Sport habarlary
Gyzykly geçen ýaryşlar Welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz şäher bölüminiň, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň hem-de TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda woleýbol boýunça ýetginjek türgenlerden düzülen toparlaryň arasynda şäher birinjiligi geçirildi. Daşoguz şäherindäki 15-nji orta mekdebiň sport zalynda ýaýbaňlandyrylan ýaryşlar örän gyzgalaňly geçdi. Ýaryşyň netijesine görä, Daşoguz şäherindäki 15-nji orta mekdebiň topary birinji, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň okuwçylary ikinji hem-de daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiň okuwçylary üçünji orunlary eýelediler. Ýaryşda ýeňiş gazanan toparlar Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.