"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Diýarymyzda gazanylýan üstünlikler, amala aşyrylýan düýpli özgertmeler hemişelik Bitarap Watanymyzy dünýäniň öňdebaryjy ýurduna öwürýär. Alnyp barylýan beýik işler merdana halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, jemgyýetimiziň mundan beýläk-de kämilleşmegi üçin amatly şertleri döredýär. Bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerinde, eýeleýän belent sepgitlerinde zähmetsöýer zenanlaryň hem paýy uludyr.

Türkmenistanyň Mejlisindäki duşuşyk

Aşgabat, 7-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowanyň Awstriýanyň Parlamentiniň agzasy, “Awstriýa — Türkmenistan” parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Ewa Ernst-Dziedziç bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparynyň işini işjeňleşdirmek, degişli komitetleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek, wekiliýetleriň özara saparlaryny guramak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhman türkmen parlamentiniň işi hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gender deňligi, ýaşlar syýasaty, ylym-bilim, durmuş üpjünçiligi we ekologiýa ýaly ugurlarda alyp barýan syýasaty bilen tanyşdyryldy.

Dialog — üstünlikli diplomatiýanyň kepili

Ýurduň içerki we daşarky syýasatynda durnuklylygyň bolmagy, sebitde, dünýä ýüzünde parahatçylygyň höküm sürmegi ugrunda yzygiderli tagallalaryň durmuşa geçirilmegi — munuň özi Bitarap Diýarymyzyň alyp barýan syýasaty netijesinde emele gelen kanunalaýyklykdyr. Şol syýasat netijesinde bu günki gün Türkmenistan dünýäniň ençeme döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary uly üstünlik bilen alyp barýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyryp, üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmagy üstünliklere beslenýän daşary syýasatymyzda möhüm ähmiýete eýe boldy. Üçünji Antalýa diplomatiýa forumynyň gün tertibine ählumumy wehimler we çökgünlikler, howanyň üýtgemegi, migrasiýa, dünýä söwdasyndaky dartgynly ýagdaýlar, emeli aň ýaly şu günüň derwaýys meseleleri girizildi. Köptaraplaýyn diplomatiýanyň netijeli meýdançasy hökmünde dünýä meşhurlygyna eýe bolan Antalýa diplomatiýa forumy 2021-nji ýylda «Innowasiýa diplomatiýasy: täze döwür, täze çemeleşmeler», 2022-nji ýylda bolsa «Bilelikde pikirlenmek, bilelikde hereket etmek» mowzuklarynda geçirildi. Şu ýylky forumyň çäklerinde geçirilen 50-den gowrak çekişmede dünýäniň görnükli syýasatçylary häzirki döwrüň wajyp meseleleri babatda pikir alyşdylar.

Bagtyýar durmuşymyz — Watanymyzyň beýikliginiň, mukaddesliginiň hakyky mazmuny

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  mukaddes Watanymyzyň ähli pudaklarynda gazanylýan zähmet üstünlikleri göwünlerimize ganat berýär. Garaşsyz  Watanymyzyň durmuşyndaky şanly wakalar, gazanylýan zähmet üstünlikleri hemişelik Bitaraplygymyzyň çuň mazmunyny has-da baýlaşdyrýar. Ýurdumyzyň durmuşyndaky buýsançly taryhy wakalar hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eserinde: «Watanyň beýikligi, mukaddesligi hakyky mazmunynda açylanda, öňde goýlan maksat durmuşa geçýär» diýen paýhasyny hakydamyza getirýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 54-nji, 56-njy, 72-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň üçünji Antalýa diplomatiýa forumyndaky ÇYKYŞY

(Antalýa şäheri, 2024-nji ýylyň 1-nji marty) Hormatly wekiliýetleriň ýolbaşçylary we agzalary!

Ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine

Häzirki wagtda Türkmenistan Bitaraplygyň özboluşly türkmen nusgasyny döredip, dünýäde abadançylygyň we durnukly ösüşiň nusgalyk ýoluny alyp barýar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi sebitde durnukly ösüşi gazanmakda, geosyýasy we geoykdysady meýillere salgylanmak esasynda ýurtlaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm binýat hökmünde çykyş edýär. Döwletimiz bütin adamzady tolgundyrýan gaýragoýulmasyz meseleleriň sazlaşykly çözgüdini işläp taýýarlamakda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Türkmenistan bu meselelere jogapkärli çemeleşmek bilen, Durnukly ösüş maksatlarynyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Dünýäniň çalt depginde globallaşmagy netijesinde daşary syýasatyň we diplomatiýanyň dürli maksatly gurallary barha derwaýys häsiýete eýe bolýar. Bu babatda dünýä hem-de sebit syýasatynyň möhüm ugurlary boýunça yzygiderli öňe sürýän daşary syýasy başlangyçlary Türkmenistany sebitiň ylalaşdyryjy merkezi, dünýäde ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge goşant goşýan esasy döwletleriň biri hökmünde ykrar edilmegine getirdi. Munuň şeýledigini şu ýylyň 1-nji martynda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçirilen üçünji Antalýa diplomatiýa forumynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýan eden ýurdumyzyň Ählumumy Gü

Dünýäniň diregi, zeminiň görki

Türkmen zenanlarynyň mertligi, belent mertebesi, ýar ojagyna wepasy hakynda gojaman taryhyň gatlarynda rowaýata öwrülen hakykat ýatyr. Ata Watanymyzy ösdürmekde aýal-gyzlarymyz uly güýçdür. Edermen gelin-gyzlarymyz Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin halk hojalygynyň dürli pudagynda ruhubelent zähmet çekýärler. Bu günki gün olar halkymyzyň öňden gelýän asylly ýörelgelerine laýyklykda, döwleti dolandyrmakda, önümçiligiň dürli pudaklarynda mynasyp orny eýeläp, täze türkmen jemgyýetini gurmaga işjeň gatnaşýarlar. Ýaýlalarymyza ýaşyl don ýapyp, toý-baýramlaryň buşlukçysy bolup ata Watanymyza  bahar geldi. Mübärek gadamy bilen düşlän bahar paslynyň ilkinji günlerinde görküni güllerden alan mähriban käbelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň baýramçylygy bolan  8-nji mart — Halkara zenanlar güni giňden bellenilip geçilýär. Biz hem ýurdumyzyň ähli gelin-gyzlaryny, ak saçly enelerini baýramçylyklary bilen gutlap, dürli kärde zähmet çekýän zenanlaryň buýsançly sözlerini halkymyz bilen paýlaşýarys. Çynar DAŞGYNOWA,Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Merkezi edarasynyň harby gullukçysy, kapitan:

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Nurjahan RAHMANBERDIÝEWA,Gökdepe etrabynyň 24-nji orta mekdebiniň mugallymy: — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynda adam hakdaky alada ilkinji orunda durýar. Bazarlarda azyk bolçulygynyň döredilmegi, döwrebap binadyr desgalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi, sagdyn durmuş ýörelgesiniň dabaralanmagy, ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegi raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy ugrundaky tagallalardan nyşandyr. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda 2024-nji ýylyň 16-njy martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakyndaky Karara gol çekmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle hem daşky gurşawyň goraglylygyny üpjün etmek ugrundaky oňyn çözgütleriň biridir.

Zenan — ýaşaýşyň ýaraşygy

Türkmen jemgyýetiniň döwrebap derejede ösmeginde, milli däp-dessurlarymyzy gorap saklamakda we olary nesilden-nesle geçirmekde zenanlarymyza aýratyn orun degişlidir. Enäniň sesinde söýgi, mähir bar. Şonuň üçin hem enäniň — zenanyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan işleriň dünýä gözellik çaýjakdygyna ählimiz ynanýarys. Zenan — Zeminiň görki. Tutuş maşgalanyň aladasy, geljekki nesliň terbiýesi zenanlaryň gerdenine düşýär. Olaryň esasy aladalarynyň biri-de, maşgala agzybirligidir. Haýsy maşgalada agzybirlik höküm sürýän bolsa, şol maşgalanyň işi rowaç, ruhy belent, kalby diňe ýagşylyga, belentliklere ymtylýandyr. Geçirimliligi, duýgurlygy, mylaýymlygy, edep-ekramlylygy, ýumşak häsiýetliligi, gözelligi, wepalylygy bilen dünýä nusgalyk türkmen zenanlary hormat-sarpanyň eýeleridir.

Öýleriň bezegi

Ata Watanymyzyň islendik edara-kärhanalarynda bolşy ýaly, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda hem zenan harby gullukçylarymyzyň birnäçesi asylly zähmet çekýärler we ýurdumyzyň migrasiýa babatdaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde öz mynasyp goşandyny goşýarlar. Zenanlar döwletimiziň asudalygyny,  kanunçylygyny gorap saklamakda örän guwandyryjy netijeleri gazanýarlar.  Bu günki gün Halkara zenanlar güni mynasybetli egni harby lybasly zenanlarymyza hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň adyndan pul sowgatlarynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy harby gullukçylaryň baýramçylyk şatlygyny has-da artdyrdy.

Gözelligiň gözbaşy

Döwlet Baştutanymyzyň 23-nji fewralda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda, guramalarda işleýän, dürli bilim ojaklarynda okaýan gelin-gyzlara, mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzjagazlara, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan zenanlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlary gowşuryldy. Döwletimizde zenanlaryň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere deň hukukly gatnaşmaga mümkinçilik döredýän gender syýasaty ýöredilýär. Zenanlarymyz ýurdumyzyň sport abraýyny hem gorap çykyş edýärler. Geçen ýylyň noýabr aýynda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçen Kuraş boýunça dünýä çempionatyna Türkmenistandan wekilçilik eden 15 pälwanyň 8-siniň zenanlardygyny buýsanç bilen bellemek ýakymlydyr.

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 23-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Goramaly bu mukaddes Watany

Watan goragy mukaddes. Watanyň asudalygy ösüşleriň, öňegidişlikleriň badalgasy. Gurýan, döredýän döwlet bagtlydyr. 6-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2024-nji ýylyň ilkinji iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine, Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere seredildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňläp, ýurdumyzda parahat we abadan durmuşyň ygtybarly kepili bolup çykyş edýän goranyş häsiýetli Harby doktrinany durmuşa geçirmegiň esasy meselelerine ünsi çekdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy kanunyň rüstemligini üpjün etmek, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini goramak üçin anyk çäreleri görmegiň zerurdygy baradaky tabşyryklaryny berdi.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda: Rahman Joragulyýewiç Hojiýew Mary welaýatynyň Mary şäher kazyýetiniň başlygy wezipesine bellenilip, ol Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 6-njy mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2024-nji ýylyň ilkinji iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, serkerdeleriň we olaryň maşgala agzalarynyň netijeli gulluk etmegi, göwnejaý ýaşamagy üçin şertleri döretmek boýunça görlen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem harby ulgama döwrebap tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak babatda döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.

Barlygyň görki eneler

Ynsan bir daragt bolsa, perzent onuň miwesidir. Perzendiniň ilhalar bolup ýetişenini görmek ene üçin uly bagtdyr. Söýgüden pürepür ene ýüregi mydama perzentleriniň bagtly, säherleriniň tämiz, gijeleriniň nurana bolmagynyň arzuwyndadyr. Halkymyzyň «Edep gören» sözüniň aňyrsynda ene edebi esasy hamyrmaýa bolup durýar. Ene mährinden ganyp ösen ogul-gyzyň mähirli edepli bolup ýetişýändigini durmuş hakykaty subut edip gelýär.   Köp çagaly maşgalalara döwlet tarapyndan uly ýeňillikler döredilýär. Sekiz we ondan-da köp çagany terbiýeläp ýetişdiren enelere bolsa, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda uludan bellenilýän Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda hem köp çagaly mähriban eneleriň ýüzlerçesi «Ene mähri» diýen hormatly adyň eýeleri boldular. Bu bagtyýar pursatda biz Balkan welaýatynyň ýaşaýjysy, sekiz çagany dünýä inderip hem-de terbiýeläp ýetişdirip, «Ene mähri» diýen hormatly adyna eýe bolan Ogulnäzik Durdyýewa bilen söhbetdeş bolduk. Ol:

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 6-njy mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2024-nji ýylyň ilkinji iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, serkerdeleriň we olaryň maşgala agzalarynyň netijeli gulluk etmegi, göwnejaý ýaşamagy üçin şertleri döretmek boýunça görlen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem harby ulgama döwrebap tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak babatda döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

6-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2024-nji ýylyň ilkinji iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, serkerdeleriň we olaryň maşgala agzalarynyň netijeli gulluk etmegi, göwnejaý ýaşamagy üçin şertleri döretmek boýunça görlen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem harby ulgama döwrebap tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak babatda döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda» Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Merdan Alymowiç Alymow Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine belenildi we oňa kazynyň 5-nji hünär derejesi berildi.