Adamzat ýaşaýşynyň gönezligi

8 Noýabr 2021
1846

Ýurdumyzda ekologiýa syýasaty halkyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmek, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmak arkaly ekologiýa taýdan arassa önümçiligi döretmek maksatlaryndan ugur alýar. Milli tebigaty goraýyş strategiýasy ykdysadyýetde we durmuş ulgamynda we ekologiýa babatda wezipeleri toplumlaýyn çözmäge gönükdirilendir.

Aslynda, «ekologiýa» düşünjesi örän giň bolup, ol adamyň we onuň daşky gurşawynyň özara baglanyşygyny öz içine alýar. Ekologiýa ýagdaýy azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we adamlaryň iýmitleniş ýagdaýyny gowulandyrmak, oba hojalygyny durnukly ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkarar bolmagyny gazanmak, suw we tebigy serişdelerden oýlanyşykly peýdalanylmagyny üpjün etmek ýaly ugurlar bilen baglanyşyklydyr.