Bagtyýar zamanada beýik ösüşlere beslenýän eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işler bu gün özüniň oňyn netijelerini berýär. Häzirki wagtda ak şäherimiz Aşgabatda ýerleşýän gür bagly seýilgählerdir ýaşyl zolaklar, paýtagtymyzyň kämil şähergurluşyk-binagärlik keşbiniň möhüm düzüm bölegi bolmak bilen bir hatarda, arassa ekologiýa gurşawyny we adamlaryň sagdyn ýaşamaklaryny üpjün edýän zerurlyk bolup durýar.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 6-njy noýabrynda milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda we paýtagtymyzda güýzki bag ekmek dabarasyna badalga berilmegi eziz Diýarymyzyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde, ýaşyl zolaklaryň täze tapgyrlarynyň döredilmeginde örän möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giň gerimde ýaýbaňlandyrylan bu çäräniň Watanymyzy, mähriban paýtagtymyzy gür baglyga büremäge gönükdirilendigi buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ekilýän bag nahallarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, ýurdumyzda şu ýyl saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň jemi 30 million düýbi oturdylýar. Şolaryň 10 millionynyň ak mermerli paýtagtymyzda ekilýändigi hem aýratyn guwandyryjydyr. Hormatly Prezidentimiziň: «Bag ekmek dünýäniň bakylygyna goşant goşmakdyr, ene topraga öz adyňy müdimilik ýazmakdyr» diýip nygtaýşy ýaly, bag ekmek halkymyzyň biziň günlerimize çenli gelip ýeten asylly däpleriniň biridir.