Alabaý — wepadarlygyň nusgasy

9 Ýanwar 2022
4564

Mälim bolşy ýaly, Ýer ýüzünde itleriň köp sanly görnüşi bar. Hünärmenleriň bellemeklerine görä, türkmen itleri baradaky maglumatlar irki döwürleriň taryhyna degişli ýazgylarda hem duş gelýär. Alabaý itleri birnäçe aýratynlyklary boýunça Merkezi Aziýanyň çäginde duş gelýän beýleki tohum itlerden tapawutlanýar. Bu itler ýyrtyjy haýwanlaryň garşysyna hem çykyp bilýärler.

Türkmen alabaýy eýesine wepalylygy, sakçylygy, eýesiniň malyny gorap bilýänligi bilen tapawutlanýar. Olar diňe bir goýun sürüleriniň, öý-ojaklaryň goragçysy bolman, eýsem, ata Watanymyzyň serhediniň hem goragçylarydyr. Hünärmenleriň tagallasy bilen gulluk itlerine tälim berilýär. Olar synaglardan geçirilýär we serhet birikmelerine, serhet galalaryna ugradylýar.

Sona ILMUHAMMEDOWA, Aşgabat şäherindäki 4-nji Saglyk öýüniň şepagat uýasy.