"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Ýaş nesliň saglygy we halkyň abadançylygy baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

Daşoguz, 5-nji iýun (TDH). Şu gün Daşoguz welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän meşhur “B.Braun” kompaniýasynyň iki sany “Dialog+” kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi. Bu waka halkymyzyň, ilkinji nobatda, ýaşajyk raýatlarymyzyň saglygy we abadançylygy hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygynyň nobatdaky güwäsi boldy. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmeler strategiýasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli saglygy goraýyş ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, onuň düzüminiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna, innowasion tehnologiýalaryň, iň gowy dünýä tejribesiniň ornaşdyrylmagyna, lukmançylyk ylmynyň ösdürilmegine, ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, ugurdaş öňdebaryjy merkezler bilen netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Abraýly halkara düzümler, şol sanda BMG-niň Çagalar gaznasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlyk hem oňyn ösüş häsiýetine eýedir.

Ýaş nesliň saglygy we halkyň abadançylygy baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

Daşoguz, 5-nji iýun (TDH). Şu gün Daşoguz welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän meşhur “B.Braun” kompaniýasynyň iki sany “Dialog+” kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi. Bu waka halkymyzyň, ilkinji nobatda, ýaşajyk raýatlarymyzyň saglygy we abadançylygy hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygynyň nobatdaky güwäsi boldy. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmeler strategiýasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli saglygy goraýyş ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, onuň düzüminiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna, innowasion tehnologiýalaryň, iň gowy dünýä tejribesiniň ornaşdyrylmagyna, lukmançylyk ylmynyň ösdürilmegine, ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, ugurdaş öňdebaryjy merkezler bilen netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Abraýly halkara düzümler, şol sanda BMG-niň Çagalar gaznasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlyk hem oňyn ösüş häsiýetine eýedir.

Gün urmadan ägä boluň!

Gün urma — bu aşa yssy günlerde Günüň göni şöhleleriniň adamyň kellesine uzak wagtlap eden täsiri netijesinde kelle beýnä zeper ýetmegi bilen ýüze çykýan ýagdaýdyr. Bu ýagdaý daşarda açyk meýdanda saýawansyz we başgapsyz uzak wagtlap gezilende bolup biler. Kähalatlarda gyzgyn howada beden aşa suwuklygy bedenden çykarmak arkaly derlemek bilen goranýar. Ýöne derlemek bilen gerekli maddalar we suwuklyk hem bedenden çykýar. Bu bolsa, öz gezeginde, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagyna getirýär. Şol sebäpden pasla görä, açyk reňkli nah matalardan tikilen egin-eşikleri we başgaplary geýmek we ýanyň bilen arassa agyz suwuny götermeklik maslahat berilýär.

Çomuç toşaby

Häzirki wagtda baý türkmen tebigatynyň ösümlik dünýäsiniň dermanlyk häsiýetini öwrenmekde uly işler alnyp barylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseri bu ugurda bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Tebigat bilen sazlaşykly ýaşan pederlerimiz irki döwürlerden bäri çomujy ynsan saglygyny berkitmekde peýdalanypdyrlar. Halk lukmançylygynda çomujyň şiresi, köki, palajy gaýnadylyp toşap alnypdyr. Ol diňe bir derman serişdesi däl, eýsem, iýmit hökmünde hem ulanylypdyr.

Saglyk — gymmatly baýlyk

Kämilligiň basgançagy

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, ylmyň çuňluklaryna aralaşmaklary üçin taýsyz tagallalar edilýär. Munuň özi ýaşlaryň ylym dünýäsindäki uly-uly açyşlaryna sebäp bolýar. Bu açyşlar, ylmy işler ynsan saglygyny goramak ýaly arzyly kärde zähmet çekýän lukmanlar tarapyndan hem alnyp barlyp, olar adam ömrüniň uzalmagynda, sagdyn jemgyýetimizi berkarar etmekde uly ähmiýete eýedir. Işini ylmy gözlegler bilen baglanyşdyryp alyp barýan lukmanlaryň biri welaýat köpugurly hassahanasynyň neýrohirurg lukmany Merdan Nazarowdyr. Ylymlar gününiň öňüsyrasynda Merdanyň alyp baran ylmy gözlegleri bilen tanyşdyk. Has dogrusy, ýaňy-ýakynda ýaş lukmanyň talyplyk döwründe alyp baran ylmy işi iş ýüzünde üstünlikli amala aşyryldy. Munuň üçin lukmanyň we ondan bejergi alan ildeşimiziň begenjiniň çägi ýok.

Öňüni alan ýagşy

Tomus aýlarynyň gelmegi bilen meýdanlarda, suw howdanlarynda çybynlar köpelýärler. Gün ýaşandan soň olaryň adama hüjüm etmegi adaty endikdir. Ýöne bu ýagdaýda olaryň dürli keselleri ýokuşdyrmak häsiýetiniň bardygyny welin hemmämiziň bilmegimiz zerurdyr. Esasan hem anofeles urkaçy çybynlary gyzzyrma keseliniň ýaýramagyna sebäp bolýarlar. Hormatly Prezidentimiziň aladalary netijesinde ýurdumyzda gyzzyrma keseliniň ýok edilen keselleriň hataryndadygy guwandyryjy ýagdaýdyr. Ýöne muňa garamazdan, keseliň öňüni almak maksady bilen çybynlardan goranmagymyz we keselden hüşgär bolmagymyz gerek.

«Ýyly suw» şypahanasynyň melhemli suwlary

Mähriban Watanymyzda döwrebap şypahanalaryň birnäçesi hereket edýär. Şolaryň biri hem Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän «Ýyly suw» şypahanasydyr. Biziň häzirki gürrüňini edýän şypahanamyzda melhem suwlaryň birnäçe görnüşi bar. Şypahana gelýän raýatlarymyzyň hemmesini örän geň galdyrýan 20-nji guýynyň suwudyr. Ol gowşak minerallaşan termal (ýyly) suw. Suwuň esasy täsinligi oňa gireniňde şol wagtyň özünde täsir edip, köp keselleriň ilkinji alamatlarynyň biri bolan agyryny aýryp, ýeňillik berip bilýändigindedir. Bu guýynyň suwuny degna (newrit, newralgiýa), ýokanç däl deri kesellerini, süňk-bogun ulgamlarynyň, böwrek we peşew çykaryş, aşgazan, içege we öt çykaryş ulgamlarynyň, galkan görnüşli mäz sökellikleriniň ýeňil görnüşlerini, aýal jyns synalarynyň sowuklama kesellerini, neýrosirkulýator distoniýa keselini, aýal we erkek kişiniň önelgesizliginde, süýji keseliniň ýeňil görnüşini bejermekde giňden ulanylýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda döredilen şypahana ulgamy has-da ösýär, özgerýär. «Ýyly suw» şypahanasy hem ýylyň ähli paslynda mähriban raýatlarymyzyň saglygyny berkitmekde halkyň hyzmatyndadyr. Şypahanamyzyň melhem suwlaryndan peýdalanyp, saglygyňyzy berkitmäge geliň!

Sahawat serpaýy

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr. Hut şonuň üçin hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň giň gerimli özgertmeleri, belent tutumlary köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalaryň bagtly geljegine gönükdirilendir. Magtymguly etrap hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan iki sany «Dialog+» kysymly kämil lukmançylyk enjamynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy hem munuň özboluşly subutnamasyna öwrüldi. Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän dünýä belli «B.Braun» kompaniýasynyň önümi bolan gemodializ enjamlary döwrebap tehnologiýalar esasynda taýýarlanyp, olar täze görnüşli emeli böwrek enjamy bolmak bilen, häzirki wagtda mälim bolan dializ bejergisiniň ähli görnüşlerini geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu lukmançylyk enjamlary dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglara edilýän saglygy goraýyş hyzmatlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga şert döredýär. Şunlukda, näsagyň saglygy gowulanyp, ömür dowamlylygy uzalýar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan bu lukmançylyk enjamlary halkymyzyň iň gymmatly baýlygy bolan saglygyny, aýratyn-da, ýa

Berjaý edilmeli maslahatlar

♦Tomus aýlarynda Günüň ýiti şöhlesinden goranmak üçin açyk reňkli nah matadan, ýeňil we giň tikilen eşikleri geýiň. ♦Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, kadaly we sagdyn iýmitleniň. 

Durmuşyň gözelligi saglykda

Ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramaklygyň, sagdyn durmuş ýörelgesini, sporty köpçülikleýin häsiýete eýe etmekligiň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigine eziz Diýarymyzyň ähli ýerlerinde dünýä hil derejesindäki enjamlar bilen üpjün edilen saglygy goraýyş desgalarynyň, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, şypahanalaryň, sport desgalarynyň gurlup ulanmaga berilmeginiň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Esasan hem, ýaş nesilleriň sagdyn, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşup biljek adamlar bolup ýetişmekleri babatda alnyp barylýan işler barha giň gerime eýe bolýar. Sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işleriň oňyn netijelerini berýändigi guwandyryjydyr. Ähli amatly şert-mümkinçilikleri özünde jemlän döwrebap stadionlar, bedenterbiýe-sagaldyş we sport toplumlary bu günki gün bagtyýar raýatlaryň, esasan hem, ýaş nesilleriň höwes bilen barýan hem-de bedenlerini taplaýan, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan söýgüli ýerlerine öwrüldi.

Il saglygy — ýurt baýlygy

BAGTYÝARLYGYŇ GIREWI Bedende dürli keselleriň başlanmagyna sebäp bolýan neşekeşlikden, arakhorlukdan we beýleki ýaramaz endiklerden özümizi we çagalarymyzy, ýakynlarymyzy goramaga her birimiz borçludyrys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleri giňden ornaşdyrylýar. Neşe söwdasyna baş goşýanlar we ondan ejir çekýänler jemgyýetimiziň durmuşyndan ýok boldy diýsegem boljak. Ýöne şonda-da, biz entek hüşgärligi elden bermeli däldiris.

Gün şöhlesinden goranmak üçin maslahatlar

Tomus paslynda Günüň aşa ýiti şöhlesinden goranyň! Tomus aýlarynda Günüň ultramelewşe şöhlelerinden goranmak üçin açyk reňkli nah matadan, ýeňil we giň tikilen eşikleri geýiň!

«Saglygyň gadryny bilgil»

Biziň ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak, keseliň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýetimize giňden ornaşdyrmak babatda uly işler amala aşyrylýar. Bilşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri alym Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda kesgitlenen wezipeler üstünlikli amala aşyrylyp, saglygy goraýyş ulgamy hil we maddy-enjamlaýyn taýdan has-da kämilleşdirilýär. Bu babatda ýurdumyzyň mynasyp bolan halkara güwänamalary Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini görkezýär.

Sagdyn durmuş bagtyýarlykdyr

Ynsan saglygy baş baýlyk hasaplanýar. Şol baýlygy goramak bolsa adamlaryň özlerine bagly. Şonuň üçin-de aşakdaky kadalary ýerine ýetirmek zerur. Ýüze çykýan kesellere garşy göreşmek üçin, ilkinji nobatda, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly. Açyk arassa howada gezelenç etmeli. Zyýanly endiklerden daşda durmaly. Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň arassa bolmagyny gazanmaly. Öýleriň penjiresini wagtal-wagtal açyp, howasyny çalşyp durmaly. Öýleriň içinde arassalaýyş işlerini yzygiderli geçirip durmaly. Özbaşdak derman serişdelerini ulanmakdan saklanmaly, sebäbi olary özbaşdak ulanylanda birnäçe gaýraüzülmelere getirip biler. Asgyrlanda, üsgürlende hökman elýaglyk bilen agzy we burny ýapmaly. Elleri elmydama arassa saklamaly we ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmaly.

Bütindünýä welosiped güni — sagdynlygyň, sportuň we dostlugyň baýramy

Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy Aşgabat, 3-nji iýun (TDH). Şu gün, asylly däbe görä, ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Birleşen Milletler Guramasynyň senenamasynda mynasyp orun eýeleýän bu halkara baýram mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Agzybirlik

Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy Köpçülikleýin welosipedli ýöriş beden, ruhy we ahlak sagdynlygynyň ajaýyp nusgasydyr. Şu jähetden, düýn Bütindünýä welosiped güni mynasybetli döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.

Zenan saglygynyň aladasynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda bagtyýar watandaşlarymyzyň saglygyny goramak boýunça uly işler alnyp barylýar. Elbetde, bu toplumlaýyn işleriň hatarynda zenan saglygyny goramak baradaky alnyp barylýan işleriň aýratyn orny bardyr. Ýaşaýşymyzyň, durmuşymyzyň we ajaýyp döwrümiziň bezegi bolan zenanlarymyzyň saglygyny goramak işleri biziň ýurdumyzdaky saglyk merkezlerinde döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda guralýar. Şolaryň hatarynda skrining barlaglaryny hem görkezip bolar. Skrining barlaglary hassahanamyzda hem ýokary guramaçylykly ýagdaýda alnyp barylýar. Germaniýaly hünärmen, ginekolog, sitolog Ýoahima Simermana ýurdumyza amala aşyran iş saparynyň çäginde hassahanamyzda skrining çäreleriniň guralyşy bilen ýakyndan tanşyp, degişli hünärmenleriň alyp barýan işlerine ýokary baha berdi. Şeýle-de ol özüniň baý tejribesini lukmanlarymyz bilen paýlaşdy.

Ça­ga­lar sa­gal­dyş mer­kez­le­ri gu­ja­gy­ny giň­den aç­ýar

«7/24. tm» №23 (210), 03.06.2024 To­mus pas­ly­nyň gel­me­gi bi­len ýur­du­my­zyň mek­dep okuw­çy­la­ry to­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi­ne çyk­dy­lar. Ýur­du­myz­da mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň okuw ýy­ly­ny ta­mam­lap, to­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi­ni gy­zyk­ly, şa­dy­ýan we peý­da­ly ge­çir­mek­le­ri ug­run­da uly ala­da­lar edil­ýär. Şu ýyl hem iýun aýy­nyň baş­lan­ma­gy bi­len, be­lent dag­la­ryň jül­ge­sin­de ýer­leş­ýän Gök­de­re­de, dün­ýä meş­hur «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da, şeý­le hem se­bit­le­ri­miz­dä­ki döw­re­bap ça­ga­lar sa­gal­dyş mer­kez­le­rin­de ýat­dan çyk­ma­jak pur­sat­la­ra bes­le­nen to­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi baş­lan­dy. Gök­de­re­de, we­la­ýat­lar­da ýer­leş­ýän ça­ga­lar sa­gal­dyş mer­kez­le­rin­de dynç al­ýan ça­ga­la­ryň bi­rin­ji tap­gy­ry baý­ram­çy­lyk nyg­mat­la­ry we şow­hun­ly çä­re­ler bi­len mä­hir­li gar­şy­la­nyl­dy. Türk­men halk er­te­ki­le­ri­niň, ro­wa­ýat­la­ryň gah­ry­man­la­ry­nyň ly­bas­la­ry­ny geý­nen mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň aý­dym-saz­ly da­ba­ra­ly ýö­ri­şi äh­li sa­gal­dyş mer­kez­le­ri­ni gur­şap al­dy.

Saglyk — rowaçlygyň binýady

Ynsan saglygy ýurt baýlygyna deňelýän eziz Diýarymyzda raýatlaryň saglygyny goramak babatda uly tagallalar edilýär. Halkymyz «Sag başym — soltan başym» diýýär. Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragy bolsa: «Dürdür bu janyň lezzeti//Saglyk onuň soltanydyr» diýip ýazypdyr. Bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we ýok etmek babatda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar. Paýtagtymyzda, ýurdumyzyň çar künjeginde gurulýan saglyk maksatly döwrebap binalar halkymyza hyzmat edýär. Dürli keselleriň öňüni almakda we olary bejermekde bereketli türkmen topragynda bitýän ösümliklerden giňden peýdalanylýar. Garagum sährasynda ösýän ösümlikleriň aglabasy dermanlyk häsiýetlidir. Pederlerimiz ynsan saglygyna peýdaly otlary öwrenip, olary halk lukmançylygynda ulanypdyrlar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda türkmen tebigatyndaky melhem otlaryň ösýän ýerleri, dermanlyk häsiýetleri, olaryň taýýarlanylyşy we ulanylyşy barada giňişleýin maglumat berilýär. Türkmen topragynda ösýän 2 müňden gowrak dermanlyk ösümligiň halk lukmançylygynda ulanylýandygy, olaryň 500-den köpüsiniň Türkmenistanyň floras