"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

ALP ARSLAN

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow: — Beýik Seljuk türkmenleriň nesilşalygynyň ikinji hökümdary, oguz kowumynyň gaýduwsyz gahrymany, beýik soltan hem strateg serkerde Alp Arslan Türkmeniň durmuş beýany watanperwerligiň nusgasydyr.

Taryhy-medeni gymmatlyklar: ylmy barlaglar, açyşlar, rejeleýiş-berkidiş işleri

Ata-babalarymyzdan miras galan taryhy-medeni gymmatlyklarymyzy goramak, olary ylmy esasda öwrenmek we rejeläp, nesiller üçin asyl durkunda saklamak döwlet ähmiýetli işleriň hatarynda durýar. Köne Nusaý, Gadymy Köneürgenç, Gadymy Merw ýadygärlikler toplumlarynyň özboluşly, gaýtalanmajak medeni merkezler hökmünde dünýä derejesinde ykrar edilip, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi buýsançly başymyzy göge ýetirýär. Halkymyzyň şöhratly geçmişiniň şaýady bolan şeýle ýadygärlikler ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde-de uly ähmiýete eýedir. Ýeri gelende aýtsak, ýakynda Arkadag şäherinde geçirilen Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde medeni forumyň muzeý işiniň hünärmenlerinden, döredijilik işgärlerinden we sungat ussatlaryndan ybarat toparynyň Paryzdepe taryhy ýadygärligine baryp, ol ýerde geçirilýän işler bilen tanyşmaklary aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Çäräniň dowamynda «Taryhy-medeni ýadygärliklerde 2023-nji ýylda alnyp barlan gazuw-barlag işleriniň netijelerini ylmy dolanyşyga girizmegiň ähmiýeti» atly meýdan şertlerindäki ylmy-usulyýet okuw maslahaty hem guraldy.

Taryhyň ajaýyp ýadygärligi

Orta asyr binagärliginiň gaýtalanmajak nusgasy bolan Seýit Jemaleddin ýadygärlikler toplumy baradaky gymmatly maglumatlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitaplarynda beýan edilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda kitaba uly hormat goýýan halkymyzyň eline gowşan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitaby hem taryhy gadymy, şöhraty müdimi Änew şäherine bagyşlanylan ajaýyp eserdir. Bu kitap ýaşlarda şöhratly taryhymyza buýsanç döredip, watansöýüjilik ýaly asylly häsiýetleri terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Adamzadyň gadymy medeni-taryhy ähmiýetli merkezleriniň biri bolan Änew şäherinde ýerleşýän Seýit Jemaleddin ýadygärlikler toplumy dünýäniň täsin binagärlik-arheologik mirasy hasaplanýar. Bu ýadygärlik orta asyr binagärlik desgalarynyň hatarynda mynasyp orun eýeleýär. Seýit Jemaleddin taryhy ýadygärlikler toplumy XV asyrda bina edilip, gurluşy boýunça ajaýyp binagärlik sazlaşygyny emele getiripdir.

Türkmenistanyň gaz senagaty:

Günbatar Türkmenistanyň gazy, onuň taryhy we şu günki ýagdaýy hakynda 139 müň kwadrat kilometr giňişligi tutýan Balkan welaýatyny «baýlyklaryň mesgeni» diýip atlandyrmaga doly esas bar. Bu ýerde aýagyňy basan ýeriň nebitiň we gazyň mesgeni.

Togrul beg

Togrul beg hezreti pygamberiň neberesi bilen garyndaşlyk açan ilkinji seljuk soltanydyr. Togrul beg halyfyň gyzy Seýýide hatyna öýlenipdir (1063 ý.). Täze aýaly bilen Reýe dolanan Togrul beg keselläp, 6 aýdan soňra 70 ýaşynyň içinde aradan çykypdyr (1063 ý. 4-nji sentýabry). Togrul begiň gubury Reý şäherindedir («Borj-e Togrul»). Togrul begden zürýat galmandyr. Şonuň üçinem tagta onuň agasy Çagry begiň ogly Alp Arslan geçipdir. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda Togrul begiň Alp Arslany ogullyga alandygyny bellemek bilen, bu dessuryň gadymyýetden gaýdýandygyna üns çekýär (Berdimuhamedow G. Ömrümiň manysynyň dowamaty. – A.:TDNG, 2023 – 49 s.). Togrul beg döwlet dolandyryşynda oguz däp-dessurlaryny saklapdyr. Seljuklar toý tutmakda hem ata-baba gelýän dessurlaryny ýatdan çykarmandyrlar. Bar Ebreý Togrul beg halyfyň köşgüne gelende, türki dessur boýunça soltanyň özüniň we abraýly begleriň aýaklary galdyryp, käte dyza çöküp tans edendigini ýazýar (Рауф А. Гусейн-заде. Кавказ и сельджуки. – Баку, «Кавказ», 2010. – C.209). Munuň häzirki küştdepdi aýdym-saz we tans dessuryndan başga zat däldigine ynanýarys. Seljuk soltanlary türki döwlet dolandyryş dessuryna görä, ýygy-ýygydan halka açyk toý gurnap, zyýapatlary beripdirler (Salim Koсa. İlk müslüman türk devletlerinde teşkilat // Genel Türk tarihi. – Ankara, 2002, 3 cilt, – 471 s.). Bu

Geldi Poşa pälwan

(So­ňy. Baş­lan­gy­jy ga­ze­tiň ge­çen sa­nyn­da). Toý göreşine ýygnanan mähelle bu ýagdaýa haýran galýar. Ýykylan pälwan ýerinden turjak bolanda märekeden: «Turjak bolup azara galma, Geldi Poşa seni öňki ýeriňde oturtdy. Indi arkaýyn dynjyňy al» diýen sesler eşidilýär. Geldi pälwan ýeňiş gazanyp, goýlan baýragyň eýesi bolýar. Soňra toý pälwanyny kesgitlemek üçin Geldi Poşa bilen Çopan ajy göreşe çykarýarlar. Gökdepeli pälwan gumly pälwany çepine göterip uranda, märekäniň şowhuny artýar. Agyr garşydaşyny çepine göterip uran Geldi Poşanyň dyzy ýere degýär. Muny kän bir aňan adam bolmasa-da, ol mertlik bilen, ýeňlendigini bekewüle aýan edýär.

Änew depelerini öwrenen serkerde

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eýýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döwrün­de baý türk­men taryhymy­zy öw­ren­mek, mil­li mi­ra­sy­my­zy hem-de ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­ri­mi­zi go­rap sak­la­mak bo­ýun­ça mak­satna­ma­la­ýyn iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ga­dy­my Änew şähe­ri­niň 2024-nji ýyl­da «Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paýtag­ty» diý­lip yg­lan edilmegi hem berka­rar Wa­ta­ny­my­zyň şan-şöh­ra­ty­ny, me­de­ni dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny has-da belen­de gö­ter­ýär. Ga­dy­my Änew­den söz aç­ýan gym­mat­ly ki­tap

Gymmatly gazna

Asylly ýörelgämize laýyklykda, ýyllarymyzyň her biri mynasyp atlandyrylýar we gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler ýylyň ady bilen şöhratlanýar. Mälim bolşy ýaly,   «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň hem her bir güni şanly wakalara, beýik ösüşlere we uly rowaçlyklara beslenýär.  Golaýda biz Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary bolup, «Taryhyňy bilmek — borç, öwrenmek — sogap» diýen halk pähimine eýerip, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine aýlanyp gördük. Muzeý gymmatlyklarynyň arasynda ýakynda ýurdumyzyň demirgazyk sebiti bolan gadymy Daşoguz topragyndan ýerli ýaşaýjylar tarapyndan tapylan 8 sany altyn, 3 sany kümüş teňňelerini, şeýle hem 61 sany altyn teňňäniň böleklerini, 8 sany dürli reňkdäki tapyndylary  ýakyndan görmek juda täsirli boldy.

Daýahatyn — kerwen ýolunyň dessany

Beýik Ýüpek ýolunyň uzak wagtlap hyzmat etmeginde kerwensaraýlar uly orny eýeläpdir. Olaryň döreýiş taryhy Türkmenistanyň çäklerinde yslam dini ýaýramazyndan has öňki döwürler bilen senelenilýär. Orta asyrlarda Ortaýer deňzinden tä Hytaýa çenli Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda söwdagärleriň goş ýazdyrmaklary üçin ýapyk diwarly jaýlar gurlupdyr. Jaýlaryň aralyklary 3-4 kilometrden ybarat bolupdyr. Kerwen gurap gelýän söwdagärler üçin bu jaýlaryň hemişelik düşelgä öwrülmegi netijesinde soňy bilen olara kerwensaraý diýlipdir. Bu baradaky maglumatlara ХIII — ХIV asyrlarda ýaşan beýik türkmen alymy Nasyreddin Rabguzynyň «Kysasy Rabguzy», XV asyryň görnükli söz ussady Abdyrahman Jamynyň «Baharystan», görnükli döwlet işgäri, serkerde Babyryň «Diwan» atly eserlerinde duş gelmek bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynda bellenilişi ýaly, «Kerwensaraýlarda adaty durmuş gaýnap joşupdyr, bu ýerde söwda şertnamasy baglaşylypdyr, ýük mallarynyň eýeleri kerwenbaşa işleşmek hakyndaky teklip bilen hem gelipdirler. Gepleşiklerini hem-de özara jedellerini birýüzli edip, adamlar dynç alypdyrlar».

Türkmenistanda nebiti gazyp almagyň taryhyndan

Türkmen topragynda nebit barada ilkinji ýatlamalar gözbaşyny baryp XIII asyrdan alyp gaýdýar. Şol döwürde Nebitdagda bu çig mal guýy gazmak arkaly çykarylypdyr. 1782-nji ýylda Çelekende (halk arasynda «nebitli ada» diýlip atlandyrylypdyr) nebit guýularynyň 20-si işläp, olardan bir ýylda 4 müň puda çenli nebit çykarylypdyr — meşiklere (malyň derisinden ýasalan halta) guýlup, gaýyklar bilen daşalypdyr. 1876-njy ýylda Nobel doganlaryň şereketi Çeleken adasynda guýy gazdyrýar hem-de nebitli ýataklary işläp taýýarlaýar, 1882-nji ýylda bolsa, 38 sany ýer bölegi bolup, olaryň 8-si Nobele degişli bolupdyr (guýularyň 3-si burawlanyp, 164 guýy kärendesine alnypdyr), ýer bölekleriniň 30-syna nebit senagatçysy Palaşkowskiý eýe çykypdyr.

TOGRUL BEG

Togrul begiň 1038-nji ýylda Nişapura girende, guşagy sagdakly, egnine asylan ýaýy bilen girendigi baradaky maglumat hem ýaýyň häkimlik alamatyndan habar berýär. Bar Ebreý Togrul beg tagtda otyrkaб onuň öňünde uly ýaýyň durandygyny, soltanyň birbada elinde iki sany peýkamy saklap, olary ussatlyk bilen hereketli ýagdaýda saklandygyny habar berýär (Тишин В.В. К вопросу о происхождении тугры сельджукских султанов // Transcaucasica / Транскавказика. Южный Кавказ: история, религия, общество. М.: МБА, 2016. Вып. 3 / Сост. З.В. Кананчев. – С. 178). Abul Faraj 1048-nji ýylda Togrul begiň özüniň ähli resmi hormatly atlary ýazylan tugra ýasatmak barada perman berendigini ýazýar. Tugra seljuklaryň ähli permanlaryna we resmi hatlaryna möhür hökmünde basylypdyr (The Rahat-us-Sudur wa Ayat-us-surur, Being a History of the Saljugs by Muhammad ibn Ali ibn Sulayman al-Rawandi, ed.by M.Iqbal. –Leyden – London, 1921. P.257). 1050-nji ýylda halyf al-Kaýym seljuklar bilen özara gatnaşyklaryny ýitileşdirmezlik üçin Togrul begi deýurede beýik soltan diýip yglan edip, oňa «Rukn-ed-Din» («Diniň daýanjy») atly ünwany (ünwan – adres, salgy. — Абул-Фазл Байхаки. История Масуда (1030–1041). Перев., введ., коммент. А.К.Арендса. – М., 1969. – C.962) berýär. Şeýlelikde, ol Beýik Seljuklara inwestitura (öz üstünden abbasy halyflarynyň ýokary häkimligini ykrar edip, Seljuk soltanlary olardan halat, gara baýdak

Şöh­rat­ly ta­ry­hy­my­zyň yl­my be­ýa­ny

Dünýä taryhynda her bir halk özüniň umumadamzat we dünýä mirasyna beren maddy we ruhy gymmatlyklary bilen tanalýar. Adamzadyň geçmiş taryhynyň iň bir gadymy halklarynyň biri bolan türkmen halky umumadamzat gymmatlyklarynda baý mirasy hem-de döreden ululy-kiçili 70-den gowrak döwletleri bilen juda meşhurlyga eýe bolan halk hökmünde tanalýar. Şeýle hem türkmen topragy dünýä siwilizasiýasynda ýaşaýşyň gadymy ojaklarynyň ençemesiniň mesgeni bolmak bilen, hemişe diýen ýaly taryhçylardyr mirasçylaryň ünsüni özüne çekip gelipdir. Bu hakykaty Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz özüniň ýiti zehininden çykan «Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr» atly meşhur kitabynda şeýle görkezýär: «Türkmen halkynyň dünýä halklaryny haýrana goýýan baý taryhy bar».

Baý taryhly mekan

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň şöhratly taryhy, medeni mirasy ylmy esasda öwrenilip, milli gymmatlyklarymyzy geljekki nesillere ýetirmek, gorap saklamak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkara derejede ýaýbaňlandyrylan medeni çärelerdir dabaralar hem muňa aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen derejäni götermek bilen bagly şanly ýylymyzda dürli dabaralar we çäreler ýokary derejede geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, “Bu şäher asyrlaryň dowamynda dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekip gelýär we gadymy döwürlerden bäri tutuş Ýer ýüzünde bellidir”.

Taryhy gymmatlyklar — baý geçmiş mirasymyz

Türkmen halky Gündogaryň iň gadymy halklarynyň biri bolmak bilen, adamzadyň ahlak, maddy we ruhy medeniýetiniň ösmegine mynasyp goşandyny goşan halkdyr. Türkmenler dünýäniň dürli ýerlerine ýaýrap, uly-uly döwletleri, hanlyklary döredip, döwlet gurluşynda, medeniýetde, ylymda uly yz galdyrypdyrlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň milli mirasyny, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna goşan goşandyny, taryhy gymmatlyklarymyzy öwrenmäge aýratyn üns berilýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň geçen hepde sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde welaýatymyzyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň ýaşaýjylary tarapyndan tapylan taryhy tapyndylary halk köpçüligine giňden wagyz etmek, muzeý gaznasyny has-da baýlaşdyrmak baradaky eden gürrüňleri ýene bir gezek şaýatlyk edýär. Şol mejlisde Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Döwkesen geňeşliginiň ýaşaýjylary tarapyndan 18 sany altyn, 3 sany kümüş teňňe, şeýle hem 61 sany altyn teňňäniň bölekleriniň we 8 sany dürli reňkli tapyndylaryň tapylandygy hem-de Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň alymlarynyň we hünärmenleriniň Ylymlar akademiýasynyň numizmatlary bilen bilelikde tapyndylary deslapky öwreniş işlerini geçirendikleri habar berildi. Geçirilen ilkinji barlaglaryň netijesinde, käbir altyn teňňeleriň ýüzünde Horezm

Şöhratly geçmişiň şaýady

Türkmen halky irki döwürlerden bäri dünýä medeniýetiniň, adamzat ýaşaýşynyň ösmegine mynasyp goşant goşup gelipdir. Muňa şöhratly taryhymyzyň dowamynda parasatly pederlerimiziň guran beýik şäherleri, gadymy ýadygärlikleri hem aýdyň şaýatlyk edýär. Halkymyzyň beýik geçmişinden söz açýan, ylmy taýdan öwrenilmäge mynasyp şeýle taryhy ojaklaryň biri-de gadymy Amul galasydyr. Arheologlaryň ýazgylarynda bellenilişi ýaly, Amyderýanyň 12 kilometr günorta-günbatarynda ýerleşýän bu gala mundan iki müň ýyl töweregi öň döräpdir. Şäheriň berkitmeli merkezi bölegi 9 gektar meýdany eýeläpdir. Onuň demirgazyk-günbatar burçunda gurlan içki galanyň beýikligi bolsa 33 metr bolupdyr. Şäheriň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmegi bu ýerde söwda gatnaşyklarynyň ösmegine giň şertleri döredipdir. Ýerli ilatyň ussaçylyk, daýhançylyk, zergärçilik, küýzegärçilik bilen meşgullanandygyna dürli ýyllarda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan gymmatlyklar hem şaýatlyk edýär.

TOGRUL BEG

1054-nji ýylyň ýanwar–fewral aýynda Şirazda seljuklaryň adyna hutba okalypdyr (Merçil E. Büyük Selçuklu İmparatorluğu Tarihi // Genel Türk tarihi. – Ankara, 2002, 3 cilt, – 113 s.). S.Agajanow seljuklaryň diplomatiýadan hem-de ýerli hökümdarlaryň özara agzalalygyndan peýdalanyp, Günbatar, Günorta, Günorta-Günbatar Eýrany eýeländigini ýazýar (Агаджанов С.Г. Государство Сельджукидов и Средняя Азия в XI–XII вв. –М., 1991, – С.63-64, 242). Türkmenleriň Anadolyny ýurt tutunmagy Togrul begiň döwründe başlanypdyr. Erzurumyň golaýyndaky Pasinler (Hasangala) obasynda bolan söweşde (1049 ý. 18-nji sentýabry) Ybraýym Ýynalyň we Gutulmyşyň serkerdeligindäki seljuk goşuny birleşen gürji-ermeni-wizantiýa güýçlerini ýeňipdir. Gürji şazadasy Liparid türkmenlere ýesir düşüpdir. Wizantiýa bilen gapma-garşylyklary ýitileşdirmezlik üçin Togrul beg 1051-nji ýylda Liparidi boşadyp, imperatoryň ýanyna ýollapdyr (Histoire de la Georgie, p. 323; Гусейнов Р.А. Из истории отношений Византии с сельджуками (по сирийским источникам) // Палестинский сборник, вып. 23 (86). – Ленинград. – 1971. – С.159-160). Iki ýyllap öz ýanynda bolan, batyr we dürüst şazada Togrul begiň syny oturypdyr. Imperatoryň ony halas etmek üçin hödürlän uly mukdardaky puluny «Men täjir däl» diýip, yzyna gaýtarypdyr (Uluçay Ç. İlk Müslüman Türk devletleri. – İstanbul, 2012. – 181 s.). Skylitzes-Cedrenusyň ý

Daşarbat kerwensaraýy

Ata Watanymyz şöhratly geçmişimiziň şaýatlary bolan arheologik ýadygärliklere juda baýdyr. Şol ýadygärlikler köp ýyllardan bäri diňe bir türkmen arheologlarynyň däl, eýsem, dünýäniň meşhur taryhçylarynyň, syýahatçylarynyň hem ünsüni özüne çekip gelipdir. Balkan welaýatynyň çäklerindäki taryhy-medeni gymmatlyklary gorap saklamak we geljekki nesillere ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler üstünlikli dowam etdirilýär. Welaýatdaky daglyk ýerlerde we deňiz kenarýakalarynda taryhyň daş eýýamyndan başlap, giçki orta asyrlara degişli ýadygärlikler ýüze çykaryldy. Şeýle ýadygärlikleriň biri hem Daşarbat kerwensaraýydyr. Halk arasynda oňa «Daşgala» ýa-da «Daşrabat» hem diýilýär. Balkan welaýatynyň sähralary örän syrly we gaýtalanmajak bir dünýädir. Bu kerwensaraý gadymy döwürlerde Beýik Ýüpek ýolunyň dynç alyş düşelgesi bolup hyzmat edipdir.

Türkmenistanyň gaz senagaty: geçmişden şu güne

Merkezi Aziýada iň uly birönümli gatlakly Şatlyk (Gündogar we Günbatar) gazkondensat käni 1973-nji ýylda ulanyşa goýberildi. Bu kände ulanyş guýularynyň gaz berijilik ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, işläp geçmek taslamasynda olaryň konstruksiýasyny üýtgetmek we şol döwürde düzgün edilip ulanylýan 148 ýa-da 168 mm ulanyş sütünleriniň ýerine 177 mm ulanyş sütünlerini goýbermek üçin 216 mm dolotolar bilen gazmak we ulanyş sütüniniň içine 127 mm nasos-kompressor turbalaryny goýberip, guýulardan gaz çykarmak göz öňünde tutuldy. Guýularyň taslamada görkezilen bu konstruksiýasy köp metal sarp ediji bolup, galyberse-de, olar ýaly uly diametrli turbalaryň şol döwürde SSSR-de öndürilmeýändigi sebäpli, bu taslama çözgüdi ulanylmady. Meseläniň oňyn çözgüdini tapmak maksady bilen gazkondensat gorlarynyň göwrümi uly bolmadyk birönümli gatlakly Tejen gazkondensat käninde synag üçin çuňlugy 5000 m bolan 1-nji guýy 177 mm ulanyş sütünini goýbermek üçin diametri 216 mm doloto bilen gazylýar we 177 mm ulanyş sütüniniň ýerine 168 mm ulanyş sütüni oturdylýar. Onuň içine bolsa gaz çykarmak üçin 114 mm nasos-kompressor turbalary goýberilen. Şeýlelik bilen, geçirilen synag işleri guýy gazylanda ulanylýan dolotonyň diametrini üýtgetmän, guýa 177 mm ulanyş sütüniniň ýerine

TOGRUL BEG

Çeşmelerde seljuklaryň Nişapury eýelände, hiç hili talaňçylyk bilen meşgullanmandygy tassyklanýar. Professor B.Zahoderiň haçly ýörişler boýunça nemes taryhnamasynda «wagşy urşujy warwarlar» diýip atlandyrylan seljuklaryň öz wagtynda Rim imperiýasyna çozan german taýpalary bilen deňeşdirende, wagşy däldikleri baradaky pikirini (Заходер Б.Н. Хорасан и образование государства сельджуков. // – ВИ. 1945, № 5-6. – С.140) müň keren mamla hasaplaýarys. Muny Seljuk imperiýasyny ilkinji esaslandyryjylaryň döwlet paýhasy bilen düşündirmek dogry bolardy. Togrul beg Nişapura girende, 3 ýyllap halkdan ýeke dirhem hem almazlygy emr edipdir. S.G.Agajanow Togrul begiň bu hereketiniň oba hojalygyny dikeltmek üçin wagtlaýyn çäre bolandygyny, soňra ýer salgydynyň dowamly ýagdaýda ýygnalandygyny ýazýar (Агаджанов С.Г. Государство Сельджукидов и Средняя Азия в XI–XII вв. – М., 1991, С.71, 244.; МИТТ. Т.I. C.376).

Beýik Seljuklaryň binagärlik sungaty

Halkymyzyň bina gurmak, döretmek taglymaty öz gözbaşyny gadymlardan alyp gelýär. Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny okanyňda hem muňa aýdyň göz ýetirýärsiň.  Döwlet Baştutanymyzyň bu kitabynda türkmen halkynyň şöhratly geçmişi düýpli we giňişleýin beýan edilip, halkymyzyň binagärlik sungaty barada dürli taryhy maglumatlar berilýär. Bu ajaýyp eserde halkymyzyň taryhy, asyrlaryň dowamynda kemala gelen gadymy medeni, ruhy däp-dessurlary barada söhbet edilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda: «Pikirler, düşünjeler, garaýyşlar, taryhy we ylmy maglumatlar biri‑biriniň üstüni ýetirip, biziň bereketli we derejeli döwletde, bagtyýar we beýik döwürde, topragy mukaddes Watanda ýaşaýandygymyzy ýene bir ýola tassyklaýar» diýip belleýär. XI-XII asyrlarda Beýik Seljuklar döwründe şäher gurluşygynyň meselelerine köp üns berlipdir. Merkezi Aziýanyň gadymy ýadygärliklerini öwreniji G.A.Pugaçenkowa Seljuklar zamanasynda özboluşly ýörite mekdepleriň bolandygyny  ylmy taýdan aýdyp geçýär. Olara mysal hökmünde Gündogarda ady belli bolan Sarahs binagärlik mekdebini aýtmak bolar. Onuň ymaratçy ussalary Gündogaryň köp şäherleriniň gurluşygyna gatnaşypdyrlar. Olaryň guran binalarynda diwaryň içinde däliz oňarmak, gümmezi iki gat gurmak ýörgünli bolupdyr. Biziň günleri