"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Suw — ýaşaýşyň gözbaşy

Tygşytlylyk — bolçulygyň kepili “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Garaşsyz, döwletimizde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen türkmen halkyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Ilatyň ýokary hilli agyz suwy bilen üpjünçiligi il-günümiziň saglygyny goramakda-da iňňän uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçinem şu möhüm meseläniň bähbitli çözgüdine gönükdirilen işleriň gerimi ýylsaýyn giňäp, degerli işler geçirilýär.

Ekologik terbiýe

«7/24. tm» №18 (205), 29.04.2024 Türk­men hal­ky­nyň mil­li buý­san­jy hem gu­wan­jy akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy aja­ýyp söz us­sa­dy we be­ýik şah­sy­ýet hök­mün­de bü­tin dün­ýä nus­ga­lyk­dyr. Akyl­dar şa­hy­ry­my­zyň gol­ýaz­ma­lar top­lu­my­nyň ÝU­NES­KO-nyň «Dün­ýä­niň ha­ky­da­sy» mak­sat­na­ma­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Tebigaty goramak — sagdynlyga çagyryş

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy we tebigaty gorap saklamak boýunça uly işler alnyp barylýar, bu ugurdaky kanunçylyk hem kämilleşdirilýär. «Her bir adam tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludyr» diýlip, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasynda bellenilýär, bu kada daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak boýunça raýatlaryň ekologiýa borçlaryny berkidýär. Döwletimiziň ösüşiniň talaplaryna görä, milli kanunçylygymyz yzygiderli kämilleşdirilýär we täze kanunlar taýýarlanylýar, ozalky kanunlar döwrebaplaşdyrylyp, olara degişlilikde üýtgetmeler, goşmaçalar girizilýär. Şuňa laýyklykda, «Tebigaty goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda», «Ösümlikleri goramak hakynda», «Ösümlikleriň karantini hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda», «Ýerasty baýlyklar hakynda», «Ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda» we başga-da birnäçe kanunlar kabul edildi. Bu kanunlar ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň daşky gurşawy goramak bilen birlikde, halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, adamlaryň bäh

Tebigaty goramak – sagdyn durmuşyň kepili

Ýakynda Lebap welaýat Agrosenagat  işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň gatnaşmagynda Türkmenabat şäher Geňeşiniň guramagynda «Repetek» Döwlet biosfera goraghanasynda «Tebigaty goramak – sagdyn durmuşyň kepili» atly okuw-maslahaty geçirildi. Okuw-maslahatynda biosfera goraghanasynyň gözel tebigatyna gezelençler guralyp, haýwanat dünýäsine syn edildi we ylmy işgärleriň  gürrüň bermeklerinde  olar barada giňişleýin maglumatlar berildi. Okuw-maslahatynyň dowamynda çykyş edenler  «Repetek» döwlet çäkli goraghanasynyň  çäginde ýerleşen «Ýerajy» döwlet çäkli goraghanasynyň kölüniň haýwanat  we tebigat dünýäsiniň aýratynlyklary barada gyzykly, ünsi çekiji  gürrüňleri berdiler. Şular ýaly okuw-maslahatynyň geçirilmegi şu günki ýaş nesilde ata Watanymyzyň tebigatyny goramaga  bolan  söýgini ösdürmekden ybaratdyr. Çünki daşymyzy gurşap alýan tebigatymyza aýawly garamak,  tebigy baýlyklarymyzy goramak, ýurdumyzyň ilatynyň arassa howadan dem alyp, sagdyn durmuşda ýaşamagynyň kepilidir.

Suw — ýaşaýşyň gözbaşy

Ýaşaýşyň gözbaşy bolan suwuň her bir damjasyny altyna deňän pederlerimiz suw bilen bagly «Dama-dama köl bolar, hiç dammasa çöl bolar», «Çöl görki — suw, köl görki — guw», «Suw damjasy — altyn dänesi» ýaly nakyllary we atalar sözlerini nesillerine miras galdyrypdyrlar. Suwuň ýok ýerinde guýy ýa-da käriz gazmak, jykyr gurmak arkaly ol ýerlere suw eltmegiň, suwy tygşytly ulanmagyň dürli ýollaryny gözläp, olary has-da kämilleşdiripdirler. Häzirki döwürde ilatyň agyz suwy bilen üpjünçilik meselesi döwlet derejesinde ileri tutulýar, bu ugurdaky kanunçylyk hem kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň Suw kodeksi munuň aýdyň subutnamasy bolup, ol ýuridik we fiziki şahslaryň suw serişdelerine bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen, suwlary durnukly hem-de rejeli peýdalanmak babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýär we suw serişdeleriniň ähmiýetini ýokarlandyrmaga, suwlary hapalanmakdan, zibillenmekden we egsilmekden goramagy üpjün etmäge, suwlaryň ýaramaz täsiriniň öňüni almaga we ýok etmäge, suw desgalarynyň ýagdaýyny dikeltmäge we gowulandyrmaga gönükdirilendir.

Tebigaty goramak — möhüm wezipe

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleri netijesinde ata Watanymyzda daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülýändigi, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda tokaý zolaklarynyň çäkleriniň barha giňelýändigi hemmämizi buýsandyrýar. Ýurdumyzda ekologiýa babatda oýlanyşykly durmuşa ornaşdyrylýan işler oňyn netijelerini berýär. Daşky gurşawy goramak, ony geljekki nesillerimize ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işler ýurdumyzyň has-da gözelleşmegine ýardam berýär. Şeýle giň möçberli işlere mynasyp goşandymyzy goşmak biziň her birimiziň borjumyzdyr. Tebigaty goramak hemişe zerurdyr. Onuň ajaýyp gözelliklerini gorap saklamak tutuş adamzadyň derwaýys wezipeleriniň biridir. Biz hem döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alyp, ilatyň ekologiýa sowatlylygyny artdyrmak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak boýunça düşündiriş işlerini alyp barýarys. Jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde edaralardyr kärhanalaryň işgärleriniň arasynda ýurdumyzyň daşky gurşawyny goramak, bu ugurda bildirilýän talaplary berjaý etmek barada wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirýäris. Olarda tebigaty goramagyň ähmiýetini, saglygymyza ýetirýän peýdasyny giňişleýin düşündirýäris. Bu bolsa ýaşlarda tebigata bolan söýgini has-da artdyrýar.

Ekologiýa — abadan durmuşyň kepili

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Halkymyzda topragyň, arassa suwuň goralmagyna aýratyn eserdeň garalypdyr. Bu häzirki döwürde-de ekologiýa boýunça talaplary üpjün edýär» diýip belleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ählihalk bag ekmek maksatnamasynyň, ilkinji nobatda, ekologik nukdaýnazaryndan, şol sanda halkymyzyň amatly ýaşaýşy üçin zerur şertleriň döredilmegi babatda hem uly ähmiýetlidigini yzygiderli belleýär. Şunuň bilen baglylykda, ilatly ýerleriň töwereginde täze tokaý-seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Öz çäklerini barha giňeldýän şäherleriň eteklerinde kemala gelýän şeýle zolaklar adamlar üçin örän bähbitlidir. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, tebigata söýgi zähmete söýgini kemala getirmegiň binýadydyr. Bahar paslynyň gelmegi bilen ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy giňden ýaýbaňlandyrylyp, täze bag nahallary oturdylýar, ýaş baglara ideg edilýär. Wagtyň geçmegi bilen ekilen baglaryň özboluşly ajaýyp gözellik döretmegi ählimizi buýsandyrýar.

Daşky gurşaw we sazlaşykly ösüş

Bahar paslynyň gelmegi bilen eziz Diýarymyzyň keşbi has-da gözelleşýär. Bu gözellik penjireden daşary sereden ýerimizden başlanyp, gözýetime – ak bulutly mawy asmanyň Zemin bilen sepleşýän ýerine çenli uzap gidýär. Ýaşyl tokaý zolaklary, al-elwan güllere beslenen baýyrlar, arçaly-kerkawly daglar, sowuk suwly çeşmeler, keyigokara, narpyz, borjak ýaly dermanlyk ösümlikler göwnüňi galkyndyrýar. Hawa, her bir gözel zadyň goralmaga zerur bolşy ýaly, tebigat gözellikleri hem yzygiderli goralmalydyr.

Ekologik abadançylyga gönükdirilen köpugurly tagallalar

Ylmyň we tehnikanyň yzygiderli ösüşi, energiýa serişdeleriniň juda köp ulanylmagynyň täsiri ekologik abadançylygy üpjün etmekde kynçylyklary döredýär. Howa bilen bagly ýüze çykýan hadysalaryň garşysyna göreşmek we olaryň öňüni almak meselesi dünýä döwletleriniň, halkara guramalaryň tagallalaryny birleşdirilmeginiň zerurdygyny aýdyň görkezýär. Çünki Ýer ýüzünde howanyň üýtgemegi ählumumy derejede kesgitli çözgütleri talap edýän çagyryş bolup, her bir döwletiň ykdysadyýetinden başlap, saglygy goraýyş ulgamynda, azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmeginde öňde durýan wezipelerine-de öz täsirini ýetirýär. Bu babatda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler hem adamzadyň geljegine jogapkärçilikli çemeleşmek ýaly asylly maksada gönükdirilendir. Dünýäniň ekologiýa ulgamynyň hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän halkara ylalaşyklaryň kadalarynda oňa gatnaşyjylar tebigatdan rejeli peýdalanmagyň we ony goramagyň obýektlerini (ýer-suw serişdeleri, tebigy baýlyklar, tokaýlar, ösümlik, haýwanat dünýäsi, Ýeriň atmosferasy, kosmiki giňişlik we beýlekileri) kesgitlediler. Şular bilen birlikde, döwrüň talabyna görä, köptaraply, ýagny yklymlaryň aýratynlyklaryny nazara almak arkaly, sebitleýin, halkara hukuk resminamalary kabul edilýär. Ekologiýa babatda dünýäde ýüze çykan tebigy wehimleri ara alyp maslahatlaşmak, daşky gurşawy zyýanly täsirlerden goramak boýunça bilelikdäki

Daşky gurşawyň goragynda

Halkymyzda bag ekmek, idetmek sogap hem haýyrly iş hasaplanýar. Bag barada birnäçe aýtgylar, pähimler, parasatly sözler köp. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 3 million düýp nahalyny ekmek baradaky taryhy Kararyna laýyklykda, 16-njy martda ýurdumyzda ählihalk ýazky bag ekmek dabarasy giňden geçirildi. Asylly däp ýurdumyzy mundan beýläk-de bagy-bossanlyga öwürmek, gözel tebigatymyzy has-da baýlaşdyrmak, şeýle hem «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek ýaly belent maksatlara gönükdirilendir. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde tebigaty goramak, onuň baýlygyny rejeli peýdalanmak we daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň milli baýlygy bolan täsin tebigatymyzy gorap saklamak, ony netijeli peýdalanmak, şol baýlyklary halkymyzyň eşretleri üçin ulanmak, ýurtda we sebitde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek baradaky tagallalar Türkmenistanyň ykdysady, medeni we durmuş taýdan ösüş ýolunyň ugrudyr. Munuň özi biziň döwlet hukuk ulgamymyzyň binýady bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasy arkaly bellenen ýörelgelere esaslanýar. Türkmenist

Ekologiýa

Ajaýypdyr tebigaty türkmeniň Dogrusy, ene topragymyzyň gözel tebigatyny goramak, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak hemişe derwaýys meseledir. Çünki, ajaýyp gözelligi özünde jemleýän tebigatymyz biziň öýümizdir. Güneşli Diýarymyzyň tebigaty gymmatly baýlygymyz bolup, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, olaryň köpdürlüligini aýawly goramak, geljekki nesillere ýetirmek biziň wajyp wezipämizdir. Şu wezipä hormatly Prezidentimiz hemişe uly üns berip, tebigatymyzy goramak, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak, tebigy baýlyklarymyzdan rejeli peýdalanmak bilen bagly wezipeleri öňde goýýar.

Ekologiýa abadançylygy – bagtyýar nesilleriň sagdynlygynyň güwäsi

Ýurdumyzyň dünýäde abadançylygy üpjün etmek, daşky gurşawa aýawly çemeleşmäge, tebigy serişdelerden rejeli hem-de oýlanyşykly peýdalanmaga gönükdirilen ekologiýa syýasaty şu günki we geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginiň aýdyň güwäsidir. Daşky gurşawyň abadançylygyna gönükdirilen taslamalary işläp düzmegi üstünlikli amala aşyrmak, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ösdürmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Saglygyň, arassa howanyň, ýaşyl gözelligiň girewi bolan ekologik howpsuzlygyň ýokary derejesini üpjün edip, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýaşyl tokaýlaryň, seýilgähleriň barha köpelmegi raýatlaryň dynç almagy we tämiz howada saglygyny berkitmegi üçin uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen başy başlanyp, asylly däbe öwrülen bag ekmek dabaralary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam edýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda şeýle asylly däpleriň dowam etmegi biziň kalbymyzda buýsanç duýgusyny döredýär. Ýylyň-ýylyna geçirilýän bu dabaralarda ekilen millionlarça nahallar, täze desgalaryň açylyşynda oturdylýan saýaly, pürli, miweli baglar boý alyp, daş-töwerege gözellik berýär. Bu ýaşyl zolaklar, döredilýän seýilgähler diňe bir göz

GARAGUMA GELEN GUWLAR

«Altyn asyr» Türkmen kölüniň baharky keşbidir Ol ýerlere ýetäýmek üçin sürüjileriň aýdyşy ýaly, «boýnuňy ep-esli sozmaly». Aşgabatdan ugraýşyňa, Gyzylarbada ýetip, ondanam demirgazyga ýüzüňi tutuşyňa, 30 kilometrden gowrak ýol söküp, Garagum derýasynyň gaýrasynda küren tutan Garabogaz obasyna ýetersiň. Ondanam gaýra-gündogara tutduryp ugrarsyň. Tutly, Çerkezli, Tamly ýaly, gum içinde birwagtlardan bäri oturan obalary ýakalap ötüp, 140 kilometr ýoly Garagumuň guba çägelerini, ak takyrlaryny, gyrlaç ýapylaryny synlaý-synlaý nädip geçeniňem bilmän galarsyň. Özem telim ýerde Uzboýuň gadymy hanasyny — Amyderýanyň birwagtlar Hazara şaglap guýan köne ugruny: «Beh, bu ne beýle oý-la!» diýip, täsin galyp synlap, üstünden ötersiň.

Ekologiýa abadançylygy — halkymyzyň bagtyýarlygy

Ýurdumyzyň dünýäde abadançylygy üpjün etmek, daşky gurşawa aýawly çemeleşmäge, tebigy serişdelerden rejeli hem-de oýlanyşykly peýdalanmaga gönükdirilen ekologiýa syýasaty şu günki we geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginiň aýdyň güwäsidir. Daşky gurşawyň abadançylygyna gönükdirilen taslamalary işläp düzmegi üstünlikli amala aşyrmak, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ösdürmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ekologiýa abadançylygy bilen baglanyşykly wezipeleriň üstünlikli çözülmegi ugrunda tagallalary birleşdirmäge uly gyzyklanma bildirýän ýurdumyz ähli ýurtlar bilen, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz taryhy çykyşynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny mälim etdi. Bu borçnama gatnaşýan döwletler ählumumy derejede metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça umumy tagallalara goşant goşmak üçin meýletin hereketleri amala aşyrýar. Diýarymyzyň parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryny nazara almak bilen, senagat toplumynda ekologiýa taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy tehnolo

Watanymyz — bagy-bossan

Ýurdumyzda daşky gurşawy goramaga gönükdirilen işleriň netijesinde ýaşyl bagy- bossanlyklar, tokaý zolaklary emele gelýär. Her ýylyň bahar paslynda geçirilýän ählihalk bag ekmek çäresi ekologiýa syýasatyna özboluşly goşant bolup durýar. Zähmetsöýerlik — owal-ahyr adamy bezeýän iň ajaýyp häsiýetleriň biri. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan köpçülikleýin arassaçylyk-abadanlaşdyryş işlerine dürli ýaşdaky we dürli kärdäki ildeşlerimiziň ýokary ruhubelentlikde, işjeň ýagdaýda gatnaşýandyklaryny görüp, halkymyza mahsus şol ajaýyp häsiýetleriň nesilden-nesle geçirilip, görelde mekdebine öwrülýändigine ýene bir ýola göz ýetirýärsiň. Bu asylly däp ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek ýaly maksatlara gönükdirilendir. Bularyň ählisi ynsan durmuşyny bagçylykdan, tebigy gözelliklerden üzňe göz öňüne getirip bolmaýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Çünki ekologiýa abadançylygy bagtyýar hem sagdyn ýaşaýşyň kepilidir.

Daşky gurşawy goramak boýunça halkara we milli hukuk kadalary

Ýakynda «Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň döredilmegi bilen baglanyşykly hoş habar buýsançly waka boldy. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy bilen ekologiýa, ynsanperwerlik we beýleki ulgamlarda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar esasynda netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Döwletimiziň BMG-niň düzüm birlikleri bilen durmuşa geçirilýän taslamalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyny ulgamlaýyn esasda alyp barmak üçin «Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşini döretmek teklip edilipdi. Bu geňeş BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen taslamalary taýýarlamaga, seçip almaga, tassyklamaga degişli işleri utgaşdyrmak we Türkmenistanyň Hökümetine bu babatda teklipleri taýýarlamak işini ýerine ýetirer. Şeýle hem guramanyň çäklerinde halkara başlangyçlary öwrenmek, türkmen tarapy üçin maksadalaýyklygyna görä, olara goşulmak we goldamak babatda teklipleri taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda kabul edilen hereketleriň milli meýilnamalaryndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişine syn etmek, olary iş ýüzünde amala aşyrmagyň ýollaryny maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Agyz suw üpjünçiliginde öndürijilik ýokarlanýar

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzda alnyp barylýan halk bähbitli işleriň çäklerinde ilatyň agyz suwy bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak we ätiýaçlyk suw gorlaryny netijeli peýdalanyp, halka ýetirmek boýunça işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Balkanwelaýatagyzsuw» önümçilik birleşiginiň Bereket suw ýygnap paýlaýjy desga gullugynyň işgärleri hem Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň ilkinji günlerinden tutanýerli zähmet çekip, ilatyň agyz suwy bilen üpjünçiligini bökdençsiz ýola goýmakda we suwuň hil derejesiniň talabalaýyklygyny gazanmakda guwandyryjy netijelere eýe bolýarlar.

Balyk — baýlyk

Bahar paslynyň gelmegi bilen balyklaryň işbil taşlaýan we köpelýän döwri başlanýar. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň Döwlet balyk goraýyş we suwuň bioserişdelerine gözegçilik müdirliginiň başlygy «Balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynda balyklaryň köpelýän döwründe balyk tutulýan möwsümi çäklendirmek hakynda» buýruga gol çekdi. Ýokarda ady agzalan resminamada bellenilen çäklendirmeler barada müdirligiň welaýat boýunça bölüminiň başlygy Beşimkuly JÖWHEROW şeýle gürrüň berýär: — Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bioserişdeleriniň goruny artdyrmaga, ilaty ýokary iýmitlik häsiýeti bolan balyklar bilen bolelin üpjün etmäge gönükdirilen işleri alyp barmaga çynlakaý üns berýär. Şeýle il-ýurt bähbitli işler ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyk namalaryna daýanýar. Müdirligimiziň başlygynyň buýrugyna laýyklykda 2024-nji ýylyň 20-nji martyndan 15-nji maýy aralygynda welaýatyň çäginden geçýän Amyderýa, Garagum derýalarynyň ulgamynda we beýleki balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynda, şeýle-de şu ýylyň 26-njy aprelinden 31-nji maýy aralygynda welaýatymyzyň Darganata etrabynyň çägindäki balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynda balyk tutmaklyga çäklendirme girizildi. Bu çäklendirmäniň hereket edýän döwründe ýörite kesgitlenilen balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynda höwesjeň we sport

Ekologiýa abadançylygynyň milli nusgasy

Tebigatyň özündäki baýlyklary galyndysyz, ýagny aýlanyşyk usulynda ulanmagy ynsan üçin nusgalyk sapakdyr. Ekologlar durmuşda hem tebigy aýlanyşyk usulyny saklamagy maslahat berýärler. Uzak ýyllaryň dowamynda ata-babalarymyz hem tebigatda bolup geçýän hadysalary synlap, olardan degişli netije çykarmagy başarypdyrlar. Öz ýaşaýyş-durmuşlarynda, ekerançylyk medeniýetinde tebigatda synlap-seljerenlerinden ýerlikli peýdalanypdyrlar. Topragyň, suwuň, ekiniň ýagdaýyna anyk baha berip bilipdirler. Tebigat bilen galtaşýan gatnaşyklaryň ählisinden dogry many çykarmagy öwrenipdirler. Tebigatyň diňe bir howany tämizlemän, eýsem, ruhuňy hem täzeleýändigine, bedeniňe sagdynlyk berýändigine, hatda tebigatyň ynsanyň käbir häsiýetleriniň kemala gelmegine hem täsirini ýetirýändigine ünsi çekipdirler. Adamzadyň bütin ýaşaýşyna we durmuşynyň gözelligine zeper ýetirmezlik üçin tebigaty söýmek, oňa aýawly garamak möhüm bolup durýar. Bu gün tebigat dünýäniň halklarynyň özi babatynda bir deň gopmagyny, özara düşünişmeklerini talap edýär. Ekologiýa sazlaşygyny saklamaga Türkmenistan mydama dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekip gelýär, döwletimiziň bu ugurdaky oňyn başlangyçlarydyr teklipleri giň goldawa eýe bolýar. Türkmenistan ekologiýa arassalygy we daşky gurşawy goramak babatynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen konwensiýalara, maksatnamalara hem-de taslamalara işjeň g

Umumymilli zähmet baýramçylygy

Diýarymyzy bagy-bossanlyga beslemäge bagyşlandy Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 16-njy martda ýurdumyzda ýazky bag ekmek möwsümi badalga aldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň baharynda aýratyn zähmet joşgunyna beslenen bu döwletli işe watandaşlarymyz agzybirlik bilen gatnaşdylar.