"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Döwrebap özgertmeler rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakda, halkyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda asylly işler durmuşa geçirilýär. . Ýurdumyzda bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport, durmuş üpjünçiligi ulgamlaryna gönükdirilen beýik işler alnyp barylýar. Türkmenistanda durmuş ugurly ykdysadyýeti ösdürmek babatda alnyp barylýan işleriň netijesinde, maýa goýum serişdeleriniň esasy bölegi önümçilik we durmuş-medeni maksatly binalary hem-de desgalary gurmaga, ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmaga, täze, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän kärhanalary döretmäge, hususy ulgamy ösdürmäge gönükdirilýär. Ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary, lukmançylyk, medeni we sport desgalary yzygiderli gurulýar.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ýük daşamagyň mukdary 400 müň tonnadan geçdi

Türkmenistan Özbegistanyň iň möhüm söwda hyzmatdaşlaryndan biridir we ýurduň daşary söwda harytlaryny günorta ugry boýunça beýleki ýurtlara daşamakda möhüm rol oýnaýar diýlip, Özbegistanyň Ulag ministrliginiň teswirinde aýdylýar. Hususan-da, täjirçilik maksatlary üçin üçünji ýurda üstaşyr ýükleri iki ýurduň gara we demir ýollary bilen daşalýar.

Gurluşyk ýüklerini daşamakda bäş ýyllyk antirekord bellige alyndy

Operatorlaryň maglumat merkeziniň geçiren barlag-gözleg işleri Russiýada gurluşyk ýüklerini demir ýolda daşamagyň derejesiniň soňky bäş ýylyň dowamyndaky iň ýaramaz dinamikany görkezýändigini tassyklady. Ýanwaryň başyndan 15-nji maýa çenli aralygynda gündelik ortaça ýüklemegiň derejesi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 7% pesdi. Esasy pese gaçmak maý aýynyň başynda ezilen daşyň daşalmagynda bellige alnyp, ol aprel aýyna garanyňda has ýaramaz görkezijidir. Munuň özi, esasan hem, iri infrastruktura taslamalary üçin gurluşygyň işjeňliginiň azalandygyny görkezýär.

Maksatlary myrat tapýan gazçylar

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Daşoguzşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylary welaýat merkezi — gojaman Şabady etekläp oturan Daşoguz şäheriniň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün etmekde ýokary netijelere eýe bolýarlar. Munuň şeýledigine edaranyň agzybir zähmet köpçüliginiň şu ýylyň ilkinji 5 aýynyň jemleri boýunça gazanan guwandyryjy zähmet netijeleri hem doly güwä geçýär. Aýratyn hem şäher gaz hojalyk edarasynyň işçi-hünärmenleriniň birleşen tagallalary netijesinde ýylyň başyndan bäri welaýat merkeziniň Nowruz, «Merkez-1», «Merkez-2», «Suwçy» ýaşaýyş jaý toplumlarynda we Gülüstan şäherçesinde ýaşaýan ilaty tebigy gaz bilen ýeterlik mukdarda üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirilen işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ruhuna mahsuslygy bilen tapawutlanýar.

Netijeli işler alnyp barylýar

Ýurdumyzyň çäklerinde geçirilýän gidrogeologik barlaglar we tebigatymyza, ekologik ýagdaýa baha bermek üçin dürli ölçeglerde geologik we gidrogeologik barlaglar Ahal, Balkan, Daşoguz we Mary gidrogeologiýa ekspedisiýalary tarapyndan ýerine ýetirilýär. Welaýatlarymyzda bar bolan düzgün-gözegçilik guýularynyň kömegi bilen ýerasty suwlaryň hiline, minerallaşmasyna we ýatyş derejesine gözegçilik etmek arkaly düzgün-balans barlaglary dowamly geçirilýär. Ýerasty suwlaryna gözleg-barlag we düzgün-gözegçilik işlerinden başga-da, ekspedisiýa tarapyndan welaýat häkimlikleriniň, pudaklaýyn edara-kärhanalaryň buýurmalary esasynda şertnamalaýyn işler ýerine ýetirilýär.

Täze tehnikalar gelip gowuşdy

«Türkmengaz» döwlet konserni bilen Hytaý Halk Respublikasynyň dünýä belli kompaniýasynyň öndüriji zawodynyň arasynda baglaşylan şertnama esasynda konserniň Önümçilik desgalaryny üpjünleýiş müdirliginiň Marydaky 2-nji bazasyna «Zoomlion» kysymly tehnikalaryň ilkinji tapgyry gelip gowuşdy. «Türkmengaz» döwlet konsernine gelip gowşan bu täze tehnikalar halkymyzyň gadymdan gelýän asylly däp-dessurlaryna, döwletli ýörelgelerine laýyklykda, üzärlik tütedilip, ak un sepilip, alaja daňlyp, mähirli garşy alyndy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň gaz senagatynda alnyp barylýan tutumly işleri döwrebaplaşdyrmak, ösdürmek, oňa täze tehnologiýalary ornaşdyrmak giň gerim bilen alnyp barylýar. Pudagyň edara-kärhanalarynyň tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagy ýurdumyzyň sebitlerinde täze, baý tebigy gaz gorly ýataklaryň açylmagyny, «mawy ýangyjyň» çykarylýan möçberleriniň artdyrylmagyny, önümleriň gaýtadan işlenilişiniň derejesiniň halkara kadalaryna laýyk getirilmegini şertlendirýär. Dostlukly döwletiň öndüriji zawodyndan gelip gowşan bu ýokary iş öndürijilikli, häzirki zaman tehnologiýaly «Zoomlion» kysymly tehnikalaryň on sanysy zynjyrly, yzy ýer ýumşadyjy gurally buldozerlerdir. On dört sanysy bolsa zynjyrly ekskawatorlardyr. Tehnikalaryň bäş sanysy bort öwrümli asma enjamlary bolan mini ýükleýjilerdir. Kompý

Durky täzelenen döwrebap beket işe girizildi

Aşgabat şäheriniň gününde paýtagtymyzyň Köpetdag etrabynyň Ankara köçesiniň ugrunda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Aşgabatdaky awtomobillere ýangyç guýuş beketler müdirliginiň garamagyndaky durky täzelenen döwrebap 142 belgili awtomobillere ýangyç guýuş bekedi dabaraly ýagdaýda işe girizildi. «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň garamagyndaky Hojalyk hasaplaşygyndaky abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň ezber gurluşykçylary ýokary hil derejesinde düýpli gurluşyk işlerini geçirip, durky täzelenen we häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda doly enjamlaşdyrylan bekedi gysga wagtda ulanyşa tabşyrdylar. Bekediň umumy tutýan meýdany 1 gektara deň bolup, jemi 10 sany iň kämil tehnologiýaly ýangyç guýujy enjamlary oturdylan hem-de onda 300 m3 möçberde ýagty nebit önümleriniň dürli görnüşlerini saklamak üçin her biri 60 m3 bolan jemi 5 sany çelekler gurnalan. Beket taslama kuwwatlylygy boýunça her gije-gündiziň dowamynda 1 müň 500 sany awtoulaga hyzmat etmäge niýetlenendir. Onuň ilata ýokary hilli awtomobil benziniň A-95 görnüşini bökdençsiz hödürlemäge hem-de müşderiler bilen guýlan ýangyç üçin hasaplaşyklary nagt we nagt däl görnüşde, ýagny elektron bank kartlary arkaly geçirmäge mümkinçiligi bar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergi geçirildi

24-25-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň, şeýle-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergi geçirildi. Şähergurluşyk, binagärlik we häzirki zaman şäher infrastrukturasyny döretmek ulgamlarynda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini, toplanan iş tejribesini we mümkinçiliklerini görkezmäge gönükdirilen bu sergide 160-dan gowrak kompaniýanyň hem-de döwlet edaralarynyň önümleri we hyzmatlary görkezildi. Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we köp sanly myhmanlar gatnaşdylar.

DÜZÜMINE BAGLYLYKDA TEBIGY GAZY GAÝTADAN IŞLEMEKLIGE TAÝÝARLAMAK HADYSALARY

Türkmenistan maýa goýumlar babatda özüne çekiji ýurtdur. Içerki we daşary ýurt maýa goýum işjeňligini artdyrmak, ýurduň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny berkitmek hem-de durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini üpjün etmek babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Tebigy gazy ilkinji gaýtadan işlemek eksport gaz geçirijilerini harytlyk gaz bilen doldurmakda uly ähmiýete eýedir. Bu ugurda çig gazyň düzüminden çykarylýan garyndylar gaýtadan işlenilmeýär. Olar dürli usullar (ýakmak, gömmek, ýangyç hökmünde ulanmak, atmosfera zyňmak) arkaly zyýansyzlandyrylýar.

BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASYNA GOŞULMAGYŇ TERTIP-KADALARY

Dünýä ykdysadyýetiniň häzirki zaman ösüş şertlerinde daşary söwdany işjeňleşdirmek we amatlaşdyrmak hem-de maýa goýum şertlerini gowulandyrmak ugrunda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde amala aşyrylýan işleriň hatarynda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) doly hukukly agzasy bolmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň 2022-nji ýyldaky daşary söwda dolanyşygynyň 93,1 göterimi BSG-ä agza ýurtlar bilen we 6.9 göterimi BSG-ä synçy ýurtlar bilen amala aşyrylmagy hem, häzirki wagtda halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmakda BSG-ä agza bolmagyň Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýetiniň bardygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Özbegistan Russiýa eksportyny 26 göterim artdyrdy

Özbegistan 2024-nji ýylyň başyndan 19-njy maýa çenli Russiýa Federasiýasyna 156 müň tonna miwe we gök önümleri eksport etdi. Bu barada «Xabar.uz» saýty habar berdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 26 göterim köpdür. Hususan-da, hasabat döwründe Özbegistandan rus bazaryna iberilýän ak kelemiň mukdary 4 esse, hurmanyň mukdary 6 esse, reňkli kelemiň mukdary 2 esse, käşiriň mukdary bolsa 3 esse ýokarlandy.

19 milliard amerikan dollar bölüp berer

Koreýa Respublikasynyň Hökümeti ýarymgeçirijileriň milli öndürijilerini goldamak we önümçiligi ösdürmek üçin 26 trillion won (19,1 milliard amerikan dollar) bölüp beriljekdigini habar berdi. Ýurduň Prezidenti Ýun Sok Ýol 17 trillion won (12,5 milliard amerikan dollar) möçberindäki serişdäniň Koreýa Respublikasynyň Döwlet ösüş bankynyň üsti bilen maýa goýum görnüşinde gönükdiriljekdigini aýtdy.

Şengen wizasy gymmatlar

Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna barmaga ygtyýar berýän Şengen wizasyny resmileşdirmegiň bahalary 2024-nji ýylyň 11-nji iýunyndan başlap ýokarlanar. Has takygy, bu wizany resmileşdirmegiň nyrhy ulular üçin 80-90 ýewro, 6 ýaşdan 12 ýaşa çenli çagalar üçin 40-45 ýewro bolar. Degişli karar Ýewropa Bileleşiginiň resmi žurnalynda çap edildi. Wizany resmileşdirmekdäki alynýan ýygymy köpeltmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi ÝB-de hümmetsizlenmäniň ýokarlanmagy bilen düşündirilýär.

2 aýda Ýerden Marsa eltjek raketa dörediler

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Howe Industries» kompaniýasy bary-ýogy 2 aýda Ýerden Marsa baryp biljek impulsly plazma raketasyny döretmek boýunça iş alyp barýar. NASA-nyň hünärmenleriniň bellemegine görä, täze tehnologiýa aşa gysylan ýadro ýangyjyna esaslanýar. Onuň kuwwatynyň häzirki zaman raketa hereketlendirijilerinden 10 esse ýokarydygy aýdylýar.

Iň ygtybarly awtoulaglaryň sanawy yglan edildi

«HotCars» portaly tarapyndan dünýäde iň ygtybarly awtoulaglaryň sanawy yglan edildi. Degişli sanawdan hiç hili kynçylyksyz 805 müň kilometrden köp menzil geçmäge ukyply ulaglar orun aldy. Sanawyň birinji ornuny 2010–2015-nji ýyllarda öndürilen «Hyundai Elantra» kysymly ulaglar eýeledi. Ikinji orna 1988–2002-nji ýyllarda bazara çykarylan «Chevrolet Silverado» pikaby, üçünji basgançaga bolsa 2011–2016-nji ýyllarda öndürilen «Ford Super Duty» ulaglary ýerleşdi.

Moldowa soňky üç ýylda oba hojalyk önümleriniň eksportyny 3,5 esse artdyrdy

Soňky 3 ýylda Moldowadan Ýewropa Bileleşigine eksport edilýän oba hojalyk önümleriniň mukdary 3,5 esse artdy. Bu barada ýurduň Ykdysady ösüş we sanlylaşdyrmak ministrligi tarapyndan mälim edildi. Bellenilişine görä, häzirki wagtda ýurduň umumy eksportynyň hem 65 göterimi Ýewropa Bileleşiginiň paýyna düşýär.

Türkmen kompaniýasy “Sarahs-Mary-Serhetabat” ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň taslamasyny hödürleýär

“Ojar Aziýa” hususy kärhanasy “Sarahs-Mary-Serhetabat” ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň gurluşygy üçin uly göwrümli taslama hödürleýär. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär. Ýurduň Ahal we Mary welaýatlarynyň çäginde ýerleşjek bu ýoluň uzynlygy takmynan 450 km bolar.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Germaniýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, binýatlyk ýagy, uçar we yşyklandyryş kerosinini, şeýle hem “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi hem-de gidrawlik ýagyny satyn aldylar.

Beýik ösüşli Diýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda iri möçberli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwrebap özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha ýokarlanyp, halkymyz bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Alnyp barylýan giň gerimli we uzak möhletleýin özgertmeler döwletimizde kuwwatly we köpugurly ykdysadyýeti döretmäge, şeýle hem halkyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalar, şol sanda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» arkaly amala aşyrylýar.

Döwrebap özgertmeler rowaçlanýar

Uly ösüşler gazanylýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, ykdysadyýetde hem belent üstünliklere ýetilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda öňe sürlen milli we döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, giň möçberde amala aşyrylýan özgertmeler dünýä jemgyýetçiliginiň ykrarnamasyna mynasyp bolýar. Ýurdumyzyň nebit-gaz toplumy, elektroenergetika, oba hojalyk, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk pudaklary uly ösüşlere eýe bolýar. Şonuň bilen bir wagtda, ykdysadyýetiň himiýa, gurluşyk materiallary, dokma önümçiliklerini we beýleki möhüm pudaklaryny has-da ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» dürli ugurlar boýunça ylmyň gazananlaryny we öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Muňa mysal hökmünde Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň, Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegini aýratyn bellemek bolar. Şolaryň esasynda häzirki wagtda senagat önümleriniň möçberi barha artýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň ösüşini, senagat kärhanalarynyň kuwwatlylygyny üpjün edýär.