdan alanyňda has-da zerur. Çünki ýerine ýetirilen işiň ýa-da hyzmatyň hili hormatly Prezidentimiz, Gahryman Arkadagymyz üçin esasy görkezijileriň biri, iň ýokary talap bolmagynda galýa

Röwşen geljegiň şuglasy

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşmagy, Mary şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, täze ýaşaýyş jaýlar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi gurluşyk pudagynyň üstünlikli ösüşinden bir mysaldyr. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly döwletimiziň yklymara ugurlar boýunça möhüm halkara geçelgä öwrülmeginde möhüm halka bolup durýar. Bu awtoban iň ýokary halkara ölçeglerine laýyk getirilip, häzirki zaman serişdelerini ulanmak bilen gurulýar. Bu taslama ýurdumyzyň sebitlerini gysga ugurlar bilen baglanyşdyrmaga we ulag akymlarynyň ygtybarly, bökdençsiz ýoluny işe girizmäge mümkinçilik berer.

Ýollar halklary dostlaşdyrýar

Häzirki döwürde Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek baradaky beýik işlerde häzirki zaman halkara ulag-üstaşyr logistik düzümleri döretmäge we olaryň hukuk binýadyny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi diňe bir milli ykdysadyýetimiziň ösüşine däl, eýsem, sebit özgertmelerine-de oňat täsir edýär. Örän amatly çäk ýagdaýyny eýeleýän, sebitde we yklymda möhüm ulag-üstaşyr merkez hökmünde ornuny berkidýän Türkmenistan ägirt uly baýlyklaryny hem-de mümkinçiliklerini tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirýär. Bilşimiz ýaly, ýakynda paýtagtymyzda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi geçirildi. «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen wekilçilikli foruma DÝHG-ä agza döwletleriň 20-den gowragynyň, şol sanda Türkmenistanyň demir ýol we beýleki degişli edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşdylar. Forumyň maksadynda demir ýol ulagynyň işini döwletara derejede utgaşdyrmak, halkara demir ýollary torunyň tehnologik bitewüligini üpjün etmek, bu düzümleri ösdürmek ýaly meseleler goýuldy. Bu forum «Türkmendemirýollary» agentliginiň bu gurama agza bolmagynyň 30 ýyllyk senesi bilen utgaşdy.

Üstünlikleriň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ýokary depginlerde ösdürmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň her biri halkymyzyň bähbidini nazarlaýar, röwşen geljegimizi üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen berkarar Watanymyzda ýetilýän belent sepgitlere we gazanylýan uly üstünliklere tüýs ýürekden buýsanýarys. Munuň özi röwşen geljegimiziň hatyrasyna gönükdirilen beýik işlere bolan buýsanjymyzdyr. Türkmenistan häzir ykdysady taýdan durnukly ösýär we maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda dürli pudaklarda sanly ulgamyň mümkinçilikleri ornaşdyrylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün edýär.

Önümçilik depgini artdyrylýar

Türkmenabat şäherindäki «Bagtyýar doganlar» hojalyk jemgyýetine degişli bolan hususy önümçilikde ýurdumyzyň gurluşyk-gurnama işlerinde zerur bolan harytlyk betony öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Bu ýerde her ýylda harytlyk betonyň 3 müň kub metrden gowragy öndürilip, sarp edijilere ugradylýar. Şu ýylyň ýanwar—mart aýlarynda 117 müň 853 manatlyk önüm öndüren hususyýetçiler geljekde bu görkezijini has-da artdyrmak ugrunda degişli işleri alyp barýarlar.

Ertir Parižde Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumy öz işine başlar

Ertir, 24-nji aprelde Fransiýanyň paýtagty Parižde Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy (TEIF — 2024) öz işine başlar. TEIF — 2024-iň guramaçylary bolup «Türkmennebit», «Türkmengaz» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, «Turkmen Forum» we «GaffneyCline» kompaniýalary hyzmatdaşlykda çykyş eder. Pariž forumynyň maksady Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň nebitgaz, energetika, ulag we aragatnaşyk pudaklaryna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek bolup durýar.

Döwrebap desga gurulýar

Mary welaýatynyň çägindäki gaz känlerini sanasaň, sogaby artýar. «Şerepli», «Kelleli», «Ýylan» gaz känleri-de senagat taýdan täze özleşdirilýän gaz ýataklarynyň düzümine girýär. «Kelleli» gaz käninde «Türkmengaz» döwlet konserniniň meýilnamasyna laýyklykda, tebigy gazy ilkinji arassalaýan kuwwatly desga gurulýar. Täze desgany «Marygazçykaryş» müdirliginiň buýurmasyna görä, «Türkmenýöritenebitgazgurnama» trestiniň 2-nji ýöriteleşdirilen edarasynyň gaz gurluşykçylary baş potratçy hökmünde alyp barýar. Gaz känleriniň ulanyş guýularyndan çykarylýan gazy harytlyk derejesine ýetirip, ony Garagum — Üçajy — Malaý ýokary basyşly gaz geçirijisine akdyrmak maksady bilen gurulýan desgada zähmet çekýän gurluşykçylar kömekçi gulluk binalarynyň işini doly tamamlap, häzir diametri 159 we 219 millimetrlik gaz geçirijileriň gurluşygyny, desganyň seperatorlarynydyr kömekçi enjamlaryny, ýygnaýjy hatarlar toplumynyň hem-de ilkinji birikme nokadynyň enjamlaryny gurnamak işlerini alyp barýar. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, täze desga işe girizilensoň, gaz känlerinden her gije-gündizde 1 million 100 müň kub metr harytlyk tebigy gaz daşarky bazara ugradylar.

Bilelikde işlemek — üstünligiň kepili

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň uglewodorod serişdeleriniň gorlarynyň üstüni ýetirmek, tebigy gazyň gazylyp alynýan möçberlerini artdyrmak boýunça anyk we jogapkärli wezipeleri kesgitledi. Ol wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, il-ýurt bähbitli meselelerde ýokary netijeleri gazanmak üçin tagallalary birleşdirmek, maksada okgunly zähmet çekmek talap edilýär. Şol talaplardan ugur almak bilen, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň edaralarynda anyk we netijeli işler giňden ýaýbaňlandyrylýar. «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň bilelikde alyp barýan işleri, bu babatda ýakyn ýyllar üçin tassyklanan meýilnama hem aýdyň mysallaryň biridir. — Hawa, şanly wakalara baý, uly ösüşlere beslenýän ýylda tebigy gazyň öndürilişini mundan beýläk-de artdyrmak maksady bilen köptaraply, maksatlaýyn işlere badalga berildi. Munuň üçin Lebap welaýatynyň çäginde hem gözleg-barlag, ulanyş we baha beriş guýularyny burawlamagyň meýilnamasy işlenip düzüldi. Şoňa laýyklykda, häzirki günlerde degişli işleri guramaçylykly girişýäris — diýip, «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň düýpli gurluşyk bölüminiň başlygy Myrat Koşaýew gürrüň berýär.

Baş maksat — ulag ulgamynda tagallalary birleşdirmek

Aşgabat forumy ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliliginiň ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy şertidigini görkezdi Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz 1994-nji ýyldan bäri Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agzasy bolmak bilen, milli derejede demir ýol ulagy düzümleriniň sazlaşykly ösdürilmegi, sebit derejesinde utgaşykly ulag syýasatynyň amala aşyrylmagy esasynda halkara üstaşyr ýükleri daşamagyň ugurlaryny giňeltmek babatda tagalla edýär. Şu jähetden, türkmen paýtagty Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda 15 — 19-njy aprelde Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň geçirilmegi degişli ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm ädim boldy.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, suwuklandyrylan gazy we binýatlyk ýagy, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi, kükürtden arassalanan dizel fraksiýasyny satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Serbiýanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň telekeçilerine buýan köküniň ekstrakty, guradylan buýan köki, tekiz boýalan, žakkard tüýjümek önümler, nah mata we nah ýüplük, arassalanan nah galyndylary, pagta süýümi ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 35 million 703 müň dollaryndan gowrak boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 46 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Serbiýadan we Özbegistandan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen polipropileni, suwuklandyrylan gazy, şeýle-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen «B» markaly karbamidi satyn aldylar. Şol sanda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen arassalanmadyk buýan köki hem-de kök baldaklary satyn alyndy. Şeýle-de Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 35 million 703 müň 400 amerikan dollaryndan gowrak boldy.