Döwrebap usullar, ylmy gözlegler
Hormatly Prezidentimiziň alymlaryň öňünde goýýan wezipelerinden ugur alyp, türkmen taryhçylary halkymyzyň geçmişini, arheologiýa gymmatlyklaryny, etnografiýa, antropologiýa meselelerini öwrenmekde degişli işleri durmuşa geçirýärler. Alym Arkadagymyz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň işini häzirki zaman talaplaryna laýyk getirmek üçin olaryň iň täze enjamlardyr barlaghanalar we kompýuter tehnologiýalary bilen üpjün edilmegine giň mümkinçilik döredip berdi. Türkmen alymlary dünýäniň ylmy merkezleri, meşhur uniwersitetleri bilen gatnaşyk saklap, olar bilen şertnama esasynda işleşýärler. Germaniýanyň, Italiýanyň, Russiýanyň, Rumyniýanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Azerbaýjanyň we beýleki döwletleriň ylmy edaralary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek hem-de bilelikde ylmy-barlag işlerini geçirmek babatda gepleşikler alnyp barylýar. Häzirki wagtda türkmen taryhçylary halkymyzyň geçmişini, döreden döwletlerini, dünýä medeniýetine hem-de adamzadyň ösüşine goşan goşandyny toplumlaýyn öwrenýärler. Alymlarymyz ylmy-barlag işlerinde köptaraplaýyn ugurda işläp, taryhymyzy, gadymdan galan şäher-obalaryň galyndylaryny, ol ýerden tapylan gymmatlyklary, täsin ýadygärlikleri yzarlap, däp-dessurlarymyza, dilimize, edebiýatymyza degişli maglumatlary öwrenmek bilen, häzirki döwrüň ýokary tehniki barlaghanalaryny we täze enjamlaryny ulanyp, barlag