"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti O.Kononenkony doglan güni bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko şanly 60 ýaş toýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdi. «Siziň işiňiz hormatly we jogapkärli işdir. Şol işiň netijeleri dünýäniň tehnologik ösüşine, bütin adamzadyň durmuşynyň gowulanmagyna saldamly goşant goşýar» diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy O.Kononenkony doglan güni bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko şanly 60 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. «Siz ömrüňizi kosmosy öwrenmäge, älem-jahana akyl ýetirmäge we ylmy ösdürmäge bagyşladyňyz. Biz Türkmenistanda siziň uçuşyňyzy hem-de üstünlikleriňizi ruhubelentlik bilen synlaýarys. Kosmosda bolýan wagtyňyzda hem siziň Türkmenistana bolan söýgiňizi we aýratyn ünsüňizi görmek bizi begendirýär» diýip, Gahryman Arkadagymyz gutlag hatynda belledi.

Türkmenistanda Bolgariýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňiz!

Mejlisde Zimbabwe Respublikasynyň Parlamentiniň Ýokarky palatasynyň Başlygy bilen duşuşyk geçirildi

Aşgabat, 20-nji iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowanyň öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Zimbabwe Respublikasynyň Parlamentiniň Ýokarky palatasynyň Başlygy hanym Mabel Çinomona bilen duşuşygy boldy. Milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany ýurdumyzyň içeri hem daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi we kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak boýunça durmuşa geçirilýän işler bilen tanyşdyrdy. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda Afrika yklymynyň döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyna aýratyn üns berildi.

Topragy altyna öwrenler

Asyrlar aşyp gelýän milli ekerançylyk däpleriniň dowam etdirilmegi, ýaş nesilleriň halal zähmetiň ruhunda terbiýelenmegi halkyň rysgal-berekedinde öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 15-nji iýunda ýurdumyzyň Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de galla oragynyň depgini bilen tanyşmagy, daýhanlaryň armasyny ýetirmegi ata-baba dowam edip gelýän ýörelgelere hormatyň beýanyna öwrüldi.

Bagtyýarlyk höküm sürýär bu mukaddes mekanda

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen asylly başlangyçlary, döwletli işleri özüniň oňyn netijelerini berýär. Munuň şeýledigi ähli ulgamlarda gazanylýan üstünliklerde we halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanmagynda aýdyň duýulýar.  Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklary we nesihatlary her bir ulgamda kesgitlenen sepgitlere ýetmekde ýolgörkeziji çelgidir. 14-nji iýunda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny işläp taýýarlamak, birnäçe kanunlara, şol sanda Býujet kodeksine üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça amala aşyrylýan işler barada habar berildi. Ähli pudaklara sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak, oba hojalyk pudagyny mundan beýläk-de toplumlaýyn ösdürmek mejlisde garalan meseleleriň hatarynda boldy.

Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy: hyzmatdaşlyga gönükdirilen tagallalar

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda häzirki zaman ulag-üstaşyr logistika düzümini ösdürmek arkaly gadymy Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek boýunça geçirilýän anyk we netijeli çäreler diňe bir milli ykdysadyýete däl, eýsem, ösüşiň sebit ýörelgelerine hem güýçli itergi berýär. Örän amatly çäk ýagdaýyny eýeleýän, sebitde we yklymda möhüm ulag-üstaşyr merkezi hökmünde ornuny ynamly pugtalandyrýan Türkmenistan bu ugurda bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbidine ýerlikli peýdalanýar. Daşary ykdysady gatnaşyklar dünýäde bolup geçýän özgerişlikleri göz öňünde tutmak esasynda alnyp barylýar. Soňky ýyllarda dünýä ykdysadyýetiniň ösüş aýratynlygy milli ykdysadyýetleriň ählumumylaşmagy we halkara häsiýete eýe bolmagy bilen şertlenendir. Bu şertlerde halkara ykdysady gatnaşyklary netijeli ösdürmek üçin halkara ulag geçelgeleriniň ähmiýeti has-da artýar. Häzirki döwürde ýurtlaryň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, dünýäniň dürli sebitlerinde halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri döredilýär. Bu bolsa dünýädäki millionlarça adamlaryň ulag hyzmatyna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge, tebigy baýlyklary özleşdirmäge we diwersifikasiýa ýoly bilen halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga hem-de sebit we dünýä möçberinde durnukly ösüşi üpjün etmäge ýard

Döwletliligiň we berkararlygyň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň toýdur baýramlarynda Garaşsyzlyk ýyllarynda milli ykdysadyýetimizde, medeniýetimizde ýetilen belent sepgitleriň, bagtyýar durmuşymyzyň, berkararlygymyzyň binýatlarynyň waspy edilýär. Hormatly Prezidentimiziň paýhasly başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň Başlygynyň orunbasarlygyna biragyzdan saýlanylmagy ýaly umumadamzat ähmiýetli taryhy wakalar milli mukaddesliklerimiziň hormatyny has artdyrýar.

Kämillikleriň ygtybarly daýanjy

Häzirki döwür — oňyn ösüşleriň, ylmyň we tehnologiýalaryň gülläp ösýän döwri. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda halkara ölçeglerine laýyk gelýän täze innowasion sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar, beýleki ulgamlar bilen birlikde, ylym-bilimi ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Çünki ylmyň ösdürilmegi ýurduň milli ykdysadyýetiniň kuwwatynyň artmagyna, medeniýetiň, oba hojalygyň ösmegine şert döredýär.  Halkymyzyň uzak taryhyň dowamynda toplan, kämilleşdiren baý tejribesine, häzirki zaman ylmynyň, medeniýetiniň gazananlaryna daýanylyp, türkmen ýaşlarynyň bilim, ylym, medeni we ruhy-ahlak taýdan sazlaşykly ösmegine döwlet tarapyndan goldaw berilýär. Bu ugurda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi döwrümiziň iň möhüm ädimleriniň biridir. Şeýle hem «Türkmenistanda ýaşlar baradaky  döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi.

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Perman HOJAMUHAMMEDOW, Aşgabat şäher gümrükhanasynyň kiçi gözegçisi, kapitan: — Medeni gymmatlyklar halkymyzyň ruhy baýlygydyr. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde medeni gymmatlyklary goramak, olary ylmy esasda öwrenmek we dünýä ülňülerine laýyk derejede özgertmek bilen bagly kanunlar yzygiderli kabul edilýär. Gündogaryň beýik akyldarynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň bellenilýän ýylynda «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi hem beýik şahyrymyzyň baý hem-de gymmatly edebi mirasyny geljekki nesillere ýetirmek, ony aýawly saklamak ugrundaky alnyp barylýan asylly işleriň üstüni ýetirdi. Kanunda bellenilişi ýaly, Magtymguly Pyragynyň agzybirlik, jebislik, adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary, döwletlilik, adalatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, raýdaşlyk, watansöýüjilik, merdanalyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk, maşgala gymmatlyklary baradaky garaýyşlary, öwüt-ündewleri türkmen halky, esasan-da, ýaş nesiller üçin ýörelgedir. Medeni gymmatlyklarymyzyň dowamat-dowam bolmagy üçin döwletli işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz çäksizdir.

Oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi — azyk bolçulygynyň kepili

Gadymy we baý ekerançylyk medeniýetiniň ýurdy hökmünde Türkmenistanda häzirki wagtda topraga yhlasly çemeleşmek täze many-mazmuna eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan oba hojalyk pudagynda başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeler öz oňyn netijelerini berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba ýerlerinde amala aşyrylýan özgertmeler esasynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumy hil taýdan täze derejelere göterilip, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam edýär. Ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda dok däneli bugdaýy ösdürip ýetişdirmekde güýç-gaýratyny gaýgyrmandyrlar. Her bir gallaçy kärendeçi üçin bereketli hasyl bolelin ýaşamagyň binýadydyr, hünär taýdan ussatlygyň synagydyr. Şoňa görä, ýylyň-ýylyna ýurdumyzda halal zähmet çekmegiň göreldesini, netijeli işlemäge ukyplydygyny görkezýän daýhanlaryň sany barha artýar. Häzirki wagtda Diýarymyzda bugdaý ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen 690 müň gektar ýerde hasyly ýygnap almak işi depginli alnyp barylýar. Ekerançylyk ýerlerinde bugdaýyň ýokary hasyl berýän görnüşleri ekildi.

2024-nji ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyny giňeltmek geçen aýda geçirilen köp sanly çärelerde — syýasy geňeşmelerde, işewürlik gepleşiklerinde, maslahatlarda, sanly ulgam arkaly guralan okuw maslahatlarynda, sergilerde, medeni çärelerde ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekde ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň alyp barýan netijeli işleriniň aýdyň görkezijileridir. 3-nji maýda Daşary işler ministrliginde utgaşykly görnüşde “Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy” strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda «Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasyny» işläp taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de ýaşlar syýasaty, sanlylaşdyrma, demografiýa, “ýaşyl” energetika, howanyň üýtgemegi ýaly ugurlar babatda 8 sany taslama seredildi. Duşuşygyň jemleri boýunça daşky gurşawy goramak, saglygy goraýyş, oba hojalygy ýaly ugurlara degişli birnäçe resminamalara gol çekildi.

Oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi — azyk bolçulygynyň kepili

Gadymy we baý ekerançylyk medeniýetiniň ýurdy hökmünde Türkmenistanda häzirki wagtda topraga yhlasly çemeleşmek täze many-mazmuna eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan oba hojalyk pudagynda başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeler öz oňyn netijelerini berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba ýerlerinde amala aşyrylýan özgertmeler esasynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumy hil taýdan täze derejelere göterilip, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam edýär. Ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda dok däneli bugdaýy ösdürip ýetişdirmekde güýç-gaýratyny gaýgyrmandyrlar. Her bir gallaçy kärendeçi üçin bereketli hasyl bolelin ýaşamagyň binýadydyr, hünär taýdan ussatlygyň synagydyr. Şoňa görä, ýylyň-ýylyna ýurdumyzda halal zähmet çekmegiň göreldesini, netijeli işlemäge ukyplydygyny görkezýän daýhanlaryň sany barha artýar. Häzirki wagtda Diýarymyzda bugdaý ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen 690 müň gektar ýerde hasyly ýygnap almak işi depginli alnyp barylýar. Ekerançylyk ýerlerinde bugdaýyň ýokary hasyl berýän görnüşleri ekildi.

Wajyp wezipelere garaldy

14-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi. Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

«Ýaşaýşyň dowamat - dowamy, bugdaý!»

15-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň günbatar sebitine iş saparyny amala aşyryp, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de galla oragynyň depgini bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyzyň dikuçary Gyzylarbat etrabyndaky «Arkaç» daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanynyň ýanynda gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň degişli ýolbaşçylary, Balkan welaýatynyň häkimi mähirli garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza iş sapary

15-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň günbatar sebitine iş saparyny amala aşyryp, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de galla oragynyň depgini bilen tanyşdy. Ir bilen hormatly Prezidentimiziň dikuçary paýtagtymyzdan welaýatymyzyň Gyzylarbat etrabyna tarap ugur aldy.

Sebitleri toplumlaýyn ösdürmegiň ýoly bilen

15-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň günbatar sebitine iş saparyny amala aşyryp, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de galla oragynyň depgini bilen tanyşdy. Ir bilen hormatly Prezidentimiziň dikuçary paýtagtymyzdan Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyna tarap ugur aldy.

Bereketli topragyň bol hasyly

Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýi — halkymyzyň şan-şöhratly taryhyna şaýatlyk edýän gymmatlyklarymyzyň saklanýan ýeri. Amerikan alymy Rafael Pampelliniň geçen asyryň başynda gadymy Änewde geçiren gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen ak bugdaýyň däneleri ýüze çykaryldy. Muzeýde saklanýan gadymy bugdaý däneleri ak bugdaýyň ilkinji Watanynyň biziň topragymyzdygynyň nyşanydyr. Bular barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitabynda giňişleýin beýan edilýär. Beýleki ulgamlar bilen bir hatarda oba hojalyk pudagyna-da aýratyn üns berilýän ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem bugdaýyň bol hasyly ýetişdirildi. Ýakynda ýurdumyzyň gallaçylary şu ýylky bugdaý oragyna girişdiler. 15-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň günbatar sebitine iş saparyny amala aşyryp, welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de galla oragynyň depgini bilen tanyşdy.

Bagtyýar çagalaryň mekany

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ýaş nesiller aýratyn üns merkezinde saklanyp, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertler döredilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijesinde çagalaryň milli hem-de umumadamzat ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelenýändigini görmek bolýar. Bagtyýar çagalaryň mekany bolan ýurdumyzda her ýylyň tomus möwsüminde Gökderede we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, welaýatlardaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde mähriban körpelerimiz dynç alyp, saglyklaryny berkidýärler. Ýeri gelende aýtsak, her ýyl ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara güni ýokary derejede bellenilip geçilýär. Baýramçylyk çäreleriniň uly ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna beslenmegi eziz Diýarymyzyň bagtyýar çagalygyň mekanydygyny ýene bir gezek aýdyňlygy bilen şöhlelendirýär. Onuň üçin ýurdumyzda çagalaryň hukuklarynyň berjaý edilişini düzgünleşdirýän döwrebap hukuk kadalary hem hereket edýär. Olarda halkymyzyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik ýörelgeleri, ruhy gymmatlyklary we jemgyýetimiziň oňyn garaýyşlary öz beýanyny tapýar. Bu günki günde hem şeýle asylly ýörelgelere eýerip, döwletimiz tarapyndan hossarlyga mätäç çagalar aýratyn üns merkezinde saklanylýar. Bu ýörelgeler hukuk kepilliklerinden, hossarsyz galan çagalaryň kanuny bähbitlerin

Halal zähmet — eşretli ýaşaýşyň özeni

15-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň günbatar sebitine iş saparyny amala aşyryp, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de galla oragynyň depgini bilen tanyşdy. Ir bilen hormatly Prezidentimiziň dikuçary paýtagtymyzdan Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyna tarap ugur aldy.