"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Py­ra­gy­nyň was­py

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Hor­mat­ly Preziden­ti­miziň: «Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry we da­na­sy Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy özü­niň çuň­ňur pä­him-paý­ha­sa ýug­ru­lan goş­gu­la­ry bi­len yn­san kal­byn­da ba­ky orun al­dy» di­ýip bel­läp ge­çi­şi ýa­ly, şa­hy­ryň ýü­rek­den çy­kan eser­le­ri ýü­rek­le­re ba­ryp, kül­li yn­sa­ny­ýe­tiň aňyn­da he­mi­şe­lik ýa­şa­ýar. Onuň hal­ky­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan dö­re­di­ji­li­gi­niň umu­ma­dam­za­dyň ru­hy dün­ýä­sin­de ebe­di ýa­şaý­şy ýa­ly, bu be­ýik şah­sy­ýe­tiň pä­him-paý­ha­sy­nyň was­py hem dür­li dil­ler­de soň­lan­ma­jak des­san bo­lup mü­di­mi ýaň­lan­ýar.

Nalçylar maşgalasy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Bu gün­ler nal­çy us­sa Ba­tyr Dur­dy­me­do­wyň iş-ala­da­sy ep-es­li art­dy. Ýa­ňy Gün do­gup, daň saz be­re­ri­ne mä­het­del, ol öňün­den ter­tip­län iş re­je­si­ne la­ýyk şaý-es­ba­by­ny yk­jam­lap, ýo­la düş­ýär. Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my­nyň toý­lan­ýan gün­le­rin­de us­sat se­net­kär wag­ty­nyň ar­tyk bö­le­gi­ni we­la­ýa­tyň at­çy­lyk sport top­lu­myn­da ge­çir­ýär. Top­lu­myň tö­rün­dä­ki at­ha­na­lar­da uly aý­law­la­ra go­şul­jak ýyn­dam be­dew­ler sak­lan­ýar. Ba­tyr us­sa ola­ryň toý­nak­la­ry­ny nal­la­ýar. Ol hep­de ýa­ry­myň için­de ga­myş­gu­lak be­dew­le­riň ba­ry­ny nal­lap ýe­tiş­di. «At toý­na­gyn­dan bel­li» di­ýil­ýär. Ula goý­be­ril­ýän bu be­dew­ler ýel­den ýyn­dam ba­dy bi­len ça­pu­wa şow­hun go­şup, aý­la­wy be­ze­ýär­ler.

Galkynyşly döwrüň belent tutumlary

Uly buýsanç bilen ýaňlanýan şu ajaýyp jümläniň mazmuny Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen berk baglanyşyklydyr. Halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz döwlet Baştutany wezipesinde işlän döwründe «Döwlet adam üçindir!» diýen belent şygar bilen beýik tutumly işleriň başlangyjyny goýdy we häzirki wagtda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde türkmen döwletiniň hem jemgyýetiniň şu güni hem-de ýagty geljegi üçin belent tagallalary edýär. Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden öňe süren örän oýlanyşykly başlangyçlary, ajaýyp teklipleri tutuş adamzat durmuşynyň dürli ugurlaryny, parahat ýaşaýşyny, gülläp ösüşini göz öňünde tutýandygy bilen belent ykrarnamalara eýe boldy. Häzirki wagtda BMG tarapyndan ýurdumyzyň başlangyjy boýunça kabul edilen 20-den gowrak Kararnamalaryň aglabasy Gahryman Arkadagymyzyň tagallalarynyň esasy bolup durýar. «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň ikinji gezek kabul edilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň tutuş adamzat jemgyýetinde, Ýer ýüzünde parahatçylygyň nuruny ýaýýan daşary syýasaty işjeňlik bilen durmuşa geçirýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

Uzak ýaşa, Arkadag!

Gahryman Arkadagymyzyň eşretli eýýamynyň ömrümize dolmagynyň, ykballara gabat gelmeginiň, bagta berilmeginiň, saýa salmagynyň özi bagt, bahasyna ýetip bolmajak baýlyk. Berlen ömrüň gymmatyny duýmak bar, oňa uýmak bar. Apalamak, arzylamak bar. Subutyny türkmeniň şu günki ýeten beýik derejesiniň özi sözsüz düşündirýär. Şu nurana günleriň sanalgy sallaryň dowamynda gurlan erteki mysaly Arkadag şäheriniň bir ýyllygy bilen utgaşmagy aýratyn täsin.

Arkadag şäheri — täze eýýamyň gudraty

Türkmen taryhynda ilkinji gezek «akylly» şäher guruldy. Ol Merkezi Aziýada durmuş infrastrukturasy elektronlaşdyrylan ýeke-täk şäherdir. Bu başlangyç Gahryman Arkadagymyza degişlidir. Ýaşaýyş jaýlaryny, dolandyryş, bilim, medeni we saglygy goraýyş edaralaryny, söwda-dynç alyş merkezlerini, seýilgähleri — dürli maksatly desgalaryň we binalaryň 336-syny özünde jemleýän innowasion şähergurluşyk taslamasynyň birinji tapgyry bary-ýogy dört ýyldan gowrak wagtyň içinde amala aşyryldy. Täze şäherde «Arkadag» teleýaýlymy, «Arkadag» gazeti hem-de «Arkadag» futbol topary hereket edýär. Aşgabatdan 30 kilometr günorta-günbatar uzaklykda, Köpetdag bilen Garagum sährasynyň arasynda — ajaýyp dag eteginde gurlan Arkadag şäheri geçen ýylyň 29-njy iýunynda açyldy. Onuň açylyş dabarasyna daşary ýurtly myhmanlaryň 300-den gowragy gatnaşdy. Täze şäher halkara sylaglaryň 21-sine mynasyp boldy. Munuň özi şäheriň gurluşygynda ýaşaýjylar üçin iň amatly, rahat we howpsuz şertleri üpjün etmäge gönükdirilen öňdebaryjy innowasion çözgütleriň we «ýaşyl» tehnologiýalaryň aňrybaş derejede peýdalanylandygyndan habar berýär.

Ýaşlaryň we geljegiň şäheri

Milli Liderimiz 2018-nji ýylyň güýzünde iş sapary bilen Gökdepe etrabyna baranda, gurulmagy göz öňünde tutulýan täze şäheriň, ozaly bilen, bu ýerde ýaşaýan adamlar üçin niýetlenendigini, şonuň üçin taslamanyň maksadalaýyklygynyň şol ýaşaýjylaryň pikirine baglydygyny, aýratyn-da, ýaşlaryň nukdaýnazaryny göz öňünde tutmalydygyny, sebäbi bu işleriň hemmesiniň olaryň geljegine gös-göni degişlidigini aýtdy. Ondan bäri bäş ýyldan gowrak wagt geçdi. Şäheriň birinji tapgyrynyň gurluşygy üstünlikli tamamlandy. Gahryman Arkadagymyzyň şol wagt öňdengörüjilik bilen aýdan sözleri häzir hakykata öwrüldi. Bu şäher «ýaşlaryň we geljegiň şäheri» diýen ada mynasyp boldy. Birinji tapgyrda hünärmenleriň, esasan-da, ýaşlaryň 15 müňden gowragy zähmet çekdi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden 240 talyp bu döwrebap şäheriň ýaşaýyş jaýlaryna «akylly» öý ulgamyny ornaşdyrmaga gatnaşdy. Professor-mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda bu ýerde zähmet çekýän işgärler üçin sanly ulgam bilen baglanyşykly okuwlar geçildi. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary tarapyndan işlenip taýýarlanylan «akylly» şäher üçin programma üpjünçiligi «Arkadagly ýaşlar» diýlip atlandyryldy.

«Akylly» durmuş infrastrukturasy

«Smart-siti» şähergurluşyk konsepsiýasyna laýyklykda, Arkadag şäheriniň maglumat-kommunikasiýa düzümi häzirki zaman elektron ulgamlary arkaly işleýär. Bu ýerde döwrebap sanly hyzmatlar, «akylly» öý hyzmatlary, «akylly» awtoduralgalar we «akylly» köçeler adaty zatlardyr. Şäheriň ýaşaýjylary smartfonyň üsti bilen internet arkaly uzak aralykdan öz öýleriniň durmuş tehnikasyny we hojalyk enjamlaryny dolandyryp bilýärler. Öýüň howpsuzlygyny üpjün edýän hem-de suwuň, toguň, tebigy gazyň sarp edilişini tygşytlaýan intellektual ulgam ornaşdyryldy. Optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy bolsa ýokary tizlikli internetden, ýokary hilli öýjükli aragatnaşykdan hem-de IP telewideniýeden bökdençsiz peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

«Ýaşyl» şäher ekoulgamy

Arkadag şäherinde ekologiýa ýaly möhüm ugra aýratyn üns berilýär. Desgalaryň gurluşygynda «ýaşyl» tehnologiýalar, ekologik taýdan arassa serişdeler ulanylýar. Täze şähere 2023-nji ýylyň 1-nji iýunynda «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň berilmegi bu ulgamda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülýändigine şaýatlyk edýär. Şäheriň ekologik gurluşyk boýunça halkara talaplara laýyk gelýändigini tassyklaýan şahadatnama hem gowşuryldy. Şäherde ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän sazlaşykly ýol-ulag düzümi döredildi. Täze elektromobil taksiler we elektrobuslar şäherde ekologik abadançylygyň gowulandyrylmagyny üpjün edýär, ýolagçylara ýokary hilli hyzmatlary hödürleýär. Olar ýangyç bilen däl-de, elektrik energiýasy bilen işleýärler. Munuň üçin ýörite güýç beriji beketler bar. Şäheriň durmuş ulgamy Gün batareýalarynyň, ýel elektrik generatorlarynyň we beýleki döwrebap tehnologiýalaryň esasynda guralandyr.

Arkadagymyzyň ak ýoly hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze ösüşlere beslenýär

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň ägirt uly ösüşlere eýe bolmagynyň, dünýädäki abraýynyň has-da belende göterilmeginiň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlarynyň, binýadyny goýan taryhy tutumlarynyň miwesidigi äleme aýan bolan ajaýyp hakykatdyr. «Biz Garaşsyz döwletimiziň binýadyny berkden tutduk. Onuň Beýik Galkynyşlar we täze özgertmeler eýýamyny, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüni, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni beýik ösüşlere besledik» diýip nygtaýan Milli Liderimiziň ata Watanymyza, türkmen halkyna bolan nusgalyk söýgi-buýsanjy, pähim-paýhasy ýurdumyzy Ýer ýüzüni haýrana goýýan ösüşlere, özgertmelere besledi. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda ýurdumyz dost-doganlygyň merkezine öwrülip, dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk iň ýokary derejelere çykdy. Türkmenistanyň dünýä ähmiýetli başlangyçlary halkara bileleşik tarapyndan uly goldawa eýe boldy. Hormatly Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi esasynda durmuş-ykdysady taýdan görlüp-eşidilmedik öňegidişlikler gazanylyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri has-da gowulandy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan taryhy özgertmeleriniň, il-ýurt, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenmeginiň netijesinde hem Berkar

Jöwher paýhasyň gudraty

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň ykdysady taýdan dünýäniň iň kuwwatly döwletleriniň biridigine, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşiň hem rowaçlyklaryň ak ýoly bilen bedew badynda öňe barýandygyna diňe bir hakykatyň, ýagny birinji tapgyry bir ýyl mundan ozal dabaraly ýagdaýda açylan Arkadag şäheriniň mysalynda hem halkara jemgyýetçiligi aýdyň göz ýetirdi. Taryhy jähetden alanyňda, örän gysga möhletiň içinde şeýle ajaýyp şäheriň gurulmagyny sözüň doly manysynda gudrata deňemek bolar. Muny Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Köpetdagyň gözel künjeginde ak binalary lowurdap duran şäheriň peýda bolmagy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasynyň gudratydyr» diýen sözleri hem bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheriniň gurulmagy eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan we ajaýyp zamanamyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam etdirilýän ägirt uly özgertmeleriň rowaçlyklara beslenýändiginiň güwäsidir. Bilşimiz ýaly, bu iri taslamany iki tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirilip, onuň birinji tapgyrynyň çäklerinde medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy guruldy.

Magtymgulynyň şygyr bossanyna seýran

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň şanly baýramy bütin dünýäde giňden bellenilýär. Asuda asmanly parahat ata Watanymyzda Magtymguly Pyragynyň arzuwlarynyň hasyl bolan döwründe halkara jemgyýetçiligi halkymyzyň buýsançly pursatlaryny bile paýlaşýar. Öňdengörüji, dana, parasatly akyldaryň şygyrlaryndaky türkmeniň merdanalygy, agzybirligi, dost-doganlyga bolan garaýşy, ahlak terbiýesi, edepliligi hem-de geljegi baradaky pikirleri bu gün ähli halkyň, ýaş nesliň terbiýesinde uly orun eýeleýär. Magtymgulynyň şygyrlarynda türkmen halkynyň dünýä halklarynyň arasynda milli oýunlaryň dürli görnüşleriniň döremegine we kämilleşmegine uly goşant goşandygy, şol oýunlaryň akyl başarnygyna täsiri baradaky jümlelere duş gelmek bolýar. Akyldar şahyrymyzyň goşgularynda saglygyň gymmaty sagdyn durmuş medeniýetini we päk ahlaklylygy wagyz edýän setirleri onuň döredijiliginiň esasyny emele getirýär. Pyragynyň «Dert iňňildär» goşgusyndaky «Sadranç oýnap, nard iňňildär» ýa-da «Dert biläni» şygryndaky «Beg balasy sadranç oýnar nard bilen» diýen setirleri ünsüňi özüne çekýär. Nard halklaryň arasynda giňden ýaýran pähim-paýhas oýny bolup, ýüzi 24 hana bölünen düz tagtanyň üstünde oýnalýan 15 sany ak, 15 sany gara «heýkel-şekil» (şaşka) goýlup, ýüzünde birden alta çenli nokat goýlan iki sany daş (nard kubigi) bilen oýnalýan oýundyr. Türkm

Çagalaryň bagtyýarlygy – Watanymyzyň buýsanjy

Ösüşlere beslenýän ajaýyp zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary we ýadawsyz aladalary bilen ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, okamagy, dynç almagy, Watana, il-güne peýdaly, ruhy hem beden taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmegi üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar. Muny hormatly Prezidentimiziň: «Çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr. Biziň amala aşyrýan her bir işimiz, belent tutumlarymyz köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtly geljegine gönükdirilendir» diýen sözleri hem aýdyň tassyklaýar. Bagtyýar ýaş nesillerimizi pederlerimiziň asylly ýol-ýörelgeleri, edep-terbiýe kadalary esasynda terbiýeläp ýetişdirmek hem häzirki wagtda döwlet derejesinde esasy üns berilýän ugurlaryň biridir. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplaryndan ugur almak, şolara salgylanmak çaga terbiýesi bilen iş salyşýan her bir adam üçin möhümdir.

Arkadag şäheriniň sport mümkinçilikleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy bilen bina edilen Arkadag şäheriniň sport desgalarynyň halkara ülňülerine laýyk gelmegi ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine döwlet derejesinde berilýän uly üns-aladanyň beýanydyr. Bu ýerde bina edilen, sportuň 10 görnüşi üçin niýetlenen Köpugurly sport toplumynda geljekki çempionlary ýetişdirmäge ähli mümkinçilikler bar. Onda türgenleriň sportuň erkin we grek-rim göreşi, sambo, dzýudo, basketbol, futzal, woleýbol, gylyçlaşmak, agyr atletika, boks ýaly görnüşleri bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredilendir. Mundan başga-da, sport desgasynda fitnes zallary hem-de okuw we internet otagy bar. Ylmy-barlag otagy, bejergi-sagaldyş otagy, 50 orunlyk mejlisler zaly, şeýle hem iş dolandyryş otaglary binanyň köpugurlylygynyň üstüni ýetirýär. Köpugurly sport toplumyna ýanaşyk ýerleşýän Sport merkezinde (suw sport toplumy) bolsa suwda ýüzmegiň ussatlary bilen birlikde, ýaş türgenlere ýokary netijeleri gazanmaga ähli şertler bar. Onda dünýä ülňülerine laýyk gelýän uly howuzda (uzynlygy 50 metr) suwda ýüzmek sporty bilen meşgullanýanlara hemme mümkinçilikler döredilipdir. Bu ýerde suw pökgüsi bilen meşgullanýan türgenler hem öz başarnyklaryny görkezmäge mümkinçilik alarlar. Mundan başga-da, toplumda hereket edýän çagalar üçin attraksionly suw howzy körpeleriň iň geli

Ça­ga – dur­mu­şyň gü­li

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Ça­ga – dur­mu­şy­my­zyň be­ze­gi, ol şu gün­ki we gel­jek­ki ne­sil­le­riň ara­syn­da­ky köp­ri. Şeý­le-de bol­sa, ada­ma ça­ga­lyk iki ge­zek ge­ler, bir-ä ki­çi­lik­de, bi­rem gar­ry­lyk­da diý­len aýt­gy hem bar. Ça­ga­ly öý ba­zar ýa­ly­dyr. Olar her bir gü­nü­ňi ýa­kym­ly wa­ka­lar bi­len gy­zyk­lan­dyr­ýar­lar. Ça­ga­lar­dan öw­re­ne­re-de zat kän. Olar my­da­ma nä­me­dir bir iş bi­len meş­gul bol­ýar­lar, nä­me­dir bir za­dyň ala­da­sy­ny edip gez­me­ýär­ler, ola­ryň her bi­ri özü­çe bir dün­ýä bo­lup, hiç ki­me meň­ze­me­ýär­ler. Ola­ryň kal­by päk we nä­zik. Şa­hyr aýt­myş­la­ýyn, ça­ga­lar gö­ze gö­rün­ýän pe­riş­de­ler­dir.

«Aý dogsa, älem görer»

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 «Aý dog­sa, älem gö­rer­miş». Bu dog­ru­da­nam şeý­le. Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan Ar­hi­tek­to­ry Gahryman Arkadagymyzyň yh­la­sy­nyň, ägirt uly ta­gal­la­sy­nyň, gur­lu­şyk we bi­na­gär­lik ba­bat­da ýi­ti ze­hi­ni­niň, pä­him-paý­ha­sy­nyň, şä­her gur­lu­şyk işin­de top­lan baý tej­ri­be­si­niň esa­syn­da eme­le ge­len Ar­ka­dag şä­he­ri hem açy­la­ny­na bir ýyl wagt ge­çe­nem bol­sa, bu şä­her di­ňe bir se­bi­tiň däl, dün­ýä­niň ün­sü­ni hem özü­ne çek­di. Aja­ýyp bi­na­gär­lik sun­ga­ty, taý­syz gö­zel­li­gi, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa­ly­gy, ösen teh­no­lo­gi­ýa­la­ra esas­la­nan «akyl­ly­ly­gy» bi­len özü­ne ben­di ed­ýän Ar­ka­dag şä­he­ri­ni syn­lap, «Döw­let gur­jak bol­saň türk­me­ni ça­gyr» diý­len pä­hi­mi «Şä­her gur­jak bol­saň türk­me­ni ça­gyr» di­ýip aý­da­ny­ňy duý­man gal­ýaň.

Hor­mat­la­gyl gö­zel iliň uşa­gyn

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz 2023-nji ýy­lyň 29-njy de­kab­ryn­da «Ru­hy­ýet» köş­gün­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň we­kil­le­ri­niň, de­pu­tat­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da äh­li hal­ky­my­zyň bi­ra­gyz­dan gol­da­ma­gy ne­ti­je­sin­de ýy­lyň şy­ga­ry hem-de ny­şa­ny ba­ra­da­ky tek­li­bi ma­kul­la­dy. Şol gün 2024-nji ýyl «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly diý­lip yg­lan edil­di. Akyl­dar şa­hy­ry­my­zyň sar­pa­sy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry bi­len be­lent­den-be­lent tu­tul­ýar. Mu­ňa Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň yl­ha­myn­dan sy­zy­lyp çy­kan «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» at­ly şyg­ry do­ly gü­wä geç­ýär. Şu jäht­den asu­da, pa­ra­hat Di­ýa­ry­myz­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­lyk to­ýy da­ba­ra­ly bel­len­ýär.

Mag­tym­gu­lynyň mi­ra­sy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de me­de­ni­ýet, ylym we bi­lim ul­gam­la­ryn­da dün­ýä bi­le­le­şi­gi bi­len öza­ra gat­na­şyk­lar pug­ta­lan­dy­ryl­ýar. Bü­tin dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, dost­lu­gyň da­ba­ra­lan­ma­gy­nyň ha­ty­ra­sy­na türk­men hal­ky­nyň baý mil­li mi­ra­sy düýp­li öw­re­nil­ýär hem-de giň­den wa­gyz edil­ýär. Be­ýik söz us­sa­dy Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­ bel­lenilmegi gö­rül­ýän taý­ýar­lyk türk­men hal­ky­nyň akyl­dar og­lu­nyň ady­ny ebe­di­leş­dir­mek ug­run­da­ky iş­le­ri­niň yzy­gi­der­li we giň ge­rim­li hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ni tas­syk­la­ýar. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

27-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň strategik meseleler boýunça uly geňeşçisi Tatsuýa Watanabe we kompaniýanyň ýerine ýetiriji direktory Kendzi Sanada bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada aýdyp, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryň biridigini belledi we özara işewürlik gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykyp, dürli ugurlarda üstünlikli ösdürilýändigini nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

27-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bek Jung-Wan bilen duşuşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ösüş maksatnamalaryny, senagat özgertmelerini, işewürlik üçin döredilýän oňyn şertleri göz öňünde tutup, hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça ösdürmäge mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Medeni-ynsanperwer ösüş we döwlet syýasaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň taryhy ösüş ýolunda aýratyn möhüm tapgyrdyr. Häzirki döwürde beýleki ulgamlar bilen birlikde, medeni-ynsanperwer ulgamda hem uly özgerişleri äşgär görmek bolýar. Bu ugra döwletimiziň kuwwatly guramaçylyk, serişdeler, aňyýet güýji gönükdirilýär. Gazanylýan netijeler halkyň durmuşyna täzeçe öwüşgin berýär. Döwrebap ösüşiň ilkinji alamatlarynyň biri-de sowatlylygyň artmagydyr. Otuza golaý ýokary okuw mekdebinde, ýüzlerçe orta hünär we başlangyç hünär mekdeplerinde, daşary ýurtlaryň bilim merkezlerinde okap, hünär eýesi bolýanlaryň sanynyň ýyl-ýyldan artmagy medeni-aňyýet kämilliginiň artmagyna aýgytly täsir edýär. Häzirki zaman önümçilik, aragatnaşyk, ulag we hyzmat ediş pudaklarynda işleriň öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda barha giň gerimde ýaýbaňlanmagy, maglumat tehnologiýasynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň adaty we aýrylmaz bölegine öwrülmegi bilen, sowatlylygyň ýokary, öňdebaryjy derejesine bolan talap artýar. Bu bolsa jemgyýetçilik aňynyň işjeňleşmegine, pikirlenişiň çaltlaşmagyna ýol açýar. Işjeňligiň we aň ösüşiniň ilkinji şerti bolsa bilimiň, sowatlylygyň çalt hem giň gerimde ösdürilmegidir. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Biziň ýaşaýan häzirki döwrümiz — tehnologiýalaryň, sanly ulgamlaryň durmuşyň ähli ugurlaryna barha giňden arala