"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Zähmet terbiýesi şahsyýetiň sazlaşykly ösmeginiň möhüm şertidir

Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň kömekçi hojalyklarynyň ýagdaýy bilen tanyşdy Ahal welaýaty, 18-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna degişli kömekçi hojalyklarda alnyp barylýan işler we köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine görülýän taýýarlygyň barşy bilen tanyşdy.

Parahatçylygyň şäheri

Belarus Respublikasynyň «Çeper edebiýat» neşirýatynyň baş ýolbaşçysy, şahyr hem ýazyjy Aleksandr Badak ýurdumyzyň tanymal ýazyjy-şahyrlary bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar. Ol Aşgabatda geçirilýän «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň halkara kitap sergi-ýarmarkasyna hem-de ylmy maslahata gatnaşyp, türkmen kärdeşleri bilen edebi gatnaşyklary ösdürmek barada söhbetdeş bolýar. Golaýda Aleksandr Badak özüniň mermer paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli taýýarlan makalasyny redaksiýamyza iberdi. 2009-njy ýylda Aşgabatda geçirilen «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň IV halkara kitap-sergi ýarmarkasyna gatnaşmak maňa-da miýesser etdi. Dünýäniň ençeme döwletleriniň kitap neşir işi bilen içgin meşgullanýan iri firmalarynyň, edaralarynyň arasynda biz hem öz ýurdumyzda çap edilýän dürli neşir önümleri hem-de kitaplary, edebiýatlary görkezdik. Halkara çäräniň dowamynda geçirilen döredijilik duşuşyklarynda türkmen ýazyjy-şahyrlary bilen tanyş bolduk. Olar bilen häzirki zaman edebiýatyny ösdürmek hem-de türkmen we belarus ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerini terjime etmek ýaly döwrebap temalar boýunça söhbet etdik.

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 4-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO) göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen XIV sammitiniň işine gatnaşdy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

Sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň 13-nji maslahatynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek baradaky toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenilip taýýarlanylan birnäçe täze kanunlar we kadalaşdyryjy-hukuknamalar kabul edildi. Gün tertibine laýyklykda, «Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň rejelenen görnüşini tassyklamak we herekete girizmek hakynda», «Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» hem-de «Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda», «Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi hakynda» (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary, «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň, «Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda», «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşylanda gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalar boldy.

Täzelikler. Wakalar. Maglumatlar.

Paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça sekiz çagany dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren eneleri hormatlamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, olara «Ene mähri» diýen hormatly at dakyldy. Aşgabat şäheriniň häkimliginiň binasynda bolsa köp çagaly maşgalalara ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy. «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan köp çagaly eneleriň jemgyýetimiziň we döwletimiziň bitiren hyzmatlarynyň aýratyn ykrarnamasy, zenanlaryň Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine goşandynyň tassyklanmasydyr. Dabara gatnaşyjylar ýurdumyzyň ähli zenanlarynyň adyndan milli Liderimize berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat, uzak ömür we täze üstünlikleri arzuw etdiler. * * *

Halk häkimiýetliliginiň döwrebap usuly

Türkmen jemgyýetiniň täze taryhy eýýamynda döwrebap özgertmeler durmuşa geçirilýär. Geçen ýylyň sentýabr aýynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde makullanylan, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny ýurdumyzyň taryhynda aýratyn ähmiýetli waka boldy. Geçirilen konstitusion özgertmeler jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmakda möhüm ädime öwrüldi. Esasy Kanunymyzyň 4-nji maddasynda: “Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir. Döwlet her bir raýatynyň öňünde jogapkärdir we şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýär, raýatyň janyny, at-abraýyny, mertebesini, azatlygyny, şahsy eldegrilmesizligini, tebigy we aýrybaşgalanmaz hukuklaryny goraýar” diýlip kesgitlenilýär. Her bir raýatyň Konstitusiýa we kanunlar bilen öz üstüne ýüklenilen borçlaryň ýerine ýetirilmegi üçin döwletiň öňünde jogapkärdigi hem şol maddada berkidilendir. Şeýlelikde, jemgyýetiň adamyň öňündäki jogapkärçiligini we adamyň jemgyýetiň öňündäki jogapkärçiligini göz öňünde tutýan şahsyýet bilen jemgyýetiň bitewi özara baglanyşygynda döwletimiziň demokratik mazmuny jemlenýär.

Täze desgalaryň gurluşygy: ýokary hil — esasy görkeziji

16-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz hem-de Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň birnäçe desgalaryndaky, şeýle hem welaýatyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Irden döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde gurulýan köpugurly işewür merkezli kaşaň «Garagum» myhmanhanasyna geldi. Bu ýerde wise-premýer Ş.Durdylyýew hormatly Prezidentimize bu desgada geçirilýän degişli işler, şol sanda ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Habarlar

1-nji fewral. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, geçiriljek ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy hem-de welaýatlaryň ýolbaşçylarynyň alnyp barlan işler baradaky hasabatlary diňlenildi. Şol gün. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň barşy bilen tanyşdy. Milli Liderimiz harby gullukçylar üçin lybaslaryň nusgalaryny gözden geçirip, olar babatda birnäçe bellikleri aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, döwrebap harby lybaslaryň ýokary hilli, degişli aýratynlyklary bolan matalardan taýýarlanylmalydyr hem-de bildirilýän talaplara, şol sanda howa şertlerine doly kybap gelmelidir. Bu olaryň niýetlenen maksadyny, gelşikliligini nazara almak bilen, harby egin-eşikleriň amatlylygyna degişlidir.

«Älem içre at gezer» — nusgalyk eser

Hormatly Prezidentimiziň ygtybarly maglumatlara baý eserleri edebiýatyň ösüşinde kämillige ýetdi. Ýokary çeperçilik usulynda döredilen eserler kemala geliş we ösüş ýolunda ençeme edebi däpleriň özara gatnaşygynyň baý tejribesini görkezdi. Hormatly Prezidentimiz türkmen edebiýatynyň has irki önümleri bolan halk döredijiligini öz eserlerine siňdirdi. Ol eserlerde uzak asyrlaryň dowamynda halkyň ýürek urgusyndan wysal tapan edebi miras sütün-binýat hyzmatyny ýerine ýetirdi. Halkyň köňül joşgunyny, kalp aýdymyny özüne siňdiren milli we medeni miras ol eserlerde şöhlelendi. Halk döredijilik eserleriniň şahyrana žanrlaryna mahsus bolan özboluşly aýratynlyklar, olaryň ruhundaky janlylyk, joşgunlylyk ýaly häsiýetler eserleriň içki özenini düzdi. Dürli döwürleriň watansöýüjilik ýörelgesini nusga edinen taryhy şahsyýetleriň halkyň arasynda ýaşaýandygyny ebedileşdirdi. Edebiýatyň ösüşindäki şol kanunalaýyk hadysasy edebi döredijilikde täze žanr, görnüş aýratynlyklarynyň emele gelmegine getirdi. Şol edebi usullar, aýratynlyklar eserlerde bitewi hadysa, ýol-ýörelgä öwrüldi. Şol täzeçillik diňe alym Arkadagymyzyň eser ýazmakdaky çemeleşmesi bilen häsiýetli bolman, onuň pikir-mazmun, çeper keşp döretmek, taryhy şahsyýetleri ebedileşdirmek babatynda-da türkmen edebiýatyny täze basgançaga çykardy. Hakykaty töwerekleýin suratlandyrmaga laýyk gelýän täze ýordumyň, çeperçilik gurluşyň, täze mazm

Gözelligiň, agzybirligiň dabaralanmagy

Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileý toýunyň bellenilýän, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda eşretli durmuşyň hözirini görýän halkymyzyň her bir güni şowhunly, şatlykly toýlara beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda milli däp-dessurlarymyzy täzeden dikeltmäge, baýramçylyklarymyzy dabaraly bellemäge giň mümkinçilik döredildi. Türkmeniň dabaraly bellenilýän baýramçylyklarynyň esasylarynyň biri hem Milli bahar baýramydyr. Bu baýram dünýäniň ençeme halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň kalbynda we hakydasynda ençeme asyrlar bäri ýaşap gelýän iň gadymy baýramlaryň biridir. 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Owganystanyň, Eýranyň, Täjigistanyň hyzmatdaşlygy we teklip etmegi netijesinde bolsa 2010-njy ýylyň fewral aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde her ýylyň 21-nji martyny Halkara Nowruz güni diýip yglan etmek barada ýörite Kararnama kabul edildi.

«Akylly» şäherler konsepsiýasy ähli sebitlere nusgalyk bolmalydyr

16-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz hem-de Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň birnäçe desgalaryndaky, şeýle hem welaýatyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Irden döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde gurulýan köpugurly işewür merkezli kaşaň «Garagum» myhmanhanasyna geldi. Bu ýerde wise-premýer Ş.Durdylyýew hormatly Prezidentimize şu desgada, şol sanda ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Abadan durmuşyň bähbidine

15-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmaklarynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň baş şäherini hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek baradaky möhüm meselelere, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, ýazky ekiş möwsümine hem-de şanly senelere taýýarlyk görlüşine garaldy.

Täze desgalarda dünýäniň iň gowy tejribeleri giňden ulanylmalydyr

16-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz hem-de Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň birnäçe desgalaryndaky, şeýle hem welaýatyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Irden döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde gurulýan köpugurly işewür merkezli kaşaň “Garagum” myhmanhanasyna geldi. Bu ýerde wise-premýer Ş.Durdylyýew hormatly Prezidentimize bu desgada geçirilýän degişli işler, şol sanda ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

«Akylly» şäherler: geljege gönükdirilen iri taslamalar

Muny hormatly Prezidentimiziň 16-njy martda paýtagtymyz hem-de Ahal welaýaty boýunça amala aşyran iş sapary hem aýdyň tassyklaýar Irden milli Liderimiz paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde gurulýan köpugurly işewür merkezli kaşaň «Garagum» myhmanhanasyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyza bu desgada geçirilýän degişli işler, şol sanda ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz «Laçyn» seýilgähiniň gurluşygynyň tapgyrlary we ýerleşişiniň aýratynlyklary, onuň çäginde guruljak beýleki desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňläp, milli Liderimiz ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleriň ýokary hil derejesine möhüm üns berilmelidigini aýtdy, birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Anyk maksatlar — netijeli çözgütler

15-nji martda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň baş şäherini hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek baradaky möhüm meselelere, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, ýazky ekiş möwsümine, şanly senelere taýýarlyk görlüşine garaldy. Milli Liderimiz iş maslahatyny açyp, ilki bilen, paýtagtymyza gözegçilik edýän wise-premýeri hem-de Aşgabat şäheriniň häkimini göni aragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen binalaryň we desgalaryň gurluşyk işleriniň barşy, şeýle hem ýazky bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şanly wakalar mynasybetli açylyp, ulanmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen desgalardaky işleri öz wagtynda tamamlamagyň zerurdygyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz bu babatda tabşyryklary berdi.

Aşgabat — baky bagtyň säheri

Aziýanyň merjen şäherine öwrülen Aşgabat häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk syýasaty netijesinde dünýäniň iň owadan we arassa şäherleriniň biri hökmünde tanalýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy uludan tutuljak «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda baş şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny giňden belläp geçeris. Ministrler Kabinetiniň 26-njy fewralda geçirilen mejlisinde bu şanly senäni dabaraly geçirmek boýunça Hökümet topary döredildi we 35 bölümden ybarat meýilnama tassyklanyldy. Munuň özi paýtagtymyzy ösdürmek we ony has-da gözelleşdirmek meseleleriniň milli Liderimiziň yzygiderli üns merkezinde durýandygyny doly subut edýär. Aşgabat — ak mermerli binalaryň mesgeni. Bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen, paýtagtymyzyň binagärlik keşbi tanalmaz derejede özgerýär. Bu ýerde bina edilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalar bilen paýtagtymyzyň şähergurluşyk infrastrukturasy has-da ösýär. Baş şäherimizde amala aşyrylýan şeýle giň gerimli özgertmeler netijesinde Aşgabat gülläp ösýän ajaýyp şäher we möhüm ykdysady merkez hökmünde ykrar edilýär.

Döwrebap tehnologiýalara daýanyp

Aşgabadyň häzirki zaman şähergurluşyk syýasatyny öňe sürýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz we onuň töwerekleri boýunça guraýan iş saparlarynyň dowamynda öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen içgin tanyşýar. Milli Liderimiz hünärmenleriň we işgärleriň iş şertleri, olaryň durmuşa geçirýän çäreleriniň netijeleri bilen gyzyklanyp, gurluşyk meýdançalarynda ulanylýan serişdeleriň hili we amala aşyrylýan taslamalaryň ahyrky netijesine täsiri bolan beýleki köpsanly meseleler bilen gyzyklanyp durýar. Arkadag Prezidentimiziň hut şeýle yzygiderli aladalary netijesinde paýtagtymyz gülläp ösdi we dünýäniň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Paýtagtymyz ak mermerli belent binalary bilen ýylsaýyn öz çägini giňeldýär, abadanlaşdyrylýar we häzirki zaman şäherine, halkara derejesindäki syýasy we işewür merkezine öwrülýär hem-de dünýäniň dürli künjeklerinden syýahatçylary özüne çekýär. Milli Liderimiz işiniň köpdügine garamazdan, paýtagtymyzyň amatly, häzirki zaman we myhmansöýer şäher hökmündäki derejesine laýyk gelýän möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilişini hut özi gözegçilikde saklaýar.

Gurýan döwlet gurpludyr

16-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz hem-de Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň birnäçe desgalaryndaky, şeýle hem welaýatyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Irden döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde gurulýan köpugurly işewür merkezli kaşaň «Garagum» myhmanhanasyna gelip, bu ýerde wise-premýer Ş.Durdylyýewiň bu desgada geçirilýän, şol sanda ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabatyny diňledi. Häzirki wagtda bu köpugurly işewür merkezli myhmanhananyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Möhüm ugurlarda derwaýys çözgütler

15-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň paýtagtyny hem-de welaýatlarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça möhüm meselelere, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, ýazky ekiş möwsümine hem-de şanly senelere taýýarlyk görlüşine garaldy. Iş maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen binalaryň we desgalaryň gurluşyk işleriniň barşy, ýazky bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri, bugdaýy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, gowaça ekişine taýýarlyk görmek, daýhanlary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän agrotehniki çäreler, gök-bakja ekinleriniň we miweleriň bereketli hasylyny almak üçin geçirilýän zerur işler, maldarçylyk hojalyklarynyň ýagdaýy we dowarlardan owlak-guzy almak möwsümi, şeýle hem, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri öz wagtynda çözmek we meýilnamalaýyn işleri ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrylýa

«Akylly» şäherler — milli binagärlik ulgamynyň geljegi

Hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyz we Ahal welaýaty boýunça iş sapary 16-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz hem-de Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň birnäçe desgalaryndaky, şeýle hem welaýatyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.