"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Hokkeý boýunça halkara ýaryş sportuň parahatçylygyň ilçisidigini jar edip, paýtagtymyz Aşgabatda dostlukly döwletleriň türgenlerini duşurar

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan döwletimizde 15 — 20-nji aprelde hokkeý boýunça halkara ýaryş geçiriler. Güneşli Watanymyzda sportuň buzda oýnalýan görnüşi boýunça halkara ýaryşyň geçirilmegi ýurdumyzyň sport ulgamynda uly öňegidişlikleri gazanýandygyny, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda sporta aýratyn ähmiýet berilýändigini subut edýär. Ilkinji nobatda, ýurdumyzda hokkeý boýunça ýaryşlary geçirmek babatda ýeterlik tejribäniň bardygyny bellemek gerek. Çünki, ýadyňyzda bolsa, paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogy ugrundaky hokkeý ýaryşlarynyň ikisi geçirilipdi. Ol ýaryşlara dünýä döwletlerinden güýçli hokkeý toparlarynyň birnäçesi gatnaşypdy we olar biziň toparlarymyz üçin kämillik mekdebi bolupdy. Şu jähetden, bu gezekki hokkeý boýunça halkara ýaryşda hem milli toparlarymyzyň üstünlikli çykyş etjekdigine tüýs ýürekden ynanýarsyň.

Bedenterbiýe we sport

2011-nji ýyl­da dog­lan we on­dan uly ýaş­ly tür­gen­le­riň ara­syn­da Aş­ga­bat şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň ten­nis bo­ýun­ça açyk çem­pio­na­ty ge­çi­ril­di. Gy­zyk­ly ge­çen ýa­ryş­da Aş­ga­bat şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň 10-njy sport mek­de­bi­niň tür­gen­le­ri şow­ly çy­kyş et­di­ler. Se­lim Ça­gy­low, Re­sul Kur­ba­now, Ata­my­rat Ma­ry­ýew, Aý­lar Ka­ka­ba­ýe­wa da­gy baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bol­dy. Ýe­ňi­ji­ler Aş­ga­bat şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi ta­ra­pyn­dan sow­gat­lar bi­len sy­lag­la­nyl­dy. Bi­ze zäh­met çek­mä­ge, ze­hin­li ýaş­la­ry ýe­tiş­dir­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip ber­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag bol­sun, alyp bar­ýan il-ýurt bäh­bit­li iş­le­ri el­my­da­ma ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Taryhda şu gün

2003-nji ýy­lyň 13-nji ap­re­lin­de Lon­don şä­he­rin­de ge­çi­ri­len ma­ra­fon bäs­le­şi­gin­de çy­kyş eden ýer­li ýe­ňil at­le­ti­ka­çy Po­la Redk­lif ze­nan ma­ra­fon­çy­la­ryň ara­syn­da dün­ýä re­kor­dy­ny goý­ma­gy ba­şar­dy. 42 ki­lo­metr 195 metr ara­ly­gy geç­mek üçin P.Redk­lif­fiň 2 sa­gat 15 mi­nut 25 se­kunt sarp eden­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Bu ma­ra­fon­çy ze­nan dört ge­zek (1996, 2000, 2004, 2008) to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na gat­naş­sa-da, baý­rak­ly or­na dü­şüp bil­me­di. 2005-nji ýyl­da ge­çi­ri­len dün­ýä çem­pio­na­tyn­da uzak ara­ly­ga yl­ga­mak gör­nü­şin­de al­tyn me­da­la my­na­syp bo­lan ang­li­ýa­ly ýe­ňil at­le­ti­ka­çy Lon­don (2002, 2003, 2005) hem-de Nýu-Ýork (2004, 2007, 2008) ma­ra­fon­la­ryn­da 3 ge­zek­den ýe­ňiş ga­zan­ma­gy ba­şar­dy.

Asyl­ly ýö­rel­ge­le­riň do­wa­my

Eziz Wa­ta­ny­myz­da ýaş ne­sil­le­riň sag­dyn ös­mek­le­ri, bag­ty­ýar ýa­şa­mak­la­ry üçin giň şert­ler dö­re­di­len­dir. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da dö­re­di­len Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça Ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy ta­ra­pyn­dan ça­ga­la­ryň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek, de­giş­li sa­gal­dyş-di­kel­diş iş­le­ri­ni ge­çir­mek bo­ýun­ça uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da ýaş ra­ýat­la­ryň hu­kuk hem dur­muş go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni wa­gyz et­mek, ýaş­lar­da wa­tan­sö­ýü­ji­li­gi, yn­san­per­wer­li­gi, ru­hy-ah­lak gym­mat­lyk­la­ry ter­bi­ýe­le­mek mil­li stra­te­gi­ýa­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Şun­da aý­ra­tyn he­ma­ýa­ta, gol­da­wa mä­täç ça­ga­la­ry dur­mu­şa uý­gun­laş­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len gu­ra­ma­çy­lyk, ka­nun­çy­lyk-hu­kuk, yk­dy­sa­dy çä­re­le­riň top­lu­my­ny dur­mu­şa ge­çir­mek me­se­le­le­ri­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Hormatly Prezidentimiz ata-ba­ba­la­ry­my­zyň asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri­ni do­wam et­dir­ýän ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň işi­ne yzy­gi­der­li gol­daw ber­ýär.

Sport mekdeplerinde

Ha­ly­pa-şä­girt­lik ýo­lu­nyň do­wa­mat-do­wam bol­ma­gyn­da uly ta­gal­la ed­ýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag­bol­sun aýd­ýa­rys.

Futbol täzelikleri

Ýakynda ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 6-njy tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Ýaryş tertibiniň öňbaşçysy «Arkadag» topary bu tapgyrda paýtagtymyzyň «Köpetdagyny» 5:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Türkmenbaşy şäherinde ýerli «Şagadam» Mary şäheriniň «Energetiginden» 2:0 hasabynda üstün çykdy. «Altyn Asyr» «Aşgabat» toparyny ýeňen bolsa (2:0), Balkanabat şäherinde geçirilen duşuşykda «Ahal» «Nebitçiden» 1:0 hasabynda rüstem geldi. Şeýlelikde, geçirilen duşuşyklardan soň

At üstündäki oýunlar

Türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhy we ykbaly bedewler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Halkymyzda milli at üstündäki oýunlar hem gadymy döwürlerden bäri meşhurdyr. Häzirki döwürde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary hem uçar ganatymyz bolan ahalteke bedewlerini, şeýle hem özboluşly milli sungatymyzy dünýä ýaýmaga mynasyp goşant goşýar. Dünýäniň onlarça ýurtlarynda geçirilen abraýly festiwallara gatnaşmak bilen, bu topar sport arenasynda we sirk sahnasynda behişdi bedewlerimiziň ajaýyplyklaryny görkezýär. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Russiýa Federasiýasynyň Moskwa, Italiýanyň Latyna, Hytaý Halk Respublikasynyň Çžuhaý şäherlerinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwallaryna gatnaşyp, baş baýraklara we altyn kuboklara mynasyp bolmagy hem türkmen bedewiniň dünýädäki at-abraýyny beýgeltdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe atçylyk sportunyň we at üstündäki milli oýunlaryň ösdürilmegi nusgalyk gözelligi özünde jemlän milli gymmatlygymyzyň abraýyny has-da artdyrar.

Çekeleşikli tutluşyklar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanyp 2011-2012, 2013-2014, 2015 – 2017-nji ýyllarda doglan ýetginjek oglanlaryň arasynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebiniň dzýudo boýunça açyk birinjiligi geçirildi. Şeýlelikde, 2011-2012-nji ýyllarda doglan türgenleriň arasynda Amansähet Döwletsähedow, Perhat Nurgeldiýew, Mergen Nazarow, Daňatar Daňatarow, Ysmail Penaýew, Muhammet Töräýew, Jeýhun Kullaýew, Annaguly Çaryýew, Mälik Berdiýew, Yslammuhammet Annadurdyýew dagy tapawutlandy.

Ýaş türgenler çagalar awtoşäherçesinde

Golaýda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, «Türkmen sporty» gazetiniň, TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň, Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, «Olimp» orta sport mekdebiniň, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Çagalar awtoşäherçesinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýol hereketiniň howpsuzlygyny düşündiriş çäreleri we sport bäsleşikleri geçirildi. Gyzgalaňly ýaryşlary özünde jemlän çärä Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Olimp» orta sport mekdebiniň we Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň okuwçylary gatnaşdylar. Bu sport dabarasy okuwçylaryň ýol hereketiniň howpsuzlygy baradaky bilimlerini artdyrmagyna, ýaşlary sport bilen meşgullanmaga giňden çekmäge, berk bedenli, sagdyn ruhly, ruhubelent nesli terbiýeläp ýetişdirmäge bagyşlandy.

Woleýbol boýunça birinjilik

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşi bilen etrabyň sport mekdebiniň bilelikde guramagynda woleýbol boýunça birinjiligi almak ugrunda ýaryş geçirildi. Oňa sport mekdebiniň ýaş türgenlerinden düzülen toparlar gatnaşdy. Gyzykly geçen ýaryşda birinji orny sport mekdebiň tälimçisi Söýenç Gulgeldiýewiň türgenlerinden düzülen “Arkaç” topary, ikinji orny tälimçi Meretmuhammet Ýagşymyradowyň tälim berýän “Ýançeşme” topary, üçünji orny tälimçi Rejepdurdy Şyhymowyň şägirtlerinden düzülen  “Berkaralyk” topary eýelemegi başardy.

Magtymguly ile ýaýdyň nesihat

Ahal welaýat kitaphanasynda “Magtymguly ile ýaýdyň nesihat” ady bilen okyjy ýaşlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan duşuşygy welaýat kitaphanasynyň neşirleri saklamak bölümi gurady. Duşuşykda üstümizdäki ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň baý many-mazmunly çärelere beslenip bellenilýändigi, welaýat kitaphanasy tarapyndan hem ajaýyp senä bagyşlanan “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleriň, bäsleşikleriň, edebiýat agşamlarynyň, maslahatlardyr duşuşyklaryň geçirilýändigi barada ýaşlara täsirli gürrüň berildi. Onuň barşynda türkmen we dünýä edebiýatynyň baý hazynasyna uly goşant goşan akyldar şahyrymyzyň ajaýyp şygyrlarynyň, öňe süren taglymatlarynyň, öwüt-ündewleriniň terbiýeçilik ähmiýeti barada aýdylanlar ýakymly duýgulary döretdi.

Bosagada abraýly sport ýaryşy

Sagdynlygyň, ruhubelentligiň we bagtyýarlygyň mekanyna öwrülen berkarar Watanymyzyň sport abraýy barha arşa göterilýär. Bu hakykat ýene-de sanlyja günden ak mermerli pagtagtymyzda badalga aljak hokkeý boýunça halkara ýaryşynyň mysalynda has-da dabaralanar. Gahryman Arkadagymyz: “Sport birleşdiriji, ruhlandyryjy güýç hökmünde döwletleriň we halklaryň arasynda parahatçylygy, dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm şertidir” diýip belleýär. Munuň şeýledigini öňdäki iri, abraýly ýaryşy nobatdaky gezek subut eder.

Ýaş tennisçiler bäsleşdi

Bäherden etrabynyň sport mekdebinde “Sagdyn durmuş ýörelgeleri, watansöýüjilik, ahlaklylyk we ynsanperwerlik dana Pyragynyň edebi-pelsepeleýin döredijilik esaslaryny düzüji gymmatlyklardyr” ady bilen sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça 2011-2012-nji ýyllarda doglan oglan-gyzlaryň arasynda ýaryş geçirildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna bagyşlanan ýaryşy etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi bilelikde gurady. Çekeleşikli ýagdaýda geçen ýaryşda etrapdaky 17-nji orta mekdebiň okuwçylary Wepa Nazarow, Ahmetýar Gurbangulyýew, Mähriban Gündogdyýewa dagydan ybarat topar birinji orny eýeledi. Ikinji orna 27-nji orta mekdebiň, üçünji orna bolsa 28-nji orta mekdebiň toparlary mynasyp boldy. Ýaryşda ýeňiş gazanan toparlara hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Keýn ýa-da Ko­man: haý­sy hem bol­sa bi­ri­niň sta­tis­ti­ka­sy ta­mam­lan­ýar

Har­ri Keýn hem-de Kings­li Ko­man – iki­si-de Ger­ma­ni­ýa­nyň iň öň­de­ba­ry­jy to­pa­ry «Ba­wa­ri­ýa­nyň» hü­jüm­çi­le­ri. Ang­li­ýa­ly Keýn ge­çen to­mus­da klu­buň dü­zü­mi­ne go­şu­lan bol­sa, fran­si­ýa­ly Ko­man 2015-nji ýy­lyň tom­sun­dan bä­ri çy­kyş edip gel­ýär. Ýag­ny 27 ýa­şyn­da­ky hü­jüm­çi 9 möw­süm­den bä­ri «Ba­wa­ri­ýa­nyň» ýe­ňiş­le­ri­ne uly go­şant goş­ýar. Iki fut­bol­çy­nyň ara­syn­da uly ta­pa­wut bo­lup, ola­ryň bi­ri­niň he­ni­ze çen­li çem­pi­on­ly­gy bol­man, beý­le­ki­si her möw­süm çem­pi­on­lyk ga­za­nyp gel­ýär. Ine, şu möw­süm şol iki fut­bol­çy­nyň haý­sy hem bol­sa bi­ri­niň şol sta­tis­ti­ka­sy soň­lan­ýar. Hä­zir­ki wagt­da Keý­niň çem­pi­on­lyk­syz ýö­ri­şi do­wam et­je­ge meň­zäp, Ko­man il­kin­ji ge­zek möw­sü­mi çem­pi­on bol­maz­dan ta­mam­lar. Har­ri Keýn – de­pe­ni gol bol­ýan 30 ýa­şyn­da­ky ang­li­ýa­ly hü­jüm­çi kar­ýe­ra­sy­nyň ag­ram­ly bö­le­gi­ni has ta­ky­gy, 14 ýy­ly­ny Lon­do­nyň «Tot­ten­ham» to­pa­ry­nda ge­çir­di. Ir­ki ýyl­lar­da dür­li klub­la­ra kä­ren­de­si­ne ug­ra­dy­lsa-da, ol 2013-nji ýyl­dan 2023-nji ýy­la çen­li «Tot­ten­ha­myň» iň esa­sy ýyl­dy­zy boldy. Şol ýyl­lar­da 300-e go­laý gol ge­çir­se-de, ýyl­dyz oýun­ça çem­pi­on­lyk ga­zan­mak mi­ýes­ser et­me­di. Di­ňe bir çem­pi­on­lyk däl, eý­sem, ol hiç hi­li ku­bo­gy hem as­ma­na gö­te­rip gör­me­di. Ahy­ryn­da-da ol klu­bu­ny üýt­ge­de­ni­ni kem gör­män, ge

Çärýek finalyň 1-nji duşuşyklary: 4 oýunda 18 gol

UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da çär­ýek fi­na­lyň 1-nji du­şu­şyk­la­ry ge­çi­ril­di. Yk­ly­myň bel­li şä­her­le­rin­de – Mad­rid­dir Lon­don­da hem-de Pa­riž­de oý­na­lan 4 du­şu­şyk­da 18 gol ha­sa­ba alyn­dy. 2 oýun deň­lik­de ta­mam­la­nyp, 1 oýun­da myh­man­lar, 1 du­şu­şyk­da-da ýer eýe­le­ri ýe­ňiş ga­zan­dy. Hep­dä­niň si­şen­be gü­nün­de ge­çi­ri­len oýun­la­ryň 2-si hem deň­lik­de gu­ta­ryp, Mad­rid­de «Re­al» soň­ky çem­pi­on «Man­çes­ter Si­ti» bi­len du­şuş­dy. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun­da jan­kö­ýer­ler 6 go­luň şa­ýa­dy bol­sa­la­ram, du­şu­şyk­da ýe­ňiş ga­za­nan bol­ma­dy. Eý­ýäm 2-nji mi­nut­da Ber­nar­do Sil­wa der­we­ze­çi Lu­ni­niň hem ýal­ňyş­ly­gyn­dan peý­da­la­nyp, je­ri­me ur­gu­syn­dan ha­sa­by aç­dy. Ýö­ne «Rea­lyň» bu go­la jo­ga­by gi­jik­me­di. 10 mi­nut­dan soň Ka­ma­win­ga­nyň ur­gu­syn­da top Ru­ben Dia­şyň aýa­gy­na de­gip, der­we­zä gir­di we ha­sap deň­len­di. 14-nji mi­nut­da gar­şy­lyk­la­ýyn hü­jüm­de Rod­ri­go­nyň go­ly bi­len «Re­al Mad­rid» 2–1 ha­sa­byn­da öňe saý­lan­dy. Du­şu­şy­gyň 1-nji ýa­ry­my şol ha­sap bi­len «Re­al Mad­ri­diň» peý­da­sy­na ta­mam­lan­dy. 2-nji ýa­rym­da 2–1 ha­sap bi­len ýe­ňiş ga­za­nan ta­rap «Man­çes­ter Si­ti» bol­dy. Oý­nuň 66-njy mi­nu­tyn­da Fil Fo­de­niň, 71-nji mi­nu­tyn­da-da Ýoş­ko Gwar­dio­lyň gol­la­ry bi­len iň­lis klu­by 3–2 öňe saý­lan­dy. Ýö­ne ruh­dan düş­me­dik mad­rid­li­ler 79-njy mi­nu

40 ýyl­dan soň 24-nji ku­bok

Is­pa­ni­ýa­nyň Şa Ku­bo­gy ýa­ry­şy­nyň fi­na­lyn­da «At­le­tik Bil­bao» bi­len «Mal­ýor­ka» to­par­la­ry du­şuş­dy. Se­wil­ýa şä­he­rin­dä­ki «La Kar­tu­ha» sta­dio­nyn­da ge­çi­ri­len fi­nal­da il­kin­ji bo­lup, ha­sa­by «Mal­ýor­ka» to­pa­ry aç­dy. Oý­nuň 21-nji mi­nu­tyn­da Da­ni­el Rod­ri­ge­siň go­ly bi­len «Mal­ýor­ka» 1–0 öňe saý­lan­dy. Şon­dan soň hü­jüm­le­ri­niň sa­ny­ny ha­sam art­dy­ran «At­le­tik» to­pa­ry­na 1-nji ýa­rym­da ha­sa­by deň­le­mek ba­şar­tmady. Ni­ko Wil­li­am­syň ge­çi­ren go­ly of­saýt se­bäp­li ha­sa­ba alyn­ma­dy. 2-nji ýa­ry­ma gol bi­len baş­lan «At­le­tik Bil­bao» to­pa­ry 50-nji mi­nut­da Oi­han San­se­tiň go­ly esa­syn­da ha­sa­by deň­le­di. Oýun­dan soň­ky pe­nal­ti ur­gu­la­ryn­da-da 4–2 ha­sa­byn­da üs­tün çy­kan «At­le­tik Bil­bao» to­pa­ry 40 ýyl­dan soň 24-nji Şa Ku­bo­gy­ny ga­zan­dy. Bil­bao şä­he­ri­niň we­ki­li soň­ky ge­zek 1983/84 möw­sü­min­de ku­bo­gy eýe­läp, şon­dan soň çy­kan 6 fi­na­lyn­da-da ýeň­li­şe se­ze­war bo­lup­dy. «At­le­tik» to­pa­ry Is­pa­ni­ýa­nyň Şa Ku­bo­gy­ny ga­zan­mak­da 31 ku­bok­ly «Bar­se­lo­na­dan» soň 2-nji ýe­ri eýe­le­ýär. Bu ugur­da «Re­al Mad­rid» 20 ku­bok bi­len 3-nji orun­da bar­ýar.

«Aýak­syň» ta­ry­hy ýeň­li­şi

Ni­der­land­la­ryň çem­pio­na­ty «Ere­divisie»-de kem-kem­den no­bat­da­ky çem­pi­on­ly­gy­na golaýlaýan PSW to­pa­ry öz meý­dan­ça­syn­da 29-njy tap­gy­ryň çä­gin­de 4-nji ýer­dä­ki «AZ Alk­ma­ar» to­pa­ryn­dan 4–1 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Eýd­ho­wen­li­le­riň do­ly ar­tyk­maç­ly­gyn­da ge­çen oýun­da ýer eýe­le­ri­niň gol­la­ry­ny Ba­ka­ýo­ko (9), De Ýong (23, 53), Wer­man (80) hem-de Une­ken (90+1) ge­çir­di. Şu möw­süm­de hä­zir­lik­çe 1 ge­zek utu­lan PSW to­pa­ry 78 utuk bi­len 2-nji ýer­dä­ki «Fe­ýe­noord­dan» 9 utuk öň­de bar­ýar. «Fe­ýe­noord» to­pa­ry soň­ky tap­gyr­da «Aýaks» bi­len du­şu­şyp, gar­şy­da­şy­ny ta­ry­hy ha­sap bi­len ýeň­li­şe se­ze­war et­di. 6–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan rot­ter­dam­ly­la­ryň adyn­dan Paý­şao (34, 66), Min­teh (35, 56), Gans­ko (45+2) hem-de Tim­ber (62) ta­pa­wut­lan­dy. «Aýaks» to­pa­ry ta­ry­hyn­da çem­pio­nat­da il­kin­ji ge­zek 6 gol­ly ara­ta­pa­wut bi­len ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy. 1-nji oýun­da-da 4–0 ha­sa­byn­da as­gyn ge­len «Aýaks» to­pa­ry kö­ne bäs­de­şin­den şu möw­süm­de jo­gap­syz 10 gol ge­çirt­di. «Aýaks» çem­pio­nat­da 45 utuk bi­len 2-nji ýer­de bar­ýar.

Çempionlyga 3 utuk galdy

Ger­ma­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da «Ba­ýe­riň» ta­ry­hy çem­pi­on­ly­gy­na bir ýe­ňiş gal­dy. Ýeň­liş­siz ýö­ri­şi­ni Ber­lin­de hem do­wam et­di­ren Ha­bi Alon­so­nyň şä­girt­le­ri «Union» to­pa­ry­ny Wirt­siň 45+8-nji mi­nut­da penaltiden ge­çi­ren go­ly esa­syn­da 1–0 ýe­ňip, ýeň­liş­siz­lik ýo­lu­ny 41 du­şu­şy­ga çy­kar­dy. Olar in­di­ki tap­gyr­da öz meý­dan­ça­syn­da «Wer­de­ri» ýe­ňen ýag­da­ýyn­da çem­pi­on­ly­gy­ny yg­lan eder­ler. Soň­ky 11 ýy­lyň çem­pio­ny «Ba­wa­ri­ýa» myh­man­çy­lyk­da «Haý­den­haým» bi­len du­şu­şyp, Keýn hem-de Gnab­ri­niň gol­la­ry bi­len öňe geç­se-de, 2-nji ýa­ry­myň baş­la­ryn­da 2 mi­nut­da 2 gol ge­çir­dip, ha­sa­byň deň­len­me­gi­niň öňü­ni alyp bil­me­di. Oý­nuň 79-njy mi­nu­tyn­da-da 2-nji go­luň aw­to­ry Klýaýn­dinst to­pa­ry­nyň 3-nji go­lu­ny ge­çi­rip, «Haý­den­haý­ma» ta­ry­hy ýe­ňiş ga­zan­dyr­dy. «Ba­wa­ri­ýa» şu möw­süm­de 6-njy ge­zek ýeň­li­şe se­ze­war bo­lup, mün­hen­liler mun­dan öň 2011/12 möw­sü­min­de 6 sa­par utu­lyp­dy­lar. 3-nji ýer üçin gö­reş­ýän «Bo­rus­si­ýa Dort­mund» bi­len «Ştut­gar­tyň» ara­syn­da­ky oýun­da myh­man­lar Gi­ras­si­niň ýe­ke-täk go­ly bi­len ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Open­da­nyň 2 gol ge­çi­ren oý­nun­da «Fraý­bur­gy» 4–1 ha­sa­byn­da ýe­ňen «Le­ip­sig» 4-nji or­na beý­gel­di.

«Inter» 20-nji çempionlygyna barha golaýlaýar

Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da sa­na­wyň li­de­ri «In­ter» myh­man­çy­lyk­da «Udi­ne­ze» bi­len du­şu­şyp, gar­şy­da­şy­nyň öňe saý­la­nan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, soň­ky mi­nut­lar­da ýeň­şi­ni baý­ram et­di (2–1). Ýer eýe­le­rin­den Sa­mar­ži­çiň 40-njy mi­nut­da­ky go­lu­na 55-nji mi­nut­da (p) Çal­ha­nog­lu hem-de 90+5-nji mi­nut­da Frat­te­zi jo­gap ber­di. «In­ter­den» 14 utuk yz­da bar­ýan «Mi­lan» öz meý­dan­ça­syn­da «Leç­çe­ni» Pu­li­şiç, Ži­ru hem-de Leao­nyň gol­la­ry bi­len 3–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. «Ýu­wen­tus» öz meý­dan­ça­syn­da Gat­ti­niň ýe­ke-täk go­ly esa­syn­da «Fio­ren­ti­na­dan» üs­tün çyk­ma­gy ba­şar­dy. Paý­tagt der­bi­sin­de «Ro­ma» to­pa­ry «La­sio­ny» Man­çi­ni­niň 42-nji mi­nut­da­ky go­ly bi­len 1–0 ha­sa­byn­da ut­dy. Soň­ky çem­pi­on «Na­po­li» hem myh­man­çy­lyk­da «Mon­za­ny» 4–2 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Fran­si­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da PSŽ to­pa­ry­na öz meý­dan­ça­syn­da iň aşa­ky orun­da bar­ýan «Kler­mo­ny» ýeň­mek ba­şart­ma­dy. Kei­ta­nyň 32-nji mi­nut­da ge­çi­ren go­lu­na 85-nji mi­nut­da Ra­mu­şyň go­ly bi­len jo­gap be­ren pa­riž­li­ler ýeň­liş­den ha­las bol­dy. 7 go­luň ge­çi­ri­len oý­nun­da «Mets» to­pa­ry­ny 4–3 ha­sa­byn­da ýe­ňen «Brest» 2-nji bas­gan­çak­da­ky or­nu­ny go­ra­ma­gy­ny do­wam ed­ýär. «Lill» öz meý­dan­ça­syn­da «Mar­se­li»,

«Ar­se­nal» bi­rin­ji or­na beý­gel­di

Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da 32-nji tap­gy­ryň mer­ke­zi du­şu­şy­gyn­da «Man­çes­ter Ýu­naý­ted» bi­len «Li­wer­pul» 2–2 ha­sa­byn­da deň­me-deň oý­nap, utuk­la­ry paý­laş­dy­lar. Lu­iz Dia­zyň 23-nji mi­nut­da­ky go­lu­na ýer eýe­le­ri Bru­no Fer­nan­de­şiň 50-nji mi­nut­da meý­dan­ça­nyň or­ta gür­pün­den ge­çi­ren go­ly bi­len jo­gap be­rip, ha­sa­by deň­le­di. 67-nji mi­nut­da ýaş oýun­çy Maý­nu owa­dan gol bi­len man­ku­ni­an­la­ry öňe saý­la­dy. 84-nji mi­nut­da-da Sa­lah pe­nal­ti­ni dürs urup, to­pa­ry­ny ýeň­liş­den ha­las et­di. Sa­lah «Old Traf­ford­da» yz­ly-yzy­na 4 gol ge­çi­ren il­kin­ji oýun­çy, şol san­da «Ýu­naý­te­diň» der­we­ze­sin­den 11-nji go­lu­ny ge­çi­rip, bu ugur­da-da iň ne­ti­je­li fut­bol­çy bol­dy. «Braý­to­ny» Sa­ka, Ha­werts, Tros­sa­ryň gol­la­ry bi­len 3–0 ýe­ňen «Ar­se­nal» 1-nji or­na beý­gel­di. Soň­ky çem­pi­on «Man­çes­ter Si­ti» Ke­win De Bruý­ne­niň 2 gol ge­çi­ren oý­nun­da «Kris­tal Pa­las­dan» 4–2 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. De Bruý­ne­niň klub­da­ky gol­la­ry­nyň sa­ny 100-e ýet­di. «Not­tin­gam Fo­res­ti» 3–1 ha­sa­byn­da ýe­ňen «Tot­ten­ham» 4-nji or­na çyk­dy. Mun­dan öň­ki tap­gyr­da Ko­ul Pal­me­riň het-trik eden oý­nun­da «Man­çes­ter Ýu­naý­te­di» 90+10-njy we 90+11-nji mi­nut­lar­da ge­çi­ren gol­la­ry esa­syn­da 4–3 ýe­ňen «Çel­si» myh­man­çy­lyk­da «Şef­fild Ýu­naý­ted» bi­len du­şuş­dy. Tia­go Sil­wa hem-de Ma­due­ke­