"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 10-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Türkmenistan — Koreýa Respublikasy: döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze tapgyr

Iki dostlukly döwletiň Baştutanlarynyň arasynda gepleşikler geçirildi Aşgabat, 10-njy iýun (TDH). Şu gün Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana iki günlük döwlet saparynyň çäklerinde Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Ýun Sok Ýoluň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde dostlukly ýurduň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklary we Hormat garawuly nyzama düzüldi.

Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Ýun Sok Ýol Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler

Resminamada bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň 2024-nji ýylyň 10-11-nji iýunynda ýurdumyza döwlet sapary boldy. 10-njy iýunda döwlet Baştutanlary dostlukly we mähirli ýagdaýda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdiler. Duşuşygyň dowamynda taraplar ykdysadyýet, durmuş, medeniýet ulgamlarynda, sebit we ählumumy meselelerde özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegi we çuňlaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşdylar, iki ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek, umumy gülläp ösüşe ýardam bermek hakynda ylalaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 10-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

«Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalarynyň ösüşi we geljegi» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara

Hormatly halkara maslahata gatnaşýan alymlar!Gadyrly myhmanlar! Sizi «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalarynyň ösüşi we geljegi» atly halkara ylmy maslahatyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Halkara guramalaryň, dünýä meşhur ylmy merkezleriň, öňdebaryjy ylmy-tehnologiýa parklarynyň wekillerini, görnükli alymlary we inženerleri özünde jemleýän bu forumyň ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar gününe, şeýle hem 10 ýyl mundan ozal bina edilen we bu gün halkara ylmy-tehnologiýa parky diýen hukuk derejesini alan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň esaslandyrylan şanly senesine gabatlanyp geçirilmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrýar. Myhmansöýer ýurdumyzyň güneşe baý tomus paslynyň ilkinji günleriniň dürli öwüşginli dabaralarynyň siziň kalbyňyzda ýatdan çykmajak duýgulary döretjekdigine berk ynanýaryn.

Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň möhüm ugurlarda hyzmatdaşlyga mümkinçilikleri uludyr

Düýn ýurdumyza gelen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Ýun Sok Ýoluň döwlet sapary dowam edýär. Koreýa Respublikasy Gündogar Aziýa ýurtlarynyň arasynda okgunly ykdysady ösüşi bilen tapawutlanýar. Bu ýurtda ýarym geçirijileriň we akkumulýatorlaryň önümçiligi, gämi gurluşygy, maşyn gurluşygy boýunça, senagatyň beýleki ugurlarynda iş alyp barýan dünýäniň öňdebaryjy kärhanalary ýerleşýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

8-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde önümçilik kuwwatlyklarynyň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleler bilen tanyşdy hem-de täze şäherde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyza täze şäheriň lukmançylyk klasterine degişli önümçilik desgalarynda öndürilmegi meýilleşdirilýän lukmançylyk serişdeleriniň, saglygy goraýyş enjamlarynyň görnüşleri, olary taýýarlamakda ulanylmagy meýilleşdirilýän ýerli çig mallar barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, ýurdumyzy mundan beýläk-de depginli ösdürmek, dünýä derejesindäki at-abraýyny has-da beýgeltmek, halkymyzyň röwşen geljegini üpjün etmek ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin. Ýer ýüzünde parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini öňe sürüp, halkara jemgyýetçilige dahylly meselelerde möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýän ýurdumyzyň nobatdaky üstünligi bu abraýly halkara gurama we onuň düzümine girýän döwletler tarapyndan bildirilen belent ykrarnamadyr.

Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary

10-njy iýunda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Ýun Sok Ýoluň Türkmenistana döwlet sapary başlandy. Bu sapar Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň 2019-njy ýyldan soňky bäş ýylyň dowamynda ýurdumyza ilkinji döwlet saparydyr. 2022-nji ýylyň noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi sapary özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga we ösdürmäge ýardam berýän ýokary derejedäki gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisi

7-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Milli parlamentde

Arkadag şäheri — senagat şäheri

8-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde önümçilik desgalarynyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Täze şäheriň lukmançylyk klasterine degişli önümçilik desgalarynda öndürilmegi meýilleşdirilýän lukmançylyk serişdeleriniň, saglygy goraýyş enjamlarynyň görnüşleri, olary taýýarlamakda ulanylmagy göz öňünde tutulýan ýerli çig mal serişdeleri barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hasabat berdi. Görkezilýän şekil taslamalarynyň hatarynda lukmançylyk serişdeleriniň görnüşleri, ýokary ekologik talaplara laýyk gelýän pamyklar, saglygy goraýyş ulgamynda giňden ulanylýan dokalmadyk matadan taýýarlanan bir gezeklik agyz-burun örtükleri, başgaplar, halatlar, ýorgan-düşek daşlyklary, aýakgap örtükleri, hassahanalar üçin zerur bolan dürli enjamlaryň görnüşleri bar. Şeýle hem ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, şol sanda Arkadag şäheriniň lukmançylyk edaralaryna zerur bolan saglygy goraýyş enjamlarynyň we serişdeleriň her ýylda zerur hasaplanýan möçberleri baradaky maglumatlar diňlenildi.

Milli ykdysadyýet: durnukly ösüş — bagtyýar geljek

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny ösdürmek boýunça işler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», şeýle hem ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy esasynda üstünlikli amala aşyrylýar. Muňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 7-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Mejlisde şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Şunuň bilen baglylykda, degişli döwürde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada Mejlisiň Başlygynyň maglumaty, wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi, öňde durýan möhüm wezipelere üns çekildi we milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmek bilen bagly tabşyryklar berildi. Nygtalyşy ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Şeýlelikde, görlen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, bäş aýyň dowamynda jemi içerki önümiň durnukly ösüşiniň üpjün edilmegi ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgeleriň dabaralanýandygyny ýene-de bir ýola aýdyňlygy bilen tassyklady. KANUNLAR DÖWRÜŇ TALABYNA LAÝYKLYKDA KÄMILLEŞDIRILÝÄR

Arkadag şäheri: döwrebap tejribeler, täzeçil tehnologiýalar

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde ýurdumyzda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Munuň özi, Diýarymyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Arkadag şäheriniň durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde hem öz beýanyny tapýar. Şu jähetden, 8-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. ÖNDÜRILJEK LUKMANÇYLYK SERIŞDELERINIŇ ŞEKIL TASLAMALARY GÖRKEZILDI

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, ýurdumyzy mundan beýläk-de depginli ösdürmek, dünýä derejesindäki at-abraýyny has-da beýgeltmek, halkymyzyň röwşen geljegini üpjün etmek ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin. Ýer ýüzünde parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini öňe sürüp, halkara jemgyýetçilige dahylly meselelerde möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýän ýurdumyzyň nobatdaky üstünligi bu abraýly halkara gurama we onuň düzümine girýän döwletler tarapyndan bildirilen belent ykrarnamadyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäherine iş sapary

8-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde önümçilik desgalarynyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Täze şäheriň lukmançylyk klasterine degişli önümçilik desgalarynda öndürilmegi meýilleşdirilýän lukmançylyk serişdeleriniň, saglygy goraýyş enjamlarynyň görnüşleri, olary taýýarlamakda ulanylmagy göz öňünde tutulýan ýerli çig mal serişdeleri barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, şol sanda Arkadag şäheriniň lukmançylyk edaralaryna zerur bolan saglygy goraýyş enjamlarynyň we serişdeleriň her ýylda zerur hasaplanýan möçberleri baradaky maglumatlar diňlenildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

7-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli parlament tarapyndan ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Resmi habar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň ýurduň ykdysadyýetinde tutýan ornuny has-da ýokarlandyrmak hem-de “Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda ylmyň gazananlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek, ylmy-barlag işlerini toplumlaýyn esasda ösdürmek, kiçi we orta telekeçiligiň innowasion taslamalara işjeň gatnaşmagyny gazanmak, innowasion önümleriň önümçiligini guramak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk ýagdaýyny bermek hem-de ony Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parky diýip atlandyrmak bellenildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna: — Halkara ylmy-tehnologiýa parky hakynda Düzgünnamany işläp taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak;

Hoş habaryň şatlygy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şu ajaýyp günlerinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanandygy bilen baglanyşykly habar ulus-ilimiziň şatlyk we buýsanç duýgusyny goşalandyrdy. Bu hoş habar ata Watanymyzyň Ýer ýüzünde parahatçylygy, abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde goşýan saldamly goşandynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky dabaralanmasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer we adyl syýasaty netijesinde bu gün eziz Watanymyzyň abraý-mertebesi bütin dünýäde barha belentliklere galýar. Ýer ýüzünde ilkinji bolup hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan, dünýä döwletleri tarapyndan bu hukuk ýagdaýy iki gezek ykrar edilen Türkmenistan Watanymyzyň arşa göterilýän şan-şöhratyna çäksiz buýsanýarys. Hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň başlygynyň orunbasarlygyna, şeýle hem bu guramanyň abraýly edaralarynyň düzümine yzygiderli saýlanmagy her birimiziň watançylyk ruhumyzy belende göterip, döredijilikli we netijeli işlemäge hyjuwymyzy artdyrýar. Watanymyzyň abraý-mertebesini arşa göteren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.