Ýuwuş suwunyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň usullary
Şorlaşan toprakda ýuwuş suwuny ýeriň gowy tekizlenen ýagdaýynda geçirmek akar suwlary tygşytly ulanmagyň we ýuwuş suwunyň hiliniň ýokary bolmagynyň esasy şertleridir. Gowy tekizlenen ýerde ýuwuş suwy geçirilende, ekinler üçin zyýanly duzlaryň ýuwulmagy 1,5-2 esse çaltlanýar we berilmeli suwuň möçberi hem tygşytlanýar. Şonuň bilen birlikde ýerleri gurplandyrmak üçin organiki hem-de mineral dökünleri ýeterlik derejede bermeli. Organiki we fosfor, kaliý dökünleriniň bir bölegi ýuwuş suwunyň öňüsyrasynda sürümiň aşagyna berlende, gowy netije berýär. Sürümiň aşagyna özünde çig tebigy fosfory, kükürdi we köp mukdarda mikroelementleri saklaýan dökünleýji meliorantlar berlende, ýuwuş suwunyň hiline oňaýly täsir edýär.