"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Abadan ýaşaýşyň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda guwandyryjy üstünlikler gazanylýar, uzakmöhletleýin geljege we durnukly ösüşe gönükdirilen taslamalar amala aşyrylýar. Ýurdumyzda energetika pudagy gazanýan ykdysady üstünliklerimiziň, geljekde ýetmeli belent sepgitlerimiziň berk binýady hasap edilýär. Elýeterli we arassa energiýa bilen halkymyzyň doly derejede üpjün edilmegi energiýa serişdeleriniň tygşytly ulanylmagy, olaryň ekologiýa taýdan arassa bolmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Ýakynda hormatly Prezidentimiz döwlet Baştutanynyň wezipesine girişmek dabarasynda eden taryhy çykyşynda: «Garaşsyz döwletimiziň elektrik energetikasy pudagyna köp möçberde maýa goýumlar gönükdiriler. Türkmen energiýa serişdelerini daşarky bazarlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek üçin elektrik energiýasynyň öndürilişi artdyrylar we ony ibermegiň ulgamy kämilleşdiriler. Geljekde ýurdumyzda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini, şol sanda Gün batareýalaryny öndürmegi giňden ýola goýmak  we ornaşdyrmak hem meýilleşdirilýär» diýip, belläp geçdi.

Döwletli ýollaryň dowamy

Adam bu gün başlan işleriniň ertirki gün dowam etdiriljekdigine ynansa, kalby kanagatly bolýar. Ata-babalarymyz hem tebigat bilen örän ysnyşykly ýaşapdyrlar. Tebigaty iýmit çeşmesi hökmünde peýdalanyp, azyk önümlerini öz elleri bilen, alyn derlerini siňdirip ýetişdiripdirler. «Adam eli gyzyl gül» diýip dogry aýdypdyrlar. 20-nji martda geçirilen köpçülikleýin bag ekmek dabarasy hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek  maksady bilen amala aşyryldy. Bu dabaraly çäre  «Türkmenistanda 2022-nji ýylda bag ekmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 18-nji fewralynda çykaran Kararyna laýyklykda geçirildi.

Ylmy mümkinçilikler we tejribe

XXI asyrda ekoabadançylygy üpjün etmek wezipesi goja Zeminiň dünýä halklarynyň hemmesiniň umumy öýüdigine göz ýetirmegi netijesinde aýratyn möhüm ähmiýete eýe boldy. Ýurdumyzda iri möçberli tokaý zolaklarynyň döredilmegi, çölleşmä garşy göreş, bioköpdürlüligi saklamak, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak hem-de köpsanly beýleki ugurlar boýunça ylmy mümkinçilikleriň we tejribeleriň esasynda giň gerimli işler geçirilýär. Türkmenistan 2017 — 2019-njy ýyllarda Araly halas etmek boýunça halkara gaznasyna başlyklyk etdi. Tebigaty goramak boýunça kanunçylyk binýadynyň pugtalandyrylmagy, uzakda ýerleşýän ilatly ýerleriň gazlaşdyrylmagy, Garagum sährasynyň merkezinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi, öri meýdanlarynyň peýdalanylyşyny kadalaşdyrmak hem-de birnäçe beýleki çäreler ýurdumyzda ekologiýa ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna oňyn täsir etdi.

Özboluşly zähmet baýramçylygy

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 20-nji martynda Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ähli ilimiziň agzybirligi, jebisligi bilen ýylyň ýazky ählihalk bag ekmek dabarasy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Ol raýatlarymyzyň köňül küýsegini gandyrýan özboluşly zähmet baýramçylygyna öwrüldi. Şol gün ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynda hem bu il-ýurt, döwlet ähmiýetli çäre giňden ýaýbaňlandyryldy. Etrabyň merkezi şäheriniň Görelde köçesiniň ugrunda 3 gektar meýdanda bag ekmek çäresine badalga berildi. Oňa etrabyň il sylagly ýaşululary, mährem eneler, edara-kärhanalaryň işgärleri, medeniýet ulgamynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu ýerde saýaly we miweli bag nahallarynyň ýüzlerçe düýbi oturdyldy.

Bag durmuşyň bezegidir

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine gatnaşdy 20-nji martda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi. Ýurdumyzda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsüminiň Milli bahar baýramyna — Halkara Nowruz gününe gabat gelmeginde özboluşly many bardyr.

Nebit we gaz pudagynda häzirki zaman ekologiýasy

Türkmenistanda senagat pudaklaryny iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrmak bilen birlikde daşky gurşawyň howpsuzlygynyň talaplaryna aýratyn üns berilýär. Nebiti gaýtadan işlemek pudagynda daşky gurşaw meselelerini çözmek bu ulgamlar üçin ýokary netijeli, az çykdajyly tehnologiýalary ösdürmegi we ornaşdyrmagy talap edýär. Nebiti, gazy öndürmekde we gaýtadan işlemekde daşky gurşaw meselelerini çözmekde degişli ugurlar ekologiýa taýdan arassa prosesleri ösdürmek we galyndylary aýyrmak, nebithimiýa pudaklaryndan gaz zyňyndylaryny arassalamak, suwlary nebit we nebit önümleriniň galyndylaryndan arassalamak we ş.m. seredeniňde, Türkmenistanyň nebitgaz toplumy diňe bir ykdysadyýetiň gurluşyny emele getirmän, eýsem, ösüşiniň ähli döwürlerinde esasy orny eýeleýär.

Türkmenistan boýunça 2022-nji ýylyň mart aýynyň 21—27-si aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-9-dan 12-14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +2...+40-dan +5...+70 aralygynda maýyl, gündizlerine +6...+80-dan +14...+160 aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-8-den 11-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +l...+30-dan +4...+60 aralygynda maýyl, gündizlerine +5...+70-dan +13...+150 aralygynda maýyl bolar.

Ählihalk bag ekmek dabarasy

«7/24.tm», № 12 (95), 21.03.2022. Ajaýyp zamanamyzda her ýylda Türkmenistanda umumymilli bag ekmek möwsümi geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde emele gelýän uly möçberli gök zolaklar hem onuň netijeleridir. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, 20-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýokary derejede geçirildi. Bu döwlet derejeli dabara «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň baharynyň ýatdan çykmajak wakalarynyň biri boldy. Ählihalk bag ekmek dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň badalga berendigini bellemelidiris.

«Star­bucks»: Mak­sa­dy­myz — eko­lo­gi­ýa aras­sa­çy­ly­gy

Ame­ri­ka­nyň ka­fe­ler top­lu­my­nyň eýe­si «Star­bucks» kom­pa­ni­ýa­sy bir ge­zek­lik ula­nyl­ýan bul­gur­la­ry ulan­ma­gy bes ed­ýär. 2025-nji ýy­la çen­li köp ge­zek­lik ula­nyl­ýan bul­gur­lar­dyr gap-gaç­la­ra do­ly geç­me­giň me­ýil­na­ma­sy­ny iş­läp düz­di. Bu ba­ra­da ka­fe­ler top­lu­my­nyň de­giş­li bi­ler­men­le­ri ha­bar ber­di. Olar şeý­le-de bu me­ýil­na­ma­nyň kom­pa­ni­ýa­nyň 2030-njy ýy­la çen­li te­bi­gat­da­ky ga­lyn­dy­la­ry 50% azalt­mak me­ýil­na­ma­sy­nyň bir bö­le­gi­di­gi­ni bel­le­di­ler. Hä­zir­ki wagt­da «Star­bucks» al­ty sa­ny esa­sy ba­za­ryn­da, şol san­da ABŞ-da, Ýa­po­ni­ýa­da we Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da köp ge­zek­lik gap-gaç­la­ry ulan­mak bo­ýun­ça bar­lag iş­le­ri­niň tas­la­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­ýär.

Gündogar sebitde ählihalk bag ekişligi bar bolan baglara ideg etmek işleri bilen utgaşdy

Welaýatyň ýaşaýjylary her ýylda bolşy ýaly bu ýyl hem bag ekişlik çäresine ruhubelentlik bilen  goşuldylar. Olar ir säherden bag nahallarynyň köpçülikleýin oturdyljak ýerine geldiler. Welaýat boýunça bu sogaply işe Seýdi — Farap awtoulag ýolunyň ugrunda, Dänew etrabynyň S.Nyýazow daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän giň meýdanda badalga berildi. Bu awtoulag ýolunyň Amyderýanyň üstünden gurlan Seýdi — Farap aralygyndaky awtoulag köprüsi iň bir köp gatnawly geçelge hasaplanýar. Şonuň üçin bu köprä barýan ýoluň gyralaryny baglyga büremek ýaly sogaply işe tutuş welaýatyň ilaty goşuldy. Belentden-belent ýaňlanýan aýdym-sazyň owazy bag ekişlik çäresini zähmet baýramçylygyna öwürdi. Ýaňy durmuş guran il sylagly ýaşulylar, kümüş saçly eneler, ýaş çatynjalar «Bizden geljekki nesillere ýadygärlik bolsun» diýşip, ençeme düýp agaç nahallaryny oturtdylar. Olaryň göreldesine eýeren tutuş welaýatyň ilatynyň agzybirlikde çeken zähmeti netijesinde ýowar gününde welaýat boýunça jemi 71,5 müň düýp miweli, pürli we saýaly agaç nahallary oturdyldy.

Mary welaýatynda 43 müňe golaý täze bag nahaly oturdyldy

Şu gün — 20-nji martda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde giňden ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasyna Mary welaýatynyň bagtyýar ýaşaýjylary hem agzybirlikde gatnaşdylar. Meýilnama laýyklykda, welaýat boýunça şu gün 42 884 täze bag nahallary oturdylyp, 72 müňden gowrak baga hem ideg edildi.

Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjylary ählihalk bag ekiş dabarasyna işjeň gatnaşdylar

Şu gün — 20-nji martda demirgazyk welaýatyň merkezi bilen gözel paýtagtymyzy birleşdirýän Daşoguz — Aşgabat uly ýolunyň ugrunda alys gözýetime uzap gidýän tutuş giňişlik döredijilikli zähmete, arassa yhlasa beslendi. Şu  ýyl welaýat boýunça dürli agaç nahallarynyň jemi 300 müň düýbi ekiler. Ýazky bag ekiş möwsümine badalga berlen güni demirgazyk sebitiň etrap-şäherlerinde pürli we miweli baglaryň, tut nahallarynyň 68 müň düýbi oturdyldy. Esasy dabaralaryň geçirilen ýeri bolan welaýatyň S.Nyýazow adyndaky etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň çägindäki 10 gektar meýdanda pürli agaç nahallarynyň 10 müň düýbi oturdylyp, olara degişli ideg işleri ýerine ýetirildi.

Günbatar sebitde 60 müňe golaý agaç nahaly oturdyldy

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde Balkan welaýatynda hem giň gerimli işler durmuşa geçirilýär, sebitiň ähli ýerlerinde ynsan eli bilen tokaý zolaklary döredilýär. Günbatar sebitiň ýaşaýjylary şu gün — 20-nji martda ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasyna hem işjeň gatnaşdylar. Ählihalk dabarasyna balkanlylaryň 49 müňden gowragy gatnaşyp, olar bir günüň dowamynda agaç nahallaryň jemi 60 müň düýbe golaýyny oturtdylar.

Ahalda dürli bag nahallarynyň 80 müňden gowragy oturdyldy

Şu gün — 20-nji martda ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasy gadymy Ahal ýaýlasynda hem özboluşly zähmet baýramçylygyna öwrüldi.  Ählihalk bag ekmek dabarasynyň dowamynda welaýatyň çäginde dürli bag nahallarynyň jemi 80 müň 170 düýbüni, şol sanda saýaly we pürli bagyň 47 müň 910, miweli bagyň we üzümiň 32 müň 260 düýbüni oturtmak göz öňüne tutuldy. Şäherdir şäherçeleriň, obalaryň, daýhan birleşikleriniň, şeýle-de giň ýaýlalaryň ýörite kesgitlenen ýerleriniň bu asylly çäre üçin birkemsiz taýýarlanyp, gerek möçberdäki ýaş bag nahallary bilen üpjün edilmegi ählihalk bag ekmek dabarasyna guramaçylykly başlamaga mümkinçilik berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Şu gün — 20-nji martda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýazky bag ekmek dabarasyna badalga berildi. Ol döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde ilkinji gatnaşan ählihalk çäresi hökmünde uly ähmiýete eýedir.    Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy ählihalk bag ekmek dabarasynyň badalga beriljek ýerine gelip saklandy. Döwlet Baştutanymyzy çärä gatnaşyjylar mähirli garşyladylar. Bu ýerde ýaňlanan aýdym-sazlar dabara gatnaşyjylaryň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterdi. Meşhur sungat ussatlarynyň hem-de ýaş ýerine ýetirijileriň çykyşlarynda halkyň Arkadagly zamanasyna, eziz Diýarymyza, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýip at berlen täze taryhy döwre buýsanç, joşgunly ýaşlygyň waspy öz beýanyny tapdy.

Abadan ýaşaýşyň gönezligi

Watanyň ösüşine mynasyp goşant goşmak we oňa hyzmat etmek biziň her birimiziň esasy maksadymyzdyr. Şeýle işleri durmuşa geçirip iş ýüzünde amal etmek daş-töweregiň tämizligini üpjün etmekden başlanýar. «Biziň ata-babalarymyz ýaşaýşyň çeşmesi bolan tebigat bilen ylalaşykda ýaşamagyň özlerine mahsus bolan ýörelgelerini döredipdirler» diýip Gahryman Arkadagymyz jaýdar belleýär. Şoňa laýyklykda döwletimizde ekologiýa syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekde guwandyryjy netijeler gazanylýar. 2015-nji ýylda BMG-niň Durnukly ösüş boýunça sammitiniň maksatnamalaýyn resminamasynda «2030-njy ýyla çenli ösüş ulgamynda Gün tertibi» kabul edildi. Resminama maksatlaryň 17-sini özünde jemleýär. Şolaryň hatarynda suwdan rejeli peýdalanmak, howanyň üýtgemegine we onuň netijelerine garşy göreşmek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri görmek, ummanlary, deňizleri we olaryň serişdelerini aýawly saklamak, rejeli ulanmak, çölleşmäge garşy göreşmek, biologik köpdürlüligi saklamak we beýleki wezipeler bar.

Ählihalk bag ekmek dabarasyna

Bag nahallary ýetişdirilýär Ýurdumyzda her ýylda giňden bellenilýän Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň öňüsyrasynda däp bolan ýazky ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilmegi özboluşly mana eýedir. Çünki Nowruzda gyş ukusyndan oýanan ene toprak jana gelýär. Şu pursat oňa oklanan däneler, tohumlar, oturdylan nahallar gögerip başlaýar.

Ýazky ählihalk bag ekmek dabarasy baýramyň öň ýanyndaky baýramçylyk

Il içinde «Daragtlar adamlara meňzeýär» diýilýär. Olar, çyndanam, adamlara — olaryňam iň gowularyna meňzeýärler. Sebäbi goja zeminiň iň uzak ömürli barlyklary bolan agaçdyr baglaryň esasy wezipesi — ýagşylyk etmek. Olar howadan zyýanly gazlary özlerine sorup alyp, yzyna bolsa biziň dem almagymyz üçin zerur bolan arassa howany bölüp çykarýarlar. Eýsem, olaryň diňe şu hereketleriniň özi ýagşylygyň iň ýagşy nusgasy dälmi näme?! «Ýagşylyk ýerde ýatmaz» diýen dana pähimi ýada salalyň! Dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň döwletimizi dolandyran ýyllarynda bu pähim baglar babatda-da özüniň subudyny tapdy. Sebäbi Gahryman Arkadagymyzyň hut özi agaçlara ideg etmeklige, bag ekmeklige aýratyn üns berip, güneşli ülkämizi bagy-bossanlyga öwürmek üçin edilýän tagallalaryň başynda durýar, ýazky we güýzki bag ekmek dabaralaryna gatnaşyp, bu asylly işde ähli halka görüm-görelde görkezýär. Şeýle bolansoň, ýurdumyz günsaýyn gür baglyga, sergin howaly jenneti mekana öwrülýär. Eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda edilýän işlere mysal hökmünde ýurdumyzda her ýylda güýzki we ýazky bag ekmek möwsümleriniň geçirilip, millionlarça agaç we bag nahallarynyň oturdylmagyny görkezmek bolar. 2020-nji ýylda baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli 25 million düýp, 2021-nji ýylda bolsa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 30 million düýp bag nahalynyň ekilmegi ýu

Agaçlaryň peýdasy barada käbir maglumatlar

■ Bir düýp agaç ýylyň dowamynda 120 kilogram kislorod bölüp çykarýar. Bu mukdar üç sany ynsanyň ýylboýy arassa howadan dem almagyna mümkinçilik döredýär. ■ Agaçlaryň howany sazlaýjy hökmünde bitirýän hyzmatlary hem bimöçberdir. Has hem yssylygy özüne çekýän asfalt ýollar, beton binalar köp bolan uly şäherlerde dogry gurnalan ýaşyl zolaklar tomsuna howanyň temperaturasynyň 10 — 12 gradus salkyn bolmagyna ýardam edýär.

Sogaply işiň sahawaty

Her ýyl Diýarymyzda saýaly baglaryň, miweli agaçlaryň örän köp sanlysy oturdylýar. Jemgyýetçilik taýdan bähbitli bolan köpçülikleýin bag ekmek ýörelgesi ýaşlarda ekologiýa medeniýetiniň ösmegine, ýurdumyzda ekologiýa taýdan amatly daşky gurşawyň döremegine itergi berýär. Ekologiýa meselesi ýaly örän möhüm ugurda halkara gatnaşyklaryna işjeň gatnaşyjy bolmak bilen, ýurdumyz tutuş adamzadyň geljegine dahylly bolan meseleler boýunça gatnaşyklary kadalaşdyrmaga ýardam etmäge çalyşýar. Alnyp barylýan toplumlaýyn we uzak möhletleýin ekologiýa syýasaty jemgyýetiň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilendir.