"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

«Altyn kölüň» kenarynda

Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 12-nji fewralynda geçiren giňişleýin mejlisinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän «Altyn kölüň» kenarynda häzirki zaman dynç alyş zolagyny döretmek, bu ýerde ekologiýa şertlerini has-da gowulandyrmak, kölüň kenaryny şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin amatly ýerleriň birine öwürmek maksady bilen, 2021 — 2024-nji ýyllarda dynç alyş zolagyny gurmak hakynda Karara gol çekmegi aýratyn guwandyryjydyr. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşen «Altyn kölüň» kenarynda geçen ýyl ähli amatlyklary bolan häzirki zaman dynç alyş düzüminiň kemala gelendigi taryhy hakykatdyr.

Ekologiýa özgertmeleri

Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň daşky gurşawy goramak we onuň abadançylygyny üpjün etmek bilen bagly syýasaty jemgyýetiň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilendir. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 12-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da ýaýbaňlandyrmak hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ekilýän bag nahallarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, Karara gol çekmegi ildeşlerimiziň göwün guşuny ganatlandyrdy. Karara laýyklykda, ýurdumyzda 2021-nji ýylda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň, şol sanda ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat şäheriniň häkimligine 10 million düýp nahalyň, welaýatlaryň häkimliklerine 20 million düýp nahalyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Miweli bag we üzüm nahallarynyň aýratyn kesgitlenen ýer böleklerinde görnüşleri boýunça ekilmegini hem-de ekilen saýaly, pürli, miweli bag we üzüm nahallarynyň damjalaýyn usulda suwarylmagyny üpjün etmek babatda wajyp wezipeler kesgitlenildi.

Ekologiýa abadançylygy

Ekologiýa we daşky gurşawy goramak derwaýys meseleler bolmak bilen, dünýä döwletleriniň gyzyklanmasyny özünde jemleýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz bu ugurda nusgalyk işleri durmuşa geçirýär. Biodürlüligi we tebigy gözelligi gorap saklamak boýunça ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär we Köpetdagyň eteklerinden Sarygamyş kölüne, Amyderýadan Hazaryň kenarlaryna çenli, ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremek bilen baglanyşykly iri maksatnamalaýyn işler ýokary depginlerde amala aşyrylýar. «Tebigaty goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi barada», «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, «Tokaý kodeksi» we beýlekiler bu maksatlary durmuşa geçirmekde hukuk esaslaryny emele getirýär. Howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýa hem-de «Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy işlenip taýýarlanylyp, ýörite meýilnama laýyklykda, ýaşaýyş üçin zerur bolan tämiz howany üpjün etmek hem-de türkmen tebigatyny has-da gözelleşdirmek maksady bilen her ýylyň ýaz we güýz möwsüminde bütin ýurdumyz boýunça millionlarça düýp miweli, saýaly, pürli, şeýle-de üzüm nahallary ekilýär. Mundan başga-da ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligini gorap saklamakda ýurdumyzda hereket edýän döwlet tebigy goraghanalarynda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Daşky gurşaw we halkara gatnaşyklary

Hormatly Prezidentimiziň oňyn döwlet syýasaty netijesinde ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, «Açyk gapylar», hoşniýetli goňşuçylyk hem-de gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan döredijilikli daşary syýasy ugruny durmuşa geçirýär. Ata Watanymyz döwletara derejesinde netijeli gatnaşyklary ösdürmek bilen, köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Aral deňzi sebitinde durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak, onuň ýaramaz täsirini peseltmek maksady bilen, geljekde bu ugurda amala aşyryljak işler babatynda Aral milli maksatnamasyny işläp taýýarlamak üçin Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasynyň Konsepsiýasy we Düzgünnamasy tassyklanyldy. Konsepsiýa laýyklykda, Aral meselesini çözmek ugrunda dünýä, sebit we milli derejelerde uly tagallalar edilýär. Bu maksatnamanyň esasy maksady bolsa, ekologik we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmakdan we Türkmenistanyň çäginde Aral betbagtçylygynyň netijelerini azaltmakdan, ýagny adamzat üçin amatly şertleri üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Mundan başga-da, Maksatnamanyň wezipeleriniň hataryna Aral deňziniň suw zolaklaryny halas etmäge gönükdirilen çäreleriň, şeýle-de BMG-niň Aral deňzi meselesini çözmäge gönükdiril

Bir nahal ekseň, ýaşyň baky

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyz boýunça 30 million düýp nahal ekiler Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň jemlerine we şu ýylyň birinji aýynyň netijelerine bagyşlanyp geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyz boýunça 30 million düýp agaç nahalyny ekmek barada Karara gol çekdi. Bu asylly iş Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň esasyny düzmek bilen, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tebigy gurşawy abat saklamak, adamlaryň ýaşaýşy üçin oňaýly daşky gurşawyň hem-de estetikanyň sazlaşygyny emele getirmek ýaly wezipeleriň çözülmegi bilen berk baglanyşyklydyr.

Bagym — barym hem barlygym

Beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna — 30 million düýp nahal! Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň jemlerine we şu ýylyň birinji aýynyň netijelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzda 30 million düýp agaç nahalyny ekmek baradaky gol çeken Karary göwünleri galkyndyrdy. Şanly günleriň şanyny beýleki beýik işler bilen birlikde agaç nahallaryny köpçülikleýin ekmek arkaly dabaralandyrmak asylly däbe öwrüldi. Bu däpde geçmişe hormat, şu güne buýsanç, geljege ýagşy arzuw bar.

Ekologiýa diplomatiýasynyň möhüm ugurlary

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesini belleýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli ugurlar bilen bir hatarda, ekologiýa abadançylygyny gorap saklamakda, suwy rejeli peýdalanmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm ugurlaryň biri bolan ekologiýa babatda alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilmegine uly ähmiýet berilýär. Çünki ykdysady we ýaşaýyş-durmuş ulgamlarynda amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeler ekologiýa meseleleri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda möhüm ähmiýetli ekologiýa meselelerini çözmekde, daşky gurşawy goramakda, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmakda ýurdumyzda alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr hem-de bütin adamzadyň geljegine gönükdirilendir.

Gözelligiň gönezligi

Ekologiýa düşünjesi örän giňdir. Ol adamyň we onuň daşky gurşawynyň özara baglanyşygyny, sazlaşykly ösmegini göz öňünde tutýar. Watanymyzyň baýlyklaryny, tebigatymyzyň gözelliklerini gorap saklamak we köpeltmek, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek wezipeleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Milli Liderimiz ykdysadyýetiň pudaklarynda ekologik nukdaýnazaryndan has kämil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna uly üns gönükdirýär. Howanyň arassalygyna hem-de daşky gurşawyň ýagdaýyna gözegçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, ekologik standartlar hem-de gurulýan zawodlara, fabriklere, kärhanalara, durmuş maksatly desgalarynyň gurluşygyna bildirilýän talaplar kämilleşdirilýär. Milli ekologiýa syýasaty dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, Durnukly ösüş boýunça «Rio+20» halkara maslahatynda, «Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak» atly III Bütindünýä maslahatynda, VII Bütindünýä Suw forumynda we beýleki iri halkara maslahatlarynda öňe süren dünýä ähmiýetli başlangyçlary global ekologiýa meselelerini çözmäge Türkmenistanyň örän çynlakaý çemeleşýändigini görkezýär.

Ekologiýa kanunçylygynyň ösüş ugurlary

Dünýä ýüzünde daşky gurşawy goramak häzirki wagtyň aýratyn uly üns berilýän meselesi bolup durýar. Bu mesele biziň diýarymyzda hem ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Türkmenistan ekologik howpuň döwlet derejesinde nähili netijelere getirip biljekdigini we öz üstüne kabul edip alan halkara borçnamalaryny göz öňünde tutup, daşky gurşawy gorap saklamagyň hukuk esaslaryny öz Konstitusiýasynda, «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda, Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksinde we beýleki birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalarynda kesgitleýär. Türkmenistanda ekologiýa maglumatlaryna elýeterliligi, ýuridik we fiziki şahslaryň daşky gurşawyň ýagdaýy we tebigy serişdeler barada doly, dogry we öz wagtynda maglumaty almaga bolan hukuklaryny üpjün etmek maksady bilen, 2020-nji ýylyň 14-nji martynda «Ekologiýa maglumaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Täze kabul edilen Kanun ekologiýa maglumatlarynyň elýeterliligini üpjün etmegiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýär. Kanunyň 1-nji maddasynda ulanylýan esasy düşünjelere, adalgalara kesgitleme berilmegi, onuň durmuşa ornaşdyrylmagy üçin örän amatly bolup durýar.

Daşky gurşaw bilen bagly wezipeler

XX asyryň ikinji ýarymyndan başlap bütin dünýäde daşky gurşaw bilen baglanyşykly meseleleriň ýitileşmegi milli hem-de halkara derejesindäki çözgütleri talap edip, bu meseleleriň çözülmeginde döwletleriň tagallalaryny birleşdirmek zerurlygyny ýüze çykardy. Geçen on ýyllyklaryň dowamynda geçirilen ylmy barlaglaryň netijeleri biziň häzirki we geljek nesillerimiziň ilatyň çendenaşa köpelmegi, ekişe ýaramly ekin meýdanlaryň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy, arassa agyz suwunyň we azyk önümleriniň ýetmezçiligi, tebigy baýlyklaryň aşa köp ulanylmagy, howanyň ählumumy üýtgemegi we beýleki meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdigini görkezdi. 1972-nji ýylyň 5-nji iýunynda Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda taryhda ilkinji gezek daşky gurşawyň meselelerine bagyşlanan ählumumy maslahat geçirildi. Bu maslahat daşky gurşawyň meselelerine dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekdi we olaryň oňyn çözülmeginiň diňe ysnyşykly halkara hyzmatdaşlygy arkaly mümkin boljakdygyny subut etdi. Daşky gurşaw boýunça birinji ählumumy maslahatda döwletler daşky gurşaw bilen baglanyşykly meseleleriň ählumumy meselelerdigi babatda ylalaşdylar. Şunlukda, 1972-nji ýyldan başlap ekologiýa diplomatiýasy diýen düşünje peýda boldy. Häzir ekologiýa meseleleri milli we halkara jemgyýetçiliginiň gün tertibiniň iň esasy meseleleriniň birine öwrüldi. BMG-niň daşky gurşaw boýunça ählumumy maslahaty ekologiýa diplomatiýasynyň kemala ge

Arassa howa — saglyga güwä

Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän hukuk özgertmeleri ýurdumyzyň jemgyýetçilik we döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýar. Ykdysady ösüşiň häzirki şertlerinde adamzat jemgyýetini ekologiýa abadançylygy bilen baglanyşykly meselelerden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Dünýäniň, sebitiň we ýurdumyzyň daşky gurşaw bilen bagly ekologik meselelerini çözmekde kadalaşdyryjy hukuk namalaryna uly orun degişlidir. Hut şu nukdaýnazardan, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasynyň, Çölleşmäge garşy göreş baradaky, Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýalaryna goşulyşdy we daşky gurşawy ýaramaz täsirlerden goramak bilen baglanyşykly birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalary, hususan-da, «Tebigaty goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.

Suw — zer, suwçy — zergär

Türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynyň dowamynda pederlerimiz suwy ýaşaýşyň gözbaşy hasaplapdyrlar. Merdana pederlerimiz: «Ýer — enemiz, suw — atamyz» diýip, suwa uly hormat goýupdyrlar. Suw mukaddesligiň, ýaşaýşyň, bolçulygyň, rysgal-berekediň çeşmesi hasaplanýar. Suw tebigaty gülledip, ähli janly-jandara şypa berýär, ýaşaýyş-durmuşyny özgerdýär. Ajaýyp sähralarymyzy gülzarlyga, bereket mekanyna öwürýär. Şonuň üçin pederlerimiz hemişe suwuň sarpasyny belent tutup, suw barada «Suw arykda durlanar», «Suw siňer, yzgar galar», «Suwly ýerde gül biter», «Suw düýbüni guwwas boýlar», «Suwsana suw bermek sogap», «Suw sogaby sakada» ýaly aýtgylary döredipdirler. Ata-babalarymyz «Damja suwdan tal çykar» diýmek bilen suwuň zerre damjasyny-da harlamandyr. Suw — Allatagalanyň Zemine eçilen egsilmez baýlygy. Pederlerimiz suwuň gudraty bilen bagly gadymy däp–dessurlary, ynançlary berjaý edipdirler. Döwletli işiň başyny tutanda, Beýik Biribardan medet diläp, keramatly pirlere sygnypdyrlar. Halk arasynda Süleýman pygamber — suwuň-sebediň piri, Burkut baba — ýagyş-ýagmyryň, Ylýas — kölüň, Şyhy Zinde — guýynyň, Tahyr Lüle — käriziň, Nalaç baba — jykyryň, Ablybeşer baba — gazynyň we haşarçylaryň piri diýen ynanja eýeripdirler.

Ekologiýa abadançylygy ugrunda

Ýurdumyzyň tebigatyny, tebigy baýlyklaryny aýawly saklamak hem-de ony geljek nesillere mynasyp derejede ýetirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan sebitde we dünýäde ekologiýa abadançylygy üpjün etmek babatda möhüm başlangyçlaryň başyny başlaýyjy we durmuşa geçiriji hökmünde çykyş edip, tebigata aýawly çemeleşmek meselesi ýurdumyzda kabul edilýän kanunçylyk namalary bilen hem berkidilýär. Türkmenistan BMG-niň ekologiýa howpsuzlygy meseleleri boýunça köptaraplaýyn resminamalaryna işjeň gatnaşýar. Gahryman Arkadagymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, Durnukly ösüş boýunça «Rio+20» maslahatynda, şeýle hem Ýaponiýada geçirilen «Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak» atly III Bütindünýä suw forumynda we beýleki halkara maslahatlarda öňe süren netijeli başlangyçlary hem dünýä bileleşigi tarapyndan uly goldaw tapdy. Mundan başga-da, Aşgabatda Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde howanyň üýtgemegi bilen baglylykda, Sebitleýin tehnologiýalar merkezini döretmek, Aralýaka sebitiniň ekologiýa meselelerini toplumlaýyn çemeleşmek arkaly çözmek we Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite maksatnamalaryny, BMG-niň suw boýunça resminamasyny taýýarlamak ugrunda ýetilen sepgitleri görkezmek bolar.

Ara­l eko­lo­gi­ýa­sy üns merkezinde

29njy ýan­war­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň san­ly wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly no­bat­da­ky mej­li­sin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň de­giş­li Ka­ra­ry bi­len Türk­me­nis­ta­nyň 2021 — 2025nji ýyl­lar üçin Aral mil­li mak­sat­na­ma­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­mak we onuň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne gö­zeg­çi­lik et­mek bo­ýun­ça Pu­da­ga­ra to­pa­ry­nyň dö­re­dil­me­gi Aral me­se­le­si ba­bat­da ýur­du­my­zyň öňe sür­ýän baş­lan­gyç­la­ry­ny iler­let­mek­de no­bat­da­ky mö­hüm ädim bol­dy. Aral se­bi­ti­niň dur­muşyk­dy­sa­dy we eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça mil­li de­re­je­dä­ki çä­re­le­riň esa­sy ugur­la­ry­ny kes­git­le­ýän Aral mil­li mak­sat­na­ma­sy­nyň Kon­sep­si­ýa­sy­na esas­la­nylyp dö­re­di­len Pu­da­ga­ra to­par he­mi­şe­lik esas­da he­re­ket et­mek bi­len, onuň işi Aral­da­ky kyn­çy­lyk­ly ýag­da­ýyň ne­ti­je­le­ri­ne gar­şy gö­reş­mä­ge hemde Aral­ýa­ka se­bit­de eko­lo­gi­ýa he­läk­çi­li­gi­niň öňü­ni al­ma­ga, se­bi­tiň halk­la­ry­nyň dur­muşyk­dy­sa­dy taý­dan ösü­şi­ne go­şant goş­ma­ga gö­nük­di­ri­len ne­ti­je­li çä­re­le­ri mil­li de­re­je­de ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga we de­giş­li çöz­güt­le­ri iş­läp taý­ýar­la­ma­ga ýar­dam et­me­li­dir. Mu­nuň özi «Biz dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ni Aral we Aral­ýa­ka me­se­le­le­ri­ne örän uly üns ber­mä­ge ça­gyr­ýa­rys» diý­ýän mil­li Li­de­ri­mi­ziň bu ugur­da hal­ka

Muny bilmek gyzykly

Garyşmaýan suwlar hakynda Dünýä suwlary hiç hili garyşmaýar diýip aýtmak hakykata laýyk däldir. Ýöne suwlaryň uly göwrümlileriniň garyşmaýanlygy welin, tebigatda köp gabat gelýär.

Kenary sapaly suwy şypaly "Altyn köl"

Pederlerimiziň «Ýagşyny görmek — jennet» diýen pähimi Watanymyzyň täze taryhy eýýamynda many-mazmun taýdan has-da baýlaşyp, döwrebap derejede öz beýanyny tapýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amal edilýän işleriň her biriniň netijesi görmegi arzuwladýan ajaýyp işlerdir. Şolaryň hatarynda kenary sapaly, suwy şypaly «Altyn köl» hem bar. Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 15-nji iýunynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän kölüň kenarynda dynç alyş düzümine degişli täze desgalar toplumy açylypdy. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, bu köl «Altyn köl» diýlip atlandyryldy. Şeýlelikde, paýtagtymyzyň demirgazygynda ilatyň ýokary derejede dynç alşyny guramagy üpjün etmäge gönükdirilen diňe bir görmäge däl, eýsem, wasp etmäge-de mynasyp täze dynç alyş zolagy döredildi.

Ekologiýa syýasaty

Ýurdumyzyň ekologiýa taýdan arassalygy adamlaryň saglygynyň kepili, hemmetaraplaýyn ösüşiň möhüm şerti bolup durýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, ýer-suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy, çölleşmä garşy göreşmek, türkmen tebigatynyň ajaýyplyklaryny goramak bilen baglanyşyklydyr. Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda Milli tokaý maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Onuň netijesinde paýtagtymyzyň töwereklerinde gözýetime çenli uzap gidýän tokaý zolaklary emele geldi. Gahryman Arkadagymyz her ýyl ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berýär. Köpetdagyň eteginde pürli we ýaprakly agaçlaryň ekilýän meýdanlaryň gerimi giňäp, guşlaryň, şol sanda seýrek gabat gelýän haýwanlaryň köp görnüşleri üçin ýaşaýyş meýdanyna öwrülýär. Hormatly Prezidentimiziň tassyklan howanyň üýtgemegi barada Milli strategiýanyň, şeýle hem giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde tebigaty goramak, bioköpdürlüligi we tebigy täsinlikleri gorap saklamak babatynda ägirt uly işler amala aşyrylýar.

Emeli tokaýlygyň ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şäherlerimiziň, obalarymyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegi ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Seýilgählerde bezeg we gyrymsy agaçlaryň dürli görnüşlerinden başga-da gülleri ekmäge uly üns berilýär. Gülleri we bezeg agaçlaryny ösdürip ýetişdirmek boýunça daşary ýurtlaryň baý tejribeleri öwrenilýär we bu ugurda innowasion tehnologiýalar önümçilige ornaşdyrylýar.

Ekologiýa ulgamyndaky halkara gatnaşyklary

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasaty ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, şol sanda daşky gurşawy goramaga we aýap saklamaga hem-de rejeli peýdalanmaga gönükdirlendir. Adamzat gadymy döwürlerden bäri tebigaty hemmetaraplaýyn gorap saklamak we onuň tebigy baýlyklaryndan netijeli peýdalanmak barada dürli çäreleri amala aşyryp gelipdir. Adamzat jemgyýetiň tebigat bilen özara gatnaşygynyň häsiýetini üýtgetmek bilen bütin taryhyň dowamynda daşky gurşawa täsir etmekde öz ukybyny ösdüripdir we kämilleşdiripdir. Tebigat adamzat ýaşaýşynyň gurşawydyr. Bir söz bilen aýdylanda, adam tebigatyň bölegidir. Adamyň daşky gurşawa täsiriniň derejesi, ilki bilen, jemgyýetiň tehniki taýdan üpjünçiligine baglydyr. Hormatly Prezidentimiz bu barada şeýle belleýär: “Biz daşky gurşawy, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň gymmatly görnüşlerini goramagyň, tebigy baýlyklarymyzy aýawly hem-de netijeli ulanmagyň, durmuş we hojalyk desgalarynyň ekologiýa şertlerini üpjün etmegiň möhüm meselelerini çözmek üçin toplumlaýyn işleri amala aşyrýarys».

Ýer togalagynyň «öýkeni»

Ýagşyň iň köp ýagýan ýeri bolan Amazoniýa diýlip tanalýan Amazonkanyň tropiki tokaý jeňňelligi dünýäniň gymmatly tebigy baýlyklarynyň biri hasaplanýar. Bu ýeriň baý ösümlik dünýäsi kömürturşy gazyny kisloroda yzygiderli öwürýändigi sebäpli, Ýer togalagynyň «öýkeni» diýlip atlandyryldy. Ýeriň kislorodynyň, takmynan, 20 göterimi Amazonkanyň tropiki tokaýlyklary tarapyndan öndürilýär. Amazoniýa tokaýlygy 5 million 500 müň inedördül kilometr meýdany tutup — Braziliýanyň (60 göterim), Perunyň, Kolumbiýanyň, Wenesuellanyň, Ekwadoryň, Boliwiýanyň, Gaýananyň, Surinamyň çäklerini öz içine alýar.