"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistan we Hindistan Respublikasy deňiz ulag pudagynda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

2024-nji ýylyň 11-nji iýunynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň edara binasynda Agentligiň ýolbaşçylarynyň hem-de Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar deňiz ulaglary pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyny, şeýle hem, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen ýükleri üstaşyr geçirmegiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, duşuşygyň dowamynda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ýükleri üstaşyr geçirmekde Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesinde möhüm orny eýeleýändigi bellenildi.

Türkmenistan bilen Koreýa göni uçar gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda döwlet saparynda bolýan Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen türkmen-koreý işewürlik maslahatyna gatnaşdy. Türkmen-koreý işewürlik maslahaty Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirildi. Koreýanyň “Ýonhap” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Prezident Ýun Sok Ýol öz ýurdunyň senagat we tehnologiýa nou-haulary bilen Türkmenistanyň baý serişdelerini birleşdirmek bilen iki ýurduň arasynda ykdysady arabaglanyşygyň döredilip bilinjekdigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdiler hem-de işewürlik maslahatyna gatnaşdylar

Aşgabat, 11-nji iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda döwlet saparynda bolýan Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşygy boldy. Ozal habar berlişi ýaly, düýn Aşgabatda ýokary derejedäki türkmen-koreý gepleşikleri üstünlikli geçirildi. Onuň gün tertibine däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy girizildi. Gazanylan möhüm ylalaşyklar hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen resminamalaryň toplumy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär.

Gazagystan Türkmenistanyň üsti bilen Owganystana alternatiw ugry ösdürer

Gazagystan Türkmenistanyň üsti bilen uzajak alternatiw ugry ösdürmek arkaly Owganystan bilen söwda dolanyşygyny 1 milliard dollardan 3 milliard dollara çenli ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär. «Trend» tarapyndan hödürlenen habarda muny Premýer-ministriň orunbasary Serik Žumangariniň mälim edendigi aýdylýar. «Häzirki wagtda Owganystan bilen söwda dolanyşygy takmynan 1 milliard dollar. Maksat — 3 milliard dollara ýetmek. Muny logistik taýýarlyk bolmazdan, amala aşyrmak mümkin däl. Häzirki wagtda Owganystana barýan esasy ýol Özbegistandan geçýär. Muňa garamazdan, Türkmenistanyň üsti bilen alternatiw ýol hem işlenip düzülýär» — diýip, Žumangarin belledi.

Arşyň kemerinde, Zemin üstünde...

Türkmen paýtagtynyň günortasynda akyldar şahyryň heýkeliniň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy ähli ilimizi, şol sanda dünýä türkmenlerini guwandyran, buýsandyran wakalaryň birine öwrüldi. Biz hem dünýäniň çar künjünden gazetiň elektron poçtasyna iberilýän joşgunly ýürek sözleriň käbirini okyjylara ýetirmegi makul bildik.

ÖZARA HYZMATDAŞLYKDA TÄZE ÄDIMLER

Türkmen we koreý halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary gadymyýetden gözbaş alýar. Dünýä meşhur öňdebaryjy kompaniýalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýan Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen maýa goýumlar, ösen tehnologiýalar, infrastruktura we senagatyň beýleki ugurlary boýunça geljekki ösüş üçin möhüm hyzmatdaşlygy etmäge ähli mümkinçilikleri bar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2024-nji ýylyň 21-nji martynda kabul eden Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan we Koreýa Respublikasy ählumumy meseleleriň parahatçylyk we diplomatik ýollar arkaly çözülmegini ykrar edýärler.

Gepleşikler ― täze taryhyň başlangyjy

Ýurdumyzyň barha berkeýän we ynanyşmak ýoly bilen öňe ilerleýän halkara gatnaşyklary täze şanly sahypalara juda baý. Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň ýurdumyza amala aşyran döwlet sapary hem munuň şeýledigini aňryýany bilen subut etdi. Saparyň dowamynda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň iňňän netijeli bolandygyny aýtmak gerek. Hormatly Prezidentimiz we belent mertebeli myhman iki döwletiň arasynda söwda, ykdysady, ynsanperwer hem-de medeni gatnaşyklary ösdürmegiň täze wezipelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryndan iki döwletiň bilelikde peýdalanmagy, «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek strategiýasy» boýunça Aziýa ― Ýuwaş umman sebitinden Ýewropa, Ýakyn we Orta Gündogara yklymüsti ulag geçelgelerini döretmek, täze «akylly» şäherleri bilelikde gurmak, metanyň howa zyňylmagyny azaltmak babatynda hyzmatdaşlyk etmek, Koreýa Respublikasynyň bilim merkezlerinde türkmen dilini öwrenmegi guramak, iki ýurduň lukmançylyk merkezleriniň, uniwersitetleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak, türgenlerdir tälimçileriň alyş-çalşygyny ýola goýmak barada aýdylanlar ildeşlerimizde uly şatlyk döretdi. Diňe bir Aziýanyň däl, tutuş dünýäniň iň ösen döwletleriniň biri hasaplanylýan Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlyk geçirilen gepleşiklerden kemala geljek täze sahypalar bilen has-da berkär.

Туркменские железные дороги подписали меморандум с Deutsche Bahn Engineering & Consulting

В Ашхабаде в субботу, 8 июня, прошла встреча между руководством Агентства «Tуркменские железные дороги» («Тürkmendemirýollary») и представителями компании «Deutsche Bahn Engineering & Consulting», которая специализируется на консалтинге, планировании и реализации проектов инфраструктуры и мобильности в Германии и по всему миру. На повестке переговоров - перспективы развития сотрудничества в железнодорожной отрасли, в том числе по таким направлениям, как участие «DB Engineering & Consulting» в инфраструктурных проектах и модернизации транспортно-логистической системы Туркменистана, обмен опытом и обучение туркменских специалистов.

Türkmenistan — Koreýa Respublikasy: döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze tapgyr

Iki dostlukly döwletiň Baştutanlarynyň arasynda gepleşikler geçirildi Aşgabat, 10-njy iýun (TDH). Şu gün Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana iki günlük döwlet saparynyň çäklerinde Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Ýun Sok Ýoluň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde dostlukly ýurduň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklary we Hormat garawuly nyzama düzüldi.

Türkmenistan — Koreýa Respublikasy: hoşniýetli hyzmatdaşlyk täze derejä çykarylýar

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň kökleri gadymyýete uzaýar we özara taryhy alyşmalar bilen häsiýetlendirilýär. Şu jähetden, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Ýun Sok Ýoluň Türkmenistana döwlet sapary aýratyn ähmiýete eýe bolup, iki ýurduň gatnaşyklarynyň taryhynda täze möhüm sahypany ýazar. Ilkinji nobatda, bu saparyň Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň 2019-njy ýyldan soňky bäş ýylyň dowamynda ýurdumyza ilkinji döwlet saparydygyny bellemek gerek. Şeýle hem 2022-nji ýylyň noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi sapary özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga we ösdürmäge ýardam berýän ýokary derejedäki gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.

Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylaryň üns merkezinde — innowasion tehnologiýalar

Aşgabat, 8-nji iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzda «Ýaşyl» ykdysadyýetiň möhüm ugurlary: eko-, nano-, bio- we maglumat tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ylymlar gününe bagyşlanyp guralan maslahat türkmen alymlary bilen bir hatarda, 10-a golaý ýurtdan mugallymlary we ýaş alymlary bir ýere jemledi. Forumyň aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlaryna beslenen açylyş dabarasy Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirildi. Ýeri gelende bellesek, bu ýokary okuw mekdebi döwletimiziň intellektual we ylmy-tehniki mümkinçilikleriniň ösüşiniň esasy merkezleriniň birine öwrülýär. Bu ýerde uniwersitetiň talyplarydyr ýaş mugallymlary tarapyndan guralan innowasion taslamalaryň we tehnologiýalaryň ajaýyp sergisi ýurdumyzyň öňdebaryjy bilim ojagynyň bu ugurda gazanýan üstünliklerine göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Şeýle hem bu ýerde ak öý gurnalyp, halkymyzyň gündelik durmuşyny, milli medeniýetimiziň köpöwüşginliligini şöhlelendirýän gymmatlyklar görkezildi. Maslahata gatnaşyjylara milli tagamlar hödür edildi. “Oguzlar” aýdym-saz toparynyň ajaýyp çykyşlary daşary ýurtly myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

«TULM» Türkiýäniň ynsanperwer ýüklerini Owganystana ugratmaga ýardam berdi

Türkiýe Respublikasynyň Döwlet demirýollary «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen bilelikde doganlyk ýurdy bolan Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwer ýükleriň baryp gowuşmagyna yzygiderli ýardamlaryny berýärler. Bu gatnaw ýurdumyzyň iň esasy logistika merkezi Etrek stansiýasynda «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hyzmatlary bilen ýükleme-düşürme işleri arkaly türkmen wagonlaryna geçirilip, Owganystanyň Turgundy demirýol stansiýasyna ugradyldy.

Pekinde «Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan» demir ýolunyň gurluşygy barada ylalaşyga gol çekildi

Hytaýyň paýtagtynda Hytaýy, Gyrgyzystany we Özbegistany birleşdirýän, strategiki taýdan möhüm ähmiýetli bolan demir ýol şahasynyň gurluşygyny amala aşyrmak boýunça ylalaşyga gol çekmek dabarasy boldy. Bu barada özbek Lideriniň metbugat gullugyna salgylanýan «Daryo.uz» neşiri habar berdi. Özbegistanyň döwlet Baştutany Şawkat Mirziýoýew dabara gatnaşyjylara wideoaragatnaşyk arkaly ýüzlenmesinde bu demir ýoluň Hytaý bilen Merkezi Aziýany birleşdirýän has bähbitli ulag geçelgesi boljakdygyny nygtady. Geljekde bu ýol Günorta Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň bazarlaryna çykmaga mümkinçilik berer.

Gazagystan Türkmenistanyň üsti bilen Owganystana uzaýan alternatiw ugur döretmegi meýilleşdirýär

Gazagystan haryt dolanyşygyny 1 million ABŞ dollaryndan 3 million ABŞ dollyna çenli artdyrmak üçin Türkmenistanyň üsti bilen Owganystana uzaýan alternatiw ugry döretmegi meýilleşdirýär diýip, Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary Serik Žumangarin mälim etdi. Bu barada “Interfaks-Gazagystan” agentligi çarşenbe güni habar berdi.  Serik Žumangariniň aýtmagyna görä, ýurduň Hökümeti häzirki wagtda möçberi azyndan 500 müň tonnadan ybarat bolan bugdaýyň, unuň we çörek önümleriň Owganystana eksportyny artdyrmagy meýilleşdirýär. 

Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylaryň üns merkezinde — innowasion tehnologiýalar

Aşgabat, 8-nji iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzda «Ýaşyl» ykdysadyýetiň möhüm ugurlary: eko-, nano-, bio- we maglumat tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ylymlar gününe bagyşlanyp guralan maslahat türkmen alymlary bilen bir hatarda, 10-a golaý ýurtdan mugallymlary we ýaş alymlary bir ýere jemledi. Forumyň aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlaryna beslenen açylyş dabarasy Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirildi. Ýeri gelende bellesek, bu ýokary okuw mekdebi döwletimiziň intellektual we ylmy-tehniki mümkinçilikleriniň ösüşiniň esasy merkezleriniň birine öwrülýär. Bu ýerde uniwersitetiň talyplarydyr ýaş mugallymlary tarapyndan guralan innowasion taslamalaryň we tehnologiýalaryň ajaýyp sergisi ýurdumyzyň öňdebaryjy bilim ojagynyň bu ugurda gazanýan üstünliklerine göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Şeýle hem bu ýerde ak öý gurnalyp, halkymyzyň gündelik durmuşyny, milli medeniýetimiziň köpöwüşginliligini şöhlelendirýän gymmatlyklar görkezildi. Maslahata gatnaşyjylara milli tagamlar hödür edildi. “Oguzlar” aýdym-saz toparynyň ajaýyp çykyşlary daşary ýurtly myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

«Ýaşyl» ykdysadyýeti ilerledip

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirilen «Ýaşyl» ykdysadyýetiň möhüm ugurlary: eko-, nano-, bio- we maglumat tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahat ýurdumyzyň we dünýäniň birnäçe abraýly ýokary okuw mekdepleriniň wekillerini bir ýere jemledi. Ondaky çykyşlarda «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek boýunça häzirki zaman tehnologik ylymlarynyň öňünde durýan meseleler barada pikir alşyldy. Biz hem foruma gatnaşan daşary ýurtly myhmanlaryň käbiriniň bu çäräniň ähmiýeti hakyndaky pikir-garaýyşlary bilen gyzyklandyk. Ýusuf BARAN, Izmir tehnologiýalar institutynyň rektory:

Hytaýdan Merkezi Aziýa tarap täze demir ýol çekiler

Hytaýy, Gyrgyzystany we Özbegistany birleşdirýän, strategiki taýdan möhüm ähmiýetli bolan demir ýol şahasynyň gurluşygyny amala aşyrmak boýunça ylalaşyga gol çekildi. Degişli resminama gol çekmek dabarasy 6-njy iýunda Hytaýyň paýtagtynda geçirildi. Bu demir ýol Hytaý bilen Merkezi Aziýany birleşdirýän has bähbitli ulag geçelgesi bolar. Ol geljekde Günorta Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň bazarlaryna çykmaga mümkinçilik berer.

Dost-doganlyk köprüsi

Pähimdar ata-babalarymyzdan bize miras galan «Dil — akylyň açary», «Dil bilen dünýäni gezer» ýaly atalar sözleridir nakyllary dünýä dillerini öwrenmegi özüne maksat edinen ýaşlar üçin nesihatdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladalary netijesinde ýaşlar dünýä ülňülerine laýyklykda bilim alýarlar. Häzirki wagtda olaryň aglaba bölegi türkmen dilinden başga rus we iňlis dillerinde suwara gürlemek bilen çäklenmän, koreý, hytaý, fransuz, ýapon, ispan we beýleki dillerde hem erkin gürlemegi başarýarlar. Elbetde, bu ýagdaý guwandyryjydyr. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutymyzda indi birnäçe ýyllardan bäri beýleki diller bilen bir hatarda koreý dili hem okadylyp gelinýär. Bu ugur boýunça öz işine ussat hem-de kämil hünärmenler taýýarlanýar. Koreý dili hünäriniň talyplary üçin gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň binýadynda ýörite lingafon okuw otaglary bar. Ýurdumyzda her ýyl bu hünärde bilim alýan talyp ýaşlar üçin «Koreý diliniň suhangöýlik sungaty» atly bäsleşik geçirilýär. Bu bäsleşik iki derejeli tapgyrda alnyp barylýar. Ýagny, birinji derejä diňe birinji ýyl talyp ýaşlar, orta derejä bolsa ýokarky ýylda okaýan talyplar gatnaşyp bilýär. Olar berlen temadan düzme ýazyp, ony çeper dilde aýtmak boýunça bäsleşýärler. Her ýylda geçi

Ylmy hyzmatdaşlygy ilerledip

Ýakynlaşyp gelýän Ylymlar güni mynasybetli, düýn Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde «Ylym-bilim XXI asyrda» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Onlaýn görnüşde geçirilen maslahata ýurdumyzyň we ýene-de 10 döwletiň ýokary okuw mekdeplerine wekilçilik edýän professor-mugallymlar gatnaşdylar. Gerimi Merkezi Aziýadan gündogarlygyna — Hytaýa, günbatara bolsa Beýik Britaniýa çenli uzan halkara maslahatda biziň ildeşlerimiz bilen birlikde, rus, belarus, gyrgyz, özbek, täjik, türk, hytaý, iňlis we nemes alymlarynyň hem täsirli çykyşlary diňlenildi. Maslahat ylym babatda halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirip, bilelikdäki ösüşi ilerletmek maksady bilen guraldy. Şunda ýaş alymlaryň işlerine aýratyn üns berlendigini aýtmak gerek.

«Ýaşyl» geljege gönükdirilen hyzmatdaşlyk

5-6-njy iýunda paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guralan çäre dünýäniň onlarça döwletinde sanly ulgam arkaly hem şöhlelendirildi. Maslahat Türkmenistan bilen iri energetika kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, ylmy jemgyýetleriň we maliýe institutlarynyň arasynda «ýaşyl» geljege gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen geçirildi. Degişli ugurda iş alyp barýan milli hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini bir ýere jemlän ylmy-amaly maslahatda halkara, sebit we ýurt derejesindäki ýangyç-energetika toplumynyň geljegi bilen baglanyşykly strategiýany işläp düzmek meselesi boýunça çykyşlar edildi. Şeýle hem dünýäniň nebit bazaryndaky işleriň ýagdaýy, bu ugurdaky marketing strategiýalary baradaky seljerme-syn maglumatlary tanyşdyrylyp, toplanan tejribeler, täze işläp taýýarlamalar paýlaşyldy.