"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Türkmen-hytaý gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmek maksadyndan ugur alyp

Aşgabat, 28-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýew Hytaýyň dünýä belli “CNPC” kompaniýasynyň ýurdumyzdaky şahamçasynyň ýolbaşçysy Çen Huaýlun bilen duşuşdy. Duşuşykda gaz pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen hem gatnaşdy. Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan netijeli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda tagalla edýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Nygtalyşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär.

Abadançylygyň röwşen menzillerinde

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG we onuň düzümleýin edaralary bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Sebitde we dünýäde parahatçylygy, netijeli hyzmatdaşlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda ileri tutulýan ugurdyr. Hemişelik Bitaraplyk hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň binýatlaýyn esasy bolup hyzmat edýär. Golaýda Aşgabatda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi hem hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmäge bagyşlandy. Häzirki wagtda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň diplomatik gullugy dünýäniň dürli ýurtlarynda ýerleşýän 40-dan gowrak edarany özünde birleşdirýär. 153 ýurt bilen diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy. Ýurdumyz dürli halkara guramalaryň 50-ä golaýynyň agzasy bolup durýar. Daşary işler ministrligimiz, ilçihanalarymyz we konsullyklarymyz öz işlerinde Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan hem-de Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda öňde goýlan wezipelerden ugur alýar. Bu wezipeler BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmegi, ählumumy howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmekde tagallalary birleşdirmegi maksat edinýär. Konsepsiýada döwletimiziň daşary syýasatynyň we halkara işleriniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenýär, olary durmuşa geçirmek bilen bagly

Akyldaryň şygryýetinde ynsan duýgularynyň şöhlelenişi

Ibrahim Mustafa Al-Hamad, Yragyň Tekrit uniwersitetiniň professory. Söýgi adamzada mälim bolan iň ýokary duýgudyr. Şeýle bolansoň, Gegel ony gymmatlyklary döretmegiň binýady hasaplaýar. Onuň pikirine görä, söýgi üstünlikleriň esasyny hem emele getirýär. Şonuň üçin hem şu makalamyzda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň söýgi temasyndaky goşgulary we onuň şöhlelenişi barada söz açmagy makul bildik. Çünki ol söýgä ylahy huzura çykmagyň basgançagy hökmünde garaýan sopy şahyrdyr. Muňa garamazdan, onuň söýgüsiniň dürli röwüşlere eýedigini hem ýatdan çykarmaly däldiris. Akyldaryň Meňlä bolan yşky bolsa munuň iň aýdyň mysallarynyň biridir. Şeýle yşky beýan edýän eserler sopuçylyk äheňinde ýazylan şahyrana eserleriň bir görnüşi bolup, ondan öň bu däbe Hallaç, Muhýiddin Ibn Arabi, Ferideddin Attar, Gazaly we başga-da birnäçe arap sopulary eýeripdir. Şahyr munuň üsti bilen tükeniksiz ylahy söýgä ýetýär. Oňa bolsa «şaýatlaryň birligi» diýilýär. Bu öz söýgüli ýaryny hem gurşap alýan ähli bar bolan zatlar Ýaradanyň bardygyny alamatlandyrýar diýildigidir.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi

24-nji maýda paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gurama agza ýurtlaryň wekiliýetleri geldi.

Türkmenistan — GDA hyzmatdaşlygy: tagallalary birleşdirmegiň täze tapgyry

Türkmenistan — GDA agza döwletler bilen gatnaşyklary, umuman, Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, taryhyň dowamynda emele gelen gatnaşyklaryň berk binýadynda ýola goýup, GDA-nyň formatyndaky möhüm duşuşyklara we forumlara yzygiderli gatnaşýar, şeýle-de olaryň geçirilýän ýerine öwrülýär. Ýurdumyz döwletara hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýelemek bilen, bu ugurda yzygiderli ädimleri ädýär, anyk başlangyçlary öňe sürýär. Şu jähetden, 24-nji maýda paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň geçirilmegi möhüm ähmiýetli taryhy wakadyr. HORMATLY PREZIDENTIMIZ GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ ÝURTLARYNYŇ PREMÝER-MINISTRLERINI KABUL ETDI

Paýtagtymyzda söwda amallaryny sanlylaşdyrmak boýunça maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikde söwda amallaryny sanlylaşdyrmak boýunça iki günlük maslahat geçirdi. Maslahat «Türkmenistanyň söwda mümkinçiligini güýçlendirmek, II tapgyr» atly dowam edýän bilelikdäki taslamanyň çäginde geçirildi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Latwiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

22-nji maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Latwiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Reinis Trokşa bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň işewür hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Taraplar, hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasaty netijesinde Türkmenistanyň Ýewropa ýurtlary bilen oňyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň giňeýändigini hem-de bu babatda amala aşyrylýan ähmiýetli işleriň uly üstünliklere eýe bolýandygyny nygtadylar.

AŞGABAT — HALKLARY WE YNSANLARY DOSTLAŞDYRÝAN ŞÄHER

Sebitiň 10 ýurdunyň ýaşlaryny bir ýere jemlän «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşiginden galan täsirler

Türkmenistan we Gyrgyzystan özara ýük ibermek işini giňeltmegiň wajypdygyny bellediler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Aşgabatda Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy – Prezidentiniň Dolandyryş edarasynyň ýolbaşçysy Akylbek Žaparowy kabul etdi. Duşuşygyň barşynda Akylbek Žaparow özara ýük ibermek işini mundan beýläk-de artdyrmagyň we giňeltmegiň wajypdygyny belledi. Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň habar bermegine görä , GDA agza ýurtlaryň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy şeýle hem üçünji ýurduň bazarlaryna bilelikde çykmak üçin mümkinçilikleri gözlemegi teklip etdi.

Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlary birnäçe resminamalara gol çekdiler

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde anna güni GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirilip, onuň dowamynda birnäçe resminamalar kabul edildi. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berýär. Hususan-da, Azerbaýjanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň Premýer-ministrleri, Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasary we Russiýanyň Hökümetiniň Baştutany mejlisiň dowamynda 2035-nji ýyla çenli döwür üçin energiýa pudagynda hyzmatdaşlyk konsepsiýasyna, Himiýa senagaty pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň konsepsiýasyna, Howply galyndylar bilen çemeleşmek we daşky gurşawa zyýanly desgalary aradan aýyrmak pudagynda hyzmatdaşlyk konsepsiýasyna hem-de olary durmuşa geçirmek boýunça ilkinji nobatdaky çäreleriň Meýilnamasyna gol çekildiler we tassykladylar.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilçäý «Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurly halkara sergisine gatnaşdy. Agentlik myhmanlary Türkmenistanyň raýatlaryna hödürlenýän hyzmatlar, hususan-da, ýerli we öýjükli aragatnaşyk, internet, poçta hyzmatlary, sanly ykdysadyýet, kiberhowpsuzlyk, hemra aragatnaşygy, milli teleýaýlymlar we radioýaýlymlar bilen tanyşdyrýar.

Aşgabatda GDA-nyň halkara ulag geçelgelerini işjeňleşdirmek we ösdürmek boýunça Hereketleriň meýilnamasy tassyklandy

Ýakynýda Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin GDA agza ýurtlaryň çäklerinden geçýän halkara ulag geçelgelerini ösdürmek we infrastrukturany işjeňleşdirmek boýunça Hereketleriň meýilnamasy tassyklandy. Energetika, ulag-kommunikasiýa hyzmatdaşlygy barada aýdylanda, Türkmenistanyň bu ugurlardaky bar bolan ägirt uly kuwwaty has oňaýly herekete getirmek boýunça başlangyçlarynyň möhümdigi äşgärdir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň dünýä giňişliginde işjeň öňe sürýän energetika we ulag diplomatiýasynyň ähmiýeti hem artýar.

Türkmenistan we Gazagystan energetika we ulag-logistika pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenowy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny ýetirdi.

Mähir siňen gözellik

Dünýä döwletleri we halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny barha berkidýän eziz Diýarymyz parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýurdy hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan bu gadymy toprakda halkara derejeli iri forumlar, maslahatlar, sergiler yzygiderli geçirilýär. Bu hakykata şu ýylyň 17-nji maýynda Gündogaryň beýik akyldary hem-de türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň dabaraly toýlanýan günlerinde türkmen we hytaý zenanlarynyň dünýäsine bagyşlanyp geçirilen maslahatyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşip, gözbaşyny gadymyýetiň çuňluklaryndan alyp gaýdýan dostlukly ýurtlaryň özara gatnaşyklary barha işjeň häsiýete eýe bolýar. Bu babatda iki dostlukly ýurduň zenanlarynyň arasyndaky özara gatnaşyklara-da uly üns berilýär. Şu ýerde geçen ýylyň güýz paslynyň ajaýyp günlerinde Hytaý topragynda bolup geçen taryhy wakalar ýadyňa düşýär. 2023-nji ýylyň 17 — 19-njy oktýabry aralygynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyryp, «Bir guşak, bir ýol» taslamasynyň 10 ýyllygy mynasybetli Pekin şäherinde geçirilen üçünji ýokary derejeli halkara foruma gatnaşdy we ol ýerde taryhy çykyş etdi. Şeýle derejeli forumyň çäginde Gahryman Arkadagymyzyň ýanynda bolan maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa hem öz agtyjaklary

Maksatlaryň umumylygy — okgunly ösüşiň binýady

24-nji maýda paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gurama agza ýurtlaryň wekiliýetleri geldiler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň geçirilýän ýeri paýtagtymyzdaky “Garagum” myhmanhanasy boldy. Bu döwrebap toplumda daşary ýurtly myhmanlary kabul etmek, iri halkara çäreleri geçirmek üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr.

Maksatlaryň umumylygy — okgunly ösüşiň binýady

24-nji maýda paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gurama agza ýurtlaryň wekiliýetleri geldiler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň geçirilýän ýeri paýtagtymyzdaky “Garagum” myhmanhanasy boldy. Bu döwrebap toplumda daşary ýurtly myhmanlary kabul etmek, iri halkara çäreleri geçirmek üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr.

Maksatlaryň umumylygy — okgunly ösüşiň binýady

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi Aşgabat, 24-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi

Aşgabat, 24-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzodany kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz myhmany gadymy türkmen topragynda mähirli mübärekläp, şu gezekki mejlisiň GDA-nyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, şeýle-de öňde boljak duşuşyklaryň türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi

Aşgabat, 24-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, ykdysadyýet we maliýe ministri Jamşid Kuçkarowy kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz myhmany mübärekläp, mejlisiň işiniň dürli ulgamlardaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle hem sebit we halkara syýasatyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik döretjekdigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygyny kabul etdi

Aşgabat, 24-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Akylbek Žaparowy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň mähirli salamyny, Türkmenistanyň halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.