Bagtly çagalaryň Diýary
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ösüp gelýän ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek, döwrebap bilim bermek ýurdumyzda aýratyn üns berilýän ugurlaryň biridir. Bu ugurda milli ýörelgelerimize, däp-dessurlarymyza esaslanmak we kämil terbiýeli döwrebap şahsyýetleri kemala getirmek göz öňüne tutulýar. Munuň özi bolsa pederlerimiziň asyrlaryň dowamynda toplan baý tejribesiniň, terbiýe mekdebiniň döwrebap dowam etdirilýänliginiň aýdyň nyşanydyr. Danalaryň belleýşi ýaly, çaga ösüp gelýän nahaldyr, oňa näçe köp ideg etsek, söýgi bersek ol hem bize şonça mukdarda miwe berer. Şonuň üçin halk arasynda «Çagany ýaşdan, edebi başdan» diýen ajaýyp nakyl bar. Ýaş nahalyň owadan, ajaýyp we datly miwe bermegi diňe bir maşgala däl, eýsem, tutuş adamzat jemgyýetiniň ösmegine ýardam eder. Hut şonuň üçin hem her bir ata-ene, mugallym, terbiýeçi ýaş nahalyň sagdyn, jemgyýet üçin peýdaly bolup ýetişmeginde aýratyn orny eýeleýär. Eziz Diýarymyzda ýaş nesliň sagdyn kemala gelmegi, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda düýpli işleriň amala aşyrylýandygy buýsandyryjydyr. Ýurdumyzda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hereket edýär, her ýylyň 1-nji iýunynda Ýer ýüzünde bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni Watanymyzda hem giňden baýram edilýär. Bilşimiz ýaly, hormatly Arkadagymyz ata W