"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Il-ýurt bähbitli oňyn işler

Türkmenistan Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk toýuna hem-de Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine barýar. Bu şanly senelere barýan ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Şu döwürde jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolmagy munuň aýdyň güwäsidir. Şeýle-de şu döwürde ýurdumyzda iri senagat, durmuş maksatly desgalardyr binalar dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Bular barada şu ýylyň 30-njy awgustynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde giňişleýin aýdyldy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, mähriban halkymyzyň joşgunly, tutanýerli zähmeti esasynda jemgyýetimizde hem-de ykdysadyýetimizde ýetilen belent sepgitler täze ösüşlere badalga berýär. Mejlisdäki hasabatlardan mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda jemi öndürilen önüm 11,5 göterim artyp, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy. Şunuň bilen baglylykda mejlisde milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijilerini durnukly saklamak boýunça zerur işleri durmuşa geçirmegiň wajypdygy bellenildi. Şunda jemi içerki önümiň ösüş depginini ýokary derejede saklamaga möhüm ähmiýe

Wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilmelidir

2-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Ählumumy bagtyýarlygyň, durnukly ösüşiň hatyrasyna

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ählumumy abadançylygyň bähbidine öňe sürýän beýik başlangyçlary uly ösüşlere berk binýat bolup, dünýä döwletleri tarapyndan giň goldaw tapýar. Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä bileleşiginde arkalaşykly tagallalary birleşdirmegiň, dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan syýasaty yzygiderli alyp barmagyň ajaýyp tejribesini toplan, Ýer ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýän abraýly döwlet hökmünde tanalýar. Hut şonuň üçinem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda özüniň daşary syýasat ugruny has-da kämilleşdirýän eziz Diýarymyzda syýasy we ykdysady gatnaşyklarda ähli ýurtlar bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly üns berilýär. Şeýlelikde, ata Watanymyz Türkmenistan ykdysady taýdan barha kuwwatlanýar, hemmetaraplaýyn ösüp, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryndaky ornuny barha pugtalandyrýar. Döwletimiziň daşary ykdysady syýasaty, ozaly bilen, ýurdumyzyň ägirt uly energiýa serişdeleri babatda dünýäniň dürli döwletleri bilen ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, şeýle-de ulag we aragatnaşyk ulgamynda, ykdysadyýetiň beýleki ugurlarynda ysnyşykly hyzmatdaşlygy giňeltmäge esaslanýar. Ýakyn we özara bähbitli hyzmatdaşlyk arkaly ykdysady ösüşi gazanmak baky berkarar döwleti

Halkymyzyň yhlasly zähmeti bilen röwşen geljege tarap

Türkmenistan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek giň gerimli dabaralara taýýarlyk görýär. Halkymyzyň asylly däplerinden ugur alnyp, bu şanly sene zähmet ýeňişleri, täze binagärlik açylyşlary, durmuşyň ähli ulgamlaryndaky üstünlikler bilen garşylanylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet gurluşynyň strategik wezipelerini çözmek boýunça alyp barýan syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýän geçen hepdäniň wakalary hem munuň aýdyň güwäsidir. 26-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýeri kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki işiň toplanan baý tejribesini, ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça Türkmenistanyň meýilnamalaryny nazara almak bilen, köpýyllyk hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halkymyzyň yhlasly zähmeti bilen röwşen geljege tarap

Türkmenistan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek giň gerimli dabaralara taýýarlyk görýär. Halkymyzyň asylly däplerinden ugur alnyp, bu şanly sene zähmet ýeňişleri, täze binagärlik açylyşlary, durmuşyň ähli ulgamlaryndaky üstünlikler bilen garşylanylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet gurluşynyň strategik wezipelerini çözmek boýunça alyp barýan syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýän geçen hepdäniň wakalary hem munuň aýdyň güwäsidir. 26-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýeri kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki işiň toplanan baý tejribesini, ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça Türkmenistanyň meýilnamalaryny nazara almak bilen, köpýyllyk hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halkymyzyň yhlasly zähmeti bilen röwşen geljege tarap

Türkmenistan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek giň gerimli dabaralara taýýarlyk görýär. Halkymyzyň asylly däplerinden ugur alnyp, bu şanly sene zähmet ýeňişleri, täze binagärlik açylyşlary, durmuşyň ähli ulgamlaryndaky üstünlikler bilen garşylanylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet gurluşynyň strategik wezipelerini çözmek boýunça alyp barýan syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýän geçen hepdäniň wakalary hem munuň aýdyň güwäsidir. 26-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýeri kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki işiň toplanan baý tejribesini, ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça Türkmenistanyň meýilnamalaryny nazara almak bilen, köpýyllyk hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bedew bady bilen täze üstünliklere tarap

Halkymyzyň agzybirligi we jebisligi, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli özgertmeler syýasaty Türkmenistanyň depginli ösüşini üpjün edýär. Ýurdumyzda göz öňünde tutulan meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň şaýady bolýan halkymyz ertirki gününe uly ynam bilen garap, öz öňünde geljek üçin belent maksatlary goýýar. 30-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça möhüm meselelere garaldy.

Şu gün ýurdumyzda bugdaý ekişine başlanylýar

2-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Iş maslahatynyň barşynda Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew, Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

BU DI­ÝAR­DA DOST-DO­GA­NA SAR­PA BAR, «BI­LIM AR­KA­LY BEÝIK GEL­JEK GURULÝAR»

Bilimler we talyp ýaşlar güni şatlyk-şowhuna beslendi Däp bolşy ýaly, 1-nji sentýabrda — Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşýan täze desgalaryň açylyş dabaralary boldy.

Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň oňyn netijeleri

28-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasynda boldy. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Prezident Masud Pezeşkian hem-de Beýik ruhy lider Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen gepleşikleri geçirdi. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan türkmen-eýran gatnaşyklary häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şol gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ilki Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher ösüşi ministri hanym Farzane Sadeg Malwajerdi bilen söhbetdeş boldy. Milli Liderimiz hem-de hanym Farzane Malwajerd ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryň netijelidigini belläp, Türkmenistan bilen Eýranyň hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýete eýedigini nygtadylar. Munuň özi köp babatda köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga çalyşýan iki ýurduň garaýyşlary bilen şertlendirilendir.

Sanly ulgam arkaly iş maslahaty

2-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi.Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Häkim Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli welaýatyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde açylyp ulanmaga berlen 1200 orunlyk döwrebap orta mekdebi we 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýyny gurduryp berendigi üçin hormatly Prezidentimize welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan çäksiz hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdi.

Beýik ösüşleriň aýdyň ýoly

1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşýan täze desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Ata-babalarymyzyň parasatly ýörelgeleri esasynda ýaş nesli watançylyk, wepalylyk, Watanyň we halkyň geljegi üçin jogapkärçilik ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertleri döretmek parahatçylyk, döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze, ak mermerli binalar toplumy hem munuň aýdyň güwäsidir. Mälim bolşy ýaly, bu toplumyň düýbüni tutmak dabarasy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda — Watan goragçylarynyň gününde geçirilipdi.

Netijeli işleriň beýany

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanynda iş alyp barmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Onuň belleýşi ýaly, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumynyň gurluşygynyň «Rönesans Holdinge» ynanylmagy bu kompaniýa üçin uly mertebedir. Şeýle desgalaryň yzygiderli ýagdaýda gurulmagy we ulanmaga berilmegi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň üstünliklere beslenýändiginiň güwäsidir. Pursatdan peýdalanyp, Erman Ylyjak Milli

Hoşniýetli hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ata Watany Türkmenistanyň ähli ulgamlarda gazanýan üstünliklerine buýsanýandygyny aýtdy. Onuň belleýşi ýaly, bu üstünlikler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň oňyn başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda mynasyp durmuşa geçirilmegi netijesinde mümkin boldy. Aşgabat şäher häkimliginiň toplumynyň binasynyň açylyp ulanmaga berilmegi hem Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyzy ösdürmek boýunça başyny başlan şähergurluşyk strategiýasynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändigini görkezýär.

Garaşsyzlyk — buýsanjymyz, bagtymyz

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösüşleri, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda gazanylýan üstünlikler, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanmagy bu gün dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde durýar. Ýakyn we alysdaky ýurtlar bilen hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkidip, uly abraýa eýe bolýan döwletimiziň ösüşleri hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda oýlanyşykly işlenip taýýarlanan, üstünlikli durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň rowaçlanýandygynyň nyşanydyr. Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuwlan ýurt Garaşsyzlygynyň beren mümkinçilikleri bilen geçilen her bir gün, her bir aý şan-şöhrata, taryhy ähmiýetli syýasy, ykdysady hem medeni wakalara beslenýär. Bu wakalar berkarar Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygyny, halkara abraýynyň ýokarlanýandygyny, alyp barýan daşary we içeri syýasatymyzyň Ýer ýüzünde gyzgyn goldanylýandygyny görkezýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň aň-düşünjesinde, medeni we ruhy durmuşynda uly özgerişler bolup geçip, düýbünden täze jemgyýetçilik gatnaşyklary emele geldi. Mukaddes Garaşsyzlyk bize sözüň doly manysynda milli ruhy we maddy gymmatlyklarymyzy dikeltmäge mümkinçilik berdi. Bu gymmatlyklar müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýar hem-de merdana halkymyzyň milli duýgularyny we arzuw-isleglerini beýan edip, nesilden-ne

Halk Maslahaty — agzybirligiň şuglasy

Agzybirligiň, jebisligiň we milli demokratiýanyň belent nusgasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahaty şanly Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde ýokary derejede geçiriler. Türkmenistan Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda ählihalk maslahatyna aýratyn ähmiýet berlip, demokratik özgertmeleri yzygiderli durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Il-ýurt, döwlet bähbitli meseleleri halk bilen maslahatlaşyp çözmek türkmen halkynyň gadymdan bäri dowam edip gelýän asylly ýörelgesidir. «Geňeşli biçilen don gysga bolmaz» diýlişi ýaly, halkymyz islendik bir tutumly işiň başyny başlanda, il-halk bilen geňeş edip, onda öňde goýlan maksatlary ara alyp maslahatlaşypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Halk Maslahaty täze döwrüň jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlar esasynda alnyp barylýandygynyň, agzybir we jebis halkymyzyň öz belent gymmatlyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Milli döwletliligiň nusgalyk ugry

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işlerini mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyz milli demokratiýamyzyň däplerine esaslanmak, paýhasly ata-babalarymyzyň syýasy medeniýetiniň taryhy tejribesiniň gymmatlyklaryny täze döwrüň şertlerine laýyklykda ösdürmek arkaly halk häkimiýetliliginiň kämil nusgasyny kemala getirdi. Asylly däbe öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisleri geçen döwürde gazanylan ösüşlere baha berip, geljekki derwaýys wezipeleri kesgitlemekde uly ähmiýete eýedir. Ykdysady taýdan kuwwatly döwlet, asuda we abadan ýurt hökmünde dünýäde uly abraýa eýe bolan Garaşsyz Türkmenistanda demokratik ýörelgeleriň kämilleşdirilmegi Watanymyzyň özygtyýarly ösüş ýoluna düşen ilkinji günlerinden häzire çenli kemala gelip, baýlaşan demokratik, hukuk we dünýewi döwleti berkarar etmek ýol-ýörelgesi bilen baglanyşyklydyr. Taryhy köklere daýanýan Türkmenistanyň Halk Maslahaty bu günki günde adalatlylygyň, jebisligiň nyşany bolmak bilen, Garaşsyz ýurdumyzda döwlet berkararlygynyň synmaz sütünleriniň biridir. Halk Maslahatynyň işine halkymyzyň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagy halk demokratiýasynyň asylly däplerine esaslanýar. Umumymilli forumyň düzümine saýlanýan raýatlaryň hatarynda ýaşlaryň bolmagy ýaş nesliň hem ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň wajyp meseleleriniň çözülmegine has işjeň

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň geçiren duşuşyklary

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanynda iş alyp barmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.

Işleriň ýokary hili üstünliklere badalgadyr

2-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyklaryň barşy barada hasabat berdiler.

Depginli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda işewür Gahryman Arkadagymyza häzirki wagtda ýurdumyzda kompaniýa tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi, şeýle hem birnäçe teklipleri beýan etdi.