"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Dana şahyryň jemgyýet hakyndaky garaýyşlary Berkarar döwlet islän beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan eýýamy häzirki döwürde wysala öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň berkarar eden döwletine bu gün «çoh garaşylan ajap eýýam» dolandy. Akyldar şahyryň jemgyýet, berkarar döwlet hakyndaky arzuwlary her bir şygrynyň süňňüne berk aralaşypdyr. Agzybirlik, dost-doganlyk, parahatçylyk, ynsanperwerlik, ynanyşmak ýaly ýörelgelere ygrarly bolmak baradaky öwüt-nesihat häsiýetli goşgulary hem aýratyn many-mazmuna eýedir. Berkarar döwletiň kämil şahsyýetini kemala getirmekde Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň ähmiýeti uludyr.  Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň taryhynyň iň çylşyrymly döwründe ýaşan, agzybirlik, garaşsyzlyk, özbaşdak döwlet gurmak ýaly beýik maksatlara öz döredijiligi bilen gulluk eden ynsanperwer şahyrdyr» diýip belleýär. Akyldar şahyrymyzyň «Türkmeniň», «Ýeli Gürgeniň», «Hasar dagyndadyr», «Çowdur han», «Depe nedir, düz nedir», «Öňi-ardy bilinmez», «Başy gerekdir», «Döker bolduk ýaşymyz», «Gözlär men», «Ajap eýýam gelmedi», «Islärin», «Aýrylma» ýaly goşgularynda Watan duýgusy, mertlik, gahrymançylyk ýaly asylly häsiýetler açylyp görkezilýär. Şahyryň «Türkmeniň» goşgusynyň:

Pyragynyň zybanynda tebigatyň waspy

Hormatly Prezidentimiz: «Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy» diýip, Magtymguly atamyzyň edebi mirasynyň bütin adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyny beýan edýär. Magtymguly Gündogar edebiýatynyň parlak ýyldyzydyr. Dana şahyrymyzyň eserlerinde ata Watany söýmek, däp-dessurlara we ynsana uly hormat goýmak, tebigat gözelliklerine aýawly çemeleşmek ýaly ynsanperwer pikirlerdir öwüt-ündewler uly orun eýeleýär. Dana Pyragynyň şygyrlarynyň birnäçesi gözel tebigatyň belent waspydyr. Ata Watana, ene topraga, dogduk Diýaryň baglaryna, daglaryna, tereň derýalaryna, ümmülmez çöllerine, ýaşyl ýaýlalaryna bolan belent hem-de gyzgyn söýgüsi onuň durmuşyň ähli ugurlary bilen baglanyşykly ýazan goşgularyna siňipdir. Nusgawy şahyrymyz «Soňudagy» goşgusynda:

Gaýtalap okasaň Magtymgulyny

Pähim-paýhas seni eýlese teşne,Ganmasaň, isleseň has-da ulyny.Taparsyň durnagöz, bol suwly çeşmeGaýtalap okasaň Magtymgulyny. Danada ajy söz çykmaz agyzdan,Dürdäne pikirler gaýdar aňyrdan.Paýyňy alarsyň many-maňyzdanGaýtalap okasaň Magtymgulyny.

Tymsallar

Söýeniň has gözel Irki zamanlarda äpet hem-de gorkunç aždarha sebitdäki ýeke-täk çeşmäni eýeläpdir. Adamlar bolsa suwsuz galypdyrlar. Teşnelikden aýallar gözýaş döküpdirler, çagalar ejir çekipdirler. Obanyň men-men diýen ýigitleri ol nägehanyň üstüne gylyç syryp gidipdirler. Ýöne aždarha olara topulyp, janyndan jyda düşüripdir. Ol çeşmäniň gözbaşynda äpet we owadan köşk gurupdyr.

Umumadamzat gymmatlyklaryna öwrülen eserler

Täze taryhy eýýamda milli mirasymyza sarpa goýlup, ata-babalarymyzyň döwletli ýörelgeleri dowamat-dowam tapýar. Dünýä edebiýatynda gymmatly eserleri bilen uly abraýa eýe bolan, edebi döredijiliginde döwletlilik ýörelgelerini, belent ynsanperwerligi wagyz eden söz ussadyny hormatlap, üstümizdäki ýylyň Magtymguly Pyragy bilen baglanyşykly atlandyrylmagynda halkymyzyň akyldar şahyryna bolan beýik sarpasy öz beýanyny tapýar. Şunuň bilen baglylykda,  merdana halkymyzy milli mirasymyzy, ruhy gymmatlyklarymyzy has çuňňur öwrenmäge, dünýä ýaýmaga ruhlandyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ösüşli ýollary jemgyýetimizde bolup geçýän taryhy wakalar bilen şöhratlanýar. Bu ýylda ýurdumyzda gazanylýan beýik ösüşler, ýetilýän belent sepgitler göwünleri galkyndyrýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda beýik ösüşleriň gazanylmagy akyldar şahyrymyzyň her döwürde-de öz gymmatyny ýitirmedik   şygyrlarynyň, pikir-garaýyşlarynyň il-ýurt bähbitli durmuşa geçirilýän işlerde ebedi ýol-ýörelgämize, ruhy goldawymyza öwrülýänligindendir.

Mertlik mekdebiniň beýik nusgasy

Ýyllar ötüp, heňňamlar aýlansa-da, döwürler özgerse-de, bir hakykaty durmuş aýan edip gelýär. Ol hem Watanyny jany-teni bilen söýüp, är işini bitiren, mertlik, edermenlik görkezen gerçekleriň adynyň dilleriň senasyna öwrülenliginde, halkyň hakydasynda baky orun alanlygyndadyr. Hawa, türkmenleriň gadymy geçmişiniň bolşy ýaly, şöhratly taryhy-da bar. Şol taryhy şöhratlandyranlar halk gahrymanlary, Watan gerçekleridir. Olar öz atlaryny taryha hem-de halkyň hakydasyna watansöýüjilikleri, edermenlikleri, bitiren beýik işleri bilen bilelikde, özlerine at, ata Watana şöhrat getirdiler. Görnükli şahsyýetler ýene-de bir uly hyzmaty ýerine ýetirdiler, ýagny adamkärçiligiň beýik häsiýetleri bolan watansöýüjiligi, edermenligi, mertligi, batyrlygy, parasatlylygy, ynsanperwerligi, zähmetsöýerligi soňraky nesilleriň terbiýesinde şöhlelendirmegi başardylar.

Magtymguly adamzadyň kalbynda

Bu gün Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň dürdäne döredijiligi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary arkaly dünýäniň edebi hazynasyna goşulyp, täze lowurda, özboluşly öwüşgine eýe boldy. Milli Liderimiziň Magtymguly Pyraga goýýan belent sarpasy döwet galamyndan çykan «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly ajaýyp kitabynda çuňňur beýan edilýär. Magtymguly atamyzyň paýhas äleminiň syrlaryny jahan şalygyna parlak Gün kimin saçýan bu kitap her bir adam üçin beýikdir. Kitabyň dürli dillere terjime edilmegi bilen, akyldar şahyryň parlak ýyldyz kimin nur saçýan şygryýet älemi ynsanyýet kalbynyň töründe täze şuglazarlygy döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň düýpli aladasy bilen dana şahyryň şygyrlar ýygyndysy Aziýa, Ýewropa, Amerika, Uzak Gündogara, Ýuwaş umman sebitlerine ýaýrady. Dana Pyragynyň adamzat kalbyny şuglalandyrýan pähim-paýhasyň dür hazynasyna öwrülen döredijiligi häziki zaman ýaşaýşyny öňe ilerletmekde möhüm şert bolup durýar. Çünki akyldaryň her bir setiri geçmişiň, şu günüň, geljegiň çuňňur many-mazmunyny özünde jemläp, adamzat ykbalynyň ýeke-täk çözgüdi hökmünde öňe çykýar. Halklaryň ýaşaýşynyň düýp özenini açyp görkezmek bilen, olara durmuşda ýagşy bolup ýaşamak üçin näme etmelidigini, nähili bolmalydygyny özboluşly akademiki mekdebiň — ýiti danalygyň, öňdengörüjiligiň hem weliligiň üsti arkaly düşündirýär.

Çözgüt

«Adyň dünýä doldy, dana Pyragy» atly bäsleşige (Hekaýa)

Eziz Watanym!

Bu ýüregim ýagşy päle beslengi,Men seni söýýärin, eziz Watanym!Diňläp dürli guşlaň şirin seslerni,Men seni söýýärin, eziz Watanym! Diline alýandyr öýtmegin welin,Meniň päk söýgüme Ýaradan emin.Özümi yşkyňa düşürip elin,Men seni söýýärin, eziz Watanym!

«Ynha, mawy deňiz tolkunyp ýatyr, Bir ümmülmez hyýal ýaly hamala»

Pikirlenmek üçin uzaklara seredilýär. Üstesine-de, nazarlar alysdaky nokada gezelýär. Bu, ýakyn aralyga seretmek bilen hem ýüze çykyp biler. Barybir, köpler üçin uzak aralyga seredip pikirlenmek ýagşy. Diýmek, pikirlenmäge uzak gözýetim juda oňaýly bolmaly. Bilermenleriň bellemeklerine görä, adamzadyň pikirleniş çäginiň has işjeňligini artdyrmak üçin gözýetim aralygy hem-ä daş hem-de giň bolmaly eken. Onuň üçin bolsa, elbetde, göz öňümizde deňiz janlanýar. Netijede, birinjiden-ä, ençeme ylmy açyşlardyr ajaýyp döredijilik eserlerini döretmek meýilleriniň aglabasynyň deňziň kenarynda başlanmagydyr. Ynsanyýet ähmiýetli işleriň ýüze çykmagyna sebäp bolmagy, bu, eýýäm onuň aňasty pikirlerimizi durlaýandygyndadyr. Ikinji ähmiýeti bolsa, hemmämize-de mälim — bu onuň maddy baýlyklarydyr. Gör, islendik tarapdan seredeniňde-de, deňziň adamzat durmuşyndaky ähmiýeti örän uly. Muňa şübhe bolup bilmez. Ýene bir bellemeli zat, deňiz, kenarýaka halklaryň birek-birege bolan hormatyny pugtalandyrýar, gatnaşyklary jebisleşdirýär. Goý, ol ykdysady babatda bolsun, ýa bolmasa medeniýet we sungat ugrunda tapawudy ýok, barybir, ol halklar biri-birine goňşuçylyk goluny uzadýar. Sözüň doly manysynda, deňiz — köpri! Özi-de hem ruhy, hem-de maddy köpri. Ümzügi ilerleýän halklaryň deňiz bilen bagly durmuşy aýrylmaz baglanyşyklydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şeýle ajaýyp röwüşdäki jümlesi bar: «Altyn

Obaly oglanyň oýlary

Biriniň yşkyna düşmek, oňa düşünmegi aňlatmaýar. * * *

Döredijilik adamlarynyň durmuşyndan

ÝADYMDA GALAN PURSATLAR 1980-nji ýylyň tomsunda ýokary okuw mekdebine giriş synaglaryna taýýarlyk görülýän döwri dostum Esenmyrat Orazow ikimizi agam Annamuhammet duz-emek bolup gatnaşýan dosty şahyr Atamyrat Atabaýewlerde ýerleşdirdi.

Güýz

Bulutlar hut ýere degäýsem diýýär, Ýöne olar ýere degip bilenok.

Tymsal

ÜÇ GÜNÄ Dana kişi:

Konfusiniň pähimlerinden

Dostlaryň üç hilisi peýda, üç hilisem zyýan getirýär. Bularyň birinjisine adalatly, päk ýürekli hem aňly-paýhasly dostlar, ikinjisine bolsa, ýaranjaň, ikiýüzli hem ýalan söze baý, dilewar dostsumaklar girýär.

Dünýä bilen söhbet (Pelsepewi oýlanma)

Mahal-mahal tebigata çykyp, dünýewi pikirler bilen darkaş gurmak meniň ömürlik endigime öwrülipdir. Pikirler köplenç dünýä, tebigat, söýgi, ene hakda bolýardy. Ynha, bu gün hem köneki tanyş düşelgede aýak çekdim, harsaň daşyň üstünde çöküp, müň öwrümli dünýä hakda pikir-oýlara batdym. Kalbymda bolsa «Söý meni, dünýä!» diýen jümleler şol ýaňlandy durdy. Elbetde, köňül ýazgylary dünýä bilen özara hyýaly söhbetdeşlikden başlandy... Dünýä, saňa akyl ýetiresim, seniň many-mazmunyňy sähraňda açylan güller kimin tiresim geldi. Serimden çeşme-çaýlar towlanyp-tolkunyp akyp geçýän wysallarymy, gökde pelpelläp ganat kakýan asman guşlary kimin tükeniksiz pikirlerimi — pelsepelerimi serimde jemläp, olardan özboluşly paýhas çemenini bogup başladym. Bularyň bary sen hakda, dünýä! Diňle, öz öwreden durmuş tejribeleriňi dogry ulanyp, ýaşaýşyň şerhine dürs düşünmäge synanyşyp bilipdirinmi?!

Baýlyk zähmetdedir

Gadym zamanda bir odunçynyň güni agyrlaşyp, maşgala eklemäge-de gurby ýetmändir. Günde tokaýa gidip, birki bogy odun ýygnaýan odunçy getiren odunlaryny şäheriň bazaryna äkidip satyp, gün-güzeranyny dolandyrýan eken. Ýöne olaryň hemmesini satsa-da, gazanan puly maşgalasyny dolandyrmak üçin ujypsyzja bolupdyr. Günleriň birinde bir ýaşuly dana odunçyny ýolda görüp, onuň kösenip ýörenine rehimi inipdir. Ol odunçynyň tokaýyň bir çetinden girip, şol ýerden hem işini bitirip, yzyna dolanýanyny görüpdir. Dana ýaşuly odunça:

Ermeni şygryýeti

Saýat-Nowa (1712 — 1795) * * *

Güýz oýlanmasy

Säher bilen öwüsýän adaja şemaly ýüzüňe degip, ýaňagyňdan sypap geçende, uludan dem alyp, güýzüň ýakymly howasyndan lezzet alýarsyň. Daş-töweregiňe göz aýlanyňda bolsa, tebigatyň özboluşly gözelligine haýran galýarsyň. Güýz gülleri açylyp gözellik eçilse, ýapraklar birden-ikiden tänip agaçlardan gaçýar. Ýere düşelen sary ýapraklaryň arasyndan jyklaýan güýz gülleri göwnüňi göterýär. Asuda asmanyň ýüzüni bir-biri bilen ýaryşýan bulutlar tutupdyr. Görseňizläň, parahat asmanymyzyň bezegi bolan guşlar hem bulutlaryň arasynda gizlenpeçek oýnaýan ýaly. Olar ak bulutlaryň eýlesinden-beýlesinden çykyp, mähriban Diýarymyzyň asuda asmanynda erkana uçýarlar. Säheriň ak daňynda hoşowazy bilen dünýämizi bezeýärler. Asmanda hatar gurap barýan durnalar bolsa, geljek ýyl dolanyp, ýene-de güneşli ata Watanymyzda mesgen tutunarlar. Birdenkä-de, bulutlaryň arasyndan altyn tyglaryny bize baka gönükdirip Gün çykar. Enäniň elleriniň ýylysy deýin, nurly şöhlesi kalplarymyza ýylylyk çaýar.

Barlag işi (Hekaýa)

Oraz bilen Geldi bir synpda okaýardy, özlerem ýakyn dostdy. Geldä garanyňda Oraz ähli sapaklardan hemişe gowy bahalar alardy. Esasan hem, takyk ugra degişli dersleri içgin öwrenýärdi. Mekdep kitaphanasyna baryp, özbaşdak kitap okaýardy. Dostlar öý işlerini hem köplenç bile ýerine ýetirýärdiler. Ynha, bir günem şeýle waka boldy. Oraz näsaglap iküç gün mekdebe gelmedi. Şol günlerde mugallym algebra dersinden barlag işini aldy. Okuw ýylynyň başyndaky geçilen temalary gaýtalamak hem-de okuwçylaryň sapaklary özleşdirip bilşine baha bermek maksady bilen alnan barlag işi bu gezek Geldä diýseň kyn düşdi. Näme etjegini bilmän, ýantorbasyndan garalamasyny çykaryp, berlen mysallary işlemäge durdy. Mysallar geçilen temalar boýunça bolsa-da, juda nätanyşdy. Öz ýanyndan: «Wah, şu wagt Oraz bolan bolsa bolmaýarmy?! Derrew işlärdi bu mysallary. Ýeri, mugallymam barlag işi Orazyň gelmedik güni alaýmalymy diýsene?!» diýip, içini hümletdi. Gaýtadan synp tagtasyna seretdi. Näçe seretse-de, mysallardan ýekejesini işläp bildi. Onýança jaň kakyldy, mugallym depderleri ýygnady. Okuwçylar bolsa arakesmä çykdylar.