Sanly ykdysadyýet — durnukly ösüşiň ygtybarly binýady
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly hem öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ilatynyň durmuş hal-ýagdaýyny häsiýetlendirýän esasy görkezijiler durnukly ösýär. Üstümizdäki ýylyň 22-nji ýanwarynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda durmuş ugurly ykdysadyýetiň okgunly ösýändigini, munuň özi eýeçiligiň dürli görnüşlerine esaslanyp, bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmegi göz öňünde tutýandygyny aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullaryny işjeň ornaşdyrmagyň, halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň kärhanalaryny dolandyrmak boýunça eýeçiligiň dürli düzümlerini kemala getirmegiň esasynda sanly ykdysadyýetiň bu giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, düýpli özgertmeleri amala aşyrmak maksady bilen, desgalar hem tapgyrlaýyn hususylaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sanlylaşdyrmak işleri has oňat guramaga, utgaşdyrmaga hem-de netijeliligine we hiline gözegçilik etmäge ýardam berýän netijeli dolandyryş guralydyr hem-de döwrüň wagty gelen zerurlygydyr. Halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň elmydama ýokary derejede saklanylmagyny üpjün etmek, ilkinji nobatda, onuň maddy esasyny düzýän kuwwatly ykdysady binýada baglydyr. Ýurtda durnukly ykdysady ösüşiň gazanylmagy üçin milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige uky