"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Gar hakynda

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4... -9 gradus sowukdan -1... +4 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +9... +14 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +3... +8 gradus maýyl bolar.

Güjüm agajy

Türkmen halky tebigatyň gelşigi hem ýaraşygy bolan ösümlik dünýäsine aýratyn ähmiýet berip gelen halkdyr. Dana pederlerimiz her bir ynsan üçin agaç nahallaryny ösdürip ýetişdirmegiň sogap hem parz işdigini ündäp gelipdirler. Türkmen halkynyň nusgawy edebiýatynyň wekilleriniň eserlerinde, şonuň ýaly-da, asyrlar aşyp, nesilden-nesle, dilden-dile geçip, sünnälenip hem timarlanyp şu güne çenli gelip ýeten halk döredijiliginde Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen türkmen ýurdunyň boz, bereketli topragynda ösdürilip ýetişdirilen saýaly hem miweli baglaryň waspy ýokary çeperçilik derejesinde beýanyny tapypdyr.

Tut nahallarynyň 3 müň düýbi oturdyldy

Dermanlyk ösümliklerine baý bolan ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän tut agajy azyklyk hem-de melhemlik häsiýete eýe. Şeýle hem bu agajyň ýüpekçiligi ösdürmekde örän uly ähmiýeti bar. Biziň etrabymyzda hem tut nahallaryny ekmek we ösdürip ýetişdirmek işine aýratyn uly üns berilýär. Daýhan birleşiklerinde ekerançylyk meýdanlarynyň gyralaryna, suwaryş desgalarynyň ýakalaryna jemi tut nahallarynyň 350 müň düýpden gowragyny oturtmak göz öňünde tutulýar. Täze özleşdirilýän ýaýlalarda bu işe ýer eýeleri höwes bilen goşulyp, şahsy görelde görkezdiler. Alym lukmanlaryň tassyklamagyna görä, tut agajy howadaky tozanlary sintezlemäge örän ukyplydyr. Tut agajynyň miweleri bolsa dermanlyk häsiýete eýedir.

Kakapo — uçmaýan totuguş

Bu täsin guşlar birnäçe müňýyllyklardan bäri Täze Zelandiýada ýaşaýarlar. Olar totuguşlar maşgalasyna degişli. Beýleki guşlardan tapawutlylykda bu guşlar uçup bilmeýärler. Olaryň ýüzi baýguşuňka, hüwiniňkä meňzeýändigi üçin ýewropalylar oňa «Baýguş totuguşy» diýip at berseler, Täze Zelandiýanyň ýerli halky bu guşa kakapo diýip at dakypdyr. Stýuart adasynda olaryň toparlarynyň tapylmagy bu guşlaryň biziň günlerimize gelip ýetmegine ýardam edipdir. Täze Zelandiýanyň tebigaty goraýyş departamentiniň geçiren gorag işleriniň netijesinde olaryň sany barha köpelipdir.