"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Suw ýodalarynda

2 – 4-nji oktýabrda paýtagtymyzyň «Olimpiýa» suw-sport toplumynda ýokary okuw mekdepleriniň, başlangyç we orta hünär okuw mekdepleriň talyplarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly Uniwersiadanyň hem-de Spartakiadanyň çäklerinde suwda ýüzmek boýunça ýaryş geçirildi. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň, Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen ýaryş çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Şeýlelikde, ýokary mekdepleriň talyplarynyň arasynda geçirilen ýaryşda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň topary 1-nji orny eýeledi. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň topary 2-nji, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň topary 3-nji orunlara mynasyp boldular. Başlangyç we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda bolsa 1-nji orny Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebiniň topary eýeledi. Aşgabat şäherindäki Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň topary 2-nji, «Türkmenhowaýollary» agentliginiň howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň topary 3-nji orunlary eýelemegi başardylar. Orta mekdepleriň arasynda 1-nji orny 15-nji orta mekdebiň topary eýeledi. 16-njy orta mekdebiň topary 2-nji, 27-nji orta

Taryhda şu gün

***

«Çel­si» hem-de «Fio­ren­ti­na» ýe­ňiş bi­len baş­la­dy

UEFA-nyň 3-nji de­re­je­li ýa­ry­şy Kon­fe­ren­si­ýa Li­ga­syn­da 1-nji du­şu­şyk­lar ge­çi­ri­lip, bäs­le­şi­giň esa­sy to­par­la­ryn­dan «Çel­si» öz meý­dan­ça­syn­da Bel­gi­ýa­nyň «Gent» to­pa­ryn­dan 4–2 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. 3-nji ge­zek ge­çi­ril­ýän ýa­ry­şyň il­kin­ji iki­si­niň fi­nal­çy­sy «Fio­ren­ti­na» öz meý­dan­ça­syn­da Uel­siň «Nýu Seýnts» to­pa­ry­ny Ad­li hem-de Ke­niň gol­la­ry bi­len 2–0 ha­sa­byn­da ut­dy. Tap­gy­ryň iň köp gol­ly du­şu­şy­gyn­da Bel­gi­ýa­nyň «Serkl Brýug­ge» to­pa­ry öz meý­dan­ça­syn­da Şweý­sa­ri­ýa­nyň «Sankt-Gal­len» to­pa­ry­ny 6–2 ha­sa­byn­da ýeň­di. Du­şu­şyk­da ýe­ňiş ga­za­nan to­pa­ryň gol­la­ry­nyň 3-si­ni Den­ki öz ady­na ýaz­dyr­dy. 3 to­par bi­len we­kil­çi­lik ed­ýän Kip­riň klub­la­ry­nyň 2-si ýe­ňiş ga­za­nyp, beý­le­ki­si deň­me-deň oý­na­dy. «Omo­ni­ýa» öz meý­dan­ça­syn­da «Win­kin­gur Reýk­ýa­wik» to­pa­ry­ny 4–0, «Pa­fos» bol­sa myh­man­çy­lyk­da Mol­do­wa­nyň «Petro­kub Hyn­çeş­ty» to­pa­ry­ny 4–1 ha­sa­byn­da ut­dy. APOEL bol­sa myh­man­çy­lyk­da Ir­lan­di­ýan­yň «Şam­rok Ro­wers» to­pa­ry bi­len utuk­la­ry paý­laş­dy. «Ko­pen­ga­ge­niň» Da­ni­ýa­da Pol­şa­nyň «Ýa­gel­lo­ni­ýa Be­los­tok» to­pa­ryn­dan 2-1 utul­ma­gy hem-de «Be­ti­siň» myh­man­çy­lyk­da baş­ga bir pol­ýak to­pa­ry «Le­gia­dan» 1-0 as­gyn gel­me­gi 1-nji tap­gy­ryň ga­ra­şyl­ma­ýan ne­ti­je­le­ri hök­mün­de bel­li­ge alyn­dy. Kon­fe­ren­si­ý

NBA-da ilkinji gezek

Ýa­kyn gün­ler­de baş­lan­jak NBA-nyň tä­ze möw­sü­mi­niň öňü­sy­ra­syn­da klub­la­ryň ýol­daş­lyk du­şu­şyk­la­ry do­wam ed­ýär. Li­ga­nyň iň esa­sy klub­la­ryn­dan «Los An­je­les Leý­kers» bi­len «Fi­niks Sans» to­pa­ry du­şuş­dy. Du­şu­şyk 118:114 ha­sa­byn­da «Fi­niks San­syň» peý­da­sy­na ta­mam­lan­dy. Du­şu­şy­gyň iň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy bol­sa «Los An­je­les Leý­kers» to­pa­ryn­da ata­ly-og­luň, ýag­ny LeB­ron Jeýms bi­len og­ly Bron­ni Jeým­siň bi­le­lik­de çy­kyş et­me­gi bol­dy. Şun­luk­da, NBA-nyň çä­gin­de ýol­daş­lyk du­şu­şy­gy hem bol­sa il­kin­ji ge­zek ata­ly-ogul bir du­şu­şyk­da oý­na­dy. Bu ta­ry­hy du­şu­şyk­dan soň LeB­ron Jeýms: – En­tek do­ly öw­re­ni­şem­zok, ýö­ne diý­seň aja­ýyp duý­gy. Iki­miz, esa­sa­nam, maş­ga­la­myz üçin şeý­le pur­sat­la­ry baş­dan ge­çir­mek diý­seň ýa­kym­ly tä­sir gal­dyr­ýar – di­ýip, be­ýa­nat ber­di. «Los An­je­les Leý­kers» to­pa­ry Bron­ni Jeým­si to­mus­da NBA-nyň draf­tyn­da 55-nji ha­tar­dan dü­zü­mi­ne go­şup­dy.

Messi 46-njy kubogyny gazandy

ABŞ-nyň çem­pio­na­ty MLS-de çy­kyş ed­ýän Lio­nel Mes­si kar­ýe­ra­syn­da­ky 46-njy ku­bo­gy­ny ga­za­nyp, öz re­kor­dy­ny ös­dür­di. Çem­pio­na­tyň 32-nji tap­gy­rynda «In­ter Ma­ýa­mi­» myh­man­çy­lyk­da «Ka­lam­bus Krýuw» to­pa­ryn­dan 3–2 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Ar­gen­ti­na­ly su­per ýyl­dyz du­şu­şyk­da 5 mi­nut­da 2 gezek, 45-nji we 45+5-nji mi­nut­lar­da ta­pa­wut­lan­ma­gy ba­şar­dy. «In­ter Ma­ýa­mi­niň» 3-nji go­lu­ny 48-nji mi­nut­da Lu­is Sua­res ge­çir­di. Ýer eýe­le­rin­de­nem Die­go Ros­si (46) bi­len Ku­ço Her­nan­des (61 p) ta­pa­wut­lan­dy. Bu ýe­ňiş­den soň umu­my sa­naw­da möw­sü­mi 1-nji ha­tar­da ta­mam­la­ma­ga hu­kuk ga­za­nan «In­ter Ma­ýa­mi» to­pa­ry­na «Sup­por­ters’ Shield» ku­bo­gy be­ril­di. Bu ku­bok MLS-de ada­ty möw­sü­mi 1-nji orun­da ta­mam­la­ma­ga hu­kuk ga­za­nan klub­la­ra be­ril­ýär.

Inies­ta pro­fes­sio­nal kar­ýe­ra­sy­ny ta­mam­la­dy

Is­pan fut­bo­ly­nyň ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len ýyl­dyz­la­ryn­dan And­res Inies­ta 40 ýa­şyn­da pro­fes­sio­nal fut­bol ýo­lu­ny ta­mam­la­dy. 1984-nji ýy­lyň 11-nji ma­ýyn­da Al­ba­se­te­niň Fu­en­te­al­bil­ýa oba­syn­da dün­ýä inen And­res Inies­ta il­ki «Al­ba­se­te» to­pa­ry­nyň ýaş­lar dü­zü­min­de oý­na­ýar. 1996-njy ýyl­da «Bar­se­lo­na­nyň» ga­py­syn­dan il­kin­ji ädi­mi­ni äden Inies­ta 2000-nji ýyl­da ka­ta­lon­la­ryň «B» to­pa­ryn­da oý­nap baş­la­ýar. 2002-nji ýyl­dan baş­la­bam esa­sy to­pa­ryň oýun­çy­sy bol­ýar. Ol 16 ýyl­lap «Bar­se­lo­na­nyň» köý­nek­çe­si­ni geý­ýär. Onuň bu klub­da ga­za­nan ku­bok­la­ry­nyň sa­ny 29-a deň bo­lup, onuň 9-sy «La Li­ga­nyň» çem­pi­on­ly­gy­dyr. UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da-da 4 çem­pi­on­lyk ga­za­nan Inies­ta 2018-nji ýy­lyň tom­sun­da Ýa­po­ni­ýa­nyň «Wis­sel Ko­be» to­pa­ry­nyň dü­zü­mi­ne go­şul­ýar. Ol bu toparda 6 ýyl çy­kyş ed­ýär. 2023-nji ýyl­da «Wis­sel Ko­be» ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek Ýa­po­ni­ýa­nyň çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­ýar. 2023-nji ýy­lyň aw­gus­tyn­da Azi­ýa­nyň baş­ga bir ýur­dy – BAE-niň «Emi­reýts» to­pa­ryn­da oý­nap baş­la­ýar we futboly taş­la­ýan­ça bu klu­buň köý­nek­çe­si­ni geý­ýär. Inies­ta klub fut­bo­lyn­da 885 du­şu­şyk ge­çir­ýär. Şo­lar­da 93 gol sa­lyp, 161 go­luň pa­sy­ny ber­ýär. Inies­ta Is­pa­ni­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň iň esa­sy ýyl­dyz­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, ol 2010-njy ý

5 klub 2-nji du­şu­şy­gyn­da-da 3 utuk ga­zan­dy

UEFA Ýew­ro­pa Li­ga­syn­da 2-nji du­şu­şyk­lar ge­çi­ri­lip, 7 to­par myh­man­çy­lyk­da, 5 to­pa­ram öz meý­dan­ça­syn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. 6 du­şu­şyk­da ýe­ňiş ga­za­nan bol­ma­dy. Je­mi 48 gol ge­çi­ril­di. 5 to­par 2-nji du­şu­şyk­la­ryn­da-da ýe­ňiş ga­za­nyp, ýit­gi­siz ýo­lu­ny do­wam ed­ýär. Şo­la­ryň bi­ri iň­lis klub­la­ryn­dan «Tot­ten­ham» myh­man­çy­lyk­da «Fe­rens­wa­ro­şy» Sarr hem-de Jon­so­nyň gol­la­ry bi­len 2–1 ha­sa­byn­da ut­dy. «La­sio» hem öz meý­dan­ça­syn­da «Nis­sa­ny» 4–1 ha­sa­byn­da ýeň­di. Du­şu­şyk­da ital­ýan to­pa­ry­nyň gol­la­ry­ny Ped­ro, Kas­tel­ýa­nos (2), Zak­kan­ýi der­we­zä gi­riz­di.

UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­synyň tä­ze for­maty şow­ly baş­la­dy

Fut­bol­da dün­ýä­niň bi­rin­ji bel­gi­li klub ýa­ry­şy UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­sy ha­sap­lan­ýar. 1955-nji ýyl­da ba­dal­ga alan bu ýa­ryş hä­zir­ki wagt­da 3-nji ge­zek düýp­li üýt­ge­şik­li­gi baş­dan ge­çir­di. Ýag­ny ýa­ry­şyň ge­çi­ri­liş ter­ti­bi 3-nji ge­zek üýt­ge­dil­di. 1992/93 möw­sü­mi­ne çen­li di­ňe çem­pi­on­ klublaryň arasynda utu­lan-çyk­dy oýun­la­ry esa­syn­da ge­çi­ri­len ýa­ryş UEFA-nyň şol wagt­ky pre­zi­den­ti, şwe­si­ýa­ly Len­nart Ýo­hans­so­nyň iň uly ar­zu­wy Çem­pi­on­lar Li­ga­sy­na öw­rül­ýär. Gys­ga wagt­da hem­mä­niň ün­sü­ni özü­ne çe­ken ýa­ry­şa gat­naş­ýan klub­la­ryň sa­ny kem-kem­den art­dy­ryl­ýar. Ýa­ry­şyň ady Çem­pi­on­lar Li­ga­sy­na öw­rü­lip, ge­çi­ri­liş usu­ly-da üýt­ge­di­len bäs­le­şi­giň ozal­ky­lar­dan iň uly ta­pa­wu­dy şol bir klub­la­ryň gaý­ta­lan­ýan çem­pi­on­lyk­la­ry bol­ýar. Ku­bo­gy şol, bel­li-baş­ly klub­lar ga­zan­ýar. Tä­ze at, tä­ze gör­nüş­de ge­çi­ri­len ýa­ry­şyň il­kin­ji çem­pio­ny Fran­si­ýa­nyň «Mar­se­li» bol­ýar. Ýö­ne şon­dan soň fran­suz klub­la­ry­na ku­bo­gy ga­zan­mak mi­ýes­ser et­me­ýär. Ku­bo­gyň ýe­ňi­ji­si is­pan, iň­lis, ital­ýan hem-de ne­mes klub­la­ry bolup, şo­lar­da­nam şol bir to­par­la­r di­ýen ýa­ly ýeňiş gazanýar. Ady ag­za­lan ýurt­la­ryň bu ul­ga­my­na di­ňe 2004-nji ýyl­da Žo­ze Mou­ri­nio­nyň tä­lim­çi­li­gin­dä­ki Por­tu­ga­li­ýa­nyň «Por­to» to­pa­ry päs­gel ber­ýär. Ital­ýan

Het-trik edenler, penalti saklanlar, şikes alanlar

Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da sa­na­wyň li­de­ri «Na­po­li» öz meý­dan­ça­syn­da «Ko­mo­ny» Mak­to­mi­ne­ýiň, Lu­ka­ku­nyň hem-de Ne­re­siň gol­la­ry bi­len 3–1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Öz meý­dan­ça­syn­da «Ka­lia­ri» bi­len du­şu­şan «Ýu­wen­tus» çem­pio­nat­da şu möw­süm­dä­ki il­kin­ji go­lu­ny ge­çirt­di. Wla­ho­wi­çiň 15-nji mi­nut­da pe­nal­ti­den ge­çi­ren go­ly esa­syn­da öňe çy­kan «Ýu­wen­tus» Ma­ri­niň 88-nji mi­nut­da pe­nal­ti­den sa­lan go­ly bi­len ýeň­şi el­den gi­der­di. «In­ter» öz meý­dan­ça­syn­da «To­ri­no­ny» Mar­kus Tu­ra­myň het-tri­gi bi­len 3–2 ha­sa­byn­da ýeň­di. «To­ri­no­nyň» dü­zü­min­de to­pa­ryň 1-nji go­lu­ny ge­çi­ren ko­lum­bi­ýa­ly hü­jüm­çi Du­wan Za­pa­ta dy­zyn­dan şi­kes al­dy we ol möw­sü­miň ag­ram­ly bö­le­gin­de meý­dan­ça çy­kyp bil­mez. «Ata­lan­ta» öz meý­dan­ça­syn­da «Je­noa» bi­len du­şu­şyp, 5–1 ha­sa­byn­da ut­dy. Du­şu­şyk­da ber­ga­mo­ly­la­ryň gol­la­ry­nyň 3-si­ni Ma­teo Re­te­gi ge­çi­rip, ol ge­çen möw­süm çy­kyş eden to­pa­ry­ny gy­nan­dyr­dy. «Mi­lan» myh­man­çy­lyk­da «Fio­ren­ti­na» bi­len du­şu­şyp, 2–1 ha­sa­byn­da utul­dy. «Fio­ren­ti­na» to­pa­ry­na ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ry «Mi­lan­dan» kä­ren­de­si­ne alan oýun­çy­sy Ýa­sin Ad­li hem-de Gud­munds­son, myh­man­la­ryň ýe­ke-täk go­lu­ny-da Pu­li­şiç ge­çir­di. Du­şu­şyk­da «Mi­lan­dan» Teo Her­nan­des bi­len Ab­ra­ha­myň uran pe­nal­ti ur­gu­l

Niderlandlaryň meşhur futbolçysy ara­dan çyk­dy

Dün­ýä fut­bo­ly­nyň meş­hur ýyl­dyz­la­ryn­dan, 1970-nji ýyl­la­ryň «Aýak­syn­da» hem-de Ni­der­land­la­ryň ýy­gyn­dy­syn­da ýat­dan çyk­ma­jak yz gal­dy­ran Ýo­han Ne­es­kens 73 ýa­şyn­da ara­dan çyk­dy. 1951-nji ýy­lyň 15-nji sent­ýab­ryn­da Ni­der­land­la­ryň Hems­te­de şä­he­rin­de dün­ýä inen Ne­es­kens 1968-nji ýyl­da şol şä­he­riň RKH to­pa­ryn­da fut­bo­la baş­la­ýar. 1970–1974-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da «Aýaks­da» oý­na­ýar. Ams­ter­dam­ly­la­ryň dü­zü­min­de 3 ge­zek Çem­pi­on­lar Li­ga­sy­nyň çem­pio­ny bol­ýar. 1974-nji ýyl­da «Bar­se­lo­na» trans­fer bo­lup, ol bu ýer­de 5 möw­süm oý­na­ýar. Ýa­kyn dos­ty Ýo­han Kroýff­dan 1 ýyldan soň ka­ta­lon­la­ryň dü­zü­mi­ne go­şu­lan Ne­es­kens bu to­par­da Ýew­ro­pa­da Ku­bok­çy­la­ryň Ku­bo­gy­ny ga­zan­ýar. 6 möw­süm ABŞ-nyň «Nýu Ýork Kos­mos» to­pa­ryn­da oý­na­nyn­dan soň, ýur­du­nyň «Gro­nin­gen» hem-de Şweý­sa­ri­ýa­nyň «Ba­ar» we «Zug» to­par­la­ryn­da çy­kyş edip, 1991-nji ýyl­da 23 ýyl­lyk kar­ýe­ra­sy­ny ta­mam­la­ýar. Ol klub­lar­da 450 oýun­da 92 gol ge­çir­ýär. Ikin­ji Ýo­han la­kam­ly (bi­rin­ji­si Ýo­han Kroýff) ýa­rym­go­rag­çy Ni­der­land­la­ryň ýy­gyn­dy­syn­da 2 ge­zek – 1974-nji we 1978-nji ýyl­lar­da Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň fi­na­ly­na çyk­ýar. 1976-njy ýyl­da Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­da 3-nji or­ny eýe­län ýy­gyn­dy­nyň esa­sy oýun­çy­la­ry­nyň bi­ri bol­ýar. Äh­li dö­wür­le­riň iň ök­de ýa­rym­go­rag­çy­

Pekinde Gauff ýeňiji boldy

Ten­nis bo­ýun­ça ze­nan­la­ryň ara­syn­da Pe­kin­de ge­çi­ri­len «Hy­taý Açyk» «Mas­ters» ýa­ry­şyn­da ame­ri­ka­ly Ko­ko Gauff ýe­ňiş ga­zan­dy. 20 ýa­şyn­da­ky Gauff fi­nal­da çe­hi­ýa­ly Ka­ro­li­na Mu­ho­wa­ny 6:1 we 6:3 ha­sap­lar bi­len ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Bu onuň şu möw­süm­dä­ki 2-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 8-nji WTA çem­pi­on­ly­gy­dyr. «Hy­taý Açyk» ten­nis ýa­ry­şy ze­nan­la­ryň ara­syn­da 25-nji ge­zek ge­çi­ri­lip, ol «ATP 1000», ýag­ny «Mas­ters» bäs­le­şi­gi­dir. Ozal­ky hep­de­de ta­mam­la­nan er­kek­le­riň ara­syn­da­ky ýa­ry­şyň fi­na­lyn­da bol­sa is­pa­ni­ýa­ly Kar­los Al­ka­ras ita­li­ýa­ly Ýan­nik Sin­ne­ri 6:7, 6:4, 7:6 ha­sap­lar bi­len utup­dy. «Hy­taý Açyk» er­kek­le­riň ara­syn­da «ATP 500» de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýär.

Hepdäniň esasy duşuşyklary

11-nji oktýabr (anna) Wengriýa – Niderlandlar (23:45)

Baýramçylyk mynasybetli ýaryşlar

Daşoguz şäherindäki on müň orunlyk sport toplumynda saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaýbaňlandyrylan ýaryşlarda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň sagdyn jemgyýetimiziň berk binýadyna öwrülýändigi äşgär göründi.

Tennis boýunça ýaryşyň Kaka etrap tapgyry

Kaka etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň sport zalynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň çäginde stol üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryşyň etrap tapgyry geçirildi. «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, etrap bilim bölüminiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen ýaryşa etrapdaky orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdy. Ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmak, sport ussatlygyny ýokarlandyrmak hem-de güýçlüleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen ýaryşda okuwçy ýaşlar ukyp-başarnygyny görkezdiler. Çekeleşikli geçen ýaryşda oglanlaryň arasynda etrapdaky 19-njy orta mekdebiň topary birinji, 20-nji orta mekdebiň topary ikinji, 17-nji orta mekdebiň topary üçünji orna mynasyp boldy. Okuwçy gyzlaryň arasynda 20-nji, 17-nji we 14-nji orta mekdepleriň toparlary baýrakly orunlary eýelediler.

Spartakiadanyň etrap tapgyrlary badalga aldy

«Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň çägindäki ýaryşlaryň etrap tapgyrlaryna badalga berildi. Sportuň stol üstündäki tennis görnüşi boýunça ýaryşyň Sarahs etrap tapgyry çekeleşikli geçdi. Etrapdaky 1-nji orta mekdebiň sport zalynda geçirilen ýaryşa orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdy. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, etrap bilim bölümi guramalarynyň bilelikde guramagynda geçen ýaryşyň netijesinde okuwçy oglanlaryň arasynda 1-nji, 19-njy, 11-nji orta mekdepleriň toparlary degişlilikde baýrakly birinji, ikinji, üçünji orunlary eýelediler. Gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşda 10-njy orta mekdebiň okuwçylary toparlaýyn ýaryşyň ýeňijisi boldy. Etrapdaky 21-nji orta mekdebiň gyzlary ikinji, 18-nji orta mekdebiň okuwçy gyzlary bolsa üçünji orunlary eýelediler.

Çekeleşikli geçen ýaryş

«Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Ahal welaýat bölüminiň, welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň, beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikdäki meýilnamalary esasynda dürli sport ýaryşlary geçirilýär. «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň çäginde sportuň stol üstündäki tennis görnüşi boýunça ýaryşyň Babadaýhan etrap tapgyry hem çekeleşikli geçen ýaryşlaryň biri boldy. Etrapdaky 2-nji orta mekdebiň sport zalynda geçen ýaryşa umumybilim berýän mekdeplerden toparlar gatnaşyp, özaralarynda güýç synanyşdy. Turuwbaşdan gyzykly geçen ýaryşyň netijesinde güýçli toparlar öňe saýlandy. Netijede okuwçy oglanlaryň arasynda ýer eýeleri bolan 1-nji orta mekdebiň okuwçylary üstün çykdylar. Ikinji orna 3-nji orta mekdebiň, üçünji orna bolsa 6-njy orta mekdebiň okuwçy oglanlary mynasyp boldular. Gyzlaryň arasynda bolsa 2-nji orta mekdebiň topary ýeňiş gazandy. 3-nji orta mekdebiň gyzlar topary ikinji, 8-nji orta mekdebiň gyzlary üçünji ýeri eýelediler.

Ýaş türgeniň üstünlikleri

Häzirki wagtda döwrümiziň gül-gunçalaryna deňelýän ýaş nesillerimiz sporta juda höwesli. Şeýle höwesli ýaş nesilleriň biri-de Balkanabat şäherindäki 20-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Medine Gaýlyýewadyr. Ol şäherdäki 1-nji sport mekdebinde hereket edýän karatedo boýunça gurnaga gatnap başlanynda ýaňy alty ýaşyny doldurypdy. Halypasy gara guşagyň 3-nji danynyň eýesi Nazmämmet Satlykgulyýewiň türgenleşiklerdäki her bir tabşyrygyny yhlas bilen ýerine ýetirmekdäki yhlasy netijesinde ýaşajyk türgeniň ukyp-başarnygy-da gün-günden artmak bilen bolýar. Sport mekdebine bile gatnaýan deň-duşlaryndan hemişe saýlanýan Medine 2022-nji ýylyň iýun aýynda geçirilen Balkan welaýatynyň çempionatynda kümüş medal eýelemegi onuň üstünliklerine ýol açýar. Geçen ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşda 1-nji orny eýelän Medinäniň kämillik basgançaklaryndan ynam bilen geçýändiginiň, onuň tutanýerli, yhlasly hem erjeldiginiň aýdyň subutnamasy bolýar. 2023-nji ýylyň iýun aýynda geçirilen Aşgabat şäheriniň açyk çempionatynda 2-nji orna mynasyp bolan balkanabatly türgen sentýabr aýynda guralan Balkan welaýatynyň çempionatynda ähli garşydaşlaryndan üstün çykyp, altyn medal gazanýar. Geçen ýylyň noýabr aýynda hem Türkmenistanyň çempiony bolmagy bolsa Medine Gaýlyýewanyň yzygiderli türgenleşikleriniň ýerine düşýändigini görkezýär.

Doganlar kämillik ýolunda

Ýurdumyzyň sport abraýynyň belende galmagyna, onuň şöhrat-şanynyň dünýä ýüzüne ýaýylmagyna özleriniň mynasyp goşandyny goşýan ýaş türgenlerimiziň sany barha artýar. Şeýle türgenleriň hatarynda Kerki etrabyndaky ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň okuwçylary, doganlar Mergen we Amangylyç Hudaýnazarowlaryň atlary-da bar. Doganlaryň ikisi-de mekdebe gatnap başlan günlerinden bäri, Kerki etrabyndaky 1-nji sport mekdebinde sportuň adaty karate, taýboks we uşu görnüşleri boýunça ussat tälimçi Anwarjan Kurbanowyň elinde tälim alýarlar. Öňem ýurdumyzda birnäçe türgenleriň kämilleşmeklerine uly itergi beren tälimçi doganlaryň erjelligine ýokary baha berip, olaryň geljegine uly ynam bildirýär.   Geçen ýyl taýboks boýunça Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşda 2005 — 2007-nji ýyllarda doglan türgenleriň arasynda kümüş medaly eýelän Mergen ýene-de has beýik ýeňişlere ruhlandy. Ol şondan soň bu üstünligini welaýatlaryň açyk çempionatlarynda hem birnäçe gezek gaýtalady. Geçen ýyl bolsa ol karatedo boýunça geçirilen Lebap welaýatynyň çempionatynda we taýboks boýunça Lebap welaýatynyň Kubogyny almak ugrunda geçirilen ýaryşlarda öz deň-duşlarynyň arasynda iň ýokary netijeleri görkezmegi başardy.

Sport ulgamynyň hukuk binýady

Gahryman Arkadagymyzyň jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, beden we ruhy taýdan kämil ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, sporty ösdürmek boýunça başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde has-da rowaçlanýar. Bu gün eziz Diýarymyzda sport ulgamyny has-da kämilleşdirmek hem-de ösdürmek boýunça düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlarda yzygiderli ýeňiş gazanyp, Watanymyzyň abraýyny has-da belende galdyrmagy hem uzak ýyllaryň dowamynda alnyp barlan binýatlaýyn işleriň, oýlanyşykly özgertmeleriň miwesidir. Islendik işiň düýpli we uzak möhletli bolmagy onuň kanunçylyk binýadynyň kämilligine baglydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 56-njy maddasynda döwlet sportuň ösmegine ýardam edýär diýlip kesgitlenendir. Şol ýörelgeden ugur alnyp, ýurdumyzda sportuň hukuk binýady barha berkidilýär. «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Atçylyk we atly sport hakynda», «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi hem bu hakykaty doly tassyklaýar. Bu kanunlaryň sport ulgamynyň hukuk binýadynyň berkidilmeginde uly ähmiýete eýe bolýandygyny bellemek gerek.

Dördünji aýlawyň ilkinji oýunlary

Futbol Türkmenistanyň futbol boýunça milli çempionatynyň dördünji aýlawynyň ilkinji tapgyrynda, ýagny 26-njy tapgyrda Balkanabadyň «Nebitçi» topary paýtagtymyzda «Köpetdag» bilen duşuşyp, ýaryşdaky sekizinji ýeňşini gazanmagy başardy. Hasaby 5-nji minutda ýer eýeleriniň oýunçysy Süleýman Mirzoýew açsa-da, balkanabatlylardan 26-njy minutda Myratdurdy Baýramowyň, şondan üç minut soňra Emir Berdiýewiň geçiren gollary olaryň ýeňşini üpjün etdi.