Arassa suw — sagdynlygyň çeşmesi
Tomus paslynyň dowam edýän häzirki günlerinde howa öňkülerden has gyzýar. Bu günlerde arassa agyz suwuny düzgüne laýyk, dogry içýän adamlar özlerini şähdaçyk, ruhubelent we sagdyn duýýarlar. Munuň hem lukmançylyk ylmy tarapyndan ykrar edilen sebäpleri bar. Suw adam bedeninde bolup geçýän ähli fiziologik hadysalara — dem alyş, gan aýlanyş, iýmit siňdiriş, bölüp çykaryş we beýleki hadysalaryň kadaly amala aşyrylmagyna doly gatnaşýar. Adam suwy yzygiderli içmese, tapdan düşüp başlaýar, ýagny bedende suw ýetmezçiligi ýüze çykyp, öýjüklerde we damarlarda galyndylar ýygnanýar, ol ganyň goýalmagyna getirýär. Netijede, beden agzalarynyň işi bozulyp, dürli keselleriň ýüze çykmak howpy ýokarlanýar. Bedende şeýle näsazlyklar ýüze çykmaz ýaly, suw içmegiň düzgünlerini dogry berjaý etmeli. Suw içmegiň hem örän möhüm düzgünleri bar. Şolaryň birinjisi, içiljek suwuň arassa agyz suwy bolmagydyr. Arassa agyz suwy talabalaýyk kabul edilende, bedeniň immun işjeňligi ýokarlanyp, yssy howa zerarly ýüze çykýan näsazlyklardan goranyp bolýar. Tomsuna adam bedeni suwy köp ýitirýär, suwa talaby ýokarlanýar. Suw ýeterlik içilende, bedeniň çyglylyk derejesi saklanýar. Lukmançylyk tejribämiz suwy nahar iýmezden ýarym sagat öň içmegiň talabalaýykdygyny görkezýär. Tomusda günüň dowamynda 1,5-3 litre golaý arassa suw içmeli. Beýleki tarapdan, suwuň gereginden artykmaç kabul edilmegi hem zyýanly. Sebäbi ol be