"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Nusgalyk dostlukly gatnaşyklar

Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary bilen mähriban halkymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna dünýä we sebit parahatçylygynyň, dost-doganlygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine täze itergi berýän nusgalyk işler bilen gadam basdy. Iki goňşy, türkmen we owgan halklarynyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmaklarynda täze ulanylmaga berlen, uzynlygy 30 kilometr bolan Akina — Andhoý demir ýoly, 153 kilometre deň bolan Kerki — Şibirgan elektrik geçiriji ulgamy, Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara aragatnaşyk ulgamy türkmen-owgan gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açdy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen başy başlanan halkara ähmiýetli bu iri desgalar diňe iki doganlyk halklaryň durmuş-ykdysady ösüşine itergi bermek bilen çäklenmän, eýsem, sebit döwletleri üçin hem halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitleýär.

Ulag ulgamynyň ösüşi

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiziň döwrebap ulag-üstaşyr logistik düzümini hem-de aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamyny çalt kemala getirmek babatda Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça soňky ýyllarda durmuşa geçirilýän işler diňe bir milli ykdysadyýetimiziň ösüşine däl, eýsem, sebit we dünýä ösüşine kuwwatly itergi berdi. Garaşsyz Türkmenistan Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda demir ýol ulaglary pudagynyň goşandy uludyr. Bu pudak güýçli depginler bilen ösdürilip, täze demir ýollary gurup, ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak boýunça öňdebaryjy orny eýeläp, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna uly ýardam berýär. «Demir ýol ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 4-nji maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda, umumy peýdalanylýan demir ýol ulagy Türkmenistanyň ýeke-täk ulag ulgamynyň düzüm bölegi bolup durýar. Demir ýol ulagy ulagyň beýleki görnüşleri bilen özara baglanyşykda hereket etmek bilen, fiziki şahslaryň, ýuridik şahslaryň döwletiň demir ýol ulagynda gatnatmaga (daşamaga) bolan zerurlyklaryny öz wagtynda we oňat hilli üpjün etmäge, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösmegi üçin şertleriň döredilmegine ýardam etmäge niýetlenendir. Ýurdumyzda Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça köp şahaly ulag ýollaryny döretmäge gönükdirilen hem-de dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan ha

Aşgabat ― şähergurluşygyň döwrebap nusgasy

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň täze desgalarynyň gurluşyklarynda işleriň barşy bilen tanyşdy Milli Liderimiziň ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek meselelerini hemişe berk gözegçilikde saklaýandygyny aýratyn bellemelidiris. Şoňa görä, 18-nji ýanwarda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Çandybil şaýolunyň ugrunda bina edilýän, gurluşygy «Bouygues Batiment International» fransuz kompaniýasyna ynanylan Maslahatlar merkeziniň, kaşaň «Arkadag» myhmanhanasynyň hem-de Hökümet münberiniň gurluşyklarynyň barşy bilen tanyşdy. Bu desgalary ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga tabşyrmak göz öňünde tutulýar.

Işleri talabalaýyk guramak — döwrüň möhüm talaby

19-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Balkan we Mary welaýatlarynyň häkimleriniň hem-de ýurdumyzyň medeniýet ministriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly wezipelere hem-de döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy. Iş maslahatyny açyp, milli Liderimiz gurluşyk we senagat, ulag we kommunikasiýa toplumlaryna gözegçilik edýän wise-premýerleri, Balkan welaýatynyň häkimini göni aragatnaşyga çagyrdy. Häkim sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynyň ýagdaýyny degişli derejede saklamak meselelerine aýratyn ähmiýet bermelidigine ünsi çekdi, anyk tabşyryklary berdi.

Arkadag paýhasyndan binýat bolan dostluk menzilleri

Ählumumy ösüşiň hem-de abadançylygyň ygtybarly köprüsine öwrülip, dünýä halklaryny ýakynlaşdyrýar we jebisleşdirýär Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz dünýäniň parahatçylyk söýüjilik merkezi hökmündäki derejesini has-da berkidýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan şanly wakalar halkymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýar. Akina — Andhoý menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýolunyň ulanmaga berilmegi, Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamynyň, Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat —Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi, şeýle hem Çärjew etrabynyň «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasy Arkadag paýhasynyň dünýä ýol salýandygy baradaky guwandyryjy hakykaty tutuş Ýer ýüzünde dabaralandyrýar.

Günüň gelşi säherinden maglumdyr, ýylyň gelşi äheňinden

Hormatly Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda her bir günümiz, aýymyz, ýylymyz bedew batly ösüşlere beslenýär. Geçen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda hem hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda ajaýyp üstünlikler gazanyldy. Mähriban halkymyz geçen şanly ýylymyzda baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyny uly dabaralar bilen belläp geçdi. Şanly Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp ak şäherimiz Aşgabatda, edil şonuň ýaly-da, ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde il-ýurt bähbitli beýik işler amala aşyryldy, birgiden möhüm desgalar ulanylmaga berildi. Has takygy, hormatly Arkadagymyzyň 30-njy dekabrda geçiren ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde belleýşi ýaly, Diýarymyzda il-ýurt bähbitli umumy bahasy 7 milliard manada deň bolan 45 sany döwrebap desga açyldy. Bu açylan desgalardyr binalar häzirki döwürde mähriban halkymyzyň, döwletimiziň, umumadamzadyň bähbidine hyzmat edýär. Umuman, 2020-nji ýyl hem beýik ösüşleriň, döretmegiň we gurmagyň şöhratly ýyly bolup, baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýy bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirip, berkarar Diýarymyzyň täze taryhynyň röwşen sahypalaryna girdi. Halkymyzda «Günüň gelşi säherinden maglumdyr, ýylyň gelşi äheňinden» diýlişi ýaly, eziz Watanymyzyň durmuşynda Täze, 2021-nji ýyl şatlykly hoş habarlar, şanly wakalar bilen badalga aldy. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmag

Sanly ulgam — rowaçlyga badalga

Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak, ykdysady ösüşleriň ýokary depginlerini gazanmak, maliýe serişdelerini netijeli peýdalanmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak babatda amala aşyrylýan beýik işler ähli halkymyzy guwandyrýar. Bu ugurda ýurdumyzyň bank ulgamy hem milli ykdysadyýetimiziň möhüm bölegi hökmünde beýik ösüşlere özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Nagt däl hasaplaşyklaryň giňden ulanylmagy we bank kartlarynyň hyzmatlarynyň artdyrylmagy ykdysadyýetiň ösüşine özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Şunda bank kartlarynyň «Internet-bank», «Mobil bank», «Elektron söwda», «Cash back» «Owerdraft» ýaly görnüşleriniň durmuşa ornaşdyrylmagy bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagyny şertlendirýär. «Elektron söwda» — harytlaryň we hyzmatlaryň gyssagly wagt tertibinde internet ulgamynyň üsti bilen ýerine ýetirilmegidir. «Owerdraft» — bu müşderide erkin pul serişdeleriniň bolmadyk ýagdaýynda bank tarapyndan serişdeleriň berilmegini üpjün edýär. Golaýda «Türkmenistan» döwlet banky täze «Owerdraft karty» dolanyşyga girizdi. Bu täze kart «Altyn asyr» bank kartlarynyň eýelerine hasapda pul serişdesi bolmadyk ýagdaýynda aýlyk hakynyň belli möçberine çenli karz almaga mümkinçilik berýär. Amatly we çalt hyzmat etmäge gönükdirilen döwrebap tehnologiýalaryň bank ulgamyna örän çalt depginlerde ornaşdyrylmagy mü

Maýa goýumyň ykdysadyýetdäki orny

Berkarar ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden başlap parahatçylyk söýüjilik, asudalyk, agzybirlik, jebislik ýaly milli demokratik ýol-ýörelgeler döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryna öwrüldi. Bu bolsa dünýäniň ähli döwletleri tarapyndan gyzgyn goldanyldy. Türkmenistan bilen demokratik gatnaşyklary ýola goýýan ýurtlaryň sany barha artýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurt baştutanlygyna geçen günlerinden başlap, döwletimiziň baş ykdysady ýörelgesi ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, maýa goýumyň depginini güýçlendirmäge, ähli pudaklary we ýurdumyzyň sebitlerini sazlaşykly ösdürmäge, pul-karz, salgyt-býujet, nyrhlar syýasatyna täze usullary ornaşdyrmaga, bazar gatnaşyklaryny ösdürmäge, kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamaga gönükdirildi.

Belent maksatlary nazarlap

Ynsanperwerligi baýdak edinip, taryhyň ähli döwürlerinde goňşulary bilen hoşniýetli gatnaşyklary saklan halkymyzyň dünýägaraýşynda goňşuçylyk gatnaşyklary aýratyn orun eýeleýär. Arkadag Prezidentli türkmen döwleti ata-baba ýörelgelere ygrarly bolup, bu günki gün dünýäniň ýakyn-u-alys illeri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürýär. Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberindäki ýüzlenmelerinde we iri halkara forumlardyr maslahatlardaky çykyşlarynda öňe sürýän umumadamzat bähbitli başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn garşylanyp, uly goldaw tapýar. Milli Liderimiziň öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň hatarynda yklymyň ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürip, gadymy kerwenlere geçit beren Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek hem-de energiýa serişdeleriniň elýeterliligini üpjün etmek wezipeleri aýratyn orny eýeleýär. Türkmen — Hytaý we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijileri, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan halkara elektrik geçiriji ulgamy, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýoly we ýurdumyzyň çäginde gurulýan beýleki polat we awtomobil ýollary, deňiz-derýa we howa ulaglary üçin döredilýän döwrebap düzümler muňa şaýatlyk edýär.

Durnukly ösüşleriň ýolunda

Bedew bady bilen okgunly öňe barýan ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda, gün-günden beýik ösüşler gazanylýar. Abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine gönükdirilen işler ýurdumyzyň abraýynyň yzygiderli artmagyny şertlendirýär. Birleşen Milletler Guramasy bilen alnyp barylýan işjeň gatnaşyklaryň netijeleri munuň aýdyň beýanydyr. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan her bir işleri we halkymyza sowgat berýän ajaýyp eserleri biz üçin uly görelde mekdebidir. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynda ýurdumyzyň häzirki alyp barýan syýasatynyň halkyň ynsanperwer taglymatlaryna, paýhasly däp-dessurlaryna, baý taryhy tejribesine esaslanýandygyny, bu ynsanperwer syýasatyň tutuşlygyna umumadamzat gymmatlyklaryna laýyk gelýändigini belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu gymmatly ylmy-publisistik kitabynda ýurduň depginli ösüşi, durmuş maksatnamalaryny ýerine ýetirmekde iri durmuş-ykdysady taslamalary amala aşyrmak üçin alnyp barylýan işler öz beýanyny tapýar.

Paýtagtymyzyň gözel keşbini has özgertjek desgalar

18-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, gurluşygy “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasyna ynanylan Maslahatlar merkeziniň, kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynyň hem-de Hökümet münberiniň gurluşyklarynyň barşy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz saparynyň dowamynda Aşgabadyň günorta böleginde Çandybil şaýolunyň ugrunda bina edilýän iri desgalara tarap ugrady. Döwlet Baştutanymyzyň gelen ilkinji desgasy halkara forumlary geçirmek meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Maslahatlar merkezi boldy. Bu toplumyň gurluşygy “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasyna ynanyldy. Täze gurulýan binada ýokary derejede mejlisleri we duşuşyklary geçirmek, şeýle hem hormatly myhmanlary kabul etmek üçin ähli şertler göz öňünde tutular.

Islegli önümler öndürilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hususy işewürleriň gazanýan köpugurly üstünlikleri hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän durmuş-ykdysady özgertmeleriniň ajaýyp miwesidir. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, öňdebaryjy bazar usullaryny giňden ornaşdyrmak arkaly hususy pudagyň milli ykdysadyýetimizde eýeleýän orny has-da pugtalanýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegi ýurdumyzda bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, pugtalandyrylmagyna, harytlaryň öndürilişini ýola goýmak üçin tehnologiýanyň soňky gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy bilen, içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge ýöriteleşdirilen pudaklaryň işini üstünlikli ýola goýmaga uly itergi berýär.

Ösüşleriň berk binýady

Ýurdumyzda halk hojalyk toplumynyň ähli ugurlaryny sanly ulgama geçirmek, önümçilikde ylmy işleri giňden peýdalanmak boýunça maksatnamalaýyn işler dowam edýär. Munuň özi häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, pudaklaryň işini döwrebaplaşdyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ylmy institutlarynyň mümkinçiliklerini has netijeli peýdalanmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi sanly ykdysadyýeti ösdürmekde, aýratyn-da önümçilikde ylmyň gazananlaryny we täze tehnologiýalary peýdalanmakda möhümdir.

Ýurdumyzyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädim

Hormatly Prezidentimiz täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy 15-nji ýanwarda Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Çärjew etrabynyň «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Gaz pudagynyň iri desgasy energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde möhüm ädim

15-nji ýanwarda Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde milli Liderimiz Çärjew etrabynyň «Malaý» gaz känindäki kuwwaty ýylda 30 milliard kub metr bolan täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu waka Türkmenistanyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolundaky ýene-de bir möhüm ädimi boldy. Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyzyň toý bagyny kesmegi bilen, täze möhüm senagat desgasy açyldy. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda hökümetiň agzalary, Mejlisiň deputatlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, pudagyň işgärleri bar. Hormatly Prezidentimiz çykyş edip, ýygnananlary hem-de tutuş türkmen halkyny bu möhüm desganyň açylyp, ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Jahana ýaň salan wakalar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen hepdede Lebap welaýatyna iş sapary üstünlikli hem-de örän netijeli boldy. Şol günlerde diňe bir welaýatyň ýa-da ýurdumyzyň durmuşynda däl, eýsem, halkara ähmiýetli taryhy wakalar bolup geçdi. Saparyň birinji gününde, ýagny geçen hepdäniň penşenbe güni Türkmenabatda Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar boldy. Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani gatnaşdylar.

Sanly ulgam — döwrüň talaby

Ýurdumyzyň ykdysadyýeti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda barha ösýär. Döwletimiziň ykdysady ösüşini hil taýdan täze derejä çykarmak, düzümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ähli ugurlarda sanly ulgamy ornaşdyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Halk hojalygynyň pudaklary bilen bir hatarda, durmuş ulgamyny özgertmek boýunça çäreler dowam etdirilýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň hem-de öňe sürülýän oňyn başlangyçlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça yzygiderli işler geçirilýär. Durmuş ulgamy ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň möhüm ugurlarynyň biridir. Pul serişdeleriniň umumy mukdarynyň uly möçberini bilim, ýaşaýyş jaý hojalygy, saglygy goraýyş, pensiýa gaznasy ýaly ugurlar düzýär. Şeýle hem, durmuş ösüşiniň görkezijileriniň ýokary derejesi zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagynyň hasabyna üpjün edilýär. Bu bolsa her bir türkmenistanlynyň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagyna ýardam berýär.

Durnukly ösüşiň miweleri

Täze — 2021-nji ýylymyz turuwbaşdan şanly wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza iş saparyny amala aşyran günleri sebitde we dünýäde parahatçylygy berkitmäge, goňşy we beýleki ýurtlar bilen biri-birine ynanyşmak arkaly özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen möhüm taryhy ähmiýetli wakalar bolup geçdi. Owganystan Yslam Respublikasynyň Akina şäherinden Andhoýa çenli uzynlygy 30 kilometre barabar bolan demir ýol, Kerkiden Şibirgana çenli 153 kilometrlik elektrik geçiriji, şonuň ýaly-da Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat —Turgundy ugry boýunça optiki-süýümli halkara ulgam, «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desga işe girizildi. Bu şanly wakalar sebitde we dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek arkaly parahatçylygy berkitmek boýunça asylly başlangyçlary öňe sürýän ata Watanymyzyň halkara abraýynyň barha artýandygyny ýene bir gezek äşgär etdi. Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatyny ýöredýän Türkmenistanyň Owganystanyň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmegi nazarlaýan taslamalary maliýeleşdirmäge işjeň gatnaşmagy biziň ýurdumyzyň öz mümkinçiliklerini parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, giň möçberli we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň bähbitlerine hyzmat etmäge ugrukdyrýandygyny görkezýär. Munuň goňşy ýurduň ykdysadyýetiniň dikeldilmegine, parahatçylygyň berkidilmegine ýardam etjekdigi ikuçsuzdyr. «Malaý» gaz ýatagynda gaz gysyjy desganyň

Döwre şan beren iki gün

Bu iki gün barada heniz kän ýazylar, kän-kän gürrüň ediler. Ýöne şunça ýazgy, şunça gürrüň iki güne sygan wakalaryň beýanyna az geler. Ýaşalyp ýörülse, söze sygmaýan pursatlar kän bolýar. Ynha, hormatly Prezidentimiziň geçen hepdede welaýatymyza amala aşyran iş saparyny gypynçsyz şeýle pursatlaryň hatarynda goýup bolar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalarda geleşikleriň 158-si baglaşyldy. Şweýsariýadan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Maltadan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, awtomobil benzinini, gidro- usul bilen arassalanan dizel ýangyjyny, ýakylýan mazudy, nebit bitumyny satyn aldylar. Şeýle hem BAE-den, Özbegistandan, we Owganystandan gelen işewürler “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ECO-93 awtomobil benzinini, Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen karbamidi satyn aldylar.