Edep başyny zähmet terbiýesinde görýän halkymyz ýaş nesilleri, esasan hem gyz maşgalalary ýaşlykdan zähmete uýgunlaşdyrýarlar. Zähmet bilen gümra bolup, bar ünsüni hojalygyň bähbidine gönükdirýän ýaş gyzlar diňe bir öz wagtyny peýdaly ulanmak bilen çäklenmän, öz ömür hemrasyna öwrüljek halal zähmete bolan ukybyny hem artdyrýar. Ýaşlykda öwrenen hünäriň hiç haçan ýadyňdan çykmaýar. Zehiniň kesgir wagty görlen görelde, aýdylan sargyt ömürlik gözleriňde suratlanyp, gulagyňda galýar. Hut şonuň üçin hem ýaş gyzlara saçak bezemek bilen bagly işleri irgözinden öwredip başlamak zerurdyr. Çünki ata-babalarymyzdan gelýän gadymy däp-dessurlarymyz bolan myhman garşylamagy mynasyp dowam etdirmek gyz-gelinleriň borjudyr.
Bu hakynda ata-babalarymyz: «Myhman ataňdan uly», «Myhman geler gapydan, rysgy geler sakadan», «Myhmanym — mertebäm...» diýen ýaly aýtgylary hem döredipdirler. Halkymyzda: «Myhman az oturar, köp synlar» diýilýär. Şonuň üçin hem gyz maşgala esasan ýazýan saçagy bilen synlanýar. Häzirki ösen döwrümizde dürli gök we bakja önümlerinden taýýarlanýan işdäaçarlar näçe diýseň bar. Olar biri-birinden tagamly, ýokumly. Işdäaçarlaryň saçaga berýän gelşigi hem aýratyn tapawutly. Süýt önümlerinden gurtdur peýnir edip, sargandyr mesge ýaly peýdaly hem-de biri-birinden ýokumly tagamlary taýýarlap maşgalasyny gyşyn-ýazyn ähli ýokumly önümler bilen üpjün etmegi başarýan gyz-gelinler diňe tarypa mynasyp.