"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Bathyzyň janly tebigaty

Güneşli ýurdumyzyň çäginiň esasy bölegi sähralyk çägeleriň paýyna düşýär. Şonuň ýaly Bathyz belentliginiň hem köp bölegi sähralyk, çägelik hem-de pisse tokaýlygy bilen gurşalandyr. Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň meýdanynda köp duşýan jandarlaryň biri hem sähra gemrijileridir. Sähra gemrijileriniň biri-birinden tapawutlylygynyň ähmiýetine baha bermek kyndyr. Sebäbi olar ýeriň reňkine meňzeş bolup, sary, ala, garamtyldyr. Olara boz syçanlary, ýumranlary, homýak şekillileri, üç barmakly hem-de bäş barmakly alakalary mysal getirmek bolar. Bathyz sährasyndaky gemrijileriň biri hem boz syçanlar maşgalasyna degişli (Murinae) bolan syçandyr (Rhombomys opimus). Bu jandarlar sähralygyň çägesöw toprakly we çerkeziň hem-de gandymyň ösýän ýerlerinde maşgala bolup ýaşaýarlar. Boz syçanlar gündizine gezýän gemrijilerdir, onuň ýerasty kürüminiň uzynlygy 10 – 15 metr çemesi bolup, çukuryň içindäki kürümleriň aralyklary gysga ýollar bilen birleşýär, kürüminiň çuňlugy bolsa 20-den 70 santimetr ýa-da 1 metre deňdir. olar özlerine 200 – 300-den köpräk deşikli çykalgalardan kürüm gazýarlar. Bu jandarlar toparlaýyn ýaşansoňlar kürümlerini ýygy-ýygydan täzeläp durýarlar.

«Ak alnyňda bir söz diýem...»

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Ylym şeýle diýýär: 1 gektar ýerde ösüp oturan ösümlikler her gün 220-280 kilograma çenli kömürturşy gazyny «ýuwudyp», deregine hem 180 – 220 kilograma çenli kislorody bölüp çykarýar. Munuň özi her sagatda 200 adamyň arassa howadan dem almagy üçin tebigy iýmit diýmekdir.

Köpetdag kyssalary

Pütünguşy — dagyň iň kiçijik guşy Bu guşy Türkmenistanda tutan, öwrenen ornitolog bardyr öýdemok. Şeýle bir kiçijik welin, juda dykgatly bolaýmasaň, uçuşy-gonuşy göze görnübem duranok. Özem, şeýle bir seýrek gabat gelýär, ýazyň başynda ýa tomsuň ahyrynda görünse, «Bä, bu guş entägem bar-ow» diýdirýär. Ýerli ilat oňa pütünguşy diýýär. Ol howa maýlanda uçup gelip, sowanda-da uçup gidýän «myhman» guşlardan bolmaga çemeli. Men bu guş, onuň mesgen tutýan pütün ösümligi barada maglumat tapyp bilmedim. Şol sebäpli-de makalada aýdylýan maglumatlar diňe öz gören-eşidenlerimdir.

Türkmen tebigaty ― adamzadyň guwanjy

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyza Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyndan (ÝUNESKO) hoş habar gelip gowuşdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem nygtaýşy ýaly, bu guramanyň Bütindünýä mirasy komitetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi» hem-de Türkmenistanyň Özbegistan we Gazagystan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek hakynda çözgüt kabul edildi. Bu sanawa ýurdumyzyň «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarynyň, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamlary hem girizildi.

Tebigat — biziň öýümiz

Eziz Diýar gül açýar Ynsan durmuşyny gözel tebigatsyz göz öňüne getirmek çetin. Adamlar tebigatyň döredýän gözelligine buýsanyp, oňa eýeçilik gözi bilen garap gelýärler. Olar ir döwürlerden bäri tebigat bilen dostlaşypdyrlar, ýaplaryň, salmalaryň boýuna saýalyk, miweli agaçlary oturdyp, tebigatyň gözelligine görk goşupdyrlar. Adam yhlasy bilen keremli topraga ekilen agaç nahallary kem-kemden kemala gelip, daşky gurşawy goramakda esasy çäreleriň biri bolupdyr.

Deňiz üzümi

Dünýäde özüniň üýtgeşik häsiýetleri bilen tanalýan täsin ösümlikleriň biri hasaplanýan ir-iýmişli kokkoloba greçihalar maşgalasyna degişlidir. Ol mydama ýaşyl öwüsýän agaçdyr. Ir-iýmişli kokkoloba ösümligi ilat arasynda «deňiz üzümi» ady bilen meşhurdyr. Bu ösümlik Günorta Amerika döwletleriniň kenarýaka ülkelerinde, Karib deňziniň kenarlarynda, Florida ştatynda we Bermud adalarynda ýabany ýagdaýda ösýär. Kokkolobanyň agaçlaşan baldagynyň boýy 2 metre çenli ösýär. Onuň 8 metre çenli ösýändigini alymlar tassyklaýarlar. Bu ösümligiň ýapraklarynyň uzynlygy 10 – 12 santimetr bolup, olar tegelek – aýlawly ýa-da ýumurtga şekillidir. Galyň we ýylmanak ýaş ýapraklarynyň üst tarapy gyzylymtyl reňklidir. Deňiz üzüminiň ak reňkli ownuk gülleri bolup, özboluşly ýakymly yslydyr. Bu ösümligiň ýaşyl reňkli miweleriniň diametri 2 santimetre golaý bolup, onuň süýji muskat tagamy bardyr. Bişen miweleri gyzylymtyl-goňur reňkli bolýar.

Menekli köl

Kanadada Osuýos şäheriniň golaýynda dünýäniň başga hiç bir ýerinde gaýtalanmaýan «Spotted-Leýk» atly menekli köl ýerleşýär. Ýerli halk gadymdan bäri bu köli «Kliluk» diýip atlandyryp gelipdirler. Menekli kölüň tutýan meýdany 38 gektara golaý bolup, ol gyş we ýaz aýlarynda adaty suw gurşawyna meňzeýär. Tomus düşüp, howanyň ýylylygynyň 40 derejeden ýokarlanmagy bilen, kölüň suwy bugaryp başlaýar. Meýdanda birnäçe kiçijik suwly oýtumjyklar peýda bolýar. Bu suw oýtumlaryna guşuçar belentlikden seredilende tegmile, menege meňzeş keşbi görmek bolýar. Bu menekleriň reňkleri-de, şekilleri-de dürli-dürli bolýar. Kliluk kölünde emele gelýän oýtumjyklaryň reňkleri suwuň mineral düzümine baglydyr. Bu çäkdäki suwuň mineral maddalarynyň mukdary beýleki köllerdäki minerallar bilen deňeşdirilende has ýokarydyr. Menekli kölüň suwunyň düzüminde natriýniň, magniniň, kalsiniň sulfat duzlary, şeýle hem titan, kümüş ýaly elementler agdyklyk edýär. Tebigy şertleriň täsirinden bugarandan soň, suw oýtumjyklarynyň gyralarynda himiki birleşmeleriň ýygyndysy emele gelýär.

Krokodilmi ýa balyk?

Ýasy kelleli balygyň bedeniniň arka tarapy garamtyl goňur reňkli, aşak tarapy bolsa agymtyl çal reňkdedir. Balygyň bu görnüşiniň kellesi, göwresi we guýrugy adyna görä ýasy bolýar. Onuň kellesinde süňkden daraklyk we ösüntgi bolup, bedeni teňňeler bilen örtülendir. Bu balygyň arka tarapyndan başlap, guýruk ýüzgüjine çenli 50 santimetr uzynlykda gara zolak geçýär. Balygyň bedeniniň uzynlygy 70 – 120 santimetr, agramy bolsa 7 – 15 kilogram aralygynda bolýar. Ýasy kelleli balyga Awstraliýanyň we Günorta-Günbatar Aziýanyň tropiki we aram klimatly zolaklaryndaky deňizlerde duş gelmek bolýar. Olar deňziň düýbüniň 10 – 100 metr çuňlugyndaky çägeli, gyrmançaly ýerlerinde ýaşaýarlar. Deňziň düýbünde ýaşaýandygy sebäpli, az hereketli bolýarlar. Balyk köp wagtyny deňziň düýbünde iýmite garaşyp geçirýär. Onuň töweregine ownuk balyklar we leňňeç şekilliler gelse, ol suwy sormak arkaly olar bilen iýmitlenýär.

«Ak alnyňda bir söz diýem...»

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Atamyň inisi bardy, Piri däde diýýärdik. 1941 – 1945-nji ýyllardaky Ikinji Jahan urşuna gatnaşan adamdy pahyr (ýatan ýeri ýagty bolsun). Her gezek nahar-şamdan soň «Dünýälere parahatlyk bersin!» diýip, dileginiň üstüne goşardy. Sessiz soragymyza jogap bermänkä, ok geçensoň çala ýumulýan sag elini sypalap:

Şäherde guşlar saýranda

Gojaman Köpetdagyň iň bir owadan, ekologiýa taýdan arassa ýerinde «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp gurlan Arkadag şäheri özüniň döwrebap durmuş-medeni maksatly binalary, tebigat gözelligi, dag ekoulgamynyň owadan keşbi bilen sazlaşykly tebigy gözelligi emele getirýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Meýdan ýoluksa» atly goşgusynda «Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýip belleýşi ýaly, bu ajaýyp şäheriň tebigat bilen sazlaşykly gözelligini synlamak her bir ynsan üçin örän ýakymlydyr.

Mizan — tebigatyň ajaýyp döwri

Sentýabr aýy ýyldyz senenamasy boýunça Ýaldyrak döwründen Mizan döwrüne geçilýän aýdyr. Sentýabryň 23-i gündiz bilen gijäniň güýzki deňleşýän günüdir. Bu aýda howa barha dury bolup, gözýetimiň giňişlikleri, daglaryň gerişleriniň gözel görnüşleri açylýar. Durnalaryň uçup geçmegi, maýda guşlaryň topar-topar bolup uçup baryşlary arzyly güýz möwsüminiň gelendigini alamatlandyrýar. Güýzde tebigat tyllaýy reňkde öwşün atýar. Köpsanly birýyllyk hem köpýyllyk otjumak ösümlikler güllemegini dowam etdirýär. Gumaklyk sährada ösýän gara we ak sazaklaryň tohumy bişip ýetişýär. Darganata tokaýlyklarynda aýyň ahyrynda güýzüň ilkinji alamatlary peýda bolýar. Tokaý derekleri bolan toraňňylaryň we petdeleriň ýapraklary saralyşyp ugraýar. Dänelileriň iň bitginlisi bolan gargy gülleýär. Olaryň uly tozgalary güneşiň astynda kümüşsöw reňkde ýyldyraşýarlar.

Peýdaly guş

Baýguşlaryň dünýäde 133 görnüşi, Türkmenistanda 9 görnüşi duşýar. Olar çuňlukda hin gazyp ýaşamaga uýgunlaşandyr. Baýguşlar dyrnaklarynyň ýelek örtüklidigi we gulaklarynyň ýokdugy bilen tapawutlanýar. Gyşyna mart aýyna çenli uka gidýär. Baýguş oba hojalyk ekinlerine zyýan bermeýär. Onuň çüňki kiçiräk, dyrnaklary egri, arkasy sargylt-goňur, gözleriniň töwereginde uçlary gara, ösgün ak ýelek bolýar. Garnynyň asty selçeňräk goňras tegmilli, döşüniň we aýagynyň ýelekleri agymtyl, ganatlary garamtyl-goňur, guýrugy goňras, uçlary agymtyl. Ganatynyň uzynlygy 15 — 18 santimetr. Olar köne haýatlarda, harabalarda we gaýa jaýryklarynda hin gazmaga ukyplydyr. Martyň ahyrynda, aprelde höwürtgeläp, 4 — 8 sany ýumurtga guzlaýar. Apreliň ahyrynda, maý aýynyň başynda bolsa jüýjeleri çykýar. Maýda gemrijiler we guşlar, suwulganlar, mör-möjekler bilen iýmitlenýär. Diňe alagaraňkyda däl, eýsem, gündizine hem aw awlaýar. Gemrijileri we zyýanly mör-möjekleri ýok edip peýda getirýär. Adamlaryň ýaşaýan ýerlerinde duş gelse, betbagtlylyk getirýär diýen ynançlar esassyzdyr.

Biler bolsaňyz...

Saryja goýunlaryň ýazky ýüňünden örme el işleri, haly üçin ýüplükler taýýarlanylýar. Güýzlük ýüňünden bolsa keçe basylýar. * * *

Garasar

Garasar obalarda, ekin meýdanlarynda, daglarda duş gelýär. Oturymly ýaşaýan bu guş dürli görnüşli bolup, dünýäniň köp ýurtlaryna ýaýrandyr. Olardan ala we gara görnüşleri biziň ýurdumyzda ýaşaýarlar. Garasar höwürtgesini dag gowaklarynda, jaýlardyr baglaryň üstünde ýasaýar. Ýumurtga basyrmak möhleti 15 gün töweregi bolup, 5 — 6 ýumurtga basyrýar. Onuň jüýjeleri 20 güne çenli höwürtgede bolup, soňra özbaşdak ýaşap başlaýarlar.

Muny bilmek gyzykly

Teneçiriň gözüniň içinde 28 müň sany kiçijik göz bar. * * *

Lotos güli

Lotos — suwda gögerýän owadan gülli ösümlik bolup, ol gadymy Müsürde tämizligiň, päkligiň, mukaddesligiň we rysgal-berekediň nyşany hasaplanylýar. Müsürlileriň ynançlaryna görä, eger Nil derýasy joşanda, lotos güli köp gögerse, onda şol ýyl bereketli bolup, ene toprak bol hasyl eçilermiş. Gadymyýetde lotos hasyllylygyň perisi Izidanyň güli hasaplanylypdyr. Izidanyň tagty hem lotos gülünden eken. Müsürliler Günüň hudaýy Osirisi Lotosyň ýapragynyň üstünde, ýagtylygyň hudaýy Gory bolsa gülüň üstünde oturan keşbinde suratlandyrypdyrlar. Ondan başga-da, lotos patyşalaryň täjini, gelin-gyzlaryň başgabyny bezäpdir. Lotos hindileriň tugrasynda hem suratlandyrylýar. Gadymy Hindistanda ýer suwuň ýüzünde açylan lotos güli şekilinde, jennet bolsa gülgüne lotosyň gülleýän köli ýaly bolmaly diýlip pikir edilipdir.

Ýadygärlikler mekany

Häzirki wagtda Köýtendagyň biodürlüligi 2000-den gowrak görnüşden ybaratdyr. Köýtendagyň florasynda halk we ylmy lukmançylygynda ulanylýan dermanlyk ösümlikleriň 130-dan gowragy duşýar. Bu ýerde ösýän ösümlikleriň sekiz görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň ikinji neşirine girizilendir. Häzirki wagtda goraghananyň çäklerinde ösümlik örtügi dikeldildi. Munuň şeýledigine zerewşan arçasynyň tokaýlyklarynda ýaş agaçlaryň ýyl-ýyldan köpelmegi-de aýdyň şaýatlyk edýär.

Garagumuň miweleri

Güýz arly ýylky zähmetiň netijesini görkezýän pasyl. Diýmändirlermi näme: «Jüýjäni güýzde sanaşarys» diýip. Topragy börtüp çykan giýalaryň ählijesiniň miwesini görkezýän aýlarynda türkmeniň özi ýaly sada, agras, syrly Garagum sährasynyň gandymdyr çeti, çerkezdir sazaklary hem miwe getirýär. Bu miweler örän köp dürli bolup, her biriniň şekili üýtgeşik. Ine, pökgi ýaly togalajyk goňurja şarlar. Bular ýylagyň miweleri. Perlije miweler sözeniňki, daşy tüýjümek, gyzgylt reňkli miwe bolsa gandymyňky. Biri-birine düýbünden meňzemeýän miweleriň arasynda nähilidir bir çalymdaşlyk bar, ýagny pökgi ýaly togalajyk. Şol sebäpli hem olar ýeliň ugruna togalanyp gidip bilýärler. Tebigat olary şeýle ýaratmadyk bolsa, onda ol ösümlikleriň tohumy nädip ýaýrasyn, nädip köpelsin? Bu tohumlary täze menzillere, esasan, ýel ýaýradýar. Şeýlelikde, tebigatyň ajaýyp sazlaşygy netijesinde, Garagum sähramyz ösümliklere beslenýär.

«Ak alnyňda bir söz diýem...»

(Başlangyjy gazetimiziň geçen sanlarynda). «Ýer ala — ýurt ala» diýlen ýörgünli sözi eşidensiňiz. Türkmeniň Garagum sährasy Gyzylgum çölünden, Köpetdagy Köýtendagdan, Amyderýasy Murgapdan, Bathyz belentlikleri Üstýurt gyryndan, Kelif köli Sarygamyş kölünden tapawutly. Hersiniň öz täsinligi, diňe öz daş-töweregine muwapyk aýratynlygy, özboluşly owadanlygy bar.

Gara sazakly jülgede

«Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň tutýan meýdany 34 müň 600 gektar bolup, ol öz içinde birnäçe tebigy meýdanlara bölünýär. «Ýaman tokaý» gara sazakly jülgesi, «Çarlak tokaýy», «Demirgazyk jülgesi», «Günorta jülgesi», «Repetek Saharasy» — bular goraghananyň düzümindäki düzüm bölekleri, bolup geçýän tebigy hadysalary bilen tapawutlanýan meýdanlardyr. «Ýaman tokaý» gara sazakly jülgesiniň «ýaman» ady käbir ylmy çeşmelerde «äpet uly, deňi-taýy bolmadyk tokaý» diýlip terjime edilýär. Bu meýdan başgaça, «hakyky çöl tokaýy» diýlip atlandyrylýar. Sebäbi gür ösüp oturan ululy-kiçili gara sazaklaryň emele getirýän tokaýa meňzeş keşbi dünýäniň başga künjünde gaýtalanmaýan ajaýyp tebigaty döredýär. Goraghananyň tebigy meýdany onuň merkezi bagyndan 12 kilometr demirgazyk-günbatar ugurda ýerleşip, günbatardan gündogara 8 — 10 kilometre uzalyp gidýär. Bu sebit oý ýerdäki aklaň çäge-çöl ulgamydyr. «Ýaman tokaý» gara sazakly jülgesine gara ýol arkaly aňsatlyk bilen barmak bolýar. Bu jülgäniň meýdany takmynan, 1000 gektara golaýdyr.