"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Daşary ýurt kompaniýalary ýurdumyza gyzyklanma bildirýär

11-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Dragon Oil» kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwan bilen duşuşdy. Duşuşykda Türkmenistan bilen BAE-niň dünýäde tebigy gaza we nebite iň baý döwletleriň biridigi hem-de nebitgaz senagatyny ösdürmekde uly tejribä eýedigi bellenildi. BAE-niň iri kompaniýalarynyň köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagynda durmuşa geçirýän taslamalaryna üns çekildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň «Dragon Oil» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge taýýardygyny belledi.

Ilçi işe başlady

12-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Awstraliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Jon Uilýam Giringden ynanç hatyny kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda diplomat Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek şol syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şeýle hem myhmana döwlet Baştutanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda alnyp barylýan, halkymyzyň bagtyýarlygyna, Türkmenistany ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen durmuş-ykdysady, demokratik özgertmeler barada giňişleýin gürrüň berildi.

Iş maslahaty geçirildi

10-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiliginiň hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dabaraly bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de türkmen ylmynyň gazananlaryny dabaralandyrýan bu baýramçylyk mynasybetli geçirilýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen çuň many-mazmunly Gutlagyňyz, şeýle-de ylmy-medeni çäreleriň ýokary derejede geçirilmegi babatda döreden mümkinçilikleriňiz, beren goldaw-hemaýatlaryňyz üçin Size çäksiz sagbolsun aýdýarys. Siziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegi, dünýäde parahatçylyk, dost-doganlyk, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagy, ylmy diplomatiýa boýunça halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda edýän tagallalaryňyzyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabat, 13-nji iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýowyň arasynda duşuşyk boldy. Onda parlamentara hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň nobatdaky Parlamentara forumyny geçirmegiň guramaçylyk meseleleri barada pikir alşyldy. Bu duşuşygyň maksady özara bähbitli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Ylym we ýokary tehnologiýalar — durnukly ösüşiň binýady

Häzirki zaman dünýäsinde ylmyň ösüşiň binýady, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda özgertmeleriň hereketlendiriji güýji bolup durýandygy aýdyň hakykatdyr. Öňdebaryjy ylmy-tehniki çözgütleriň, innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy durnukly ösüşiň möhüm meseleleriň netijeli çözülmeginiň, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň esasy şerti bolup durýar. Ylmy maglumatlar bilim ulgamynyň esasyny düzýär, çünki hut şeýle bilim okuw arkaly täze nesillere geçirilýär. Täze taryhy döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ylym we tehnologiýalar ulgamyny ösdürmegi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlemek bilen, hemmetaraplaýyn özgertmeler ýolunda ynamly öňe barýar. Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanan giň gerimli özgertmeler häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde, ýurdumyzyň beýleki ugurdaş düzümlerinde düýpli we amaly ylmy barlaglaryň geçirilmegi, olaryň geriminiň giňeldilmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şol bir wagtyň özünde, ylmyň, bilimiň, önümçiligiň özara gatnaşygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaşlary ylym bilen meşgullanmaga çekmäge, zehinli alymlaryň täze neslini höweslendirmäge we goldamaga, dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi bilen netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge uly üns berilýär. Türkm

Ylym we ýokary tehnologiýalar — durnukly ösüşiň binýady

Häzirki zaman dünýäsinde ylmyň ösüşiň binýady, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda özgertmeleriň hereketlendiriji güýji bolup durýandygy aýdyň hakykatdyr. Öňdebaryjy ylmy-tehniki çözgütleriň, innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy durnukly ösüşiň möhüm meseleleriň netijeli çözülmeginiň, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň esasy şerti bolup durýar. Ylmy maglumatlar bilim ulgamynyň esasyny düzýär, çünki hut şeýle bilim okuw arkaly täze nesillere geçirilýär. Täze taryhy döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ylym we tehnologiýalar ulgamyny ösdürmegi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlemek bilen, hemmetaraplaýyn özgertmeler ýolunda ynamly öňe barýar. Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanan giň gerimli özgertmeler häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde, ýurdumyzyň beýleki ugurdaş düzümlerinde düýpli we amaly ylmy barlaglaryň geçirilmegi, olaryň geriminiň giňeldilmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şol bir wagtyň özünde, ylmyň, bilimiň, önümçiligiň özara gatnaşygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaşlary ylym bilen meşgullanmaga çekmäge, zehinli alymlaryň täze neslini höweslendirmäge we goldamaga, dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi bilen netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge uly üns berilýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiliginiň hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dabaraly bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de türkmen ylmynyň gazananlaryny dabaralandyrýan bu baýramçylyk mynasybetli geçirilýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen çuň many-mazmunly Gutlagyňyz, şeýle-de ylmy-medeni çäreleriň ýokary derejede geçirilmegi babatda döreden mümkinçilikleriňiz, beren goldaw-hemaýatlaryňyz üçin Size çäksiz sagbolsun aýdýarys. Siziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegi, dünýäde parahatçylyk, dost-doganlyk, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagy, ylmy diplomatiýa boýunça halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda edýän tagallalaryňyzyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Diýarda dessurdyr dostana durmuş

Ajaýyp zamanamyzda dostlukly Koreýa Respublikasy bilen ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer aragatnaşyklarymyz täze derejä çykdy. Birek-biregiň milli gymmatlyklaryna, ýörelgelerine, däp-dessurlaryna sarpa goýmak arkaly baýlaşan gatnaşyklar barha giň gerime eýe bolýar. 1992-nji ýylyň 7-nji fewralynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlaly bäri türkmen-koreý hyzmatdaşlygy, iki ýurduň mümkinçiliklerine we häzirki döwrüň meýillerine laýyklykda ileri tutulýan ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilip gelinýär. Özara bähbitli esasda ýola goýulýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmeginde ýurtlarymyzyň arasynda Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça 2008-nji ýylda döredilen hökümetara türkmen-koreý toparyna, şeýle hem 2019-njy ýylyň oktýabrynda döredilen «Türkmenistan — Koreýa» işewürler geňeşine we Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparyna uly orun degişlidir. «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» görnüşindäki gatnaşyklar gazanylan netijeleriň çygryny giňeltmekde täze mümkinçilikleriň meýdançasyna öwrüldi. Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň şu ýylyň 10-11-nji iýunynda ýurdumyza amala aşyran iki günlük döwlet sapary bolsa dostluga, birek-birege hormat-sarpa esaslanýan gatnaşyklaryň nobatdaky sahypasyny açdy.

«Altyn toprakly» gardaşlar

Dostlukly gatnaşyklar ynsanlary, ýurtlary ýakynlaşdyrýar. Ynsanperwerligi ýörelge edinen Garaşsyz Türkmenistan Watanymyzyň dostluk ýollary bu gün dünýäniň çar künjegine uzaýar. Dost-doganlyk köprüsi arkaly gatnaşyklarymyzyň ýylsaýyn berkeýän ýurtlarynyň biri-de Ýaponiýadyr. Diplomatik gatnaşyklarymyz 1992-nji ýylyň 22-nji aprelinde ýola goýlan, «Günüň dogýan ýurdy» diýlip atlandyrylýan Ýaponiýa bilen dürli ugurlarda, şol sanda innowasion serişdeleri döretmekde, ulanmakda, dürli ulgamlarda döwrebap dolandyryş çözgütlerini işläp taýýarlamakda we ornaşdyrmakda hyzmatdaşlyklar barha giň gerim alýar. 2016-njy ýylda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň döredilmegi, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda 2007-nji ýyldan bäri ýapon diliniň okadylmagy, ýurdumyzyň orta mekdepleriniň birnäçesinde bu dilden sapak berilmegi, talyplarymyzyň Ýaponiýanyň Tottori we Mie uniwersitetlerinde bilimlerini kämilleşdirendikleri işleriň öňe tarap ilerlemegine gönükdirilen ädimlerdir.

Türkmenistan — Koreýa: geljegi uly gatnaşyklaryň täze sahypasy

Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyk ýörelgelerine ýugrulan, umumadamzat bähbitli dost-doganlyk syýasaty bu günki gün hormatly Prezidentimiz tarapyndan täze derejä çykarylýar. Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oňyn başlangyçlary netijesinde eziz Diýarymyzyň halkara abraýy barha artyp, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli ýokarlanýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan goňşy we alysdaky döwletler bilen hoşniýetli, özara bähbitli gatnaşyklaryň gerimini günsaýyn giňeldýär. Hormatly Prezidentimiziň we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň tagallalary netijesinde iki ýurduň arasyndaky syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň depginli ösüşi hem onuň aýdyň mysallaryndandyr.

Beýiklige sarpa

Magtymguly Pyragynyň medeni mirasynyň kanun esasynda berkidilmegi ony geljekki nesillere ýetirmegiň ygtybarly kepilidir Ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, medeniýet ulgamyny ösdürmek we onuň hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 15-nji maddasynda: «Döwlet milli taryhy, medeni we tebigy mirasyň, daşky gurşawyň abat saklanmagy, sosial we milli umumylyklaryň arasyndaky deňligiň üpjün edilmegi üçin jogapkärdir» diýlip beýan edilýär. Ýurdumyzda bu ulgama degişli Esasy Kanunymyzyň ýörelgelerinden ugur alýan birnäçe kanunlarymyz hereket edýär. Ýagny, «Medeniýet hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda», «Muzeýler we muzeý işi hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda», «Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda»,  «Türkmenistanyň halk çeper döredijiligi hakynda», «Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda», «Teatr we teatr işi hakynda», «Kinematografiýa hakynda» ýaly Türkmenistanyň Kanunlary bolup, olar döwre görä yzygiderli kämilleşdirilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen-koreý işewürlik maslahatyndaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 11-nji iýuny) Hormatly Koreýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Ýun Sok Ýol!

Ýolumyzyň şamçyragy

Halkymyzda geçmişden bäri ylym öwrenmek, köpri gurmak, guýy gazmak ýaly ýörelgeler mukaddes hasaplanylýar. Ýurdumyzda öňe sürülýän döwlet syýasatynyň baş maksady hem ösüp gelýän ýaş nesli milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemekden, ýaşlary ylmy işlere çekmekden, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmakdan, Watanymyzyň ylmy kuwwatyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şundan ugur alnyp, berkarar döwletimizde ýaşlaryň ylmy-döredijilik işlerine höweslenmeklerine, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaklaryna ähli şertler döredilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek dabarasynda eden taryhy çykyşynda: «Döwletimiziň Konstitusiýasynda raýatlarymyzyň kepillendirilen hukuklaryny goramak meniň esasy borjum bolar» diýip belledi.

Tapawutlanan ýaşlara döredilýän mümkinçilikler

Ukyp-başarnygyna laýyk hünär edinmek her bir adamyň durmuşyndaky iň bir wajyp meseleleriň biridir. Hünär öwrenmäge bolsa orta we ýokary hünär okuw mekdeplerine synaglary üstünlikli tabşyrmak  bilen girişilýär. Munuň üçin bolsa, entek orta mekdepden başlap, yhlasly okamak, özüňi arzuw edýän hünäriň boýunça kämilleşdirip, ýokary derejeli şahsyýet bolmaga ymtylmak gerek. Türkmenistanyň milli kanunçylygynda hem orta mekdepde dürli ugurlar boýunça üstünlik gazanan dalaşgärlere giriş synaglarynda ýeňillikler göz öňünde tutulýar. 2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda kabul edilen «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň 18-nji maddasynyň onunjy bölegine laýyklykda, Türkmenistanyň umumybilim edaralarynyň altyn, kümüş, bürünç medallary bilen sylaglanan uçurymlary döwlet hünär bilimi edaralaryna şu aşakdaky şertlerde kabul edilýär:

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Abadançylygy nazarlaýan işler Hormatly Belent Serkerdebaşymyz 6-njy iýunda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 31-nji maý­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Serdar Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň san­ly ul­gam ar­ka­ly no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di. Onuň gün ter­ti­bi­ne döw­let dur­mu­şy­na de­giş­li bir­nä­çe me­se­le­ler gi­ri­zil­di.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan belent mertebeli Prezidentimiz! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwlet derejesinde giňden bellenilýän Ylymlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Size ýaşlaryň durmuşynda ýatdan çykmajak ajaýyp waka — Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna gatnaşyjylar bolan bize iberen çuň many-mazmunly Gutlagyňyz, bäsleşigiň ýokary derejede geçirilmegi babatda beren goldaw-hemaýatlaryňyz üçin çäksiz sagbolsun aýdýarys. Siziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen içeri we daşary syýasatyňyzyň, ýurdumyzyň dünýäniň syýasy, ykdysady, ylym-bilim, medeni giňişligindäki ornuny pugtalandyrýan beýik başlangyçlaryňyzyň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.