"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistan Hytaýa tebigy gazy ugratmakda öňdebaryjylygy eýeleýär

Türkmenistan Hytaýa turba geçiriji arkaly tebigy gazy ugratmakda öňdebaryjylygy eýeleýär. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük müdirligine salgylanyp, TASS habarlar gullugy penşenbe güni habar berdi. Habarda bellenilişi ýaly, Hytaý şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda umumy bahasy 4 milliard amerikan dollaryna barabar bolan türkmen gazyny import etdi.

Pakistanyň wekiliýeti söwda boýunça gepleşikleri geçirmek üçin Türkmenistana geler

Pakistanyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Husseýniň ýolbaşçylygyndaky ýokary derejeli wekiliýet şu ýylyň 24 — 26-njy iýuny aralygynda Türkmenistana geler we ikitaraplaýyn söwda we maýa goýumlary üçin täze mümkinçilikleri öwrener. Bu barada Pakistanyň milli habarlar gullugy penşenbe güni habar berdi. Türkmenistanyň Pakistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atajan Möwlamow bilen penşenbe güni geçirilen duşuşykda Rana Tanwir Husseýn Türkmenistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň Pakistanyň Hökümeti üçin ileri tutulýan ugurlaryň biridigini nygtady. Şeýle hem Pakistanyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri wekiliýetiň Türkmenistana saparynyň gün tertibini ösdürmekde möhüm orny eýelejekdigini aýtdy.

Asylly işleriň belent ykrarnamasy

Parahatçylyk, ynanyşmak, dialog. Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan täze derejä çykarylýan daşary syýasatymyzyň özenini düzýän bu gymmatlyklar häzirki döwürde bütin dünýäde uly ähmiýete eýedir. Bitarap Türkmenistanyň adamzadyň müňlerçe ýyla uzaýan taryhy tejribesi esasynda kemala gelen gymmatlyklary Ýer ýüzünde parahatçylygy we gülläp ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirýän tagallalaryna Milletler Bileleşigi tarapyndan mynasyp baha berilýär. Şu ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň Başlygynyň orunbasarlygyna biragyzdan saýlanylmagy hem bu hakykatyň nobatdaky subutnamasydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan sebit we dünýä derejesinde halkara hyzmatdaşlyk meselelerine jogapkärli çemeleşmek bilen, wajyp wezipeler boýunça oňyn çözgütleri işläp taýýarlamak babatda tagallalary utgaşdyrmaga uly goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik häsiýetli gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Howpsuzlygyň bitewüligi, onuň dürli ugurlarynyň bölünmezligi we özara baglanyşyklylygy ýörelgesine eýerýän Türkmenistan BMG-niň strategik wezipeleriniň ählisini ýerine ýetirmegiň, şol sanda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň möhüm şerti hökmünde ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek üçin Milletler Bileleşiginiň syýasy-diplomatik gurallaryndan we belent abraýyndan netijeli peýda

Mejlisde Zimbabwe Respublikasynyň Parlamentiniň Ýokarky palatasynyň Başlygy bilen duşuşyk geçirildi

Aşgabat, 20-nji iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowanyň öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Zimbabwe Respublikasynyň Parlamentiniň Ýokarky palatasynyň Başlygy hanym Mabel Çinomona bilen duşuşygy boldy. Milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany ýurdumyzyň içeri hem daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi we kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak boýunça durmuşa geçirilýän işler bilen tanyşdyrdy. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda Afrika yklymynyň döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyna aýratyn üns berildi.

Türkmenistan “Kazan Digital Week” forumynyň çäklerindäki “tegelek stol” maslahatyna gatnaşar

Türkmenistanyň häkimlikleriniň wekilleri 2024-nji ýylyň 9 – 11-nji sentýabrynda Kazan şäherinde “Kazan Digital Week” forumynyň çäklerinde geçiriljek häkimleriň halkara “tegelek stol” maslahatyna gatnaşar. Bu barada TASS agentligi çarşenbe güni habar berdi. Şeýle hem bu çärä Russiýanyň, Hytaýyň, BAE-niň, Günorta Afrika Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň häkimlikleriniň wekilleri gatnaşarlar.

Ýewraziýanyň Ykdysady Bileleşigi ýük ulaglary üçin rugsat edilýän agramlary, ýükleri we gabara ölçeglerini utgaşdyrar

Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň (ÝYB) ýurtlary Ýewraziýa ulag geçelgelerine girýän ÝYB döwletleriniň ýollarynda ulag dolandyrylanda  rugsat berilýän agramlary, ýükleriň möçberini we ulaglaryň gabara ölçegleri baradaky Ylalaşygyň taslamasynyň içki nusgasyny tassyklamak işlerini tamamladylar. «Ylalaşygyň ýerine ýetirilmegi Ýewraziýa ulag geçelgeleriniň ösmegine we ÝYB-nyň tranzit mümkinçiliginiň ýokarlanmagyna möhüm itergi berer» — diýip, Ýewroziýa ykdysady komissiýasynyň infrastruktura we energetike boýunça wekili Arzybek Kožoşew belleýär.

Zähmet gatnaşyklary: şert, hukuk we döwür

Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda Halkara Zähmet Guramasy (HZG) bilen işjeň gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Türkmenistan HZG-niň binýatlaýyn konwensiýalarynyň ählisine goşulyp, olardan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin «Ýol kartasynyň» kabul edilmegi, onda bu gurama bilen bilelikdäki işleri ýerine ýetirjek ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň anyk kesgitlenilmegi öňde goýlan wajyp wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna, hususan-da, durmuş-zähmet gatnaşyklaryny halkara hukuk kadalaryna laýyklykda ösdürmäge ýardam berer. Mälim bolşy ýaly, ýakynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde Halkara Zähmet Guramasynyň Halkara zähmet maslahatynyň 112-nji mejlisi geçirildi we oňa Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy.

Türkmen sungatynyň şuglasy

ýa-da Ýaponiýa sapardan soňky ýazgylar Goýnundaky ýolagçylaryň bir bölegi ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlaryndan ybarat bolan, Aşgabat — Stambul — Tokio üstaşyr halkara gatnawy boýunça uçan uçar «Narita» aýak basanda, Günüň dogýan mekanynda guşluk boluberipdi. Ýapon halkyny türkmen medeniýeti, sungaty we milli gymmatlyklary bilen tanyşdyrmak, döwletimiziň hoşniýetli daşary syýasatyny, medeni diplomatiýasyny wagyz etmek, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen yzygiderli pugtalandyrylýan döwletara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge goşant goşmak wezipeleriniň özlerine ynanylandygyna belent buýsanç alys menzillerde wekiliýetiň agzalaryna güýç-kuwwat berýärdi. Çünki olaryň bu ýurtda aýtjak her bir sözi döwletiň adyndan aýdyljak söz, ýerine ýetirjek aýdymlary türkmen halkynyň ýürek owazy, guraljak sergilerde görkezjek gymmatlyklary gadymy milletimiziň taryhy hem milli mertebesi, buýsanjy, kämillik derejesidi. Watanyň, döwletiň hem halkyň ýumşuna ýaramak, olara sagadatly bolmak bolsa mukaddes borç...

Türkmenistan “Hytaý-Ýewraziýa EKSPO” sergisine gatnaşar

Türkmenistan “Hytaý-Ýewraziýa EKSPO” atly halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Bu sergi HHR-iň Urumçy şäherinde geçiriler.  Halkara sergisi, esasan, üç bölümden, şol sanda maýa goýum hyzmatdaşlygy, milli pawilýonlar hem-de pudaklara ýöriteleşdirilen bölümden ybaratdyr. Bu serginiň çäklerinde söwda we maýa goýum forumlarynyň, tejribe alyşmalaryň, dürli ykdysady we medeni çäreleriň guralmagy göz öňünde tutulýar. 

Katar Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparyna goşuldy

Katar Döwleti Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparyna goşuldy. Bu barada Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekilhanasy habar berdi. Toparyň ilkinji ministrler duşuşygy 2024-nji ýylyň 16-njy aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda geçirildi.

Hoşniýetli gatnaşyklaryň beýany

Häzirki wagtda ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli gatnaşyklara esaslanýan daşary syýasat ugruny üstünlikli durmuşa geçirýär. Şunda dünýäniň ençeme döwletleri bilen bir hatarda, Hytaý Halk Respublikasy bilen alnyp barylýan gatnaşyklaryň hem köpugurly häsiýete eýedigini aýratyn bellemek gerek. Syýasy-ykdysady pudaklar bilen birlikde iki dostlukly döwletiň medeni ulgamdaky hyzmatdaşlyklary hem bu gün barha giň gerime eýe bolýar. Bilşimiz ýaly, 17-nji maýda paýtagtymyzda «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly maslahat geçirildi. Şol duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň agtyjagy Aýjeren geçen ýyl atasy bilen Hytaýda bolan pursatlarynda özüne sowgat berlen panda gurjagynyň şekilini keşdä geçirendigini aýdyp, myhmandan şol taýýarlan işini HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň maşgalasyna gowşuryp bermegini haýyş edipdi. Golaýda bolsa Milli Liderimiziň maşgalasyna hytaý Lideriniň maşgalasy hanym Pen Liýuanyň adyndan hat gelip gowuşdy. Ol hatynda Aýjereniň iberen sowgadyny kabul edendigini, panda gurjagynyň şekili çekilen keşdäniň özünde ýakymly täsirleri döredendigini mälim edýär. Ogulgerek Berdimuhamedowanyň ussat halyçy hökmünde türkmen milli amaly-haşam sungatynyň goralyp saklanmagyna we baýlaşdyrylmagyna goşýan goşandyna ýokary baha berýär. HHR-iň Başlygynyň maşgalasynyň hem, öz gezeginde, Milli Liderimiziň agtyklaryna sowgatlary i

Halkara giňişlikde

Türkmen-polýak syýasy geňeşmeleri geçirildi Golaýda Warşawada Türkmenistanyň we Polşanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirilip, onda türkmen tarapyna daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow, polýak tarapyna hem Polşa Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Prawda ýolbaşçylyk etdi. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri barada pikir alşyp, türkmen-polýak hyzmatdaşlygyny has-da berkitmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Halklary ýakynlaşdyrýan altyn köpri

Bitarap Türkmenistan garaşsyz ösüşiniň täze taryhy tapgyrynda dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary yzygiderli berkidip, ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagyna goşant goşmak ugrunda tagalla edýär. Häzirki wagtda ýurdumyz 153 döwlet bilen diplomatik gatnaşyklary saklaýar. Şolaryň hatarynda Ermenistan Respublikasy hem bar. Iki ýurduň arasynda 1992-nji ýylyň oktýabrynda resmi taýdan diplomatik gatnaşyklar ýola goýlandan soňra, 1994-nji ýylda Aşgabatda Ermenistanyň, 2000-nji ýylda bolsa Ýerewanda Türkmenistanyň ilçihanasy hereket edip başlady. Bu günki gün döwletara hyzmatdaşlyk dürli ugurlar boýunça ösdürilip, bar bolan mümkinçilikler halklarymyzyň bähbidine netijeli peýdalanylýar. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasy syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, ulag-logistika pudagynda işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Şunda döwletleridir halklary ýakynlaşdyrýan medeni gatnaşyklara has depginli ösýän ugur hökmünde baha bermek bolar. Bu bolsa Bitarap Watanymyzyň ykrar edilen parahatçylyk dörediji merkez bolmak bilen, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna goşant goşmak babatda edýän tagallalary, giň gerimli gatnaşyklara hem-de ylmy alyşmalara taýýardygy bilen şertlendirilendir. Şoňa görä, geçen taryhy döwrüň dowamynda türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň medeni ugrunda anyk

Bilelikde «ýaşyl» geljegi gurmak ugrunda

Wagt geçýär. Aýlar aýlanyp, ýyllar ýyllara ýol berip, heňňamlar täzelenýär, ýaşuly nesilleriň ýerine ýaşkiçi nesiller gelip, dünýäniň üýtgewsiz dolanyşykly, çalşykly tebigy kanunlary bilen ýaşaýyş dowam edýär. Adamzat aňy ösdügiçe, täze gazanylanlar, täze döredilenler bilen ol has özgerýär, baýlaşýar, kämilleşýär. Şonuň bilen birlikde-de, adamzadyň özüne bagly hem bagly bolmadyk meseleler artdygysaýyn, dünýä ýene-de çylşyrymlaşyp, döwür täze, has wajyp wezipeleri öňde goýýar. Olary berjaý etmekde, ýüzbe-ýüz bolnan çynlakaý meseleleriň dogry çözüwini tapmakda Ýer togalagynyň ähli künjeginde ýaşaýan adamlary biri-birine ýakyn, ýürekdeş, pikirdeş edýän ynsanlyk ruhy, adamkärçilik häsiýetleri, tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak, ony goramak we baýlyklaryna aýawly çemeleşmek, şunda özara dostluk hem arkalaşyk islegi bir bitewüligi döredýär. Ýakynda Hytaýda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Geljege köpri — 2024» atly forumy hem bu hakykaty nobatdaky gezek äşgär edip, geçmişiň we şu günüň arabaglanyşygynda, nurana ertirler üçin bagtly durmuşyň berk binýadyny goýmakda islendik halkda-da ýaşlaryň möhüm orna eýedigini, BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibindäki Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde olaryň öňünde uly wezipeleriň durandygyny, şol wezipeleri bilelikde berjaý etmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny ýene bir ýola aýdyň görkezdi. Halkara

Mähirli dostlukdan nyşan

Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň gadymy Beýik Ýüpek ýoly döwründen gözbaş alýan dostlukly gatnaşyklarynyň baý taryhy bar. Bu ýoluň mirasdüşerleri bolan biziň ýurtlarymyz häzirki wagtda döwletara hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürýärler. Beýik Ýüpek ýoly diňe bir söwda gatnaşyklaryny ilerletmäge däl, eýsem, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna hem uly itergi beripdir. Şunda Türkmenistanyň we Hytaýyň dünýä siwilizasiýasynyň iň gadymy ojaklarynyň hatarynda durýandygy, iki halkyň örän baý medeni mirasa eýedigi ykrar edilen hakykatdyr. Gadymy medeniýetler, medeni gymmatlyklar türkmen hem hytaý halklaryny has-da ýakynlaşdyrýar. Mälim bolşy ýaly, 17-nji maýda paýtagtymyzda “Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi” atly maslahat geçirildi. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideriniň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa hem-de Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary Şen Ýueýueniň ýolbaşçylygyndaky hytaý wekiliýeti gatnaşypdy. Forumda türkmen we hytaý halklarynyň gadymdan gelýän ruhy gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmagyň möhümdigi bellenildi. Şol duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň agtyjagy Aýjeren geçen ýyl atasy bilen Hytaýda bolan pursatlarynda özüne sowgat berlen panda gurjagynyň şekilini keşdä geçirendigini aýdyp, myhmandan şol taýýarlan işini HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň maşg

Türkmenistan «Hytaý — Ýewraziýa EKSPO» halkara sergisine gatnaşar

Türkmenistan şu ýylyň 26 — 30-njy iýuny aralygynda Hytaýyň Urumçi şäherinde geçiriljek «Hytaý — Ýewraziýa EKSPO» halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýär. Bu barada wise-premýer B.Atdaýew «Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işleriň çäginde habar berdi. Halkara sergi, esasan, üç bölümden, şol sanda maýa goýum hyzmatdaşlygy, milli pawilýonlar hem-de pudaklara ýöriteleşdirilen bölümden ybaratdyr. Bu serginiň çäklerinde söwda we maýa goýum forumlarynyň, tejribe alyşmalaryň, dürli ykdysady-medeni çäreleriň guralmagy göz öňünde tutulýar. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, bu iri möçberli sergä ýurdumyzyň milli pawilýony bilen gatnaşmagy dürli pudaklaryň, hususy haryt öndürijileriň harytlarynyň we hyzmatlarynyň mahabatlandyrylmagy, eksport ugurly harytlarymyzyň Hytaý bazaryna ýerlenilişini artdyrmaga, söwda-ykdysady, işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmäge mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 38 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Özbegistandan, Owganystandan, BAE-den we Gyrgyz Respublikasyndan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen polipropileni, portlandsementi we awiakerosini satyn aldylar. Şeýle-de Dokma senagaty ministrliginiň hem-de türkmen telekeçileriniň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 7 million 763 müň 600 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Hoşniýetli hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu günki gün eziz Watanymyz belent üstünlikleri nazarlap, ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Milli bilim ulgamynda gazanylýan ýokary netijeler ähli halkymyzy, aýratyn hem bizi — bilim işgärlerini çäksiz buýsandyrýar, guwandyrýar. Bilim ulgamynyň maddy-üpjünçilik binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, innowasion tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň soňky gazananlary ornaşdyrylýar, bilim berlişiniň hili, okatmagyň usullary döwrüň talaplaryna laýyklykda ýylsaýyn kämilleşdirilýär. Türkmenistan daşary syýasat işinde dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ilerledilmegine möhüm ähmiýet berýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilim ugrundan hem hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Türkmenistan köpugurly diplomatiýanyň netijeli gurallaryny ulanmak bilen, durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek boýunça zerur tagallalary edýär. Şunuň bilen birlikde, energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, howanyň üýtgemegi we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň tagallalary dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary tarapyndan giňden goldanylýar.

KONTEÝNERLI DAŞAMALAR BOÝUNÇA IŞ DUŞUŞYGY

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleri barha ýokarlanyp, gümrük nokatlaryndan eksport edilýän harytlaryň möçberleri barha artýar. Söwdanyň we logistikanyň has-da ösýän döwründe konteýnerli daşamalara hem aýratyn ähmiýet berilýär. Gündogar-Günbatar, Demirgazyk-Günorta ugurlary, şeýle hem aralyk ugurlar boýunça ulaglaryň dürli görnüşlerinde harytlary konteýnerlerde daşamaklyk arkaly eksport etmek we üstaşyr geçirmeklik ýurdumyzyň ulag diplomatiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda gümrük edaralarynda halkara derejesindäki hyzmatdaşlyklary ýokarlandyrmaga gönükdirilen maslahatlar, duşuşyklar yzygiderli geçirilýär. Şeýle duşuşyklaryň biri hem ýakynda, paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirildi. Bu duşuşyk «Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek» maksatnamasynyň çäklerinde gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň 9-njy sebitleýin iş duşuşygydyr. Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Pakistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň hem-de birnäçe degişli guramalaryň wekillerini bir ýere jemlän bu iş duşuşygy ýokary guramaçylykly geçirildi. Konteýnerlerde daşamak, munuň özi harytlary iberijiden alyja ulaglaryň dürli görnüşlerinde ýük konteýnerlerini ulanmak arkaly daşamaklykdyr. Konteýnerlerde ýükleri daşamak häzirki wagtda ýükleri daşamagyň iň köp ýaýran görnüşidir. Ýeterlik d

Türkmenistan Ýewraziýa patent guramasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistan Ýewraziýa patent guramasynyň esasy resminamalarynyň biri bolan «Ýewraziýa patent Konwensiýasynyň senagat nusgalaryny goramak hakyndaky Teswirnamasyna» goşulmagy meýilleşdirýär. Degişli teklibi 14-nji iýunda Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow hödürledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri ýokarda agzalan Teswirnama goşulmak bilen şertlendirilen ýurdumyz üçin dörejek artykmaçlyklar barada habar berdi.