"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Milliarderleriň täze nesli näme bilen meşgul?

«Forbesiň» milliarderler sanawyny emele getirýän täze nesil hususy işewürligi ýola goýýan blogerler ýa-da öz önümlerini millionlarça adamlaryň dykgatyna ýetirmegiň, internet arkaly tiz ýaýradylmaga ýakyn marketingi döretmegiň hötdesinden gelýän kompaniýalaryň hojaýynlary bolup durýar. Meselem, diňe Hytaýyň özünde geçen 2023-nji ýylda blogerler arkaly amala aşyrylan söwda 580 milliard amerikan dollary möçberinde boldy. 2028-nji ýylda bolsa bu görkeziji 2 trillion amerikan dollary möçberinde bolar diýip çaklanylýar. Blogerleriň şeýle mukdarda satuw edip biljekdigi hakda hatda 2020-nji ýylda hem hiç kim güman eden däldir. Diňe Hytaýyň çäginde şeýle söwda bolýan bolsa, onda bütin dünýäde näçeräk söwdanyň bolýandygyny göz öňüne getiriberiň. Anyk mysallara ýüzlensek, energetik içgini döredenine ýaňy iki ýyl bolandygyna garamazdan, Logan Pol özüniň «Prime Energy» atly içgisinden geçen ýyl 1 milliard 200 million amerikan dollaryny gazandy. Bloger Mister Bistiň geçen ýylky gazanjy 1 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. Hytaýly Korol Pomad bir strim bilen 1 milliard 700 million amerikan dollary möçberinde söwda etdi. Bloger Matilda Jeffiň egin-eşik söwdasyndan ýyllyk girdejisi 30 million amerikan dollaryna ýetýär. «Stenli» brend bulgurlaryndan hem ýylda 780 million amerikan dollaryny gazanýarlar.

«Huazeld» kömür öndüriji kompaniýasynyň onlaýn söwdasy ugruna

Hytaýyň kömür senagatynyň esasy öndürijileriniň biri bolan «Huazeld» kompaniýasy ozal müşderiler bilen diňe B2B (ýüzbe-ýüz) görnüşinde gepleşikleri geçirip, söwda edýärdi. Kompaniýa esli wagtlap müşderilerini artdyrmagyň täze ýollaryny gözläpdir. Synag hökmünde kompaniýanyň işgär zenanlarynyň biri «Tik-tokda» göni ýaýlym arkaly satýan kömürlerini mahabat edip görüpdir. Bu synanyşyk şeýle bir ugruna bolupdyr welin, indi «Huazeld» kompaniýasy «Tik-tok» strimi arkaly her günde 400 müşderä lomaý görnüşinde kömür satýar. Diýmek, islendik söwdada hem sosial torlaryň, täze kommunikasiýa akymlarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp görmek gerek.

Forbes: «OpenAI» kompaniýasynyň baş müdiri Sem Altman milliarder boldy

«Forbes» žurnalynyň hasaby boýunça «OpenAI» kompaniýasynyň baş müdiri Sem Altman milliarder boldy. Ol sanawda 2692-nji orny eýeledi. Žurnalyň maglumatlaryna görä, Altmanyň baýlygy onuň Reddit startapyna hem-de 65 milliard amerikan dollar bilen bahalandyrylýan «Stripe» töleg kompaniýasyna goýan maýa goýumlary bilen baglanyşyklydyr. Şeýle-de milliarder ýadro energiýasyny öndüriji «Helion» kompaniýasy we «Retro Biosciences» ýaly kompaniýalara-da maýa goýdy.

OPEK 2024-2025-nji ýyllarda nebite islegiň artjakdygyny çaklaýar

OPEK halkara guramasy 2024-2025-nji ýyllarda nebite islegiň ösüşiniň saklanjakdygyny habar berdi diýip, «Report.az» neşiri ýazýar. 2024-nji ýylda isleg bir gije-gündiz boýunça 2,25 million barrel artyp, 104,46 million barrele çenli ýeter, 2025-nji ýylda bu görkeziji ýene 1,85 million barrel ýokarlanyp, 106,31 million barrele deň bolar. Gurama agza däl döwletler babatda aýdylanda, görkeziji o diýen ýokary däl, ýagny 2024-nji ýylda olar boýunça görkezijiniň ösüşiniň 1,07 mln barrel artyp, 70,44 million barrele deň boljakdygy çaklanýar. 2025-nji ýylda OPEK guramasyna girmeýän ýurtlar boýunça nebitiň satuwynyň çaklamasy 1,4 million barrel artyp, 71,75 million barrele deň boldy.

Üçünjiligi nazarlaýan ykdysadyýet

Halkara Pul Gaznasynyň deslapky maglumatlaryna görä, Hindistan satyn alyş güýji boýunça dünýäde 3-nji, nominal jemi içerki önümi boýunça 5-nji, importyň umumy mukdary boýunça 8-nji, eksportynyň umumy mukdary boýunça 10-njy, adam başyna düşýän jemi içerki önümi boýunça 125-nji orunda durýar. Şeýle-de Ykdysady çylşyrymlylyk indeksine (ECI) görä, dünýäniň 41-nji çylşyrymly ykdysadyýeti hasaplanýar. Soňky ýyllarda maglumat tehnologiýasy, hyzmatlar, oba hojalygy we önümçilik pudaklaryna goýulýan maýa goýumlaryň hasabyna ýurduň ykdysady görkezijisi ep-esli ýokarlanýar. Has dogrusy, bu görkeziji 2021-22-nji maliýe ýylynda 8,7 göterim, 2022-23-nji maliýe ýylynda 7,2 göterim boldy. Ýurduň Maliýe ministrliginiň deslapky hasabatyna laýyklykda, 2023-24-nji maliýe ýylynda hindi ykdysadyýetiniň ösüş depgininiň, takmynan, 7,3 göterim bolmagyna garaşylýar. Bu bolsa Hindistanyň iň çalt ösýän ykdysadyýet hökmünde öňe saýlanmagyna itergi berer. Bu oňyn görkezijini degişli hünärmenler soňky 3 ýylda ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşine itergi beren içerki isleg bilen baglanyşdyrýarlar.

TDHÇMB-da anna güni eksport geleşikleri $10 milliona golaýlady

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) anna güni daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 9 million 947 müň 950 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Şotlandiýanyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen TS-1 kysymly awiakerosini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 5 million 600 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Aşgabat demir ýol ulaglarynyň ýolbaşçylaryny kabul etmäge taýynlanýar

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew şu ýylyň 15 — 19-njy apreli aralygynda Aşgabat şäherinde Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň 38-nji mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada Prezident Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, maslahatyň gün tertibine laýyklykda, guramanyň ýöriteleşdirilen komissiýalarynyň we hemişelik iş toparlarynyň 2023-nji ýyl üçin işleriniň netijelerine seretmek, geljek ýyllar üçin iş meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak, guramany ösdürmegiň Strategiýasynyň taslamasyny düzmegiň maksadalaýyklygyny öwrenmek, demir ýol ulgamynda işgärleriň hünär taýýarlygy, okuwlary guramak bilen bagly birnäçe ugurdaş meseleleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Dünýäde gecen geçen ýylyň konteýner portlarynyň öňdebaryjy 15-ligi

2023-nji ýylyň dowamynda dünýäniň öňdebaryjy konteýner portlarynyň 15-si tarapyndan 350 mln TEU-lyk netije görkezildi. Geçen ýylda olaryň umumy dolanyşygy 1,2% ýa-da 4 million TEU artdy. Däp bolşy ýaly, Hytaý ýene-de öňdebaryjy portlaryň 15-liginiň ýarysyndan gowragyny — 8-sini düzýär. Öňdebaryjy 15-lige Ýewropa portlarynyň ikisi — Rotterdam we Antwerpen girip, olar degişlilikde 13-nji hem-de 15-nji ýere düşdiler. ABŞ-nyň reýtingdäki ýeke-täk porty Los-Anjeles/Long Biç toplumy bolup, dolanyşygynyň 13% peselendigine garamazdan, ol dokuzynjy orunda galdy.

Zähmet gatnaşyklaryny netijeli guramagyň ugurlary

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde halkymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde gazanylan üstünliklere, meýilnamalaýyn işleriň ýerine ýetirilişine seljerme bermek bilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda öňde durýan anyk wezipeleri kesgitledi. Şol mejlisde döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» tassyklanylmagy ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda we guramalarynda zähmet gatnaşyklarynyň netijeli guralmagynyň döwrebaplygynyň üpjün edilmegini hem şertlendirýär. Iş üpjünçiligini we zähmet gatnaşyklaryny döwrebap kadalaşdyrmak meselesi boýunça kanunçylygy yzygiderli seljerip, degişli işleri alyp barmagyň zerurdygy barada 22-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde-de bellenildi. «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň», «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň», «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» mazmunynda Birleşen Milletler Guramasynyň edaralary, şeýle-de beýleki abraýly halkara guramalar bilen bilelikde yzygiderli alnyp barylýan işler

Bähbitli işleri ilerledip

Ýurdumyzyň ykdysady durmuşynda möhüm orun eýeleýän ulag-aragatnaşyk ulgamynda halkara giňişlige çykmak, ýolagçy we ýük daşamalaryny artdyrmak, aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak ugrunda köp sanly maksatnamalaýyn işler ýola goýulýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji üç aýynda hem bu babatdaky işleriň ýokary depginde dowam etdirilendigi, ýagny ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgininiň 118,1 göterime deň bolmagy muňa aýdyň mysaldyr. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça geçirilýän işler barada aýdylanda bolsa toplumyň ýurdumyzyň döwlet eýeçiligindäki edara-kärhanalara sanly ulgamy ornaşdyrmak, ozalkylarynyň täze innowasion usullar, işläp taýýarlamalar bilen üstüni ýetirmek boýunça önjeýli özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigini bellemek bolar.

Müşderisi ýetik önümler

Milli ykdysadyýetiň pudaklary tarapyndan şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp, 6-njy aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan öndürilen nah matalaryň önümçiliginiň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 106,5 göterime, tikin we trikotaž önümçiliginiň 103,3 göterime, gön önümleriniň 109,5 göterime barabar bolandygy barada aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz dokma kärhanalaryny netijeli dolandyrmak, öndürilýän dokma önümleriniň görnüşlerini we möçberlerini artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, bular barada birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Gazanylýan netijeler dokma senagatyna näderejede üns berilýändiginiň güwäsi. Bu gün ýurdumyzda sebitde iň iri hem döwrebap dokma toplumlary, fabrikler hereket edýär. Diňe bir paýtagtymyzyň mysalynda alanymyzda-da, soňky ýyllarda açylan «Gala», «Nusaý», «Bürgüt», «Altyn asyr» harytşynaslyk merkezini, «Goza», «Bedew», «Ýeňiş», «Panbarhat» dükanlaryny görnüşi, reňki, döwrebap biçüwi, dizaýn bezegi taýdan biri-birini gaýtalamaýan dokma önümleri bezeýär. «Türkmenistanda öndürildi» diýen belgili, hil taýdan ýokary, ekologiýa taýdan arassa önümler dünýä bazarlarynda mynasyp orna eýedir. Güneşli Diýarymyz dokmaçylykda eksporty işjeň ösdürýän ýurtlaryň hatarynda-da giňden tanalýar.

Adam maýasy — ykdysady ösüşde möhüm şert

Durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakda ýurduň intellektual serişdelerini hem-de adam maýasyny netijeli peýdalanmak uly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi uzak möhletleýin esasda ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda hem bu ugra aýratyn orun berilýär. Uzak ýyllaryň dowamynda dünýä belli ykdysatçylary gyzyklandyryp gelýän iň möhüm meseleleriň biri-de ykdysady ösüşiň esasy hereketlendiriji güýjüniň nämede jemlenýändigini kesgitlemek bilen baglanyşyklydyr. Bu babatda zähmet bölünişigi, girdejiniň we maýanyň artmagy, maýa goýumlaryň özleşdirilmegi, esasy önümçilik serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy, tehnikalaryň kämilleşdirilmegi ýaly köp sanly şertleriň ähmiýeti baradaky pikirler orta atylsa-da, uzak wagtyň dowamynda adam maýasynyň ähmiýetine ýeterlik üns çekilmändir. Dünýä tejribesi has ösen döwletleriň bir topary üçin durmuş-ykdysady ösüşiň umumy kanunalaýyklyklarynyň bardygyny görkezýär. Ykdysady taýdan kuwwatly ýurtlary tapawutlandyrýan aýratynlyk önümçilik we sarp ediş gatnaşyklarynyň merkezinde adamyň bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Bu günki gün aýratyn alnan guramanyň ýa-da tutuş jemgyýetiň ösüş depginini we derejesini hut adam maýasy kesgitleýär diýsek, hakykatdan daş düşmeris. Şu nukdaýnazardan, esasy önümçilik serişdeleri ykdysady ösüşiň ikinji derejeli şertine

Türkmenistanyň Deňiz söwda floty 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde ýük daşamagyň mukdaryny artdyrdy

Deňiz söwda flotynyň gämileri tarapyndan 2024-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýük daşamagyň umumy mukdary 2023-nji ýylyň degişli döwürleri bilen deňeşdirilende 14,1 % ýokarlandy we 586,5 müň tonna ýetdi. Bu barada mmf.com.tm saýtynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylyň ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýük daşamak boýunça Milli flotyň meýilnamasy 133,3% ýerine ýetirildi.

«MSC» Batumidäki hyzmatynyň gerimini giňeldýär

«Mediterranean Shipping Company» («MSC») aprel aýynyň ortalaryndan Batuminiň deňiz portuna girýän «Batumi halkara konteýner terminalyndaky» (BICT) («International Container Terminal Services Inc – ICTSI» korporasiýasynyň düzümine girýär) hyzmatlarynyň dolanyşygyny giňeldýär. «ICTSI» tarapyndan berlen habarda täzelenen hyzmatlaryň dolanyşygynyň aşakdaky ugurlary özünde jemleýändigi aýdylýar: Tekirdag – Derinçe – Aliaga – Narsaşlokk – Alžir – Kasablanka – Siniş – Walensiýa – Joýýa-Tauro – Burgas – Batumi.  

Işleri ileri nebitçiler

Diýarymyzyň günbatar sebitinde nebiti, tebigy we ugurdaş gazlary, gaz kondensatyny çykarmagy, gözleg-barlag, ulanyş guýularyny burawlamagy, ýangyç çig malyny turba geçirijiler arkaly ibermegi, gaz gysyjy we saýlaýjy desgalary gurmagy, abadanlaşdyrmagy, guýularyň düýpli hem ýerasty abatlaýyş işlerini amala aşyrmagy üpjün edýän kärhanalaryň onlarçasyny özünde birleşdirýän «Türkmennebit» döwlet konserni boýunça şu ýylyň ilkinji üç aýynda çykarylan «gara altynyň» we mawy ýangyjyň möçberi, degişlilikde, 904 müň tonna we 1 milliard 2 million kub metre golaýlady. Bu görkezijiler «gara altynyň» hem-de mawy ýangyjyň bellenilen meýilnamalardan artyk çykarylandygyndan habar berýär. Şu döwürde hereket edýän guýulardan alnan nebit çig malynyň 704 müň tonna golaýy gaýtadan işlenilip, meýilnama artygy bilen berjaý edildi. Häzirki zamanyň kämil buraw desgalaryna eýe bolan konserniň «Nebitgazburawlaýyş» trestine degişli müdirlikler tarapyndan gazylan dag jynslarynyň umumy çuňlugy 37 müň 841 metre ýetirilip, tabşyryga 102,5 göterim hötde gelindi. Şonuň ýaly-da, ulanyş we gözleg maksatly täze guýulary gazmagyň umumy meýilnamasy 102,5 göterim amal edildi. «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň müdirlikleri boýunça önümçilige tabşyrylan ulanyş maksatly guýularyň sany 7-ä ýetirildi.

Awtoban — döwrebaplygyň nusgasy

Durmuşa geçirilýän giň gerimli maksatnamalaryň çäklerinde gurulýan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýurdumyzyň sebitlerini baglanyşdyryp, ýolagçylaryň gatnadylyşyny we ýükleriň daşalyşyny kämilleşdirmäge, logistik hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga uly goşant goşar. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 11-nji ýanwaryndaky Kararyna laýyklykda, bu giň gerimli taslamany durmuşa geçirmek Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine ynanyldy. Umumy uzynlygy 600 kilometre barabar bolan bu ýoluň Aşgabat — Tejen aralygyndaky birinji tapgyry 2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary we Türkmenabat şäherlerini birikdirýän üçünji tapgyrynyň gurluşygyna bolsa şu ýylyň ýanwarynda badalga berildi. Baş potratçy bolup çykyş edýän «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy boýunça ýoluň gurluşygy we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak işleri «Ata Melhem» hususy kärhanasy, «Edermen» we «Altyn nesil» hojalyk jemgyýetleri tarapyndan amala aşyrylýar.

El hünäri il gezer

Türkmende: «El hünäri il gezer» diýen ajaýyp pähim bar. Üýtgeşik nagyşly owadan halylarymyzyň hyrydary köp. Ene-mamalarymyzyň göz we göwün nurundan döräp, nesilme-nesil geçip gelen halylarymyz gaýtalanmajak sungat eseridir. Gelin-gyzlarymyz olara özleriniň isleg-arzuwlaryny, ýürek buýsançlaryny, mähir-söýgüsini sünnäläp siňdirýärler. Halyda halkymyzyň ýol-ýörelgeleri, şöhratly taryhy, häzirki bagtyýar durmuşy, buýsançly geljegi öz beýanyny tapýar. Şeýle bolansoň türkmeniň owadan halylary dünýä halklarynyň ünsüni özüne çekýär. Halaç çeper halyçylyk kärhanasynda ir ertirden giç agşama çenli zähmet mukamy joş urýar. Bu ýerde eli çeper gelin-gyzlaryň 1800-e golaýy zähmet çekýär. Olaryň hemmesi hem öz işine ussat halyçylar. Şeýle bolansoň kärhananyň iş öndürijiligi barha artýar. Ýyllyk we aýlyk meýilnamalar artygy bilen berjaý edilýär. Şu wagta çenli ýyllyk görkezijisi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 110 göterime deň boldy.

Amatly hyzmatlar we kämil tölegler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň bank ulgamynyň işi dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň derejesine ýetirilýär, ilata hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň gerimi giňeldilýär, hili ýokarlandyrylýar. «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Dänew etrap şahamçasy tarapyndan hem ilata hyzmat etmegiň usullary yzygiderli kämilleşdirilýär. Raýatlar üçin ekerançylygy we maldarçylygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, esasy we dolanyşyk serişdelerini edinmek hem-de iri önümçilikler üçin zerur bolan ýerli çig mallary öndürmek maksatlaryna gönükdirilen nagt däl görnüşinde kiçi göwrümli karzlar hem hödürlenilýär. Şol bir wagtyň özünde raýatlaryň erkin pul serişdelerini dolanyşyga çekmek hem-de olaryň möçberini artdyrmak, pulhana amallary bilen baglanyşykly çykdajylary azaltmak, ýerine ýetirilen hyzmatlar üçin tölegleri almak hem ýeňilleşýär.

Ýaşlaryň iş üpjünçiligine goşant

Gahryman Arkadagymyzyň tutumly başlangyçlary we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň sebitlerini gyradeň ösdürmek ugrundaky taýsyz tagallalary netijesinde welaýatymyzyň ykdysady we medeni durmuşy gün-günden özgerýär. Bahar paslynyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza iş saparyny amala aşyryp, etrabymyzda kuwwatly desganyň — Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň işine ak pata bermegi şanly döwrümize bolan buýsanjymyzy has hem artdyrdy. Tebigy baýlyklara baý bolan sebitimizde şeýle senagat we gurluşyk kärhanalarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerine kuwwatly itergi beren wakalaryň biri boldy. Ýurdumyzyň gurluşyk pudagy üçin ýokary hilli önümleri öndürmek mümkinçiligine eýe bolan şeýle kärhananyň işe girizilmegi şol bir wagtyň özünde ilatyň, esasan hem, ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligini ep-esli gowulandyrdy. Kuwwatly desgada täze iş orunlarynyň ýene-de 250-den gowragy döredildi. Özi-de dünýä meşhur kompaniýalaryň enjamlary ornaşdyrylan şeýle desgalarda zähmet çekýän ýaş hünärmenleriň döwrebap tehnologiýalara, döwrüň soňky gazananlaryna erjellik bilen erk edip bilmekleri ýurdumyzda kämil bilimli ýaşlaryň täze nesliniň kemala gelendiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ykjam taýýarlyk görülýär

Welaýatymyzyň ýüpekçileri ykdysadyýetimiz üçin gymmatly çig mal bolan piläniň bol hasylyny ýetişdirmek üçin ykjam taýýarlyk görýärler. Gurçuk tohumlaryny janlandyrmak üçin etrabyň çäginde iki ýerde ýöriteleşdirilen jaýlar bildirilýän talaplara laýyklykda doly taýýar edildi. Ýüpekçi kärendeçiler ýüpek gurçuklarynyň saklanjak jaýlaryny möwsüme taýýarlaýarlar. Ýüpek gurçuklaryna göwnejaý ideg etmek barada gürrüňdeşlik geçirilip, ýüpekçiler bilen şertnama baglaşylýar, olary ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün etmek boýunça işler durmuşa geçirilýär. Şu ýyl welaýatymyzda 685 gap gurçukdan 25 tonna pile öndürmek maksat edinilýär. Magtymguly etrabynda 548 gap ýüpek gurçugyndan 20 tonna pile, Gyzylarbat etrabynda 110 gap gurçukdan 4 tonna, Bereket etrabynda hem 27 gap gurçukdan 1 tonna pile almak göz öňünde tutulýar.