Kämil nesle tämiz tebigat

7 Noýabr 2021
1722

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek­de uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Aş­ga­bat şä­he­ri­niň we we­la­ýat mer­kez­le­ri­niň, şä­her­çe­le­riň hem-de oba­la­ryň tö­we­rek­le­rin­de to­kaý zo­lak­la­ry dö­re­dil­ýär. Ýur­du­myz­da her ýyl ýaz­ky we güýz­ki möw­süm­ler­de mil­lion­lar­ça bag na­hal­la­ry­ny oturt­mak in­di asyl­ly dä­be öw­rül­di. Bu asyl­ly dä­biň ýyl­sa­ýyn bar­ha giň ge­ri­me eýe bol­ma­gy bol­sa gü­neş­li Di­ýa­ry­my­zyň te­bi­ga­ty­ny go­ra­mak­ly­ga, bio­dür­lü­li­gi go­rap sak­la­mak­ly­ga we kö­pelt­mek­li­ge, bag­ty­ýar ra­ýat­la­ry­my­zyň tä­miz ho­wa­dan dem al­mak­la­ry­ny üp­jün et­mek­li­ge döw­let de­re­je­sin­de uly üns be­ril­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär.

6-njy no­ýabr­da go­ja­man Kö­pet­da­gyň gö­zel kün­je­gin­de güýz­ki möw­süm­de äh­li­halk bag ek­mek da­ba­ra­sy bo­lup geç­di. Bu çä­rä hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hut özü­niň gat­na­şyp ak pa­ta ber­me­gi ýurdumyzda geçirilýän bag ek­mek da­ba­ra­sy­na gat­naş­ýan il­deş­le­ri­mi­ziň ru­hu­be­lent­li­gi­ni has-da be­len­de gö­ter­di. Şeý­le-de äh­li­halk bag ek­mek da­ba­ra­sy­na Mej­li­siň ýol­baş­çy­la­ry we we­kil­le­ri, Hö­kü­met ag­za­la­ry, ýur­du­my­zyň mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň mu­gal­lym­la­ry­dyr ta­lyp ýaş­la­ry hem-de müň­ler­çe ýa­şaý­jy­lar gat­naş­dy­lar.

Çy­nar Mäm­met­ja­no­wa,
Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.