"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Taryhdan geljege tarap...

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda hem ýurdumyzyň ösüşi batly depginde alnyp barylýar. Şol ösüşleriň özeni halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak bolup durýar. Tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ulag-kommunikasiýa düzümini döwrebaplaşdyrmakdan we ösdürmekden ybaratdyr. Beýik Ýüpek ýoly taryhda birnäçe döwletleri medeni we ykdysady taýdan birikdiren ýol bolupdyr. Gadym döwürlerden bäri adamlar dünýäni öwrenmek, täze ýerleri açmak-tanamak, söwda etmek ýaly maksatlar bilen syýahat etmäge başlapdyrlar.

Mahmyt Kaşgarlynyň eserinde pul hakynda

Adamzadyň durmuşynda maddy taýdan möhüm ähmiýete eýe bolan pullar taryhda haýsy döwletleriň bolandygyna, haýsy hökümdaryň höküm sürendigine şaýatlyk edýän iň esasy delillerdir. Gadymy pullar belli bir döwletiň ykdysady gatnaşyklaryny öwrenmegiň çeşmesidir. Dolanyşygyň serişdesi bolan gadymy pullaryň daş görnüşiniň, keşbiniň özüneçekijiligi, şol döwrüň nakgaşlarynyň ussatlygyny, ussahanalaryň tehniki mümkinçiliklerini-de görkezýär. Türki halklaryň durmuşynda pullar baradaky maglumatlar Mahmyt Kaşgarlynyň eserinde hem öz beýanyny tapýar. Orta asyrlarda dünýä taryhynda uly yz goýan, Türkmenleriň Seljuklylar döwletiniň iň pajarlap ösen döwri bolan Soltan Mälikşanyň döwründe (1072 — 1092) «Türki dilleriň diwany» atly sözlügi bilen tanalan Mahmyt Kaşgarly bu eserini 1077-nji ýylda Apbasy halyfy Abulkasym Abdylla ibn Muhammet Muktady Biemrilla sowgat edýär. Bu eser türki halklaryň diliniň taryhyny öwrenmekde tapylgysyz hazynadyr. Şeýle-de, alym eseriniň başynda: «Türki diline öçmejek şöhrat, tükenmez hazyna bolsun» diýip, bu diwany ýazmagynyň sebäbini aýdyp geçýär.

Aşgabat: taryhdan şu güne

Ýurtlar, döwletler, halklar paýtagty bilen tanalýar. Paýtagt — döwletiň, halkyň ýüzi, beýlekilerden tapawutlandyrýan aýratynlygy. Mähriban Diýarymyzyň paýtagty Aşgabat ilkibaşda kiçeňräk gala berkitmesi eken. Geçen 140 ýylyň dowamynda Aşgabat, gör, nähili özgerdi! Birwagtky Aşgabat obasynyň ornunda ajaýyp, döwrebap häzirki zaman şäheri kemala geldi.

Fotosuratyň taryhy

Biziň gündelik durmuşymyzda birentek täsin, gyzykly wakalar we pursatlar bolup geçýär. Şolary soňlugy bilen ýatlamakda, olardan käbir pursatlary saklap galmakda bolsa fotosuratlaryň ähmiýeti uludyr. Olar biziň ýaşaýşymyzyň aýrylmaz bölegidir. Çünki janly suratlar özümizi şol wakanyň içinde ýaly duýmagymyza ýardam edýär. Ilkinji fotoapparatlaryň döredilenine, iki ýarym asyrdan gowrak wagt geçipdir. Fotoapparat baradaky maglumatlar XVI asyr bilen senelenýär. Jerolama Kardana atly ugurtapyjy bir ýigit dörtburç gutynyň içine linza ýerleşdirip, ilkinji fotosuraty çykarmagy başarýar. Ýöne şol surat onçakly dury bolmandyr. Bu ugurda edilen gözlegleriň netijesinde 1727-nji ýylda ilkinji synanyşyklar başlanýar. Iogan Şuls atly bir adam duz bilen kümüşden peýdalanyp, has dury görnüşdäki fotosuratlary çykarmagy başarýar. Häzirki döwürde görýän fotosuratlarymyza çalymdaş ilkinji suraty bolsa 1820-nji ýylda Neps atly suratkeş köpçülige görkezýär. Emma fotoapparatyň tehniki enjamyny döredijiler hökmünde ilkinji gezek taryha giren Luiý Žan bilen Monde Dagerdir. Bu enjam döredilenden soň, Germaniýada satuwa çykarylan gabarasy kiçi, ýokary hilli fotosuratlary bermek mümkinçiligine eýe bolan fotoapparatlaryň ýasalmagy, öňe tarap ynamly ädilen ädimleriň biri bolýar. Soňlugy bilen kem-kemden fotosuratlar dürli habar beriş serişdelerinde ulanylyp başlanýar. Žurnalistika hünäriniň fotožurnalistika

Adamzat kalbynyň şahyry

Gadymy hem müdimi türkmeniň taryhynda öçmejek yz galdyran nusgawy şahyrlarymyza Arkadagly eýýamymyzda uly sarpa goýulýar. Olar bilen baglanyşykly şanly seneler döwlet derejesinde giňden bellenilip geçilýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Karara gol çekmegi ähli türkmen halkymyz üçin buýsançly wakadyr. Bu gün aýratyn bellenilmeli zatlaryň biri-de, dana hem merdana halkymyzyň watançylyk terbiýesiniň many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrylyp dowam etdirilýändigidir, mertleriň mertebesiniň barha beýgelýändigidir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri, Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, mertleriň Watany, Watanyň bolsa mertleri beýgeldýän döwrüdir. Ýurduň goragy, halkyň asuda, abadan durmuşynyň üpjün edilmegi hemişe we ilkinji nobatda, il-günüň agzybirligine, jemgyýetiň jebisligine, pähim-parasatly, adyl-adalatly döwlet Baştutanyna, Watany goraýan mertlere baglydyr.

Türkmen paýtagtynyň taryhy — fotosuratlarda

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mundan bäş ýyl gowrak öň, 2015-nji ýylyň 16-njy maýynda geçiren mejlisinde paýtagt şäherimiz Aşgabadyň gününi bellemek we şol baýram bilen bagly çäreleri dabaraly geçirmek barada tabşyryk beripdi. Ynha, golaýda hem Arkadag Prezidentimiz paýtagtymyza amala aşyran iş saparynda üstümizdäki ýylda Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny belläp geçmegi teklip etdi.

Muzeýe syýahat

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesiniň guramagynda Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýine syýahat guraldy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli guralan syýahata kärdeşler arkalaşyklarynyň edara-kärhanalardaky ilkinji guramalarynyň başlyklary we işjeň agzalary gatnaşdy. «Sahawatly türkmen topragy ak bugdaýyň mekanydyr» atly syýahatyň barşynda muzeýiň hünärmenleri ýaşlara gadymy Änewiň taryhy, bu gadymy toprakdan tapylan gymmatlyklar hakynda täsirli gürrüň berdiler hem-de olary sergi zallarynda saklanýan tapyndylardyr maglumatlar bilen tanyşdyrdylar.

Şöhratly taryhyň sahypalary

Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň şöhratly taryhyna uly sarpa goýýar. Gahryman Arkadagymyzyň maddy we medeni mirasymyzy öwrenmek, gorap saklamak we wagyz etmek işlerinde nusgalyk göreldesine eýerip, taryhçy alymlar ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän, öz döwründe Beýik Ýüpek ýolunyň wajyp nokatlary bolan taryhy ýadygärlikleriň birnäçesinde arheologik-barlag işlerini geçirýärler. Olaryň içinde Nusaý, Abiwerd, Sarahs, Merw, Köneürgenç ýaly gadymy dünýäniň merjeni hasaplanan ýadygärlikleri bellemek bolar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň taryhçylary we arheologlary tarapyndan gadymy Amul, Paryzdepe, Şährihaýbar, Şähristan arheologiýa ýadygärlikleri bilen bir hatarda, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Isgender obasynyň golaýynda ýerleşýän Isgendergala ýadygärliklerinde-de köptaraplaýyn ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Bu ýadygärlikde gazuw-agtaryş işleri geçirildi hem-de oba ilatyndan etnografik maglumatlar ýygnaldy. Ýygnalan etnografik maglumatlaryň habar bermegine görä, Isgendergala ady miladydan öňki IV asyrda ýaşap, dünýäniň uly bölegini öz içine alýan döwleti esaslandyran Aleksandr Makedonlynyň ady bilen baglanyşyklydyr.

Buýsançly mirasymyz

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilde milli medeni mirasymyza, ata-baba gelýän asylly däp-dessurlarymyza, taryhy-medeni ýadygärliklerimize söýgi döretmekde geçirilýän medeni çäreleriň ähmiýeti uludyr. Şunuň bilen baglylykda, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän gadymy Abiwerd galasyna gezelenjiň guralmagy, ol ýerde taryhy öwrenijiler bilen duşuşyklaryň geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Taryhy ýadygärlikde bolýan her gezekki duşuşyk täze taryhy tapyndylar bilen tanyşmaga, arheologlar bilen söhbetdeş bolmaga hem-de gymmatly maglumatlary toplamaga uly mümkinçilik berýär. Golaýda bu ýerde guralan duşuşykda ýaş mugallymlar, çagalar baglarynyň usulyýetçi-pedagoglary bolup, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky Milli müdirliginiň baş hünärmeni, alym-arheolog, taryh ylymlarynyň kandidaty Akmyrat Babaýew bilen söhbetdeş bolduk. Şonda taryhçy alym orta asyr Abiwerdiň daşky gala diwarlarynda, şeýle hem galanyň günorta-gündogar çäginde alnyp barylýan gazuw-agtaryş işleri, olaryň netijeleri barada gyzykly gürrüň berdi.

Ak bugdaýyň söhbedi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Goý, edermen babadaýhan pederlerimizden miras galan türkmen topragynda ak bugdaýyň berekedi hiç haçan egsilmesin.

Kesbini ykbalyna öwren

Arada tanşym bilen Baýramaly şäherinde Yslam aga diýen bir ýaşuly adamyňka myhmançylyga bardyk. Çaý-nahardan soň, ol öz kakasynyň demir ýol ulgamynda biregne 77 ýyl işländiginden söz açdy. Meniň soranjaňlygymy ilki geň gören öý eýesi özüne has tanyş hem juda ýakyn ýatlamalaryny ýakymly duýgulara gaplap, gürrüň bermäge başlady. — Kakam geçen asyryň iň kynçylykly ýyllarynda, Beýik Watançylyk urşunyň başlan uçurlarynda demir ýol işgäri bolup işläpdir — diýip, Yslam aga söze başlady: — Ol ömür ýolunyň manysyna öwrülen käri hakda hemişe gürrüň ederdi. Kakam Ali Mamedow 1929-njy ýylda Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde, daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Soňra olaryň maşgalasy Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabyna göçüp gelip, şol ýerde birnäçe ýyl ýaşaýar. 1934-nji ýylda kakam Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen çagalar mekdep-internatyna okuwa girýär. Şol ýerde bäş ýyl çemesi tälim alyp, Balkan welaýatynyň öňki Gyzylarbat, häzirki Serdar şäherindäki başlangyç hünär mekdebinde okuwyny dowam etdirýär. Bu ýerde alty aý okaýar. Okuwyny tamamlap, Orta Aziýa demir ýol okrugyna degişli Mary demir ýol deposynda, gögele çagadygyna garamazdan, ilkinji zähmet ýoluna başlaýar. Depoda ýolagçy we ýük daşaýan otlularyň kömürçisi, otla erk edijiniň kömekçisi bolýar. Gazaply uruş ýyllarynda tylda edermenlikli zähmet çekýär. Bu döwür ol demirýolçy hünärini birkemsiz ele alýar.

Hat-ýazuwyň taryhyndan

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň her bir pudagynda, ylymda, bilimde, medeniýetde, ykdysady hem-de syýasy ugurlarda, şol sanda dilimizde-de, edebiýatymyzda-da uly öňegidişlikler gazanylýar. Gahryman Arkadagymyz ösüp gelýän ýaş nesli aňly-düşünjeli, ylymly-bilimli, sagdyn ruhda terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýär hem-de ene dilimizi, edebiýatymyzy we taryhymyzy ylmy esasda öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredýär. Elbetde, taryhymyzda, edebiýatymyzda gymmatly maglumatlary asyrlaryň jümmüşinden şu günlerimize getirýän zat ýazuw ýadygärliklerimiz bolup durýar. Ilkibaşda tebigatdaky aýry-aýry zatlary habar bermegiň, ýatda saklamagyň ilkinji serişdeleri beýan edilipdir. Muňa zatlaryň ýazuwy hem diýilýär. Olar haýsy-da bolsa bir zady aňladýan, habar berýän alamat bolup çykyş edipdir. Mundan başga-da, düwün ýa-da ýüp ýazuwy hem bolupdyr. Meselem: Ol taýaga daňlan dürli reňkli hem-de örülen ýa-da işilen, düwlen ýüplerdir. Düwlen gyzyl reňkli ýüp goşuny, ýaşyl reňkli ýüp däneden bişirilen çöregi, sary reňkli ýüp altyny aňladypdyr.

Taryha sarpa

Türkmen halky özüniň milli däp-dessurlarynyň tapawutlylygy we oňa goýýan sarpasy netijesinde umumadamzat ruhy gymmatlyklaryň döremegine ähmiýetli goşant goşan milletleriň biri hökmünde tanalýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly kitabynda: «Bu gün adamzadyň ahlak-edep ýörelgelerini, ynsanperwerligi, tämiz ruhy, sagdyn ahlagy wagyz edýän milli gymmatlyklarymyz, däp-dessurlarymyz buýsanylmaga, taryp edilmäge, dünýä ýaýylmaga mynasypdyr» diýip belleýär. Hakykatdan hem halkymyzyň milli däp-dessurlaryndan ugur alýan medeniýet we sungat işgärleriniň döredijiliginde döwrüň galkynyşy, milletiň ruhy aýratynlygy duýulýar. Bilşimiz ýaly, Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolup durýar, ol medeni ýadygärlikleri we tebigy gözellikleri gorap saklamak boýunça halkara işlerde möhüm orun eýeleýär. Halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklaryna hormat goýmaga esaslanýan şertleri döredýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji aýyndan başlap, medeni mirasymyzy hem milli däp-dessurlarymyzy, taryhy-medeni ýadygärliklerimizi dünýä ýaýmak babatda birnäçe işler durmuşa geçirildi.

Watansöýüjiligi wagyz eden sergi

­­­­ Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň maýor Muhammetmyrat Baýryýewiň müdirlik edýän Soltan Sanjar adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde geljekde ata Watana wepaly serkerdeleri terbiýeläp ýetişdirmekde, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli ýaşlary taýýarlamakda mynasyp işler amala aşyrylýar. Geljekki Watan goragçylaryna ata-babalarymyzyň şan-şöhratly taryhy geçmişi hem-de şu güni hakynda giňden öwredilýär. Golaýda bolsa welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde taryhymyzy we şu günümizi wagyz edýän sergi açyldy. Harby okuwçylar mekdebiň taryh mugallymy Eýýub Allanazarowyň ýolbaşçylygynda şol sergä gatnaşdylar hem-de ata Watanymyzyň taryhy barada giňişleýin maglumatlar aldylar. Sergi harby okuwçylaryň ata Watanymyzyň taryhy bilen bagly maglumatlary has-da çuňňur öwrenmeklerine özboluşly badalga boldy.

Muny bilmek gyzykly

■ «Garpamyk we ýedi girdenek» «Disney» studiýasynyň ilkinji doly göwrümli animasiýa filmidir. ■ Uolt bilen Mikkiniň el-ele berip duran heýkeli 1993-nji ýylda döredilýär. Bu heýkel «Hyzmatdaş» ady bilen meşhurdyr.

Meşhurlyga öwrülen meýdança

Çagalaryň oýun meýdançalary körpeleriň wagtlaryny şadyýan geçirmäge, ukyp-başarnyklaryny ösdürmäge uly ýardam edýär. Çagalar üçin niýetlenen ilkinji oýun meýdançasy haçan we nirede döredildikä? Bu barada bilmek, megerem, hemmeler üçin gyzykly bolsa gerek. Çagalaryň oýun meýdançasyny döretmek pikiri ilki bilen Germaniýada döreýär. Germaniýanyň mekdeplerinde sapaklary has-da gyzgalaňly alyp barmak maksady bilen irki döwürlerde çagalaryň oýun meýdançalarynda ulanylan enjamlaryň birnäçesi peýdalanylýar. Çagalaryň ilkinji oýun meýdançasy 1859-njy ýylda Angliýanyň Mançester şäherinde döredilýär. XX asyryň başlarynda çagalar üçin niýetlenen meýdançalar ABŞ-nyň seýilgählerinde peýda bolýar. Wagtyň geçmegi bilen bu meýdança dünýäniň ähli künjeginde döredilýär. Şeýle meýdançalar seýilgähler bilen bir hatarda, umumybilim berýän orta mekdepleriň çäklerinde gurulýar. Oýun meýdançalary mugallymlar tarapyndan çagalaryň geçen sapaklaryny özleşdirmekde hem-de täze mowzugy oýunlaryň üsti bilen olara aňsatlyk bilen düşündirmekde ulanypdyrlar.

Şöhratly taryhyň aýdyň beýany

Türkmenistan gadymy we orta asyrlarda döredilen hem-de öz wagtynda dünýäniň ösen ylym-bilim, medeniýet merkezleri hökmünde meşhur bolan şäherleriň mekanydyr. Orta asyrlarda türkmen topragyna syýahat edip, bu ýeriň ajaýyp şäherlerini synlan taryhçylar, syýahatçylar geň galdyryjy hem-de gymmatly maglumatlary galdyrypdyrlar. Bu maglumatlar halkymyzyň baý taryhyny öwrenmekde möhüm çeşmelerdir. Orta asyrlarda Türkmenistana gelen syýahatçylaryň eserlerinde ýurdumyzyň şähergurluşyk, binagärlik aýratynlyklary bilen bir hatarda ösen medeniýeti hakynda hem giňişleýin beýan edilipdir. Orta asyrlarda söwdanyň ösmegi bilen, Gündogarda geografiýa ylmy hem ösüpdir. IX we X asyrlarda geografiýa ylmy boýunça iki nusgawy mekdep kemala gelipdir. Olar IX asyryň ortalarynda kemala gelen Yrak geografiýa mekdebi we X asyrda meşhur bolan Balh geografiýa mekdebidir.

Taryhy-medeni ýadygärliklere baý mekan

Türkmenler iň gadymy halklaryň biri hasaplanýar. Şeýle hem dünýä medeniýetine, ylmyň ösmegine saldamly goşant goşan halk hökmünde giňden tanalýar. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni, arheologik ýadygärlikler doly tassyklaýar. Türkmenistan taryhy-medeni ýadygärliklere baý ýurtlaryň biri hasaplanýar. Medeni ýadygärlikleriň has gadymy döwürlere degişlileri-de bar. Orta asyrlarda gurlan binalar özboluşly gurluş äheňi, binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýar.

Garagumuň çulbalary

Aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän giňişlikde ýaýylyp ýatan Garagum sährasy tebigy gözelliklere diýseň baý. Ösümlik hem-de haýwanat dünýäsiniň köpdürliligi bilen görenleri haýran galdyrýan Garagumuň tebigy täsinlikleriniň biri-de çulbalardyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Döwlet guşy» atly çuňňur paýhasa ýugrulan romanynda: «Açyk meýdan. Arassa howa. Garşyňda ojar odun şatyrdap ýanyp dur. Uzaklara seredýärsiň. Şu ýerden Merkezi Garagum başlanýar. Asyl bu çöl däl-de, sähra ahyryn! Çünki bu bereketli Garagumda bitmeýän ösümlik ýok. Garagum — bereketli gum, bereketli sähra diýmek bolmaly. Garagum — türkmeniň ýaşaýyş çeşmesi, gorhanasy.

Kitaphana — hazynalar ummany

Türkmen halkynyň juda baý taryhy ýoly bar. Halkymyz uzak geçmişden bäri ähli ugurlarda, hususan-da, ylymda-bilimde, sungatda, medeniýetde özüni tanadyp, dünýä sungatyna we medeniýetine uly goşant goşupdyr. Geçmişde türkmen topragynda döredilen döwletlerde ykdysadyýete, sungata we medeniýete uly üns berlendigini alymlar tassyklaýarlar. Ylym-bilim ummanynyň egsilmez çeşmesi hökmünde bu döwletlerde kitaplar we kitaphanalar meselesine uly üns berlipdir. Birnäçe bilim ojaklarynyň we kitaphanalaryň giňden ýaýran ýeri hem Köneürgençdir. Köneürgençde türkmenleriň meşhur hökümdarlarynyň biri Atsyz kitaphana döredipdir, ondan alymlar peýdalanypdyrlar. Atsyz kitaphanany 1142-nji ýylda döredipdir diýip çaklanýar we ol bir asyra golaý wagt alymlara we köpçülige hyzmat edipdir. Köneürgenji beýik derejä ýetiren Tekeş XII asyryň 80-nji ýyllarynda uly medrese we onuň ýany bilen kitaphana esaslandyrypdyr, olar köp ýyllaryň dowamynda hyzmat edipdir. Köneürgençde we onuň çäklerinde Muhammet şa tarapyndan hem birnäçe medreseler we kitaphanalar gurlupdyr. Mundan başga-da, gadymy Köneürgençde Reşit Etdin Watwatyň, Şeýh Nejmeddin Al-Kubranyň, Ymam Şyhabeddin Al-Hywakynyň kitaphanalary bolupdyr. Bu kitaphanalar köp alymlaryň kemala gelmeginde uly orun tutupdyr we köpçülige hyzmat edipdir.