Ýürekdeş zenanlaryň dünýäsinde
Ýer-ýurt, halk-millet aýratynlygyna garamazdan, ähli zenanlaryň dünýäsi birmeňzeş bolsa gerek. Çünki Ýer ýüzüniň zenanlarynyň ýürek arzuwy bir — ýurt parahatçylygy, il agzybirligi. Parahat ýurtda maşgala, il-gün bilen agzybirlikde ýaşap, kemally nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, olary ylymly-bilimli, hünärli, öý-ojakly edip, agtyk-çowluk, ýuwluk söýmek. Türkmen zenanlaryna bu bagtyň miýesser edendigini, turuwbaşdan bellese bolar. Maşgalada hem-de jemgyýetde aýratyn orny bolan zenanlar ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady, medeni ynsanperwer ugurlarynda alnyp barylýan giň gerimli işlere deň hukukly gatnaşýarlar. Ýurdumyzda gender deňliginiň üpjün edilmegi zenanlaryň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna deň hukukly gatnaşmagyny kepillendirýär. Türkmen zenanlary il-ýurt bähbitli işlerde, täze başlangyçlarda ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge, ýurdumyzda we daşary döwletlerde geçirilýän halkara forumlara, maslahatlara gatnaşyp, öz pikirlerini, tekliplerini beýan etmäge giň mümkinçilik tapýarlar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň toý-baýramly gününde, ýagny Magtymguly Pyragynyň gojaman Köpetdagyň eteginde gurlan ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasynyň çäklerinde paýtagtymyzda geçirilen «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly forum hem iki dostlukly ýurduň zenanlary üçin pikir we tejribe al