"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Bagtdan paýly nesiller

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi ýaş nesil barada edilýän aladanyň aýdyň subutnamasydyr. Ösüş-özgertmelere beslenen beýik döwrümizde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri ulus-ilimizde gyzgyn goldaw tapýar. Gazna tarapyndan çagalaryň saglygyny goramak we berkitmek işleri yzygiderli alnyp barylýar. Mundan başga-da, ýurdumyzyň welaýatlarynyň hassahanalarynyň çagalar bölümlerine «Tiz kömek» awtoulaglary, lukmançylyk enjamlary we serişdeler berildi. Ýakynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Gaznanyň howandarlyk etmeginde ýurdumyzyň çagalarynyň arasynda «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat bäsleşigi geçirilip, onuň ýeňijileri dabaraly ýagdaýda sylaglandy.

Sagdynlygyň mekany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ynsan saglygy we bagtyýarlygy hakda bimöçber aladalar edilýär. Bu ugurdaky tagallalar güneşli diýarymyzyň gözel künjeklerinde gurlan we üstünlikli hereket edýän döwrebap şypahanalaryň, lukmançylyk merkezleriniň, şeýle-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň sagaldyş merkezleriniň işlerinde aýdyň beýanyny tapýar. Tomus paslynyň gelmegi bilen, raýatlaryň aglabasy zähmet rugsadyna çykyp, saglygyny berkitmek üçin şypahanalary saýlaýar. Şonuň bilen baglylykda, şu günler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň we sypahanalaryň mähellesi barha artýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tomus möwsümi üçin olarda ýokary taýýarlyk işleri amala aşyryldy. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, sagaldyş merkezlerinde we şypahanalarda, şol sanda Awazada türkmenistanlylaryň ýokary hilli dynç almagy üçin ajaýyp şertler döredildi.

Gün urmasyndan goranyň

Howanyň aşa gyzyp başlamagy bilen, Günüň ýiti şöhlesinden goranmak zerurlygy ýüze çykýar. Çünki dowam edýän yssy günlerde saglygyňy durnukly saklamak esasy wezipe bolup durýar. Şu jähetden, mundan beýläk daşaryk çykylanda, möwsüme görä, ak ýa-da açyk reňkli nah matadan tikilen egin-eşikleri geýinmegi, kellä başgap geýmegi, ýaglyk daňynmagy, saýawan götermegi, ýanyňyz bilen arassa agyz suwuny almagy unutmaly däl. Gün şöhlesiniň, arassa howadyr suwuň adam saglygy üçin örän peýdalydygy hemmä mälimdir. Gün şöhlesi ýerlikli peýdalanylanda, bedeniň immun (gorag) ulgamyny berkidýär. Ultramelewşe şöhleler öýjüklerde diş we süňkler üçin peýdaly D witamininiň işlenip çykarylmagyna itergi berýär. Beden üçin gerek bolan Gün şöhlesiniň ýeterlik mukdarda kabul edilmezligi, adamda keýpsizligiň, uky bozulmasynyň we gaharjaňlygyň ýüze çykmagyna getirýär. Ýöne yssy günlerde Gün şöhlesiniň dowamly täsiriniň saglyga zyýan ýetirip biljekdigini hem unutmaly däl. Hususan-da, yssy howaly günlerde Gün urmakdan ägä bolmaly.

Hormatly watandaşlar!

Tomsuň häzirki jöwzaly günlerinde sagdyn durmuşy üpjün etmek siziň özüňize baglydyr. Munuň üçin, Günüň ýiti şöhlesinden goranmagy, pasla görä geýinmegi, jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmegi, günüň dowamynda 2-2,5 litre çenli arassa agyz suwuny kabul etmegi, gök önümlere, miwelere, süýt we süýt önümlerine has köp üns bermegi, ýagly hem-de ajy tagamlardan, kakadylan et we balyk önümlerinden daş durup, gaýnadylan, buglanan görnüşinde taýýarlanylan naharlary iýmekligi maslahat berýäris.

Ynsan ömrüniň halasgäri

Saglygy goraýyş ulgamynyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, ýurdumyzda donorçylygyň döwlet tarapyndan giňden goldanylýandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Muny «Donorçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilendigi hem doly tassyklaýar. Döwletimizde gan donorlary uly jogapkärçilik bilen saýlanyp alynýar. Ilkinji nobatda, merkeziň kliniki anyklaýyş bölüminde tabşyrylýan gan giňişleýin barlanylýar, onuň düzümi täzeden işlenilýär.

To­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi

«7/24. tm» №24 (211), 10.06.2024 Ha­za­ryň eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa ke­na­ryn­da, şy­pa­ly Gök­de­re­de hem-de we­la­ýat­lar­da ýer­leş­ýän ça­ga­lar sa­gal­dyş we dynç alyş mer­kez­le­rin­de to­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi baş­lan­dy. Ça­ga­lar dynç alyş wag­ty gy­zyk­ly ge­ze­lenç­ler et­di­ler, aň-paý­has, dö­re­di­ji­lik we sport bäs­le­şik­le­ri­ne gat­naş­dy­lar, ýur­du­my­zyň ta­ny­mal adam­la­ry bi­len du­şuş­dy­lar. To­mus gün­le­ri okuw­çy­lar dür­li ugur­lar­da, şol san­da eko­lo­gi­ýa me­de­ni­ýe­ti­ne we sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne de­giş­li bi­lim­le­ri­ni­dir ba­şar­nyk­la­ry­ny art­dyr­dy­lar.

Abu Aly Ibn Sinanyň gymmatly mirasy

Berkarar döwletimizde ýurt möçberinde döwrebap lukmançylyk ylmyny ösdürmäge, şeýle-de türkmen lukmançylygynyň taryhyny öwrenmäge uly üns berilýär. Mälim bolşy ýaly, özüniň köklerini irki döwürlerden alyp gaýdýan türkmen lukmançylygynda dürli keselleri bejermegiň anyk ugurlary kesgitlenipdir. Mundan başga-da, türkmen tebipleridir lukmanlary otlardan dürli çalgylary we däri-dermanlary ýasapdyrlar. Olar diňe bir ösümlikden alnan dermanlary däl-de, eýsem haýwanlardan we daşlardan ýasalan dermanlary döwük-ýenjikleri, ýanyklary, sowuklamany bejermek üçin ulanypdyrlar. Wagtyň geçmegi bilen lukmançylyk düşünjeleri artypdyr. Ussat lukmanlar döräp başlapdyr, soň-soňlar olar öwrenen zatlaryny şägirtlerine öwretmek bilen lukmançylyk ylmynyň esaslaryny nesilden-nesle geçiripdirler. Gündogar lukmançylygyny esaslandyryjylar diýlip, hasaplanýan Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň, Muhammet Gaýmaz Türkmeniň, Abu Aly ibn Sinanyň, Abu Reýhan Birunynyň ylmy-amaly mirasy häzirki wagtda hem ynsan saglygyny goramakda uly gymmatlyga eýedir.

Lukmançylygyň ösüşine nemes kardiohirurgynyň goşandy

Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyçlary hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan bilen dünýä ýurtlarynyň, şol sanda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda ykdysady, medeni, saglyk, bilim ugurlary boýunça hyzmatdaşlyklar ýola goýuldy we üstünlikli dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan üstünliklerde türkmen-german hyzmatdaşlygy hem aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Bu hyzmatdaşlygy ösdürmekde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň raýaty, kardiohirurg lukmany, pensioner Hans Meýsneriň aýratyn paýy bar. Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň şanly 20 ýyllygy mynasybetli geçirilen baýramçylyk günlerinde tejribeli nemes lukmanynyň Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni bilen sylaglanylmagy onuň bu ugurda bitiren işlerine uly baha berilýändiginiň subutnamasy boldy. Hans Meýsner özüniň zähmetiniň ýokary derejede ykrar edilendigi üçin dörän ýürek buýsanjyny minnetdarlyk bilen beýan etdi. Nemes lukmany Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda dünýäniň iri halkara guramalary we ösen döwletleri bilen üstünlikli iş alyp barýandygyny belläp, döwlet Baştutanynyň ýolbaşçylygynda bu ugurda belent sepgitlere ýetilendigini guwanç bilen aýtdy.

Köpgülli ammaniýa

Häsiýeti. Medeni oturym derman ösümligi. Köpgülli ammaniýa – gelingüllüler maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 5-10 sm birýyllyk otjumak wekili. Baldagy göni, inçe, dört gyraňly, ýönekeý ýa-da şahalary ýokarlygyna gyşyk gönügen. Aşaky ýapraklary ujy çowly, esasy gysylan, galanlary çyzykly, esasy ýürek görnüşli giňän, gulaklyja, uzynlygy 4-20 mm, ini 1-3 (5) mm. Gülleri ownuk, köp sanly, goltukda ýerleşýär, 3-7-güllüje ýarym saýawanly, gül sapagy inçe, uzynlygy 2-3 (5) mm-e çenli. Gül ýapraklary melewşe, ters ýumurtga görnüşli, okarajygynyň uzynlygy 1-1,5 mm, jaňjagaz şekilli, dört gyraňly, ýiti üç burçly ülüşli we sähelçe görnüp duran çykyntgyly, miwede ýarym şar görnüşli. Tyçinkasy dört sany. Sütünjiginiň uzynlygy, takmynan, 1 mm. Gozajygy şar görnüşli, okarajykdan sähelçe uly. Tohumy ownuk, uzynlygy, takmynan, 0,2 mm.

Halk baradaky alada ileri tutulýar

5-nji iýunda Daşoguz welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän meşhur «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi. Ýurdumyzda ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejesini üpjün etmäge, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagyna amatly şertleri döretmäge gönükdirilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy, 2021 — 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýa we beýleki milli maksatnamalardyr taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Keseliň bejergisine täze garaýyş

Mälim bolşuna görä, süýjüli diabet ýokanç däl kesellere degişli bolup, gaýra goýulman doly we dogry bejeriş geçirilmedik halatlarynda dürli gaýra üzülmelere getirip bilýär. Süýjükeseliň agyr gaýra üzülmeleriniň biri bolan diabetiki daban sindromy (alamatlar toplumy) oňa duçar bolan syrkawlaryň her dördünjisinde diýen ýaly duş gelýär. Bejeriş gijikdirilende, zeperlenen aýagyň belli bir bölegini kesip aýyrmaga (amputasiýa) zerurlyk ýüze çykýar. Bu bolsa syrkawyň ömürlik maýyp bolmagyna getirýär. Süýjüli diabet anyklanan näsaglarda ganda şekeriň (glýukoza) derejesiniň ýokarlanmagy kem-kemden beden agzalarynyň, has köp aýaklaryň zeperlenmegine getirip bilýär. Dabanlarda ilki göze ilmeýän, bitmegi kyn bolan kiçijik ýaralar, sypjyryklar peýda bolup, soňabaka şikeslenen agzanyň çuň ýerleşen dokumalarynda bitmeýän iriňli, başly ýaralar döreýär. Flegmona (ýumşak dokumanyň ýiti iriňli çişi), gangrena (çüýreme), osteomiýelit (süňk ýiliginiň gaýnaglamasy), diabetiki osteoartropatiýa (dabanyň görnüşiniň üýtgemegi) ýüze çykýar. Aýaklaryň arteriýa damarlarynda ganyň akmagynyň bozulmagy (diabetiki angiopatiýa), aýaklaryň duýgurlygynyň peselmegi (diabetiki neýropatiýa) bu gaýra üzülmeleriň ýüze çykmagyna itergi berýär.

Sorag-jogap

Göz näme üçin gyzarýarka? «Gözüň gyzarmagyna näme sebäp bolýar? Gözüň gyzarýan bolsa kitap okamaly ýa-da telewizora seretmeli dälmi?».

Düýe çaly — derde melhem

Merdana pederlerimiz irki döwürlerden bäri nesilleriniň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmaklarynyň aladasyny edipdirler. Ýylyň dowamynda gyşyň aňzakly sowugyndan, tomsuň jöwzaly yssysyndan goranmak üçin dürli görnüşli egin-eşikler bilen bir hatarda iýlip-içilýän iýmitleri hem taýýarlapdyrlar. Milli tagamlaryň arasynda burçly unaşy sowuklamadan saplanmakda yzygiderli içilen bolsa, düýe çaly suwsuzlygyňy gandyrmakda peýdalanylypdyr. Howanyň gyzgynlygy adamy suwsadýar. Ynha, şonda düýe çaly janyňa melhem, derdiňe em bolýar. Türkmen halky irki döwürlerden bäri maldarçylyk bilen meşgullanyp, olaryň ýüňünden we derisinden egin-eşikleri, etinden hem süýdünden dürli tagamlary taýýarlapdyrlar. Maldarçylykda düýedarçylyk aýratyn orny eýeläpdir. «Düýe maly — dünýe maly», «Düýeli baý — dünýäli baý», «Düýe çaly — derde däri» diýen atalar sözlerimiz ata-babalarymyzyň düýelerden asyrlarboýy peýdalanyp gelýändigine şaýatlyk edýär. Uzak ýola gidende esasy ulag düýe bolupdyr. Sebäbi suwsuzlyga çydaýan bu jandar ýük we adam daşamakda ähmiýetlidir. Düýe iň gazaply, iň gurak tebigatda ýaşamaga uýgunlaşan, çydamly maldyr. Onuň iýmiti tebigatyň güýjüni, güneşiň ýokumly şöhlesini özüne siňdiren dürli dermanlyk otlardan, aýratyn hem, ýandakdan ybarat bolandygy üçin, düýe süýdüniň düzüminde adam üçin dürli peýdaly maddalar köpdür.

Alma näme üçin peýdaly?

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda bellenilişi ýaly, alma bedene oňyn täsir edýän ýokumly maddalaryň köp görnüşini saklaýar. Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymy Selbi Mämmetsähetowa habarçymyzyň haýyşy bilen peýdaly we tagamly miwe — alma hakynda gürrüň berýär. Alma irki döwürlerde dünýäniň ähli ýerlerinde ilki ýabany görnüşde peýda bolupdyr. Soňra ol medeniýetleşdirilip, ähli dünýä ýurtlarynda diýen ýaly medeni şertlerde ösdürilip, ýetişdirilip başlanylypdyr. Bu diňe bir almanyň üýtgeşik tagamy, peýdaly häsiýeti däl-de, onuň gadymyýetden bäri keramatly, adatdan daşary güýje eýe bolan miwe hasaplanylyp gelnendigi bilen baglanyşyklydyr. Muňa gadymy rim, müsür, pars, grek miflerinde (toslama), halk döredijiliginde alma bilen baglanyşykly wakalara uly orun berilmegi hem güwä geçýär. Türkmen halk ertekilerinde, rowaýatlarynda alma halallygyň, ýagşylygyň, yşk-muhabbetiň, gözelligiň nyşany hökmünde seredilýär. Alma baglygyna bürenip oturan sebitleriň köp bolandygy üçin jahankeşdeler Orta Aziýany «alma şalygy» diýip atlandyrypdyrlar. Hakykatdan-da, bu miwe Orta Aziýa halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň hem iýmitinde esasy orunlaryň birini eýeleýär.

Kim gan tabşyryp bilýär?

Donoryň gany, kähalatlarda näsagy sagaltmak üçin ýerini çalşyp bolmaýan serişdedir. Aýratyn-da, donorçylygyň möhümligi şunuň bilen baglanyşyklydyr. Islendik sagdyn adam gan donory bolup bilýär. Milletine, ýaşaýan ýerine, durmuş ýagdaýyna garamazdan, ýaşy on sekizden altmyşa çenli, gan ýa-da onuň düzüm böleklerini tabşyrmagy üçin saglygy boýunça garşy görkezmeleri bolmadyk adamlar donor bolup bilerler. Gan tabşyrmagy isleýän adamyň ýanynda pasporty ýa-da özüniň şahsyýetini tassyklaýan başga resminamasy bolmaly. Donorlar 350-450 ml gan tabşyryp bilýärler.

Tomusda iýmit önümleriniň saklanyşy

Iýmit önümlerini saklamagyň düzgünlerini berjaý etmek saglygy goramagyň möhüm şertleriniň biridir. Olaryň talabalaýyk saklanylmagy zaýalanmagynyň, düzümindäki witaminleriň we ýokumly maddalaryň ýitirilmeginiň öňüni alýar. Aýratyn-da, gök önümler we miweler biziň gündelik iýmitimiziň möhüm bölegidir. Olaryň terligini we witamin düzümini saklamak üçin aşakdaky maslahatlary berjaý etmek gerek.

Arterial gan basyşy üýtgeýär: bu howply ýagdaýmy?

Näsaglaryň arasynda arterial gan basyşynyň ýokarlanmagy bilen baglylykda birnäçe pikirler ýüze çykýar. Olaryň haýsysynyň dogrudygyny ýa-da nädogrudygyny bilmek üçin geliň raýatlaryň arasynda ýüze çykýan pikirleri aýdyňlaşdyralyň. 1-nji pikir: «Gan basyşym ýokarlanýan bolsa-da men özümi gowy duýýaryn, diýmek howsala düşmäge esas ýok».

Süýjüsiz diabet

Habarçymyz Narjan Ilmyradowa endokrin kesellere degişli bolan süýjüsiz diabet barada Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkeziniň maslahat beriş-anyklaýyş bölüminiň endokrinolog lukmany Selbi Hudaýgulyýewa bilen söhbetdeş boldy. — Süýjüsiz diabet süýjüli diabetden nähili tapawutlanýar?

Syrdam syratyň syry

Uzyn boýly, syrdam syratly adam hemişe-de daş-töweregindäkileriň höwesli nazaryny özüne çekýär. Her bir ata-ene öz çagasynyň boýuna-syratyna guwanmagyň arzuwynda ýaşaýar. Dana Magtymguly atamyz hem özüniň «Boýlaryňa» atly goşgusynda: Ýörseň, ýarym, guwanar men, Serwi kamat boýlaryňa. Gülden puşeş ýaraşypdyr, Ajap rahat boýlaryňa

Içgeçme

Howanyň üýtgemegi bilen köplenç, duş gelýän keselleriň biri-de içgeçmedir. Bu kesel, esasan, çagalarda ýygy duş gelýär. Içgeçmäniň kiçi ýaşly çagalarda duş gelmegi has howpludyr. Içgeçmede içegäniň hereketiniň çaltlaşmagy, suwuň ýogyn içegede sorulma hadysasynyň bozulmagy ýaly ýagdaýlar döreýär. Netijede, içegelerde gaýnaglama suwuklygynyň köp mukdarda emele gelmegi sebäpli suwuk täretiň ýygy-ýygydan çykmak hadysasy ýüze çykýar.