Şenbe güni ildeşlerimiz hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçirilýän köpçülikleýin bag ekişlik çäresine işjeň gatnaşdylar. Bu çäre ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň şanyna ýylyň dowamynda daragtlaryň 30 million düýbüni ekmek boýunça geçirilýän watançylyk hereketiniň buýsançly beýanyna öwrüldi.
Bag ekişlik çäresine Dänew etrabynyň Seýdi şäherinden Farap etrabyna barýan awtomobil ýolunyň ugrunda, Amyderýanyň üstünden gurlan Seýdi — Farap köprüsine golaý ýerleşen meýdanda badalga berildi. Bag ekişligiň geçirilen meýdanynyň gabadynda «Bagbanlaryň ýazlagy» diýlip atlandyrylan ilatly ýer hem ýerleşýär. Edil şu ýerde 3-4 gektar çemesi meýdanda täze bag döredi.