"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Baş baýlygyň goragynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimiz aýratyn üns-alada bilen gurşalýar. Nurana geljegimiz bolan çagalaryň bagtly durmuşda ýaşamagy, bilimli-terbiýeli, ilhalar, ata-enesine, il-günümize, ata Watanymyza wepaly adamlar bolup ýetişmegi, olaryň beden taýdan sagdyn bolmagy, sport bilen meşgullanmagy, dynç almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ähli welaýatlarda gurlup ulanmaga berlen «Ene mähri» merkezleri, durky täzelenen Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezleri dünýäniň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilýär. Şonuň netijesinde lukmançylyk hyzmatlarynyň hil derejesi halkara ülňülere laýyk getirilýär.

Alma

Adam bedenine peýdaly iýmit önümleriniň biri hem almadyr. Almanyň düzüminde köp mukdarda iýmit süýümleriniň saklanýandygy sebäpli, ol iýmit siňdiriş ulgamyna, şol sanda içegeleriň kadaly işleýşine, iç gatamanyň we içegeleriň ýellenmeginiň öňüni almaga oňaýly täsir edýär. Ganyň düzüminde holesteriniň mukdarynyň peselmegine täsir edip, gan damarlarynyň dykylmagynyň öňüni alýar. Onuň düzüminde polifenollaryň, şol sanda flawonoid epakatehiniň bolmagy gan basyşynyň peselmegine kömek edýär. Almanyň düzüminde C witamininiň, kaliniň bolmagy immun ulgamynyň berkemegine täsir edip, bedeni ýokançlardan goraýar. Böwrekleriň kadaly işlemegine täsir edýär. Yzygiderli kabul edilende, alma düzüminde kwersetiniň saklanýandygy sebäpli degna ulgamynyň işjeňligine, degna öýjükleriniň zeperlenmeginiň öňüni almaga peýdalydyr. Almanyň düzümindäki C, E we A witaminler ýüzüň deri örtüginiň owadan öwüşginli we çeýe bolmagyna oňyn täsir edýär. Şol sebäpli alma şiresinden taýýarlanylan ýapgylar kosmetologiýada giňden ulanylýar.

Sagdynlyk kadalary

Hurma — miweleriň seresi

Hakykatdan hem, hurma ajaýyp tagamly iýmiş bolup, ol uly palma agajynyň miwesidir. Palma agajynyň boýy 25 metre, ýapraklarynyň uzynlygy 15 metre çenli ýetýär. Palma hurmasy adamlaryň ilkinji medenileşdiren ösümligidir. Bu miwäni araplar “Ýaşaýşyň miwesi”, “Çölüň çöregi”, “Tebigatyň ammary” diýip atlandyrypdyrlar. Hurmany iýmit önümleri bilen ýerini çalşyp ulanmak mümkindir. Araplar hurmany çörek deregine hem ulanýarlar. Palma hurmasy beloga, ýaga, uglewoda, mineral maddalara, organiki kislotalara baýdyr. Guradylan hurma özünde ähli peýdaly maddalary saklaýar. Palma hurmasynyň bedene täsirleri:

Saglygyň gadryny bilgil...

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Saglygy goraýyş ulgamynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň şypahanalary ýylyň dowamynda halkyň hyzmatynda. Türkmenistanyň raýatlary saglyk ätiýaçlandyrma baglaşyp, ýylyň dowamynda şypahanalarda saglyklaryny berkidip bilerler. Sagdyn durmuş ýörelgesini alyp baryň, zyýanly endiklerden daşda duruň we bu babatda ösüp gelýän ýaş nesillere we ýetginjeklere görelde boluň, günüň dowamynda kompýuterlerde, smartfonlarda we planşetlerde belli bir az wagtlyk meşgullanyň.

Ýurdumyz — sagdynlygyň mekany

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ösüşiň täze belentliklerine tarap badalga alan ýurdumyzda halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, jemgyýete sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, maksada okgunly, sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek baradaky işlere aýratyn üns berilýär. Şol işleriň üstünliklere beslenmeginiň netijesinde eziz Diýarymyz sagdynlygyň hem ruhubelentligiň ýurduna öwrüldi. Häzirki ajaýyp zamanamyz ýaşlaryň ýaramaz endiklerden daşda bolup, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmagyň, türkmen sportunyň abraýyny has-da belende götermegiň döwri bolup dabaralanýar. Ähli ulgamlarda bolşy ýaly, ýurdumyzyň migrasiýa gullugynyň işgärleri hem sagdyn durmuş ýörelgesini jemgyýetimize mäkäm ornaşdyrmak, raýatlaryň arasynda sporta bolan höwesi artdyrmak boýunça birnäçe işleri alyp barýarlar. Geçirilýän wagyz-ündew çärelerinde edilýän çykyşlar ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgesine eýermäge, olary sagdyn bedenli, ruhubelent bolmaga çagyryş bolup ýaňlanýar.

Saglygy goramagyň möhüm şerti

Gahryman Arkadagymyzyň ynsan saglygyny gorap saklamak bilen baglanyşykly başyny başlan beýik işleri hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. «Ýurdumyzda adamyň saglygy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolup durýar» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny has-da ösdürmek, keselleriň öňüni almak, raýatlaryň saglygyny ygtybarly goramak we adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak boýunça asylly başlangyçlara badalga berýär. Ynsan saglygyny goramagyň esasy şertleriniň biri-de ilaty köpçülikleýin bedenterbiýä we sporta giňden çekmekdir. Bu ugurda alnyp barylýan işler adamlaryň saglygyny berkitmekde, hususan-da, beden taýdan sagdyn hem ruhubelent nesilleri kemala getirmekde uly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda ýurdumyzda ilatyň ähli gatlagy bedenterbiýä we sporta giňden çekilip, sagdyn durmuş kadalary işjeň wagyz edilýär. Şäherlerde, şäherçelerde we obalarda döwrebap bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, sport desgalary, stadionlar hereket edip, raýatlar bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanýarlar. Ösüp gelýän ýaş nesillerimiz sport mekdeplerinde tälim alyp, bedenlerini taplaýarlar. Ilatyň ýaşaýan we köpçülikleýin dynç alýan ýerlerinde, kärhanalarda, edaralarda dürli ýaryşlar yzygiderli guralyp durulýar.

Bagtyýar durmuşyň, ruhubelent ýaşaýşyň gözbaşy

Berkarar ýurdumyzda il saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, wagyz etmek, bedenterbiýe we sport hereketini ösdürmek, ýaramaz endikleriň garşysyna göreşmek boýunça durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde sagdyn jemgyýet kemala geldi. Bedeni taplaýan maşklary yzygiderli ýerine ýetirmegiň, welosiped sürmegiň, dynç alşy sport bilen utgaşdyrmagyň we beýleki sagdyn ýörelgeleriň bagtyýar raýatlaryň gündelik durmuşyna giňden ornaşandygyny belläp geçmek has-da ýakymlydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlanmagy ugrunda ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Raýatlaryň abadan we bagtyýar durmuşy, sagdynlygy, işjeňligi, ruhubelentligi, olaryň saglyk ýagdaýlary baradaky aladanyň döwlet syýasatynda ileri tutulmagy «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp şygaryň dabaralanýandygyny subut edýär.

Saglygyň gadryny bilgil...

Ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak üçin bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, kadaly we sagdyn iýmitleniň. Witaminlere baý bolan önümleri kabul ediň, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý ediň, pasla görä geýniň. Antibiotik derman serişdelerini özbaşdak ulanmakdan saklanyň, keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny öz wagtynda alyň. Lukman Arkadagymyzyň bize peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp  içiň. Ýiti respirator ýokanç keseliniň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutuň.

Baş baýlygyň goragynda

Garaşsyz ýurdumyzda milli saglygy goraýyş ulgamyny ösüşleriň täze belentliklerine çykarmak ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda bu möhüm ulgamyň düzümini öňdebaryjy dünýä tejribesine laýyklykda kämilleşdirmek, ilatyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak üçin zerur şertler döredilýär. Keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek babatda öňdebaryjy tejribeler giňden ulanylyp, lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligi, hili yzygiderli ýokarlandyrylýar. Kabul edilen döwlet maksatnamalary, hususan-da, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Oba milli maksatnamasy esasynda paýtagtymyzda we welaýatlarda häzirki zaman ölçeglerine laýyk gelýän saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezleri, şypahanalar, ýerli çig mallardan derman serişdelerini öndürýän döwrebap kärhanalar, ylmy-kliniki merkezler, saglyk öýleri gurulýar. Aziýanyň we Ýewropanyň öňdebaryjy lukmançylyk merkezleri bilen hyzmatdaşlykda lukmanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça hem giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Gazanylýan üstünlik

Meniň balam ýatypdyr...

Diňe bir adamzat däl, tebigatdaky ähli ýaradylyşlar dynç almaga, uka mätäç. Aýratyn hem, bu ýagdaýyň ýaş çagalar üçin möhümligi örän giň mana esaslanýar. Munuň ähmiýetine gowy düşünen ene-mamalarymyz perzentlerini tiz we rahat ýatyrmak maksady bilen şirin owazly hüwdüleri döredip, olaryň mazmunyna-da çaganyň süýji ukusyny goramak arzuwyny siňdiripdirler: Meniň balam ýatypdyr,Gyzyl güle batypdyr,Oýandyrmaň balamy,Ýaňja uka gidipdir.

Eger-de kyn ýuwdunýan bolsaňyz…

Her bir ynsan wagtly-wagtynda peýdaly ýokumlardan iýmitlenip durmaly. Çünki iýmit adam bedeni üçin energiýa çeşmesi. Ýöne haçan-da saçak başyna geçip, tagamdan datjak wagtyň ýokumyň ötükden geçmesi kynlaşsa, şol ýerde bir näsazlygyň bardygy. Lukmançylykda kyn ýuwdunmaklyga disfagiýa diýilýär. Bu keseliň ýüze çykmagynyň birnäçe sebäpleri bolup bilýär. Disfagiýa sataşan hassany bejermezden ozal, ilkinji nobatda onuň kyn ýuwdunmagyna nämäniň sebäp bolýandygyny takyk anyklamak wajypdyr. Disfagiýa sataşan adamlaryň käsi gaty naharlary ýuwutmakda kösenýän bolsalar, käbiri suwuklyk içende, käbirleri bolsa asla ýuwdunmakda kynçylyk çekýärler. Şeýle derdiň ýüze çykmagyna nämeler sebäp bolup biler? Kyn ýuwdunmak derdine her bir adam sataşyp biler. Ýöne bu derde köplenç bäbejikler bilen gartaşan adamlar sataşýar. Ilkinji nobatda bokurdagyň galmagy, kyn ýuwdunmagyň sebäbi bolup biler. Şeýle hem bu derde gyzylödekde näsazlyklaryň ýüze çykmagy hem getirip bilýär. Insult geçiren adamlarda disfagiýa alamatlary köp duş gelýär.

Pyýada ýöremek peýdalydyr

Sagdyn ýaşamak üçin arassa howada pyýada ýöremek juda peýdalydyr. Arassa howaly tebigatda edilýän hereket müň-bir derdiň dermanydyr. Aýratyn hem, açyk howada, arassa, owadan gurşawda pyýada ýöremek, tebigata syn etmek adamyň ruhuny göterip, immun ulgamynyň we dem alyş organlarynyň işjeňligini ýokarlandyrýar. Bu bolsa, öz gezeginde, bedende gan aýlanyşygyny işjeňleşdirip, allergenlere çydamlylygy, süňkleriň we bogunlaryň çeýeligini artdyrýar hem-de myşsalary gurplandyrýar. Bularyň ählisi bilelikde, ynsan ömrüni uzaldýar. Eger adam aladaly bolsa, pyýada ýöremek onuň göwnüçökgünligi ýeňip geçmegine kömek edýär. Pyýada ýöremek zehin aýdyňlygyna, döredijilik pikirleriniň döremegine hem itergi berýär. Yzygiderli pyýada ýöremek akyl rahatlygyna we bedeniň azda-kände fiziki ýadawlygyna sebäp bolýar. Ýurdumyzyň ýaşyl bagly, reýhan gülli seýilbaglarydyr ýodalary, döwrebap stadionlardyr olaryň töweregindäki meýdançalar, köçeleriň al-ýaşyl «jähekli» ýanýodalary we şuňa meňzeşler pyýada ýöremäge diýseň amatly ýerleri göwnüňi göterýär. Çünki, ýöremäge çykylan gurşawyň bag-bakjaly bolmagy dem alynýan howanyň arassalygyny üpjün etse, görnüşleriň, gözýetimiň owadanlygy adamyň keýpiçaglygyny ýokarlandyrýar, ýöredigiçe süňňi ýeňleýär. Bu ýagdaýlar her günüň şol bir wagtynda pyýada ýöremäge çykmak endigine hem imrindirýär. Pyýada ýöremek üçin düýbi düz, rahat aýakgaplary saýlap almaly. Ýaz, tomus

Sepgitdäki zerur seresaplyklar

Gözel Diýarymyza nobatynda gelýän pasyllaryň hersiniň täsirli aýratynlygy bar. Ýöne şolardan tirkeşigini bozmaýan, hökümini ýöredýän bahar möwsümi pasyllaryň soltany saýylýar, çünki bu döwürde külli tebigat janlanýar, jümle-jahan ýaşyl dona bürenýär. Dideleri özüne bendi edýän bu ýakymly görnüş ynsanyýeti joşa getirýär. Çünki bu döwürde howanyň ýygy-ýygydan üýtgäp durmagy adamlaryň käbiriniň, aýratyn hem, ýaşulularyň saglygyna ýaramaz täsirini ýetirýär. Bahar sowuklamasyndan we wirus infeksiýasyndan ägä bolmaly. Ýagyş, çapgyn şemal hem howanyň çyglylygynyň üýtgäp durmagy ynsanyň, immun ulgamynyň goragyny peseldýär. Sowuklamanyň öňüni bowetlemegiň ygtybarly usuly — ýörite sanjym almakdyr. Mundan başga-da dümewden goranmagyň iň aňsat hem oňaýly täri — elleriňizi tiz-tizden ýyly suw bilen sabynlap ýuwmakdyr, sebäbi ýokanç keselleriň 80 göteriminiň galtaşmak arkaly geçýändigine üns bermeli. Nahar iýýärkäňiz ýaş soganyň we sarymsagyň peýdalydygyny ünsde saklaň. Olaryň düzümindäki fitonsitler mikroblaryň köp görnüşinden goraýar. Burçly unaş hem derläp içseň örän ýaramly. Iş hem-de ýaşaýan otaglaryňyzy tiz-tizden ýelejiretmeli, çünki mikroblar, wiruslar öýüň kapas howasynda uzak eglenýär. Üsgüreniňizde elýaglyk bilen agzyňyzy ýapyň. Şeýdeniňizde töweregiňizdäkileriň saglygyny goraýarsyňyz. Köçä çykmazyňyzdan ozal, öňüni alyş maksady bilen, burnuňyza oksalin mazyny (melhemini) çalyp,

Sagdynlyk — bagtyýar durmuş

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ulgamlarda uly üstünlikler gazanylýar. Ynsan saglygyny ýurduň baýlygyna deňeýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde raýatlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekleri ugrunda ähli zerur şertler döredilýär. Şu jähetden, saglygy goraýyş ulgamynda maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramakda, ilatyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny dünýä derejesinde ösdürmekde birnäçe çäreler amala aşyrylýar. Bu işleriň netijesinde ýurdumyzda ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligi, hili we elýeterliligi yzygiderli ýokarlandyrylýar. Keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler halkara derejesinde ykrar edilýär. Bu ugurda gazanylan üstünliklere Türkmenistana gowşurylan güwänamalar we beýleki resminamalar aýdyň şaýatlyk edýär.

Baş baýlyk

«Saglyk — başyň tylla täji» diýýän halkymyz ýaşaýyş döräni bäri saglyk hakynda alada edip gelipdir. Saglygyň baş baýlykdygyny ata-babalarymyz akyllaryň, nakyllaryň üsti bilen nesillere ýetiripdirler. Dünýäniň akyldary Magtymguly atamyz hem saglyk hakynda gyzyla gaplaýmaly ajaýyp setirleri adamlaryň aňyna guýupdyr. Şahyr: Saglygyň gadryny bilgil,                          hassa bolmasdan burun,Hassalyk şükrüni kylgyl,                                  täki ölmesden burun

Sagdynlygyň mekanydyr gül Diýar

Halkymyzyň paýhas çeşmesi bolan nakyllaryň, atalar sözüniň manysyny tirseň-de, dünýä akyldarlarynyň, şol sanda Magtymguly Pyragynyň pähim-parasadyna, pent-nesihatyna köňlüňde orun berseň-de, ömür hem-de durmuş ýoly mekdep bolan ak sakgally ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň manyly, maňyzly gürrüňlerini, tymsallaryny diňleseňem, bir durmuş hakykatyna — her bir ynsan üçin saglykdan gymmatly zadyň ýokdugyna, ony hemişe goramalydygyna magat göz ýetirýärsiň. Ömür menzilimizde durmuş mekdebi saglyk bilen baglanyşykly ýene-de köp zady öwredýär. Hawa, türkmen halk nakyllarynda aýdylyşy ýaly, saglyk — baýlyk, saglygymyz — başymyzyň täji. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň şahyrana dili bilen aýdylanda bolsa, saglyk «hasta bolmasdan burun» gadry bilinmeli närse. Bu paýhas dürdäneleri döwrüne, döwletine garamazdan, ähli ynsanlara degişli. Muňa Bütindünýä saglyk gününiň halkara derejesinde bellenilmeginiň mysalynda hem, ýurdumyzyň saglygy goraýyş, sport ulgamlaryny has-da kämilleşdirmek we ösdürmek, bu ugurlarda kämil hünärmenleri taýýarlamak bilen baglanyşykly işlere döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde garalýandygynyň hem-de uly işleriň durmuşa geçirilýändiginiň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar.

Saglyk — gymmatly baýlyk

Adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy — saglyk hakynda Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde-de dürdäne garaýyşlar beýan edilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir. Garaşsyz döwletiň binýat bolmagyny islän beýik akyldarymyz «Nas atan», «Naskeş», «Çilim», «Çilim çekmegil», «Munda çilimkeş» ýaly goşgularynda adamzadyň bagtyýar ýaşamagy üçin diňe bir erkanalygyň däl-de, islendik döwürde sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, zyýanly endiklerden gaça durmagyň möhümdigini nesihat edipdir. «Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun» diýen akyldar şahyrymyz nesilleri sagdyn durmuş ýörelgelerine çagyrypdyr.

Ýurdumyzda şanly sene giň gerimde dabaralandyrylar

Bütindünýä saglyk güni ynsan saglygyna, bedenterbiýä we sporta aýratyn ähmiýet berilýän hem-de ynsanperwerligiň belent däplerini dabaralandyrýan halkara baýramdyr. Milli senenamamyza girizilen bu baýram jemgyýetimiziň sagdynlygyny, agzybirligini, jebisligini, ägirt uly döredijilik mümkinçiliklerini özünde jemleýän baýram hökmünde Garaşsyz ýurdumyzda döwlet derejesinde giňden bellenilýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji iýulynda BSGG-niň agzasy boldy. Geçen ýyllaryň dowamynda ýurdumyz Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ilatyň saglygyny goramak we oňa howp salýan faktorlary aradan aýyrmak, dünýäde ýaýran howply ýokanç we ýokanç däl kesellere garşy göreşi güýçli depginde dowam etdirmek, saglygy goraýyş ulgamyny halkara derejesinde ösdürmek bilen onuň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça maksatnamalary ýerine ýetirmäge işjeň gatnaşyp gelýär. Türkmenistan bu meseleleri çözmek boýunça halkara derejede goldanan başlangyçlaryň birnäçesi bilen çykyş etdi. Ýurdumyza halkara güwänamalarynyň ençemesiniň gowşurylmagy Türkmenistanyň üstünliklerine uly baha berilýändigine güwä geçýär.

Oraza we ynsan saglygy

Mübärek Remezan aýynda oraza tutmak adam bedeniniň ähli ulgamlaryna täsir edip, saglyk beriji aýratyn häsiýete eýedir. Ol adamyň nerw ulgamyndan başlap, gan aýlanyş, iýmit siňdiriş, ýürekdir bagra, öýkene çenli öz täsirini ýetirýär. Oraza tutýan adamlarda iýmit siňdiriş agzasy belli bir wagt aralygynda dynçlyk ýagdaýynda bolýar. Onuň saglyga edýän iň gowy täsiri bagyr bilen baglanyşyklydyr. Bagyr bedende birnäçe wezipäni ýerine ýetirýär. Eger bagra artykmaç agram düşse, ol üstüne ýüklenen wezipeleriň bir bölegini ýerine ýetirip bilmez. Oraza tutmak bolsa oňa her günde 4-5 sagat dynç bermek bilen, bagryň wezipelerini peseldýär, netijede, ol ýitiren birnäçe wezipelerini dikeldýär, şeýle-de kesellere garşy göreşmek ukyby güýçlenýär.