"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Ýy­lyň sport mo­da­sy

Soň­ky ýyl­lar­da adam­la­ryň ag­la­ba bö­le­gi sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga uly üns be­rip, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­ýär­. Öý­de, açyk ho­wa­da, tür­gen­le­şik meý­dan­ça­la­ryn­da, sport zal­la­ryn­da, umu­man is­len­dik ýer­de sport bi­len meş­gul­lan­mak özü­ňi fi­zi­ki we ru­hy taý­dan has gu­jur­ly duý­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Dün­ýä­de her möw­süm sport bi­len tür­gen­leş­me­giň tä­ze mo­da­sy dö­re­dil­ýär. Mo­da tür­gen­le­şik gör­nüş­le­ri­ni we usul­la­ry özün­de jem­le­ýän he­re­ket­ler­den dü­zül­ýär. Bu ýyl sport tür­gen­le­şik­le­rin­de nä­me mo­da? Ge­liň, fit­nes tä­lim­çi­le­ri­niň hö­dür­le­ýän tä­ze tür­gen­le­şik usul­la­ry bi­len ta­nyş bo­la­lyň! Sport en­jam­la­ry­nyň we sport bi­len meş­gul­lan­ma­gyň dür­li gör­nüş­le­ri­dir usul­la­ry­nyň bar­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, ýy­lyň-ýy­ly­na ýe­ne-de tä­ze usul­lar ýü­ze çyk­ýar. Hat­da ol usul­lar ýy­lyň sport mo­da­sy­na öw­rül­ýär. Şu ýyl di­war pi­la­tes­le­ri (he­re­ket ul­ga­my­nyň, dem al­ma­gyň we de­ňag­ram­ly­ly­gyň ut­gaş­ma­sy) ýy­lyň sport mo­da­sy bo­lup, biz mu­ny «di­war maşk­la­ry» di­ýip hem alyp bi­le­ris. Bu maşk­lar sport en­jam­la­ry ula­nyl­maz­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ri­lip, esa­san, di­war­dan peý­da­la­nyl­ýar. Be­de­niň çy­dam­ly­ly­gy­ny güýç­len­dir­ýän di­war maşk­la­ry öý­de ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin amat­ly ha­sap­lan­ýar.

Halkara we milli sport baýramçylyklary

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Birleşen Milletler Guramasy Merkezi Aziýa futbol assosiasiýasynyň teklip etmegi boýunça her ýylyň 25-nji maýyny Bütindünýä futbol güni diýip yglan etdi. Şundan ugur alyp, biz žurnalymyzyň şu sanynda dünýäde halkara derejesinde bellenilýän sport baýramçylyklary, şol sanda aýry-aýry ýurtlarda bellenilip geçilýän milli sport baýramçylyklary barada maglumatlary okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Adaty karate: 12 türgenden 9 medal

Türkmenistanyň adaty karate boýunça milli ýygyndysy Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň çempionatynda toparlaýyn hasapda üçünji orna eýe boldy. Bu üstünlik türgenlerimiziň 9 medaly bilen gazanyldy. Sebit ýaryşyna bäş döwletden 300 töweregi türgen gatnaşdy. Şolaryň 12-si Türkmenistana wekilçilik etdi. Türkmen türgenleri ýurdumyza dört altyn, üç kümüş we iki sany bürünç medal bilen dolanyp geldiler. Ýaryşlar adaty karateniň görkezme maşklary (kata) we tutluşyk (kumite) görnüşleri boýunça geçirildi.

«Uly tuwulga» ýaryşlary

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Hä­zir­ki za­man ten­ni­sin­de iň iri ýyl­lyk sport baý­ram­çy­ly­gy bo­lan «Uly tu­wul­ga» ýa­ry­şy dört tap­gy­ry özün­de jem­le­ýär. Şol se­bäp­li bu ýa­ry­şa her ýyl­da sport jan­kö­ýer­le­ri­niň mil­lion­lar­ça­sy­nyň ün­si gö­nük­ýär. Oňa di­ňe bir sport bäs­le­şik­le­ri­niň top­lu­my hök­mün­de ga­ral­man, sport baý­ram­çy­ly­gy hök­mün­de hem ka­bul edil­ýär:

Badmintonyň taryhyndan

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Dün­ýä spor­tun­da pök­gü­li oý­nal­ýan oýun­lar uly meş­hur­ly­ga eýe­dir. Şo­lar­dan bi­ri bo­lan bad­min­ton oý­nu­nyň öz­bo­luş­ly dö­re­ýiş we ösüş ta­ry­hy bar. XIX asyr­da Hin­dis­tan­da gul­luk eden iň­lis ofi­ser­le­ri pök­gi bi­len oý­nal­ýan ga­dy­my hin­di oý­ny bo­lan pu­na­ny (kä­bir çeş­me­ler­de roo­pa­ny) ürç edip oý­nap­dyr­lar. Gul­luk möh­let­le­ri­niň ta­mam­lan­ma­gy bi­len, har­by­lar bu tä­sin oý­ny öz wa­tan­la­ry­na hem ýan­la­ry bi­len alyp gi­dip­dir­ler. Bu oýun hä­zir­ki bad­min­ton oý­nu­nyň il­kin­ji ýü­ze çyk­ma­sy diý­lip ha­sap edil­ýär.

Kik­bok­sin­giň dö­re­ýiş ta­ry­hy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Kik­bok­sing ba­şa-baş gö­re­şiň bir gör­nü­şi ha­sap edil­ýär. Ol il­kin­ji ge­zek 1900-nji ýyl­da dö­räp­dir.

Küşt oý­nu­nyň dö­re­ýiş ta­ryhy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Adam­zat ta­ry­hyn­da dö­re­di­len iň ga­dy­my oýun­la­ryň bi­ri hem küşt­dür. Ol akyl-paý­has oý­ny diý­lip ha­sap edil­ýär. Ze­hin üçin do­wam­ly tür­gen­le­şik, ün­sü­ňi jem­le­mek, dog­ry we çalt çöz­güt ka­bul et­mek, sel­jer­mek, pi­kir­len­mek uky­by­ňy art­dyr­mak, anyk­la­mak ýa­ly ze­hin ukyp­la­ry­ny ös­dür­ýär.

Sport psi­ho­lo­gi­ýa­sy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 «Spor­tuň psi­ho­lo­gi­ýa­sy» di­ýen adal­ga­nyň peý­da bol­ma­gy hä­zir­ki za­man Olim­pi­ýa oýun­la­ry­ny esas­lan­dy­ry­jy Pýer de Ku­ber­te­niň ady bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Ol ba­ryp XIX asy­ryň ahyr­la­ryn­da spor­tuň bu ul­ga­my ba­ra­da il­kin­ji ki­ta­by ýa­zyp­dyr. Şon­dan soň köp ýyl­lap hiç hi­li zat ýa­zyl­man­dyr. Di­ňe ge­çen asy­ryň 30-40-njy ýyl­la­ryn­da sport pu­da­gyn­da psi­ho­lo­gik bar­lag­lar ozal­ky so­ýuz­da ge­çi­ri­lip baş­lan­ýar. 50-60-njy ýyl­lar­da Ger­ma­ni­ýa­da, Pol­şa­da, Çe­hi­ýa­da, Weng­ri­ýa­da, Ru­my­ni­ýa­da, has soň­rak, Fran­si­ýa­da, ABŞ-da, Şweý­sa­ri­ýa­da we Ang­li­ýa­da bu bar­lag­lar giň ge­ri­me eýe bol­ýar.

Sebitimiziň sport teleýaýlymlary

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry sport ul­ga­myn­da öz­bo­luş­ly­ly­gy we öň­de­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Bu ýurt­lar­da spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri halk ara­syn­da mil­li oýun­lar hök­mün­de meş­hur­dyr. Hä­zir­ki wagt­da bu ýurt­lar­da spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra bäs­le­şik­le­ri ge­çi­ri­lip, olar­da go­wy ne­ti­je­le­ri gör­kez­ýär­ler. Ine, şu­la­ry dün­ýä ýaý­mak­da bol­sa ýur­duň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­ne aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir. Ge­liň, bu ýurt­la­ryň sport ul­ga­my­na ýö­ri­te­le­şen ýaý­lym­la­ry bi­len ta­nyş bo­la­lyň. 

Futbol muşdaklarynyň baýramy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Dün­ýä ýü­zün­de spor­tuň iň meş­hur gör­nüş­le­ri­niň bi­ri fut­bol­dyr. Se­bä­bi fut­bol iň köp to­ma­şa edil­ýän we gy­zyk­la­nyl­ýan sport gör­nü­şi­dir. Her dört ýyl­dan ge­çi­ril­ýän dün­ýä çem­pio­na­ty­na fut­bol­sö­ýü­ji­le­riň uly gy­zyk­lan­ma bi­len ga­raş­ma­gy hem sö­zü­mi­ziň aý­dyň my­sa­ly­dyr.

Futbolçy bolmak üçin butsy hökman däl

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki 47-nji orta mek­de­biň uçu­ry­my Be­genç Ho­ja­ýew ça­ga wag­ty fut­bol oý­nan­dy­gy­ny, em­ma fut­bol­çy bol­mak ar­zu­wy­ny ça­ga­lyk ýyl­la­ryn­da gal­dy­ryp, baş­ga kes­bi saý­lap alan­dy­gy­ny gür­rüň ber­ýär. «Ni­re­de iş­le­se­mem, ga­zet-žur­nal aç­sam-da fut­bol ha­ba­ry­ny il­ki bi­len oka­ýan, te­le­wi­de­ni­ýe­de fut­bol gör­se­mem, ün­sü­mi şo­ňa so­wa­ny­my bil­män gal­ýa­ryn. 25-nji ma­ýyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan «Bü­tin­dün­ýä fut­bol gü­ni» di­ýlip yg­lan edil­me­gi fut­bol bi­len bag­ly ýat­la­ma­la­ryň bu­ja­gy­ny çöz­di» di­ýip, Be­genç Ho­ja­ýew öz ha­tyn­da ýa­zyp­dyr. Bi­zem onuň ýat­la­ma­la­ry­nyň kä­bi­ri­ni oky­jy­lar bi­len paý­laş­ma­gy ma­kul bil­dik. 

Bir günde iki baýram

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Sport jan­kö­ýer­le­ri ta­ra­pyn­dan söý­lüp to­ma­şa edil­ýän hem-de köp­le­riň söý­gü­si­ni ga­zan­ma­gy ba­şa­ran sport gör­nüş­le­ri­niň bi­ri-de fut­boldyr. Häzirki wagtda mil­li­on­lar­ça jan­kö­ýer­le­ri özün­de jem­le­ýän fut­bo­lyň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de tut­ýan or­ny diý­seň uly. Sport bi­len meş­gul­lan­ýan yn­san­la­ryň, hu­su­san-da, ça­ga­lar­dan baş­lap, ýa­şu­ly ne­sil­le­riň ara­syn­da fut­bol oýun­la­ry­na to­ma­şa ed­ýän­le­riň sa­ny bir ýa iki däl. Olar müň­ler­çe. Şo­nuň üçin-de, dün­ýä ýü­zün­de fut­bo­la hem-de fut­bolçylara be­ril­ýän üns has-da güýç­li. Ýa­kyn­da fut­bol muş­dak­la­ry­ny be­gen­di­ren bir wa­ka boldy, ýagny BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan her ýy­lyň 25-nji ma­ýy «Bü­tin­dün­ýä fut­bol gü­ni» diý­lip yg­lan edil­di. Bu buý­san­dy­ry­jy wa­ka türk­menistanly fut­bol­ muşdak­la­ry üçin-de ýat­dan çyk­ma­jak pur­sat bol­dy. Se­bä­bi her ýy­lyň 25-nji ma­ýyn­da paý­tag­ty­my­zyň — Aş­ga­bat şä­he­ri­niň gü­nü­ni ulu­dan baý­ram ed­ýän sport­sö­ýü­ji­le­ri­miz bu gün­de dün­ýä halk­la­ry bi­len bir­lik­de Bü­tin­dün­ýä fut­bol gü­nü­ni hem bel­le­ýär.

Ýaşlary terbiýelemekde sportuň ähmiýeti

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň her bir gü­ni şan­ly wa­ka­la­ra bes­len­ýär. Äh­li ugur­lar­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­le­riň sa­ka­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty dur­ýar. Her bir döw­le­tiň sy­ýa­sa­tyn­da, yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de, jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­nyň beý­le­ki ugur­la­ryn­da öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li amal et­mek­li­giň mö­hüm şer­ti bo­lup, bu işe jem­gy­ýe­tiň äh­li gat­lak­la­ry­nyň iş­jeň çe­kil­me­gi hem-de ola­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gyn­da­ky ra­ýat jem­gy­ýe­ti­niň tut­ýan or­ny çy­kyş ed­ýär.

Saglyk we sport aýy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň aýy bo­lan ap­rel aýy­nyň il­kin­ji gün­le­rin­den baş­lap ýur­du­myz­da sport çä­re­le­ri, ýa­ryş­lar, we­lo­si­ped ýö­riş­le­ri we Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li da­ba­ra­lar ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da, Aş­ga­bat we Ar­ka­dag şä­her­le­rin­de ge­çi­ri­len köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sport we sag­dyn dur­muş çä­re­le­ri­ne ta­lyp ýaş­lar, dür­li pu­dak­la­ryň iş­gär­le­ri, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri iş­jeň gat­naş­dy­lar.

Biri gyzyl, biri sary, biri ak...

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Sözbaşa gözi düşen okyjy, megerem, alabahar asmanynyň deňsiz-taýsyz bezegi bolan ynsan kalbyny joşa getirýän, adamlaryň göwünlerini al-asmana göterýän al-ýaşyl reňkli älemgoşaryň gözelliginiň waspyny etjekdigimize garaşýandyr. Ýöne ol ýalňyşýar... Biz ýap-ýaşyl öwüsýän futbol meýdançasynda deňsiz-taýsyz duşuşygyň gidişini büdredýän, futbolçylaryň hem-de bu jadyly oýnuň muşdaklarynyň keýpini gaçyrýan, eminleriň kisesindäki, älemgoşaryň ähli reňklerini bolmasa-da, köpüsini özünde saklaýan duýduryş petekleri hakynda gürrüň etmekçi bolýarys.

Saglyk üçin iň ygtybarly ylgaw

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Be­den­ter­bi­ýä­niň we spor­tuň sag­lyk üçin peý­da­la­ry ba­ra­da, fi­zi­ki maşk­la­ryň ýü­rek-da­mar ke­sel­le­ri, gan ba­sy­şy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy, beý­nä gan in­me, dia­bet, huş­suz­lyk, sus­su­pes­lik, sem­re­me ýa­ly der­de­ser­le­riň, düw­nük ke­se­li­niň en­çe­me gör­nüş­le­ri­niň öňü­ni al­ýan­dy­gy ba­ra­da luk­man­çy­lyk tej­ri­be­sin­de aý­dyň su­but­na­ma­lar ýe­ter­lik. Soň­ky on­ýyl­lyk­lar­da ýyg­na­lan yl­my mag­lu­mat­la­ryň şa­ýat­lyk et­me­gi­ne gö­rä be­den maşk­la­ry­nyň has peý­da­ly gör­nüş­le­ri­niň bi­ri yl­gaw bo­lup dur­ýar. 

Milli oýunlar

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Alym Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» diýen kitabynda: «Milli oýunlar halkyň edep-terbiýe we ahlak ýörelgeleriniň özboluşly dünýäsi bolup, zähmetsöýerlilik, gaýratlylyk, ugurtapyjylyk, başarjaňlyk ýaly milli häsiýetlerimizi, parahatçylykly durmuşy söýmek ýaly ýörelgeleri dabaralandyrýar» diýip, ata-babalarymyzdan miras galan milli oýunlarymyzyň çagalaryň şahsyýetiniň kemala gelmeginde uly ornunyň bardygyny belläp geçýär.

Asylly däbe öwrülen baýramçylyk

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Hal­ka­ra de­re­je­sin­de giň­den bel­le­ni­len Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni pa­ra­hat­çy­ly­gy, dost-do­gan­ly­gy, yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­ni da­ba­ra­lan­dyr­ýan baý­ram­dyr. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň to­mus pas­ly­nyň il­kin­ji gün­le­rin­de Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­nü­niň şa­ny­na köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­riş­le­riň, baý öwüş­gin­li me­de­ni-jem­gy­ýet­çi­lik çä­re­le­riň ge­çi­ril­me­gi aý­ra­tyn bel­lär­lik­li­dir.

Fijital küşt gyzyklanmanyň täze görnüşi hökmünde

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Fi­ji­tal sport (he­re­ket­li-san­ly sport) – spor­tuň top­lum­la­ýyn gör­nü­şi bo­lup, tür­gen ýe­ke­lik­de ýa-da top­lum­la­ýyn spor­tuň bel­li bir gör­nü­şi bo­ýun­ça he­re­ket­li hem-de san­ly wir­tu­al dün­ýä­de bäs­leş­ýär­ler. Fi­ji­tal sport be­den taý­ýar­ly­gy­ny ta­lap ed­ýän he­re­ket­li, ada­ty sport oý­ny bi­len ki­bers­por­tuň, yl­myň we teh­no­lo­gi­ýa­nyň ut­ga­şy­gyn­dan dö­rän tä­ze sport gör­nü­şi­dir. Mun­da tür­gen hem wir­tu­al dün­ýä­de komp­ýu­ter­de ýo­ka­ry ne­ti­je gör­kez­me­li, hem-de sport meý­dan­ça­syn­da özü­ni sy­na­ma­ly.

We­lo­si­ped sür­mek we sag­lyk

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 He­re­ket­de bol­mak be­de­ni­ňi ber­kit­mek­dir. Adam be­de­ni­niň tap­lan­ma­gyn­da, ber­ke­me­gin­de he­re­ket­li­li­giň äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Fi­zi­ki iş­jeň he­re­ket­de bol­mak sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň iň esa­sy şert­le­ri­niň bi­ri­dir. Bu bol­sa py­ýa­da ýö­re­mek ýa-da we­lo­si­ped sür­mek, maşk­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­lup dur­ýar. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, her gün 30 mi­nut çe­me­si ýö­ri­te mak­sat­ly aram he­re­ket et­me­li. Bu ze­rur bo­lan ýö­ri­te mak­sat­ly he­re­ket­li iş, öý­den işe py­ýa­da ýa-da we­lo­si­ped­li gat­na­mak ar­ka­ly ýe­ri­ne ýe­ti­rip bil­ner. Py­ýa­da ge­ze­lenç et­me­giň or­ta­ça uzak­ly­gy 1,5-2,8 ki­lo­met­re go­laý bol­ma­ly­dyr. Mu­ňa bol­sa, adat­ça, 15-20 mi­nut wagt harç­lan­ýar. We­lo­si­ped­li ge­ze­lenç et­me­giň or­ta­ça uzak­ly­gy 3,5-4,8 ki­lo­metr bo­lup, mu­ňa or­ta­ça 10-15 mi­nut ge­rek bol­ýar. Bu gan da­mar­la­ry­nyň wa­ri­koz ke­se­lin­den ejir çek­ýän­ler üçin örän peý­da­ly­dyr. Aýak­la­ryň py­ýa­da he­re­ket­de bol­ma­gy da­mar­lar­da gan aý­la­ny­şy­nyň tiz­leş­me­gi­ne, gan bi­len üp­jün­çi­li­giň ka­da­laş­ma­gy­na iter­gi ber­ýär. Spor­tuň bu gör­nü­şi göz üçin hem peý­da­ly­dyr.