"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Halypa şahyry ýatlap

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe geçmiş taryhymyzy, edebi mirasymyzy öwrenmäge, öz ýaşan döwründe uly yz galdyran, at-abraý gazanan şahsyýetlerimizi ýatlamaga giň mümkinçilikler döredilýär. Golaýda Esenguly etrap häkimliginiň, etrap bilim bölüminiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda «Şahyr Anna Kowusow — biziň obadaşymyz» ady bilen Türkmenistanyň halk ýazyjysy Anna Kowusowyň doglan güni mynasybetli mekdebimizde guralan çärä şahyryň dogan-garyndaşlary, obadaşlary, medeniýet işgärleri, edebiýata höwesjeň okuwçylar gatnaşdylar.

Şöhratly taryhyň beýany

Garaşsyz Watanymyzda şanly Bitraplyk baýramyny garşylaýan günlerimizde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby ajaýyp sowgat bolup ellerimize gowuşdy. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň şöhratly taryhy hakynda toplan ençeme maglumatlaryny jemläp, zehin eleginde eýläp ýazan täze kitabynda şöhratly taryhymyzyň beýany, türkmen medeniýetiniň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy täsirli beýan edilýär. Täze kitap Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurmak hakyndaky syýasatynda döwlet ýolbaşçysy hökmünde uzak ýyllaryň dowamynda toplan tejribesiniň, galyberse-de, türkmeniň taryhynyň, halkymyzyň milli ýol-ýörelgeleriniň, ruhy-medeni derejesiniň beýleki halklardan tapawutlylygy hakyndaky taryhy-filosofiki oýlanmalarynyň beýanyny özünde jemleýär. Alym Arkadagymyzyň taryhçy hökmünde, filosof hökmünde, şeýle hem, döwlet gurmagyň, dolandyrmagyň, halklaryň arasynda parahatçylyk söýüjilikli gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň diplomatik ýollaryny bilýän başarjaň syýasatçy hökmündäki garaýyşlary täze kitabyň mazmunyndan eriş-argaç bolup geçýär.

Düýe ýüňi

Ulgam-ulgam gum depeleriniň arasyndan uzalyp gidýän sähra ýodalaryny yzarlap, uzak örüden dolanyp gelýän arwana düýeler ak ýaýla özboluşly gözellik berýär. Düýe maly halkymyzda ýedi hazynanyň biri hasaplanýar. Pederlerimiz düýe malyna aýratyn göz bilen seredipdirler. Lukman Hekim düýe malynyň süýdüniň müň bir derdiň dermanydygyny aýdypdyr. Beýik ýüpek ýolunyň esasy gatnaw serişdesi bolan, söwda gatnaşyklaryny amala aşyrmak üçin «çöl gämisi» adyny alan düýeleriň Türkmenistanyň çäklerinde mundan bäş müň ýyl ozal eldekileşdirilendigini tapylan arheologik tapyndylar subut edýär. Margianadan tapylan tapyndylardaky düýeleriň şekiljikleri baýlygyň nyşany hökmünde saklanylandygy çaklanylýar. Halkymyzda düýäniň ýüňi aýak astyna goýulmaýar. Şonuň üçin hem ondan ýorgandyr düşek, keçe edilmeýär. Düýe ýüňünden saçak hem-de çäkmenlik mata dokalýar. Düýe ýüňünden edilen egin-eşikler ýyly hem jana ýakymly bolýar. «Türkmen diliniň sözlüginde» düýäniň gapdal ýüňünden egrilip dokalýan nepis çäkmene agarçäkmen diýilýär. Çäkmen üçin arwana düýäniň gapyrga üstüniň ýüňleri alynýar. Şol ýüplügi-de arpa unundan edilen sowuk bulamagyň içine salyp goýup, biraz salymdan hem gaýnadyp çykarylýar. Arpa bulamagy düýe ýüňüne berklik berýär. Ýöne islendik düýäniň gapdal ýüňünden agarçäkmen dokalmaýar. Onuň üçin ýörite ýüň – torumyň ilkinji ýüňi gerek bolýar. Torumyň ilkinji ýüňi öz-özünden arkasyndan (gapdalyn

Adamzat kalbynyň şahyry

Türkmen nusgawy edebiýatynyň beýik akyldary, sarsmaz sütüni, milli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň çuňňur manyly, agzybirlige mertlige dogruçyllyga, il-gününe, Watanyna wepaly bolmaga çagyrýan ajaýyp şygyrlary asyrlar geçse-de öz gymmatyny ýitirmeýär, gaýtam ol has-da belende galýar. Şu ýyl ýurdumyzda akyldar şahyrymyz, dana atamyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilip geçilmegi milli şahyrymyzyň halkara derejesinde ykrar edilen edebi mirasyna goýulýan uly sarpadan nyşandyr. Magtymguly Pyragy adamzat kalbynyň şahyrydyr. Ol biziň kalbymyzdaky pikirimizi bilen ýaly hakykaty ýazypdyr. Akyldar şahyryň parastly sözleri biziň ýüregimiziň törinden orun alyp ýaşaýar. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary hakynda rus alymy Ýewgeniý Eduardowiç Bertelsiň sözleri bilen aýtsak “Magtymguly türkmeniň poeziýasynyň gymmatbaha daşlarynyň biri bolup, ol biziň zamanymyzda täze ýüzügiň gaşynda göziňi gamaşdyryjy şöhlesi bilen lowurdaýar”. Magtymguly Pyragynyň çuňňur mana ýugrulan şygyrlary ölmez-ýitmezdir. Magtymguly ähli döwürleriň, ähli ynsanlaryň şahyrydyr. Çünki şahyryň döredijiligi durmuşyň ähli ugurlary barada söz açýar. Halkymyzyň arasynda “Magtymgulynyň aýtmadyk zady ýok” diýilmegi hem muňa şaýatlyk edýär.

Kümüş hakda kelam

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň döredijiligi barada alymlardyr ýazyjy-şahyrlar örän köp işleri bitirdiler. Dana Pyragynyň edebi mirasy umman ýaly giň we çuň. Onuň içine aralaşdygyňça, täze giňişlikler açylyp gidip otyr. Biz şu ýazgymyzda Magtymguly Pyragynyň:

Çaga oýunlarynyň ähmiýeti

Türkmen halkynyň milliligini açyp görkezýän köp sanly däpleri, ýörelgeleri, şeýle hem gymmatlyklary bar. Olaryň ählisi hem terbiýeçilik ähmiýetlidir. Çünki halkymyz terbiýe meselesine, aýratyn hem, çaga terbiýesine aýratyn üns berýär. Halkymyz tarapyndan çagalar üçin milli oýunlaryň ençemesi döredilip, olar biziň günlerimize hem gelip ýetipdir. Milli oýunlaryň köpçülik, iki-üç, diňe gyzlar ýa-da oglanlar, gyz-oglan bilelikde oýnalýan, hereketli we az hereketli görnüşleri bar. Bularyň hemmesi hem çagalaryň birek-birek bilen dostlukly gatnaşyk etmek ukybyny kämilleşdiripdir. Geljekde adamlar bilen gatnaşmagyň iň gowy ýörelgelerini öwredýän milli çaga oýunlarynyň ähmiýeti örän uludyr. Ol oýunlar türkmeniň nesil terbiýesinde uly bir mekdep bolup hyzmat edip gelýär. Halkymyz milli oýunlaryň oýnalyş düzgünlerini çaga terbiýesine gönükdirmegi başarypdyr.

Müňýyllyklara 30 ýyllyk syýahat

Gadymy topragymyzyň «Asty-da, üsti-de altyn» diýleni. Sebäbi bu topraga ylmyň dilinde gulak salyp bilseň, müňýyllyklaryň aňyrsyndaky şöhratly menziller barada gyzykly söhbetleriň şaýady bolýarsyň. Bilelikdäki türkmen-fransuz ekspedisiýasy hem 30 ýyl bäri şeýle söhbetleri dünýä jemgyýetçiligine ýetirip gelýär. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde 22-nji noýabrda açylan «Türkmen-fransuz arheologiki ekspedisiýasy. 30 ýyllyk arheologiki işler: Ulugdepe» atly hemişelik sergi hem şu geçen döwürde alymlaryň bitiren işlerine bagyşlanypdyr. Sergide görkezilen 230-dan gowrak eksponatyň her biri gadymy topragymyzyň taryhy geçmişiniň şaýady. Has dogrusy, olar paýtagtymyzdan 170 kilometr uzaklykda ýerleşýän Ulugdepe ýadygärliginde alnyp barlan gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan tapyndylar. Miladydan öňki VI müňýyllykdan parfiýa, sasanylar döwrüne çenli aralygyň şaýady bolan taryhy ýadygärligiň Merkezi Aziýada başga ýokdugy Ulugdepäni has-da özüne çekiji edýär. Şonuň üçin-de türkmen-fransuz alymlarynyň 30 ýylky zähmetiniň miweleri bolan tapyndylar taryhyň dürli döwürlerini öwrenýän alymlardyr talyp ýaşlarda uly gyzyklanma döredýär.

Gaýyby nika

Işigimizdäki gelinbarmak üzümli teläriň aşagyndaky tagta seki, kakam aýtmyşlaýyn: «Bagy-zagan — zenanlar köşgüdi». Kakamyň bu diýmegi 1400-nji ýyllarda hyratly türkmen Gara Ýusubyň uýasy Göwherşadyň zenanlar üçin ýörite saldyran bagly-bakjaly mekdebini aňladýardy. Uzyn-uzyn tomus günleri goňşy daýzalar, eneler alajalyk ýüplerini, jorap örýän ýumaklaryny alyp, ertir guşlukda gelişlerine günortanyň öň ýany dagardylar. «Gep başy — iňňejik» edip, öýden getiren toşapdyr mürepbesini, etlidir ýagly nanyny, göklüdir kädili gutabyny orta üýşürip, oba täzeliklerinden başlaýan öý bikeleri bir gürrüňe gyzansoň, geçmişiň gatyna siňip giderdiler. Tumar şa, Selime soltan, Soltan Sanjaryň ejesi Ogulsapar, Jelaleddin Menguberdiniň ejesi Aýjeren, Agaýunus peri, Uzan mama dagy hamala diýersiň goňşuçylykda ýaşan köne tanyşlary ýalydyr. Bir sapar Nury mama zenan ömrüni sanap, «Gulpakly, gabak, ulugyz, malygeçen, gelin, gaýtarma, keýwany, oral aýal, ene-mama, kempir» diýip oturyşyna, gaýyby nikaly başy boglany-da ýatlady welin, goňşy gelinleriň biri: «Kasymyň enesem käte-käte parsylaberýär» diýdi.

Gymmatly tapyndylar muzeýe gowşuryldy

Türkmenistanyň gadymy medeni ýadygärliklerini öwrenmek boýunça Türkmen-fransuz arheologik toparynyň (MAFTUR) döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky gadymy Ulugdepe taryhy-medeni ýadygärliginden tapylan arheologik tapyndylary Şekillendiriş sungaty muzeýine gowşurmak dabarasy geçirildi. Oňa iki ýurduň arheologiýa ylmyny öwrenýän alymlary, taryhçylary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar hem-de dostlukly döwletiň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň wekilleri gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylaryň belleýiş­le­ri ýaly, Merkezi Aziýanyň gadymy ilatynyň oturymly ýaşaýşa geçişiniň, ekerançylyk medeniýetiniň emele gelşiniň we ösüşiniň taryhyny öwrenmekde Türkmenistanyň arheologik ýadygärliklerine aýratyn orun degişlidir. Şeýle gymmatly taryhy-medeni ýadygärliklere baý bolandygy we olaryň düýpli öwrenilmeginiň dünýä alymlarynda uly gyzyklanma döredýändigi göz öňünde tutulyp, Türkmenistanyň gadymy medeni ýadygärliklerini öwrenmek boýunça Türkmen-fransuz arheologik topary (MAFTUR) döredildi. Türkmenistanyň Ylymlar aka-demiýasynyň we Fransiýanyň Milli ylmy-barlag merkeziniň arasynda baglaşylan ylalaşyga laýyklykda döredilen bu topar 1994-nji ýyldan bäri ýurdumyzyň dürli ýerlerindäki taryhy ýadygärlikleri öwrenmek boýunça türkmen alymlary bilen bilelikde arheologik gözleg işlerini alyp bardy.

Türki dünýäniň ýaş döredijileri da­na Py­ra­gy­ny we Äne­wi wasp et­di­ler

Paý­tag­ty­myz­da­ky «Aş­ga­bat» myh­man­ha­na­syn­da Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­na (TÜRK­SOÝ) ag­za döw­let­le­riň me­de­ni­ýet mi­nistr­le­ri­niň he­mi­şe­lik ge­ňe­şi­niň 41-nji mej­li­si­niň çäk­le­rin­de tür­ki dil­li ýurt­la­ryň ýaş­la­ry­nyň ara­syn­da düz­me ýaz­mak we su­rat çek­mek bo­ýun­ça ozal yg­lan edi­len dö­re­di­ji­lik bäs­le­şik­le­ri­niň ýe­ňi­ji­le­ri­ni sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy hem ge­çi­ril­di. Oňa TÜRK­SOÝ-nyň Baş sek­re­ta­ry S.Ra­ýew, tür­ki döw­let­le­riň de­giş­li mi­nistr­lik­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry, ýur­du­my­zyň Bi­lim, Me­de­ni­ýet mi­nistr­lik­le­ri­niň we ola­ryň ga­ra­ma­gyn­da­ky eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­dyr we­kil­le­ri, dö­re­di­ji­lik bäs­le­şik­le­ri­niň ýe­ňi­ji­le­ri gat­naş­dy­lar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, 2024-nji ýy­lyň «Tür­ki dün­ýä­si­niň be­ýik şa­hy­ry we akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ýy­ly», Änew şä­he­ri­niň şu ýyl­da «Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty» diý­lip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li, TÜRK­SOÝ ta­ra­pyn­dan tür­ki dil­li ýurt­la­ryň mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň ara­syn­da «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy — akyl­dar we şa­hyr» di­ýen at bi­len düz­me ýaz­mak us­sat­ly­gy bo­ýun­ça hem-de tür­ki döw­let­le­riň ýaş su­rat­keş­le­ri­niň ara­syn­da «Tür­ki halk­la­ryň me­de­ni mi­ra­sy we Änew me­de­ni­ýe­ti» at­ly hal­ka­ra dö­re­di­ji­lik bäs­le­şik­le­ri yg­lan edil­di. «Aş­ga­bat» myh­ma

Ýol­lar ýe­ne Äne­we ge­tir­di...

Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy (TÜRK­SOÝ) bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry­ny üs­tün­lik­li ama­la aşyr­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän sy­ýa­sa­tyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Türk­me­nis­ta­nyň ga­dy­my Änew şä­he­ri­ni 2024-nji ýyl­da «Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty» di­ýip yg­lan et­mek ba­ra­da­ky çöz­gü­diň ka­bul edil­me­gi mu­nuň aý­dyň gü­wä­si­dir. Änew şä­he­ri­niň bu ab­raý­ly de­re­jä eýe bol­ma­gy bi­len bag­ly­lyk­da, ýy­lyň do­wa­myn­da ýur­du­myz­da dür­li maz­mun­ly çä­re­ler ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. 16-njy no­ýabr­da bol­sa Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­ra­by­nyň «Now­ruz ýaý­la­syn­da­ky» «Türk­me­niň ak öýi» bi­na­syn­da şol çä­re­le­ri jem­le­mek da­ba­ra­sy hem-de onuň çäk­le­rin­de tür­ki döw­let­le­riň sun­gat us­sat­la­ry­nyň kon­ser­ti bol­dy. Da­ba­ra gat­naş­mak üçin bu ýe­re Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň me­de­ni­ýet ul­ga­my­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän orun­ba­sa­ry, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň, ýur­du­myz­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry hem-de we­kil­le­ri ýyg­nan­dy­lar. Hor­mat­ly myh­man­la­ryň ha­ta­ryn­da Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň, TÜRKSOÝ-na ag­za d

Geçmişden janly ýadygär

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda belleýşi ýaly, asyrlar aşyp, şu günlerimize gelip ýeten batyrgaý alabaý itleri türkmen halysy, ahalteke bedewleri bilen deň hatarda halkymyzyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýşynyň mysalydyr. Şundan görnüşi ýaly, türkmen alabaýlarynyň halkymyzyň durmuşyndaky orny uludyr. Üstünden nijeme heňňamlar geçse-de, mizemän saklanan taryhyň küt-küt sahypalary türkmen alabaýlary hakda buýsandyryjy maglumatlary habar berýär. Bu hakda iň gadymy ýazgylar Marguş topragynda dörän otparazçylyk dininiň mukaddes kitaby «Awestada» beýanyny tapypdyr. Kitabyň «Widewdat» bölüminiň «It» babynda itleriň adamzat üçin gününi uklaman geçirýän, ýiti, ötgür dişli, dünýäni goramak üçin döredilen jandardygy aýdylýar.

Sazlarda uza öwrülen şygyrlar

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlary halkymyzyň milli mertebesini belende göterýär. Ol paýhaslylygyň, adamkärçiligiň, adyllygyň nyşany bolup, her bir türkmen üçin nusgalyk ýörelgedir. Beýik taryhy maksatlary nazarlaýan halk öňde goýýan wezipelerine ýetmek üçin etmeli hereketlerine çeşme bolarlyk gujury akyldar şahyryň döredijiliginden alýar. Magtymguly Pyragynyň beýik şahsyýeti indi üç ýüz ýyldan bäri türkmeniň ýüreginde ýaşap gelýär. Beýik şahyryň paýhasly şygyrlary halkyň kalbyna tenekar. Şeýle hem beýik Pyragynyň bütin döredijiligi milli ýörelgelere netijeli gulluk etmegiň aýdyň mysalydyr. Milletiň täze bir belentlige galmagy üçin zerur bolan ruhy gözýetimleri we ahlak gymmatlyklaryny açan Magtymguly Pyragydyr.

Çal, dutaryň, sözleşeli!

Öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli mirasymyzy öwrenmek, baýlaşdyrmak we dünýä ýaýmak baradaky tutumly işler Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe sürülýär. Şunuň netijesinde asyr yzlap, biziň günlerimize gelip ýeten milli mirasymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň mukaddesliklerine eýe bolup, ähladamzat gymmatlyklarynyň derejesine göterilýär. Türkmen dutary hem şeýle gymmatlyklarymyzyň naýbaşysydyr. Hut şeýle bolansoň halkymyzyň dutar ýasamak senetçiligi we bagşyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Şan-şöhraty barha artýan milli saz guralymyzyň telim-telim asyrlary kökerip geçen taryhy ýoly, onuň ýokary kämillik derejesine göterilişi, elbetde, ildeşlerimizi gyzyklandyrýan mesele. Bu barada biz welaýat ýörite sungat mekdebiniň ýokary derejeli mugallymy Mährem Jumaýew bilen söhbetdeş bolduk. — Mährem, söhbedimizi türkmen dutarynyň asyl kökleri baradaky gürrüň bilen başlaýaly.

Şahyr kalply halyçydy

Halk arasynda özüniň ýaşan döwründe ýiti zehini bilen özboluşly yz galdyran zenanlar az däl. Şolaryň biri-de şahyr, folklorçy, ýagny edebi mirasy aýdyjy we il arasynda ýaýradyjy zenan Hajarbibi Nepesowadyr. Ol 1901-nji ýylda gojaman Hazary ýakalap oturan häzirki Esenguly şäherinde dünýä inýär. Hajarbibiniň atasy, XIX asyrda ýaşap geçen Allaguly Saýatly hem il arasynda şahyr hökmünde tanalypdyr, kakasyna-da Rejep ahun (Rejep Allaguly) diýer ekenler. Ol-da öz döwrüniň ylymly adamlarynyň biri bolupdyr. Uly ahun hökmünde tanalan Rejep aga talyplara bilim beripdir. Kakasynyň öz talyplarynyň arasynda sylagynyň örän uly bolandygyny şahyr zenan goşgularynyň birinde: «Ajaýyp dereje bardy başynda,// Sypaýy goçaklar degre-daşynda» diýip, aýratyn ýatlap geçýär.

Keşdesinde edebi

El hünäri mähirban ene-mamalarymyzyň ýaş nesillerimize miras goýan gadymy sungatlarynyň biridir. Bu sungat asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere dowam edip gelýär. Muny her bir ene gyz perzendine öwredip, dürli el işleriniň has-da kämilleşmegini gazanypdyr. Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly ajaýyp kitabynda: «Akgaýma tahýaly oglanlara, gültahýaly gyzlara, öýme ýaglykly gelinlere, ak gyňaçly enelere, çäkmenli atalara gözüň düşende, pederlerimiziň pähim-paýhasy siňen milli gymmatlyklarymyzyň, asylly ýörelgelerimiziň, gadymy däp-dessurlarymyzyň dowamlydygyna buýsanjyň goşalanýar» diýip, belleýär. Eli çeper gelin-gyzlarymyzyň ene-mamalarymyzdan miras galan keşde nagyşlaryna häzirki döwrüň ruhuna laýyk täze öwüşginleri berip, bu sungaty has-da baýlaşdyrýandyklary diýseň guwandyrýar. Türkmen gelin-gyzlarynyň el işlerinde gözel tebigatymyza bolan çäksiz söýgi öz ornuny tapýar. Eli çeper gyz maşgalalar ogluny öýli-işikli etmegiň ugruna çykan enelerimiziň hem gözleginde bolupdyr. Bu barada il arasynda şeýle gürrüň hem bar. Eneleriň biri ogul öýermek niýetiniň bardygyny aýdyp, kimiň gapysyny kakmalydygyny soranda, ýaşy birçene baran garry eneleriň biri: «Aljak gyzyňyzyň eli çeper bolsun. Gyz maşgalanyň sünnäläp edýän keşdesinde edebi görnüp durandyr. Ogul bolsun, gyz bolsun, tapawudy ýok, hünärli adam öýüň berekedine bereket, ömrüňe ömür goşýandyr» diýipdir.

Tebigy boýaglaryň çeşmesi

Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň gadymy sungaty bolan halyçylyk sungaty barada «Janly rowaýat» atly kitabynda ýerli ösümliklerden alynýan tebigy reňkler, dürli boýaglar barada hem gymmatly maglumatlary berýär. Gözel türkmen tebigatynda boýag ösümlikleriniň uly gory jemlenendir. Asty-üsti baýlyk bolan tebigatymyz tebigy boýaglaryň çeşmesidir. Bir söz bilen aýdanymyzda, eziz Diýarymyzda boýag ösümlikleriniň iki ýüzden gowrak görnüşi bar. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, olaryň ýüzden gowragy senagat ähmiýetli bolup, halk önümçiligi üçin gymmatly çig mal bolup durýar. Boýagçylykda giňden ulanylýan ösümlikleriň hatarynda hozy, nary, yşgyny, syýagy, saryçöpi, çetiri, çakyrtikeni, zirki, zagpyrany, böwürsleni, üzärligi görkezmek bolar. Bu işi sungat derejesine ýetirmegi başaran pederlerimiz diňe yşgynyň özünden ýedi görnüşli boýag almagy ussatlyk bilen başarypdyrlar. Şu ösümliklerden taýýarlanylan boýaglar ýiti we durnukly bolýar. Boýalan ýüplügiň reňk öwüşginleri-de owadan bolýar. Üzärligiň dänesidir köki hem boýag almak üçin gymmatly çig maldyr. Hoz, nar agaçlarynyň miwesiniň we soganyň gabygynyň, üzümiň çigidiniň düzüminde hem boýag serişdeleri bar. Boýag ösümlikleriniň arasynda çöl ösümlikleri-de köp. Olaryň hatarynda halkymyzyň humly hazynasy bolan gözel Garagum sährasynyň bezegi bolan çogan, çerkez, sözen, gandym, sazak, çaly, borjak, ýowşan ýaly ösümlikleri görkezmek bolar. Ob

Tamdyr — agzybirligiň nyşany

Türkmen halkymyzda ýeke-täk zatlar mukaddes hasaplanylýar. Şeýle bolansoň, olar hemişe ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz tarapyndan hemişe eý görlüp gelnipdir. Tamdyr hem şeýle mukaddeslikleriň biridir. Il arasynda ir döwürlerden bäri tamdyr ussatlary uly hormatdan peýdalanypdyrlar. Obamyzda ýaşaýan Aýbölek eje-de ökde tamdyr ussatlarynyň biridi. Oba arasynda onuň ady «Bölek eje» diýlip uly hormat bilen tutulýar. Oňa tamdyr salyp ber ýa-da suwap ber, şeýle-de bu işlere kömek berip, hemaýat et diýseler onuň hiç ýadamasy-ýaltanmasy bolmazdy. Bölek eje bu işden lezzet alardy. Ol dynç alan wagty hem tamdyr bilen baglanyşykly ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlar, ýol-ýörelgeler barada höwes bilen gürrüň bererdi.

Pirli tamdyr

Halkymyz tamdyry mukaddeslige deňeýär. Onda bişirilýän mele-myssyk çörek lowurdap dogýan Güne meňzeýär. Dürli ýyllaryň dowamynda toplanan etnografiýa çeşmelerinde pederlerimiziň tamdyr gurmak işi bilen bagly gyzykly maglumatlar hasaba alnypdyr. Ýurdumyzyň çäginde geçirilen arheologiýa gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda hem türkmen maşgalasyna öňden mahsus bolan käbir dessurlar hasaba alyndy. Ylmy derňewleriň netijesinde gadymy Marguşdan, Orta asyr Merwden, Köneürgençden, Şähryslamdan we Dehistan ýaly beýleki ýadygärliklerden gadymy tamdyr yzlary ýüze çykaryldy. Bu barada taryhçy alym Annageldi Gubaýew: «Merwden we Könegaladan (Aşgabadyň etegindäki Köşi obasy) biziň eýýamymyzyň III asyryna degişli el degirmenleri tapyldy. Owal daş owguçda owradylan däneden nämäniň bişirilendigini anyk aýtmak kyn... Ýöne degirmenden çykan unuň peýda bolmagy bilen ýalpyldap duran çörekleriň bişirilip başlanandygyny çaklamak mümkin. Biziň pikirimizçe, türkmen tamdyrlarynyň-da has ýönekeýje görnüşleri baryp, şol zamanlarda ýüze çykypdyr» diýip ýazýar.

Gurama – halk senedi

Türkmen halkynyň medeni däp-dessurlaryndan, edep-ekramlaryndan gözbaş alýan amaly-haşam sungatynyň birnäçe görnüşleri bar. Olaryň arasynda asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelen mata gurama işi özüniň köp öwüşginliligi we rejeli gurnalyşy bilen tapawutlanýar. Türkmen gelin-gyzlarynyň yhlas bilen owunjak mata bölejiklerini birikdirip emele getirýän taslamasy bezeg işleriniň gadymy hem naýbaşy görnüşleriniň biri hasaplanylýar. Matalary ýerlikli ulanmagyň özboluşly şertleri we kadalary bar. Bu el hünäri zenanlaryň milli köýnekleriniň ýeňiniň el sapynda, begeýikde, ýakanyň iki gapdalynda we arka tarapyndaky sanjaklarynda, geýimlerde, kürtelerdir çyrpylaryň ýeňleriniň ujunda ulanylypdyr. Ondan başga-da, çaga egin-eşikleri bolan kürtekçeleriň, kirlikleriň, gulakjyndyr sümmen tahýalarynyň mata gurama usulynda bezelendigini görmek bolýar.